22:07 Eneş / powestiñ dowamy | |
Aksoltan kellesini çalaja galdyrdy-da, gapa tarap boýnuny uzatdy:
Powestler
– Gyzym, göwnüme bolmasa, hümürdi bar ýaly. Hany, daşaryk bir çykyp gör, daýyň dagy gelen däldir-ä? Eneşiň ýeňillik bilen ýerinden turup, gapyny açany-da şoldy weliň, daýysy salam berip, gapydan girdi. Ol tamyň töründe düşekli ýatan doganyny görende birhili boldy. Ýerinden gobsunjak bolan Aksoltanyň egnine elini ýetirdi. – Ýatyber, ejeke, ýatyber. Ýeriňden gozganma. Men asyl, Amanmämmet aga aýtsa-da, beýle düşekde ýatansyň öýtmeýärdim. Birhili esli wagt bäri habar-hatyr bolmansoň, ertirem dynç güni, gel, bir görüp gaýdybereýin diýdim. – Berekella, dogan jan, gowy edipsiň. Menem indi bäş-alty gün boldy, şol ýatyşym. Aýňalybam gidiberemok. Düýn-öňňin bir ganymatlaşdymam. Bu gün ýene-de pesläp başladym. Aksoltan haşlap demini zordan alanda, iki gerdeni galyp-galyp gidýärdi. – Asyl, dogan jan, şu gün ertirden bäri çep gözüm çekip otyrdy. Bir zada begenjekdim, çyn boldy. Aksoltan sözüne azrak dyngy berdi-de, aýbogdaşyny gurup, jaýly oturan doganynyň ýüzüne çiňerilip se- retdi. – Hany ýogsa-da, dogan jan, huş gursun, huş galmandyr. Şol eňek bermän oturyşym. Hany öý-içeriler saglykmydyr? – Gurgunçylykdyr, ejeke. – Şeýle bolawersin. Wiý, ýogsa-da, gyz, hany daýyň ýadap gelendir. Çaý goýsana – diýip, ýanlarynda ümsüm oturan Eneşe gözüniň gytagyny aýlady. Eneş sesini çykarman, ýerinden turup, daşardaky şalmanyň ownugyndan gujagyny dolduryp geldi-de, gapydan giren ýerinde, tamyň burçunda turbasy dim-dik çykýan peji otlady. Ýag siňen odun ownugy ot degdigi bes, hut kagyz ýaly lowap başlady. Ýuka pejiň iki tarapy köz ýaly gyzardy. Ozal peje ýakyn oturan ýigit onuň yssysyna çydap bilmän gaýra-gaýra süýşüberdi. – Gyzym, oduny azrak salaweri – diýip, Aksoltan üstündäki ýorgany aýagujuna tarap serpip goýberdi. Çaklaň jaýyň içi haý diýmän gyzdy. Ýarysy pejiň içine çümüp duran tüňçe bolsa gülegen adam ýaly lakyr-lakyr edip, kiçijik agzyndan iri damjalary pürkýärdi. Gyzyp duran pejiň üstüne seçelenýän gyzgyn suw damjalary gurşunyň ergini ýaly, togalanyp, titräp, pejiň üstünde tegmil galdyrýardy. Ol damjalaryň böküşip duruşlaryny göreniňde, ýaňy suwdan çykarylyp, şorgaň kenara taşlanan owunjak balyklar ýadyňa düşýärdi. Eneş uly, gülli çäýnege çaý demläp, iki sany käse bilen daýysynyň öňüne süýşürdi. Diňe çaýy görende ýadyna düşen ýaly, daýysy egninden çykaryp gapdalyna oklan paltosynyň jübüsinden bir düwünçek aldy. – Ýogsa-da, ejeke, ine öýdäki iberdi. Çaý bilen içer ýaly şekerköke – diýip, düwünçegi uzatdy. Aksoltan ol düwünçegi ýassygynyň aşagyna saldy-da, gyzyna garap: – Bar, gyzym, jigiňi tapyp gel, Daýyň şekerköke getiripdir diýseň, çaga, baý, begener-ä. Meniň daýyň bilen bir gürrüňjigim. Bar diýip, elindäki çaýly käsäni maňlaýyna ýetirdi. Gyzgyn çaýdan göterilýän ýeňiljek bug onuň maňlaýyny, iki gaşynyň arasyny çygjartdy. Aksoltan çaýly käsäni maňlaýyna ýeter-ýetmez edip birmeýdan saklandan soň, bir damja-da owurtlaman ýerde goýdy. «Ejekäm näme diýerkä?» diýip içini hümledip oturan Täçgeldi-de agzyna ýetiren çaýyny owurtlaman saklandy. Onuň gözi ýassygyny dikiräk goýup, özüne ümzük atan göwrededi. Aksoltan doganynyň adyny köplenç «dogan jan» diýip tutsa-da, käte bir zat geňeşjek bolanda, «Täçgeldi jan» diýerdi. Bu sapar hem şeýle etdi. – Täçgeldi jan, men-ä Eneşi işe salaýsam diýýän. Sen neneňsi görýäň? Ýogsam, ýumruk ýaly gyzy işledip ýörmek maňa-da agyr düşýär. Şoňa menem razy däl. Ýöne nätjek, başga alaç ýok – diýip, haraý isleýän ýaly, doganynyň ýüzüne seretdi. Başga her hili gürrüňe garaşsa-da, Täçgeldi beýle zada garaşmaýardy. Ol bir bada näme diýjegini bilmedi. Küti barmaklary bilen çüri eňegini owkalady, dulugyny gaşady. Birden diline gelen şol boldumy-nämemi: – Ejeke, Eneş ýegen näçe ýaşynda? – diýdi. – Wah, heniz on altysam dolanok, çaga-la. – Ejeke, razy bolsaňyz-a, gowusy, men sizi äkideýin. – Ýok, dogan jan, äkitme gürrüňini goýaly. Ýöne, wah, Eneş jan oglan bolaýan bolsa gowy bolardy. Her niçikdir gyz maşgala oglan ýaly bolanok. Oglan bir ýere gitse-de, gyz ýaly alada edilip durlanok. Özümiňem şu ýatyşym, heý, bir gowy bolup gidiberemok. Oňşugam gerek. Öýde biri işlemese, bolar ýaly däl. Ejesiniň soňky sözlerini eşiden Eneş birbada öýe girmän, gapyda kürtdürip durdy. Emma ejesiniň düşekde ýatandygyny ýatlanynda, özüni arkaýyn alyp barmaga çalyşdy. Hiç zat eşitmedik ýaly öýe girip: – Eje, jigim häzir gelýär. Indi okuwyma gidibereýin? – diýip, taýynlap goýan kitap-depderlerini eline aldy. – Dur, gyzym! Senem ertirden bäri oňly zat iýen dälsiň. Al, daýyň getiripdir – diýip, kökeden Eneşe uzatdy. – Gyzym, wagon läpge gelse geleweri. Şu gün gelmeli günüdir. Çörek kartoçkany, hol, uly ýorganyň arasynda goýandyryn – diýip, işikde ýüzüni sallap duran gyzyna ýüzlendi. Eneş okuwyna gitdi. Jaýyň içine dymyşma aralaşdy. Aksoltan kellesini galdyryp, gyzynyň bir zat aňanyny duýan ýaly, tukat nazaryny gapa aýlady. Diňe gapydan gele-gelmäne: – Eje, köke! Eje, köke! – diýip, sojap giren Igdirjik onuň ünsüni böldi. Aksoltanyň süňňi gowşady, doganyna ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, hortaň barmagy bilen gözüniň aşagyndaky çygy süpürdi. Agyrlyk bilen uludan demini aldy. Ýassygynyň aşagyndaky düwünçegi çözüp, henizem içini çekip duran Igdirjige daşy kagyzly süýjüden berdi. Oglanjyk begenjinden ylgap daşaryk gitdi. Aksoltanyň doganyndan göwni hoş boldy. VII. Orta boýly, ak ýüzli, inçemik gyz klasa girende, okuwçylar ýerli-ýerinde otyrdylar. Klasyň içi ümsümlikdi. Bike gabaklaryny galdyrman, öňki hatarda oturan Eneşe: – Aşyrowa, galan barmy? – diýip, öňündäki klas žurnalyna nazaryny aýlady. Ýerinden galan gyz töweregine garanjaklap: – Ýok, mugallym – diýdi. – Onda klas depderleriňizi alyň! – diýip, mugallyma žurnala bir zatlar ýazyşdyrdy. – Ýazyň! – diýip, mugallyma sözüne azrak dyngy berip, okuwçylara seretdi. Onuň garaýşy pikirlidi, göreji tukatdy. Edil şol wagt taýak atyny çapyp barýan oglanjygyň: – Jan, läpge gelýä, jan, läpge gelýä! – diýen sesi oturanlaryň ünsüni böldi. Stansiýadaky işgärlere çörek, süýji hem-de beýleki iýmitleri paýlaýan wagon-dükan bu ýere hepdede bir gezek gelerdi. Alty gün geçip, ýedilenji gün geldigi besdir, bar kişiniň gözi onuň gelýän tarapyndadyr. Adamlar stansiýanyň töwereginden aýrylmaz. Her kim wagon «läpge» tizräk gelsin diýen arzuwdadyr. Her kim şoňa garaşardy. Bike mugallyma okuwçylara öý işlerini tabşyryp bolansoň, jaň uruldy. Bike okuwçylaryň bary gidendir diýip, gapa ýüzlenende, tukat halda pikire batyp, ýere seredip duran Eneşi gördi. Gyzyň garaýşyndan üýtgeşik bir zady aňan mugallyma elindäki kitabyny goltugyna gysyp: – Näme, Eneş, gürrüňiň barmy? – diýip, tirkeşip ýören jorasy ýaly gürleşdi. Eneş ejesiniň maksadyny gürrüň berende, mugallyma tukatlandy. – Nätjek, Eneş, menem ýokary okuw jaýynda okamagy, wraç bolmagy arzuw edýärdim. Emma bolmady. Uruş baryny puja çykardy. Dogry, ilki-ilkiler az gynanmadym. Indi düşündim, häzir meniň ýerim okuw däl-de zähmet. Men seniň okuwyňy taşlamagyňa ýürekden gynanýaryn. Ýöne başga ýagdaý ýok. Nähoş enäni işledip bolmaz, sen ol moskwaly komsomolyň «Eger biziň enelerimiz-de fronta gerek bolsa, biz stanoklaryň başynda olaryň deregini tutarys» diýen sözlerini eşitdiň-ä. Uruş basym gutarar. – Basym gutararmyka? – diýip, Eneş soragly nazaryny mugallyma dikdi. – Hawa, basym gutarar – diýip, Bike uludan demini aldy. Bikäniň balkyldaýan gözlerinde umyt uçguny ýylpyldaýardy. Onuň heniz çaga höwesjeňligi gitmedik keşbinde sadalygyň alamaty bildirip durdy. Onuň ýeňşe bolan umydy Eneşe goltgy beren ýaly boldy. Ol dodaklaryny çalaja güldürip, ýere seretdi. Onuň utanýandygyny aňan mugallyma: – Uruş gutaransoň, bileje okaýarys. Işleseň, oňat edýäň – diýdi. Boşlaň klasyň iňinde ýeke özi galan Bikäni dürli pikirler gaplady. Ol iki ýana gezmeläp ýörşüne oýlanýardy. Azrak gezim edenden soň, öňdäki partalaryň birine baryp oturdy. Partanyň gapagyny bir gezek açyp, bir gezek ýapyp gördi. Nämedendir häzir bu tanyş partalar onuň gözüne has yssy, has mähirli görünýärdi. Ýogsam, Bike bulary birinji sapar görenok ahyryn. Ol çep elini eňegine diräp oturyşyna sag eli bilen partanyň ýüzüni sypalaýardy, içini gepledýärdi. «Bu hem bir hili döwür. Aşyrowa strelkaçy bolup işlejek diýýär. Aýdyň eýýäm işläp ýör. Günüň ýarymyny işläp, ýarymyny okamak kime ýeňil? Ah, men bu günem öýe ýumşy köp beräýdim-ow. Neneň ýetişerler? Men bulardan näme köp talap edýän? Haý, soňky meseläni bermeli däldim. Ýöne nätjek? Programmadan galyp barýaň. Bike mugallyma şeýle pikirler bilen daşaryk çykanda, garaňky gatlyşyp barýardy. Ertirki bolan gürrüňleri gyzynyň eşidendigini aňan ene uly derde galypdy. Ol Eneşiň okuwdan gelmegine howlugýardy. Ýöne bar zat hut tersine boldy duruberdi. Eneş gelende, ejesiniň ýüki ýeňledi, – Eje, meň ertirden başlap, seniň ýeriňe işe gidýän. Mugallym bilen gepleşdim. Razy boldy. Men oguldan kem işlemen. Ogul ýerini tutaryn, eje! Aksoltan diňe şundan soň näçe gün bäri gyzyna aýdyp bilmän biderek horlanyp ýörendigine ökündi. Ol ejizlikdenmi ýa-da agyr günde hossar çykanlygyndanmy, hamsygyp, gyzyny bagryna basdy. Eneli-gyz misli uzak ýyllaryň aýraçylygyndan soň. täzeden duşuşan ýaly, biri-birine mäkäm gyslyşyp esli sadym durdular. Gyzynyň kellesini sypalap duran enesi: – Meniň günämi öt, Eneş jan! Men «ogul bolsa, kelläň ýassyga ýeten wagty derdiňe ýarardy» diýip, ýöne aýdaýdym. Seni, asyl, oguldan kem görýän däldirin – diýip, öňki aýdanlaryna ökünýän ýaly ýuwaşjadan başyny ýaýkady. Eneş ertesem, birigünem işe gidip bilmedi. Stansiýanyň naçalnigi Amanmämmet aga ýuka ýürekli, mylaýym adam bolsa-da, heniz pasport ýaşyna ýetmedik gyzy ýolbaşçylaryndan rugsatsyz işe alaýmaga ýürek etmedi. Ol Eneşleriň durmuş-ýagdaýyny bilse-de, rugsat berýänçäler garaşmaly boldy. Ýöne ýolbaşçylaram daş ýüreklilik etmediler. Gaýtam, olar urşuň gazaply wagtynda ogluň atasynyň ýerine, gyzyň enesiniň ýeriňe işlemegini gutladylar. Eneşiň işe başlanyna bir hepde bolupdy. Gyzyň aýalary gatady, ýüzi garaldy. Ol indi az gepläp, köp pikir edýärdi. Ýöne Eneşe bu iş, bu strelkalar köne tanyş ýalydy. Hawa, ol şeýledi. Strelkalar Eneşe öňden tanyş. Onuň hyýalyndan köp zatlar geçýärdi. Çaga ýatkeşligi alyslara alyp gidýärdi. Ine, onuň atasy süňklek Aşyr strelkanyň aralaryny arassalap ýör. Onuň bir elinde esgi, bir elinde jontuk sübse, öz işi bilen gümra. Ol özüne tarap gelýän gyzyny depesine göterip esli saklaýar. Soňra ýaňagyndan ogşap, ýere düşürýär. Aşyr tä naharyny iýip, çaýyny içip bolýança, Eneş sübse bilen strelkanyň aralaryny süpüren bolýar. Şeýle ýagdaý bir gün däl, iki gün däl, aýlar, ençe ýyllar gaýtalanypdy. Hatda käte-käte atasy oňa ownuk-uşak işleri hem ynanýardy. Şu zatlaryň hemmesi hakda Eneş indi oýlanýardy. Ol telefon jyňňyrdysyny eşidende, edýän işini taşlap, demir ýoluň bäş-alty ädim golaýynda agaryp oturan kiçijik jaýa ylgady. Telefon trubkasyny gulagyna ýetirende aňyrdan: – Eneş jan, senmi, döneýin? Tüweleme, gaýrat et, gyzym. Daýzam oňat bolup gidýämi, döneýin! – diýen aýal sesini eşitdi. – Hawa, Haltäç daýza – diýip, Eneş utanýan ýaly ýuwaş aýtdy. Ýene-de aňyrdan: – Eneş jan, eşidýäňmi, Eneş jan! Nomeri 2412 otly 11-10-da gelip, 11-12-de geçip gitdi. – Eşidýän, daýza, nomeri 2412 otlyny kabul etmäge taýyn. – Bolýa onda, Eneş jan, gaýrat et, işle, döneýin! Eneş telefon trubkasyny goýup, daşaryk çykanda, özüne golaýlap gelýän Aýdyňy gördi. Ol sary saçly, gök gözli, burny jaýtaryp duran oglan strelkanyň golaýynda relsiň aşagyndaky çüýräp giden şalmanlary çalşyryp ýören işçileriň biridi. Olar ýaňy arakesmä çykypdylar. Ýoluň gaýrasyndaky şyr takyrlykda ot ýakyp, çaý gaýnadýardylar. Olaryň arasynda iki sany gartaşan erkek adam bilen Aýdyň bar diýäýmeseň, galanlarynyň bary aýal-gyzlardy. Olar topar-topar bolşup otyrdylar. Gülüşýärdiler, biri-birine degişýärdiler. Anha, iki sany berdaşly ýaş gelin çete çykdy. Olaryň hiç haýsy geplänokdy. Her kim öz pikiri bilen gümrady. Her gelin soldat ýaryny ýatlaýardy. Her ýürekde süýji arzuw oýanýardy. Aýagy gara jalbarly, egni-de tirsegi süzülen gara žiltgeli Aýdyň elindäki gabyny uzadyp: – Eneş, çaý gaýnadar ýaly suwumyz gutardy. Bir kitir suw bersene – diýip, daşy garagäz bolup giden gabyny uzatdy. Klasdaşlar tirkeşip jaýa girdiler. Eneş çelekdäki suwdan çäýnegi dolduryp, Aýdyňa berdi. Ol çäýnegi ýerde goýup, garşydaşyna soragly nazaryny dikdi. – Eneş, hasabyňy işlediňmi? – Ýok. Wah, öý işlerimi işlär ýaly wagt bolmasa nätjek. Baý, otlularam köp gatnaýar. – Her näme-de bolsa, seniň işiň ýeňil-le, Eneş. Ine, biziňki agyr. Bäş bolup, bir wagonetka zordan güýjümiz ýetýär. Nätjek, işlemeli bolýar. Belki, döwür şeýledir. – Wah, öňki ýaly wagt bolsady, öý işlerini dagy ýüzümiň ugruna işlärdim. Ýany bir okajak bolýan weli, ýa telefon jyňňyrdaýar, ýa otly gelýär. Garaz, boş. wagtyň ýok-da. – Eneş, mekdebi gutaranyňda, sen kim boljak? – Sen kim boljak? – Ýok, ilki sen aýt. – Ýok, sen aýt! – Men-ä mugallym bolaryn. – Men-ä maşinist boljak. Otly sürjek. – Aýdyň, aý Aýdyň! Gelsene, bally! – diýen ses ýaşlaryň arzuw-hyýallarynyň arasyny böldi. Aýdyň suwly çäýnegi lowlap ýanan oduň gyrasynda goýanda, Eneş gündogardan şaglap gelýän otlyny garşy aldy. VIII. Gyşyň ilkinji gary yzgarsyz topragy ýumşatdy. Agaryp ýatan ýeňiljek gar örtügi ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýere siňýärdi. Günüň howry gaçan şöhlesem kibirdäp duran ýukajyk garyň içinden kem-kemden geçýärdi. Güýçli syrgyn syrap, şatlama sowuk bolmasa-da, meýdanda gowşagrak aýaz bardy, Wagt öýleden agypdy. Agşam düşdügiçe, ýalazy meýdanyň şemaly güýçlenýärdi. Garyň heniz eremäge ýetişmedik galyňrak düşen ýerleri kybladan öwüsýän şemala çalaja tozap gidýärdi. Obanyň gaýra tarapyndaky takyrlykda syrgyn çalarak syrasa-da, otly ýolunyň gyrasy asudalykdy. Häli-şindi dazlap geçip duran otlularyň gyzgyn demine çydam etmedik ýeňiljek gar suw bolup, relsiň aşagyna düşelen şalmanlary öl-myžžyk edipdi. Ýanbaş ýoldan gelen otly öňünden ýolagçy otlusy gelýändigi sebäpli, bu stansiýada durmaly boldy. Uzyn otly sostawynyň tutuş hemmesi diýen ýaly, üsti açyk wagondy. Olaryň içindäki asmana atýan toplar nillerini gezeşip durdular. Her topuň ýanynda egni çalymtyl şinelli, kellesi metaldan ýasalan telpekli, eli ýaragly soldat durdy. Otlynyň öňündäki hem yzyndaky üsti açyk ýarym wagonlara äpet tigirli harby maşynlar ýüklengidi. Eneş ýolagçy otlusyny garşylap, stansiýa tarap barýardy. Onuň aýagynda içi pagtaly galyň jalbar, egninde hem özüne azrak uzyn bolýan gara güpbüsi bardy. Ol ýöräp barşyna, gözlerini gyrpman, özüne nätanyş adamlara, üýtgeşik ýaraglara seredýärdi. Şol ýaraglardan ätiýaç edýän ýaly üýşenýärdi. Üsti basyrylgy ýaraglaryň ýanynda aýaklaryny tyrpyldadyp, eginlerini ýygryp duran, esgerleri görende, gyzyň ýadyna kakasy düşdi. Kim bilýär, meniň dädem janymam bir ýerlerde şeýdip ýörendir. Uruş diýenleri nähili aýylganç zat eken? Wah, dädem jany göresim gelýär. Ýene bir gezek görsemdim. Şu adamlaryň içinde bolsa, wah, nähili gowy bolardy, derrew ýanyna barardym. Boýnundan gujaklardym. Yzyndan ylgap, ejeme, jigime aýdardym. «Adamlar, buşluk, buşluk! Dädem geçip barýar» diýip, sesimiň ýetdiginden gygyrardym. Obanyň ähli adamlary bosup gelerdi. Dädem bilen görşerdiler. Wah, şonda otlyny ýene-de saklardyk. Ah, neneňsi hezillik bolardy. – Ýaş ýigit! Heý, ýaş ýigit, hany dur! Heý, ýaş ýigit, hany dursana! Eneş yzyna garady. Gyza gözi düşende, soldat birhili boldy. – Bagyşla, doganjygym! Meň, asyl, ýigdekçesiň diýdim. Tanamanym üçin bagyşla! – Sen türkmenmi? – Hawa, doganjygym, türkmen. Meniňem hut seniň bilen ýaşyt gyz doganym bar, Otly zoguny çaldy. Gatap duran polat tigirler ýuwaş-ýuwaşdan aýlanyp başlady. Soldat howlukmaçlyk bilen Eneşiň ýüzüne garady. – Aý, gyz, sen Tommukly obasyny bilýärmiň? – Bilýän. – Agaryň ogly diýseň tanarlar. Şu haty oba ýetireweri! – diýip, üç burçly kagyzy Eneşe uzatdy. Otly bolsa bat alyp başlapdy. Soldat ylgap, üsti açyk ýarym wagona mündi. Ol aňkaryp duran Eneşe tarap boýnuny uzadyp: – Gaýrat et, doganjygym! Gaýrat et! Biz ýeňeris. Siziň ýaly uýalarymyz barka, bizi hiç duşman dyza çökerip bilmez. Biz hökman ýeňeris – diýip, ellerini galdyryp gygyrýardy. Otlynyň garasy ýitdi, Eneşiň bolsa şol durşudy. Haçan-da özüne gelende, soldatyň beren haty ýadyna düşdi. Eneş stansiýa barman, goşa relsiň arasy bilen ýüzüni sallap yzyna gaýtdy. Hemişe giň görünýän demir ýol butgasy häzir onuň göwnüne dar ýalydy. Içi sowukdy. Ol güpbüsini çykaryp, oturgyjyň üstüne taşlady. Üşän ellerini agzyna ýetirip, gyzgyn demi bilen ýylatdy. Onuň sowukdan ýaňa göm-gök bolan barmaklary çalaja çygjardy. Telefon jyňňyrdanda, ol gündogardan otlynyň geljekdigini eşidende, kakasy bazardan zat getiren çaga ýaly begendi. Neneň begenmesin diýsene? Eneşiň göwnüne indi geçjek otlularyň ählisiniň üsti soldatly ýalydy. Ýogsam, ol haýsy. otlynyň nähilidigini bäş barmagy ýaly bilýär ahyryn. Bar, eger bilmese-de, stansiýanyň naçalniginde otlularyň gatnawynyň belli wagty bar. Şondan soraşaýmaly. Kyn zady ýok. Ýene kakasyny küýsäp duran ýüregi seniň kanunyňa boýun egenok. Ol ýüregiň heniz hiç ýerde ýazylmadyk öz kanuny bar. Näçe aýlap kakasynyň didaryny görmek isleýän perzent neneň ony küýsemesin?! Ýüzi gara ýag tegmilli, içi nebitden doly uly demir çelekler biri-biriniň yzyndan ýetäýjek ýaly, başlaryny yraşyp okdurylyp barýardylar. Garyş-sere ýylmançak taýajygyň daşyna düýrülgi sary ýaglygyny öňe uzadyp duran Eneş indi demir çeleklere garaman, olaryň basymrak gutarmagyna garaşýardy. Onuň deňinden ok ýaly atylyp barýan çelekler göze kaklyşmasa-da, göwnüne bir ýerden butnamaýan ýalydylar. Ol işden çykyp öýlerine gaýdanynda, daşarda mazaly garaňky düşüpdi. Gamaşyk howada käýerde bir ýyldyz öçügsi ýylpyldaýmasa, düňderilen gazan ýaly asman garaňkydy. Howanyň bu çygjaryp, bozulyp durşy «Agşam gütläp gar düşäýmese ýagşy» diýdirýärdi. Eýýäm niredendir bir ýerlerden gagyldaşyp gelen gargalar stansiýanyň alkymyndaky goşa tuduň çür depesinde hekgerişip otyrdylar. Gargalaryň başga bir topary bolsa obanyň ileri çetindäki ýapgyt baýyrlykda yzgarly topragy dörüşdirýärdiler. Eneş gapylaryny açan mahaly, çaý demläp oturany görende: – Ýoldaş mugallym, sizmi? – diýip, haýran galdy. – Hawa, men, näme? Gelmez diýdiňmi? – Ýok.... ýöne... – diýip ýylgyrdy. Utandy. Göz astyndan öz üsti-başyna seretdi. Erkek kişiniň eginbaşy. Ol özüniň şeýle ýagdaýynda boýdaşlaryňa, ylaýta-da mugallymasyna görünmese gowy görýärdi. Ony aňan mugallyma: – Gel, görşeli, utanma. Men bireýýäm geldim. Daýzam bilen gümür-ýamyr edişip oturyşym – diýip elini uzatdy. Gyz ýüzüni çalarak kesä sowup, ýylgyryp görüşdi. Indi onuň ellerinde öňki näziklik ýokdy. Käýerleri gabarçak, aýalary sanaç ýaly gas-gatydy. Mugallymanyň göwnüne bolmasa, Eneşiň boýy ösen ýalydy. Onuň öňki ýygralygy aýrylyp, durmuşda bekeşene çalym edýärdi. Görüň, durmuş nähili? Özbaşdak zähmet çekmek adamlara köp zatlary öwreder eken. Eneş okuwçysy bolsa-da, mugallyma indi onuň bilen öňküsi ýaly gepleşesi gelenokdy. Aralarynyň 5-6 ýaş tapawudyna garamazdan, bu iki gyz köne boýdaş ýaly açyk gürleşýärdi. Eneş soldatyň haty hakda gürrüň berende, jaýyň içine ümsümlik aralaşdy. Hatda oturanlar deminem almaýan ýalydylar. Üç adam. Her haýsynyň öz gaýgysy bar. Her ýürek özüne mähriban adamyny ýatlaýar. Aksoltan bilen Eneşiň pikiri bolsa birdi. Olaryň ikisi hem Aşyryň boýlak syratyny göz öňüne getirýärdiler. Mugallyma ýakynda urşa ugradan ýekeje doganyny ýatlaýardy. Pejiň başynda kellesine galyň iri seçekli narynç ýaglygyny örtünip, çaý içip oturan Aksoltan uludan demini aldy: – Adyny eşidýän, gyzym, Tommuklyda Agar aga diýen bir ýaşuly bolmaly. Ertir giden bolar. Ýa-da Amanmämmet aga eltseň, özi elinje gowşurar – diýip, gyzynyň beren hatyny ýassygynyň aşagynda goýdy. Ol ýene-de nämedir bir zatlar diýjek bolanda, mugallyma ara düşdi: – Ýogsa-da, Eneş, men seni begendirmäge geldim. Mugallymlar bolup maslahatlaşdyk. Ozal oňat okaýanlygyňy nazarda tutup, seni, Aýdyňy ýyllyk ekzamene goýbermegi makul bildik. Ýöne boş wagtlaryň sypdyrman oka. Düşünmeýän zatlaryňy gel, soraş. Utanma. Bu sözler Eneşe ganat bekledi. Ol begenjinden tas aglapdy. Hut şol mahal gapydan salam berip giren Garabaý aga ýylgyryşyp oturanlaryň gülküsini tapba kesdi. Uzyn süňklek ýaşuly egnindäki sumkasyny ýerde goýdy-da, äwmezlik bilen: – Aksoltan, gözüň aýdyň, Aşyrdan hat geldi – diýip, ýerde ýatan sumkasyna ýapyşdy. Eneş böküp ýerinden turdy. – Taňry ýalkasyn, Garabaý! Düýnden bäri sag gözüm çekýärdi, bir zada begenjekdim. Şu bolmaga çemeli. Garabaý aga ýerinden turýança, Eneş eýýäm kakasyndan gelen haty açypdy. – Hany oka, gyzym! Kakaň näme ýazypdyr? Eneş kakasynyň hatyny eýýäm birlaý okap çykdy. Demini ýeňillik bilen aldy, dodaklary çalaja çyzyldy. Gyzyň daşky keşbinden hatyň manysyny aňan ejesi elindäki igini batly pyrlandyrdy. – Hany, gyzym, oka! Dädeň näme ýazypdyr! – Eje, dädem hatynda ýene-de şol sözleri gaýtalapdyr. – Haýsy sözleri, gyzym! Eneş howlukmaç ýazylan hata ýene-de bir gezek mähribanlyk bilen garady. Eneş hatyň yzyndaky iri harplar biden ýazylan jümläni sesli okady. – Oglum, Aksoltan, gaýrat ediň! Mert boluň! Jaýyň içine ümsümlik aralaşdy. Aksoltan gapdalyndaky pişgeden birini alyp, «Mert boluň!» diýen sözi içinden gaýtalap, gözlerini süzdi. – Dädeň rast aýdýar, gyzym! Mertlik bar ýerde gerekdir. Bar, onda, Eneş jan, dädeňe jogap ýaz. Wagtam giç bolup barýar. Menem şujagaz pişgeleri egirsem ýataryn. Agşamam giç ýatyp, ukymy oňly alyp bilmedim. Eneş hiç zat diýmän, içki jaýa girip, täzeje depderiniň içinden goşa kagyzy ýyrtyp, kakasyna hat ýazmaga oturdy. Enäniň elindäki ik bolsa barha batly pyrlanýardy, ýumagy galňaýardy. IX. Ol käte-käte başyny galdyryp, açyk gapydan maýdalap ýagýan ýagşa syn edýärdi. Ertirden bäri siňňin ýagýan ýagyş ýere siňip durdy. Howanyň gamaşyklygy, ýagşyň çisňäp durmagy, üsti galyň basyrylmadyk jaýlar üçin howatyrlydy. Jaýyň üstünden ýagyş geçäýmegi ähtimaldy. Häzir Eneşi şol galagoply pikirler öz erkine goýanokdy. Eger-de jaýlaryndan damja damaýsa, öňem howanyň çyglygyndan zeýrenip ýatan ejesiniň agyrysy artmazmy? Onuň endamynyň yzasy beterlemezmi? Eneş asmana seretdi. Howanyň töwri gowy däldi, garalýardy. Çygly bulutlar gat-gat keçe ýaly biri-biriniň üstüne münderdiler. Hemişeler şol topbak bulutlary kowalap, başga ýerlere äkidýän çygly şemal häzir ol bulutlary gaýdyryp barýan ýalydy. Emma etjek alajyň ýokdy, Tebigatyň öz kanuny bar. Ol ynsanyň erkine bagly däl. Häzir Eneşiň diýeni bolýan bolsa, ilki bilen, bujagy çözülen bulutlary kowardy. Beýle zada baş goşmakdan ol heniz ejiz. Onuň düşünjesi ol zatlara ýetenok. Tebigatyň gizlin syrlary onuň üçin gizlinliginde galýar. Häzir onuň sada düşünjesine görä, dünýäde tebigatdan güýçli zat ýok ýalydy. Ol okap oturan kitabyny ýapdy. Ýerinden turup, jaýyň işigine baryp söýendi. Keserilip durşuna, gözlerini ýeňiljek buludyň içinde. howalanyp oturan dagyň çür depesine dikdi. Dagyň etegindäki ýapgyt baýyrlyk şu mahal ajaýyp sypata giripdi. Eneşiň göwni galkyndy. Hyýalynda şol ýerlerde at çapdy. Ol häzir dykyz bulutlara, maýdalaýan ýagşa garaman, üsti-başy tä öl-myžžyk bolýança, baýyrlykda gezmegiň arzuwyndady. Höwesjeňligi onuň göwnüni şol ýerlerde towusdyrýardy. Az salymlygam bolsa, Eneşiň ýadyndan gaýgy-gam çykdy. Şatlygyň tolkunlary onuň bütin bedenini gurşap aldy. Gyzyň süňňi ýeňledi. Onuň göwnüne ýagyş diňip, bulutlar göçen ýaly boldy. Şol mahal telefonyň jyňňyrdysy Eneşiň süýji hyýallaryny güýz serçesiniň toplumy ýaly çar tarapa pytratdy. Eneş ukudan oýanan ýaly tisginip gitdi. Gözlerini gyrpyldadyp, töweregine seretdi. Hiç kimiň ýoklugyna begenip, yzyna dolananda, telefonyň sesini eşitdi. Aňyrdan aýal maşgalanyň sesi gelýärdi. – Eneş jan, arma, gyzym! Işler oňatmy? Gaýrat et, döneýin! Otly nomeri 2408, 13 sagat 10 minutda gelip, 13 sagat 12 minutda hem geçip gitdi. Eşidýäňmi, gyzym, berekella, gaýrat edeweri, döneýin! Ol jaýyň dulunda «jyk-jyk» edip duran sagada seretdi. Onuň zynjyr bagy has aşak sallanypdy. Sagadyň diline agram salyp, ony herekete getirýän daşy ýere degeýin-degeýin diýýärdi. – Eneş jan, onda gaýrat et döneýin! Daýzama salam aýdaweri, gyzym! Aýal maşgala telefon trubkasyny goýdy. Eneş sagadyň sypmaga golaýlan zynjyrynyň ujundan aşak çekdi. Zynjyra agram salýan daş ýokary galdy. Sagadyň bolsa dynuwsyz şol owaz edip durşudy. Ilki-ilkiler sagadyň «jyk-jyky» onuň ýüregine düşäýjek ýaly hem bolýardy. Onuň «Bu jaýyň içinde neneň oturyp bolarka? Sagadyň jykgyldysyny ýok edip bolmazmyka?» diýip içini gepleden saparlary az bolmandy. Emma alaç ýokdy. Sagat bilen öwrenişmelidi. Indi onuň sesi eşidilmese ýüregi gysýardy. Asyl, sagat oňa höwür boldy. Eneş iki örüm saçynyň bir taýyny çöşläp, gaýtadan örüp otyrka, gapydan gelen Amanmämmet agany duýmady. – Arma, gyzym işler neneň? – diýip, ýaşuly gowuşgynsyz aýtdy. – Sag bol, Amanmämmet aga. Eneş utanjyndan çym-gyzyl boldy. Çykgynsyz ýagdaýa düşen ýaly, dodagyny dişläp, aňry öwrüldi. Gowşagam bolsa, saçyny tiz-tiz ördi. Amanmämmet aga gyzy utandyrmajak bolup, işikde saklandy. – Gyzym, men gidýän. Eneş saçynyň ujuny daňmagy unutdy. Onuň gowuşgynsyz örümleri pežžerip durdy. – Nirä, Amanmämmet aga? Gyzyň sesi sandyrap gitdi. Ýüzi boz-ýaz boldy. Amanmämmet aga öňki agraslygy bilen: – Tommukla, gyzym. Araky hat goýup giden oglanyň kakasyndan bir habar tutup gaýtjak. Biçäre monça bolar. – Amanmämmet aga, biz ýeňerismi? – diýip, Eneş birden ýürejigindäkini aýdyp goýberdi. Ýaşuly goýun gözlerini gyrpyldadyp: – Rusýet Gitlere başartmaz, gyzym. Onuň düýbi berkdir. Ýeke Gitler däl, Rusýete göz gyzdyranlar kändi. Men Rusýetiň üstüne üç gezek çozulanyny dagy bilýän. Ýöne hiç kimiň dişi öten däldir. Indem ötmez, gyzym. Arkaýyn bol, biz ýeňeris – diýdi. Ol ýaşulynyň agzyndan çykýan sözleri görjek bolýan ýaly, ýüzüne dykgat bileň seredýärdi. Amanmämmet aga gidende, Eneş bozuldy. Häzir oňa «Dünýäde iň ýigrenýän zadyň näme?» diýseler, sakynman, «Uruş bilen Gitler» diýerdi. X. ...Öýländen bäri gopýan harasat heniz-de köşeşmändi. Sowuk şemal gar syrgynyny ondan-oňa göçürýärdi. Bu harasadyň içinde aýak astyny-da saýgarmak kyndy. Bu mahal dumly-duşda janly hereket ýok ýalydy. Mal-garalar-da ýyly jaýlarynda ýatyrdylar. Diňe obanyň çetindäki kiçeňräk jaýyň gapysynda eli sübseli, ýüzüni ýele tutup, gar basyp giden strelkany arassalap ýören Eneş görünýärdi. Ol strelkany arassalap ýetişse, güýçli gar syrgyny gömüp ýetişýärdi. Giç öýlän howa has-da sowap başlady. Ýalazy meýdanyň üstünden köwsarlap urýan syrgyn azrak köşeşen ýaly etse-de, strelkanyň gatlaryny buz örtügi gaplar gorkusy boldy. Eneş jaýdaky gara nebitli bedräniň içindäki topbak esgini alyp, strelkanyň arasyna taşlady. Üstünden iki aýagy bilen basgylap, otluçöpüni çakdy. Nebit siňen esgi birbada lowlabam ýandy. Demriň arasyndaky buz bölekleriniň ýüzem çalaja çygjardy. Emma bir gysym letdäniň gury ýandak ýaly pyzlap ýanany görnüp galdy. Eneş diňe üşän ellerini çoýunmaga ýetişdi. Eneş strelkany eýläk towlajak boldy, beýläk towlajak boldy, teý, güýç bermedi. Asyl, gahardan ýaňa aýaklary bilen depip çykdy. Eger Amanmämmet aga gelmedik bolsa, oturyp aglamaga taýyndy. – Hä, gyzym, ýüzüň ýaman gamaşypdyr-la, ýa eýýäm işden asgynlajak bolýaňmy? Eneş aglamjyrady. – Näme boldy? Iş agyrmy? Ýa-da göwnüňe degen boldumy? Ýa üşediňmi, gyzym? Bu gün howa-da gaty sowuk boldy. – Ýok, işem gowy, göwnüme degenem ýok. Ýöne, Amanmämmet aga, meni bu işden boşadyň. – Baý, gyzym, sen-ä «Ýaman ýerde gaý turar» diýenlerini etdiň, asyl, saňa ýaňy dälmi «Berekella, «Ata kesbi gyza-da halal» diýipdirler, gowy edipsiň» diýenimiz? – Men işden çykjak, başaramok. Strelka agyr bolýar, süýşürip bilemok. Ýaňam tas otly çakyşypdy. Doňupdyr. – Hä, bary düşnükli. Bolýar onda, bar, öýüňize gaýt. Ertire çenli pikir et. Halamasaň, çykaraýmaly bor-da. Ýeriňe nobatçy bolaryn – diýip, jaýa giriň gitdi. Eneşiň tukat gelmegi enesini ynjalykdan gaçyrdy. – Eneş jan, saňa ne jyn urdy beýle? Agladyňmy? Kim göwnüňe degdi? Gabaklaryň dagy çişip gidipdir – diýip, allaniçigsi boldy. – Ýok, aglamok. Hiç kim göwnüme-de degenok. – Onda näme ýüzüň-gözüň gök dalak? Ýa-da üşediňmi? – Ýok, eje! – Onuň ýaly bolsa bolýa, gyzym. Howaň bu irginsizligine tutup durşy bilen üşäýmesin diýip, garajanym galmady. Onda bar, gyzym, gazanda naharyň bardyr. Özüň ýyladyp iýäý. Aksoltan sary agaçdan ýasalan daragyny öňrägine süýşürip, iki penje ýüňi dişlerinden geçirdi. Ýylmanak iri dişleri içinden parran geçen dykyz ýüňüň arasyndan gatan kir dökülýärdi. Ol darakdan geçirip arassalan ýüňüni ýygnaşdyryp durka, Amanmämmediň aýaly: – Giç ýagşy, gyz, ýatmanmydyň? – diýip, gapydan girdi. – Gelen ýagşy, geleweri, Sapargül. Sapargül daýza mazaly jaýlaşandan soňra, törde nahar iýip oturan gyza gözi düşdi. – Wiý, Eneş jan, senem barmydyň, döneýin? Asyl, görmesem nätjek. – Hawa, ýaňy işden gelip oturyşym. – Meňem, gyz, birazrak ýüňüm bar, heý, egrip zat öndürip bilemok. Kakasy pronta iberer ýaly ellik, jorap örüp beräýseň diýdi. Il ugruna senem tapanyňdan bir zat berseň ýagşy, gyz. Kakasam aýlanyp geleýin diýip, şol gidişi. Heý, yzyna gara bermedi. Menem onsoň gümür-ýamyr edişeýin diýip gaýdyberdim. Amanmämmet aganyň ady tutulanda, Eneş elindäki çemçäni ýerde goýdy. Utanjaňlyk bilen ýüzüni aşak salyp, Sapargül daýza tarap gulaklaryny üşertdi. Ejesiniň bolsa bu zatlardan habary ýokdy. Ol daragyny bir tarapa süýşürip, ýerinden turdy: – Gelen bolsaň, gowy edipsiň. Onsoňam näme, Sapargül, adamyň başyny alyp durjak zat ýok. Il ugruna gymyldanyň gowy. Olar gijäniň bir wagtyna çenli oturdylar. Eneş bolsa Amanmämmet aga diýenlerine ökünip, süýji uka gitdi. XI. Dört burçly bukja sygan habar Garabaý aganyň kükregine sygmady, ýaryp barýardy. Ony ýyldyrym uran ýaly boldy. Dagyň äpet bölegi opurylyp, üstüne gaýdana döndi. Iki gerdeninden aşak basýan agyr ýük barha üsti-üstüne münderlenip, gojany ýere sokup barýardy. Ol bir zady ýadyna saldy. Bu öten ýyl bolupdy. Garabaý aganyň agtygy gözüniň ýaşyny saklap bilmän, öýlerine geldi-de içi hatly sumkany dula zyňyp goýberdi. Onuň içindäki hatlaryň her haýsy bir ýana düşdi. Çaklaňja jaýyň içi ýöne hat bolup ýatyrdy. Agtygy bolsa möňňürip aglaýardy. Agtygynyň bu işleriňi daş işikde synlap duran babasy rejäň geň däldigini aňyp, şeýle diýipdi. – Hany tur ýeriňden! Aglamaňy bes et! Goý sesiňi, ýogsa-da bu hatlary götermek saňa başartmaz. Sen heniz ýaş. Hatlar agyr. Edil gurşun ýaly. Ýene-de ölümiň ýüzüne meniň ýaly köpi geçip, azy galan garry göni sereder. Şonda Garabaý aga hatlary ýekän-ýekän ýygnaşdyryp, ýeňki gabyna salypdy. Könelişen çäkmenini geýip, uzyn sütükli guşak bilen bilini mäkäm guşapdy. Gara telpegini maňlaýyna basyp, hatly sumkany egninden asypdy. Şonda onuň ädimleri batlydy, özem gylawlydy. Emma häzir... Ol egnindäki içi hatly sumkany gapdalyna taşlap, toprakdan güýç alýan ýaly, ysgynsyz sallanyp duran uzyn ellerini ýere diredi. Ýüz ýyllar mundan öň çapdan çykan kitap ýaly, köp zatlardan habarly bu goja häzir näme etjegini bilenokdy. – Ýatan ýeriň ýagty bolsun, inim! Goja başga hiç zat diýmedi. Diňe galyň dodaklary gymyldaýardy. Ol elindäki hatyň ýüzüne ýene-de bir gezek seretdi. Endamyňy titredip barýan bar zatdan agyr sözleri gaýtalap okady. Çal başyny ýaýkap, Aşyryň öýüne tarap ünjüli nazaryny aýlady. Gapynyň agzynda dünýäden habarsyz Eneş odun owradyp durdy. Ýaşuly gözlerini süpürip, şol tarapa seretdi. Sumkany saldamlap, içindäki hatlara naýynjar garady. Dünýäden ötmek, dünýä inmek bu goja üçin täsin zat däl bolsa-da, iň ýagşy görýän adamsy hakdaky ajy habar ruhuny peseltdi. Garabaý aga şunça mertlik etjek bolsa-da, bolanokdy. Aýaklary şol tarapa ädilenokdy. Agyr pikire batyp barýan goja olara golaýlanda, gyz elindäki paltasyny taşlap, gojanyň öňünden çykdy. Bir zatlar ýadyna düşen gojanyň ýanbaşynda sallanyp duran hatly sumka uzan goly ýatan ýylany gysymlajak bolýan ýaly, titräp gitdi. Ol dessine goluny yzyna çekdi. Gyz ýygralyk bilen: – Garabaý aga, dädämden hat ýokmy? – diýip, ýere seretdi. Ogurlygyň, üstünde tutulan ýaly, goja birbada näme diýjegini bilmedi. – Ýok, gyzym! Bolsa, özüm eglenmänjik getirerin – diýip ýuwdundy. Goja bu gapyda köp saklanyp bilmän, öýüne gaýtdy. Gojanyň ýüreginde gopýan apy-tupanlary duýmadyk Eneş bolsa oduny gaýtadan aýyrmaga başlady. Amanmämmet aga gelip salam berende, goja gaýgyly başyny çalaja atdy. Rejäniň geň däldigini aňan Amanmämmet aga ýanynda agzyny öweldip duran ogluna nazaryny aýlap: – Bar, oglum, stansa baryber. Menem ynhajykgan bararyn – diýdi. Gysga boýly, garajürjene oglan sesini çykarman, öz ugruna gitdi. Gürzelek ak sakgalyny sallap oturan goja agras ýüzüni galdyryp, çat maňlaýynda aýbogdaşyna çöken Amanmämmet aga seretdi. Gojanyň nazary garşysyndakyny eýmendirmän durmady. Onuň süňklek barmaklary titreýärdi. Gaty sanaç ýaly gury dodaklary tamşanýardy. Goja uludan demini aldy. – Aşyryň öldi habary geldi. Goja ýuwdundy. – Aý, goýa? – diýip, Amanmämmet aga goýun gözlerini tegeläp öňe omzady, başyndaky telpegi ýere gaçdy. – Hawa, inim! Bu uruş galaba adamdan jyda düşürjek. Heý, Aşyr dagy ölüme dözer ýaly ýigitmidi? – Aýtdyňmy? – diýip, Amanmämmet aga ýerde ýatan telpegini kellesiňe geýdi. – Ýok, bognum ysmady, inim! Garrylyk basypdyr, ejizläpdirin. Ýürek edip aýdaýmaga güýjüm ýetmedi. Çagalaryna rehimim indi. Ýüregi aşak düşüşen goja birneme arkaýyn gürlemäge çalyşsa-da, sandyrap çykýan sesi tolgunmanyň alamatydy. – Hak edipsiň. – Haý, inim, näbileýin-dä. Öleniň irde-giçde ýasyny tutmaly bolar. Heý, beýle-de gutarnyksyz uruş bolarmy? Gidýän bar-da, gelýän ýok. – Hawa, Garabaý aga, uly il aýaga galdy. Bu uruşda baş-başa, jan-jana. Dereksiz ýitýänlerem az däldir. Ýöne näme, ajaly ýetmedige sebäp bolar eken. Hol, sizem tanaýansyňyz, aşaky gazarmada Goýunly Gulçynyň oglunyňam öldi habary gelipdi. Aýatynam alypdyrlar. Ine, gyrky berlip durka, özi otludan düşdi. Gözümiz bilen gördük. – Aý, inim, näbileýin-dä, ol bir çöregi bitin bendedir. Ýogsam öldi habaryň geldimi, soň näbileýin-dä diri bolaýsaň. Garabaý aga sözüni böldi. Ýoldaşyndan haraý isleýän ýaly, onuň tukat ýüzüne köp manyly seretdi. Gojanyň ösgün gaşy gabagyny büredi. – Garabaý aga, menem gidýän – diýip, Amanmämmet aga uludan dem aldy. – Eşitdim, inim, hernä işçi batalýon bolsa ýagşy-la. Goja ýene-de dymdy. Elindäki dört barmak kagyza seretdi. Indi onuň ýüzünde syýa bilen ýazylan hatyň deregine Aşyr pahyryň syrdam göwresi ör boýuna galyp durdy. Ol ýylgyrýardy. «Garabaý aga, men diri. Men diri. Ynanmaň, ynanmaň!» diýýän ýalydy. Goja sesini çykarman, haty epläp, goltuk jübüsine saldy. XII. Iňrik garalypdy. Gijäniň howasyndan garyň ysy gelýärdi. Garabaý aganyň ilerki dagyň çökgüdräk ýerinde ornaşyp oturan kolhozdan gelip durşudy. Goja ýadawdy. Aýaklary syzlaýardy. Ol egnindäki sumkasyny öýüň böwrüne taşlap, aýagynam ýazman, Aksoltanlara gitmäge küýlendi. Goja gapydan çykyp barýarka, yzyna öwrülip: – Gyzym, keýwany geläýse, Aksoltanlara gitdi diýeweri – diýip, törde agzy ýaşmakly tikin tikip oturan gelne ýüzlendi. Bu gelin gojanyň urşa giden kiçi oglunyň maşgalasydy. Gelin sesini çykarman, başyny atdy. Ajy habar geleli bäri, bu goja işden sähel sypynsa, Aksoltanlara barardy, gürrüňdeş bolardy. Oňa göwünlik bererdi. Derdini paýlaşardy. Goja elini arkasyna tutup, azrak küýkerip barşyna oýlanýardy. Ýüreginde saklap ýören derdi oňa asyl-asyl ynjalyk berenokdy. Hemişeler aýda-ýylda gara berýän gojanyň soňky wagtlarda ýygy-ýygydan: gelmegi geňirgendirjek ýaly etse-de, obanyň içinde eli ýarag tutmaga ýaran erkek göbeklileriň urşa gidenligini ýatlanda: «Ah, dagy nätsin, pahyr. Göwünlik berýär. Şolam gowy zat. Hemişeler näme, Amanmämmet aga bardy. Ol pahyryňam şol gidişi. Kyn günlerde adama göwünlik berýänem gerek – diýip, gojanyň köp gelýändiginiň sebäbini özüçe çözerdi. Goja gelende, Aksoltan çaý içip otyrdy. Ol indi birneme bäri bakypdy. Daýanyp gidibermese-de, öýdäki ownuk-uşak işlere ýaraýardy. – Gurgun otyrmyň, Aksoltan ýegen! – diýip, goja gapa golaýrak oturdy. – Şükür hudaýa, Garabaý aga. Hany bärräk süýşsene. Näme, gapa gaty ýakyn oturypsyň? – Aý, şu ýer bolar, Aksoltan ýegen. Goja azrak gobsunjak ýaly etdi-de, jaýlaşdy. – Nähili, Aşyrdan hat gelýänmidir, ýegen? Aksoltan gojanyň bu soragyna birhili boldy. Pikire batdy. Içini gepletdi. «Heý, janlarym, hatyň gelýändigini, gelmeýändigini özi bilmeýän ýaly. Näme menden soran bolýarka!» – Üç aý dag-a geçendir, heniz-ä gelenok – diýip, Aksoltan gapdalynda uklap ýatan oguljygynyň üstüne köne ýaglygy örtdi. Diňe şondan soň goja ýalňyşanyny bilip galdy. Ol gürzelek sakgalyny sypalap, uludan demini aldy. Ünjüli nazaryny gapa aýlady. – Gaýgy etme, Aksoltan ýegen. Adamynyň başynda ömürlik durjak zat ýokdur bu günlerem geçer. Goja turmak bilen boldy. Aksoltan şunça ýalbarsa-da etmedi. Ol şu öýden basymrak çykanyny kem görenokdy. * * * «Ýazyň ýuwundysy gyşa gatyk» diýenleri, yzgary kemsiz ýeten mele toprak ýazyň ilkinji günlerinden burk urup başlady. Ýowşan gök pürçügini ýalpyldadyp, otlar näzik baldajyklaryny ülpüldedip, lälezar meýdany gyzyl çog bilen bäsleşdirýärdi. Ýazyň ýakymly, mylaýym şemaly üstüňe müşk ysyny saçýardy. Obanyň golaý-goltumyndaky ýowşanlykda owlak-guzular bökjekleşip oýnaýardylar. Meýdandaky çigildem güllerem başyňdan huşuny gaçyrmaga dalaş edýärdi. Çigildemiň al-elwan güllerinden basara ýer ýokdy. Meýdan durşy bilen lälezardy. Aýdyň gülleriň gowusyndan gowusyny ýygyp, ýyljyraklap ýörşüne uzaklara gidenini soňra duýup galdy. Gujagy gülli Aýdyň gaňrylyp yzyna seretdi. Hol uzakda, demir ýoluň gyrasyndaky akja jaýyň gapysynda Eneş oňa garaşyp durdy. Ol mugallymasyna bermek üçin gül ýygmaga gaýdypdy. Uzak ýerden uçup gelen garlawaç kiçijik jaýyň açyk gapysyndan kürsäp girdi. Ol jaýyň depesine deger-degmez edip, bir zat gözleýän ýaly aýlanyp başlady. Eneş kellesini yralap, gözlerini gyrpman, garlawajyň çalasynlygyna guwanýardy. Asyl ol döşi akja menekli garlawajy eli bilen tutmaga-da hyýal edýärdi. Emma bu owadanja, dogumlyja guş şeýle bir çalt aýlanýardy, asyl, gözüň zordan kaklyşsa nätjek. Birden garlawaç burça gonup, enaýyja kellesini.öwrüp aşak seretdi-de, ýene al-asmana gaýdyryldy. Aýdyň gujagy doly al-elwan gülli gelende, Eneş uçup barýan garlawaja mähirli garap durdy. – Aýdyň, ýaňy garlawaç geldi – diýip, elini göge uzatdy. Kim garlawaç? – O nähili kim? Guş. Hol, owadanja guş bar-a. – Haý, senem, Eneş, geregiň garlawaç bolsa, telegraf siminiň üstünde näçe diýseň oturandyr. – Ýok, Aýdyň. Garlawaç gowy guş. Adamynyň dosty. Özem ýagşylygyň buşlukçysy. Biz hökman düzmeden bäşlik alarys. Bu mähirlije guş buşlamaga gelendir. Aýdyň, düzmämiz näçe bolduka? – Bilmedim. Ýöne seniňkä bäşlik bolar. – Bolarmy? – Hawa, hökman bäşlik bolar, görersiň! – Goýsana, oglan, näbilýäň? – diýip, Eneş oňa tarap boýnuny uzatdy. – Näme bilmäň. Mugallym seni gowy görýär-ä. Hemişe-de bäşlik goýýady – diýip, Aýdyň elindäki çöpi döwüşdirip taşlap goýberdi. – Aýdyň, bar, sen mekdebe gidip, bahalarymyzy bilip gelsene! – Ýok, gorkýan! – diýip, Aýdyň çürt-kesik boýun towlady. – Nämeden gorkýaň? Mugallymdanmy? – Ýok. – Onda näme? – Ikilikden gorkýan. Düşündiňmi, ikilikden – diýip, Aýdyň barmaklarynyň ikisini çommaltdy. Henizem hiç zada düşünmän, gözlerini tegeläp oturan Eneş: – Ýok, haýsy ikilik? – diýdi. – Haýsy ikilik, haýsy ikilik diýen bolýaň. Birden ikilik goýan bolsalar nätjek? – diýip, Aýdyň janygyp aýtdy. – Hawa, näme ikilik goýmazlarmy? – diýip, Eneşe garanda, onuň gaba gulaklary gymyldap gitdi. – Ýok, Aýdyň, ynanaý, ikilik bolmaz. Görersiň, dörtlük ýa-da bäşlik bolar. – Aý, seniňki şeýle bolar – diýip, elini salgap goýberdi. Aýdyň tüňňüje maňlaýyny sypalap ýerinden turdy. Onuň hyýaly mekdebe gidip, ýagdaýy bilmekdi. Ýürek «git» diýip gürsüldäp dursa-da, beýni «saklan» diýip seslenýärdi. Ol haýsyny etjegini bilmän, aralykda yraň atyn durka, göni özlerine tarap gelýän mugallymany gördi. Mugallymanyň ýöreýşi ýeňil, elleri çalt hereket edýärdi. Onuň ýylgyrýanlygy uzakdanam bildirýärdi. – Eneş, anha, mugallymamyz gelýär – diýip, Aýdyň barmagyny dişläp oturan gyzyň egnine kakdy. – Hany? – diýip, ol töweregine garanjaklady. – Anha. Aýdyň ýanlaryna golaýlap gelýän mugallyma elini uzatdy. Mugallyma ýylgyrýardy. Ol gelip, Eneşiň elini gysdy. – Bäşlik bilen gutlaýaryn – diýip, ýyljyraklap duran gyzy bagryna basdy. Aýdyň näderini bilmedi. Ýüzündäki şatlyk alamaty ýyldyrym urana döndi. «Ah, ikilikdir diýdim ahyryn. Dogry bolup çykdy» diýip, içini hümledip, gaharly yzyna öwrüldi. Diňe mugallymanyň: – Aýdyň, nirä barýaň? Hany dur! – diýen mylaýym sesi ýigdekçäniň aýagyna badak saldy. Ol ýüzüni sortduryp yzyna dolandy. – Hany kelläňi galdyr! Aýdyň utandy, ýylgyrdy. – Berekella, tamany ödediň. Dörtlük bilen gutlaýan. Indi arkaýyn agaňa hat ýazyp bilersiň – diýip, gapyl duran oglanyň ýaňagyndan sypady. Aýdyň utandy. Eneş bolsa oňa bakyp, aýratyn bir mähir bilen ýylgyrdy. Eneşiň akja sadap dişleri Günüň şöhlesine ýalpyldap gitdi. Ýöne «hat» diýen sözler gyzyň köne derdini gozgady. Boýnuny burdurdy. Hut şol mahal relsiň arasy bilen Garabaý aga ýetip gelýärdi. Onuň elinde üçburçly hat bardy. Goja haty günüň deňine ýetirmäge dalaş edýän ýaly, depesine galdyryp gelýärdi. – Gözüň aýdyň, gyzym, dädeňden hat geldi. Goja tolgundy. Duranlar göz açyp-ýumasy salym doňup galdylar. Goja bolsa uzyn ellerini asmana uzadyp, heniz-de haty depesinde saklaýardy. – Dädem jandan... Eneş haty gojanyň elinden garbap aldy. Titräp duran inçejik barmaklary bilen howlukmaç açdy. Strelkanyň golaýragynda işleşip ýörenler bu waka begenişip seredýärdiler. Öz aralarynda bir zatlar diýişýärdiler. Garabaý aganyň kütelişen gözleri çygjarypdy. – Baba, näme? – diýip, mugallyma uzyn, süňklek goja naýynjar garady. – Hiç zat, gyzym. Hiç zatdan habarsyz mugallyma başga sorag bermedi. Bar kişiniň nazary ýyljyraklap duran gyzyň elindäki üçburçly bukjadady. Garabaý aga hem ýaşlaryň kir-kimirsiz asman ýaly açyk ýüzlerine seredip durşuna, Aşyryň öldi habaryny getiren dört barmak kagyzy tike-tike edenini duýanokdy. Onuň her tikesini iňňäniň gözünden geçiräýmelidi. Goja agyr düýş gören ýaly, tisginip gitdi. Derläp duran aýasyndaky kagyz bölejikleri çygjarypdy. Ol iri çyzyklardan doly aýasyny giňden açyp, owurdyny çişirip, kagyz bölejiklerini üfläp goýberdi. Şemalsyz howada agraslyk bilen ýere düşen kagyz bölejikleri gurşunyň ergini ýaly, ýerde agaryşyp ýatyrdy. Goja gidip barşyna oýlanýardy. Ol näme hakda oýlanýarka? «Ynsanyň nesli neneňsi mert. Bar zady gerdeni bilen çekmegi başarýar. Sähelçe şatlyk bar gaýgyny ýeňýär. Göräýmäge durmuş togtaýjak ýaly. Emma atanyň ornuny ogly, enäniň ornuny gyzy tutýar. Gädilip duran ýer barmy? Bar zat öňküsi ýaly. Ah, ýaşlyk neneňsi hezillik. Olar az oýlanýarlar. Köp işlemegi arzuw edýärler. Ah, gojalaryňkymy? Gojalar oýlanmagy halaýarlar. Durmuş näme, durmuş bir düýpsüz derýa. Ne kenary bar, ne düýbi. Pikir edip onuň aňyrsyna çykjak güman ýokdur. Şonda-da näme, durmuşdan doýma ýok. Yssy-sowuk, gülki-agy – bularyň bary durmuş üçin gerek zatlar. Görüň, uruş gidip dur. Dünýä elenip dur. Ýetginjekler welin okuw hakda arzuw edýärler. Hawa, uruş. Gan döküşlik. Jan alyp, jan berilýär. Ýöne bu çagalaryň güler ýüzlerine seret. Alaýaz ýaly. Çagalara garanyňda, durmuşyň özem tutuş şolara meňzäp barýan ýaly. Gör ahyry, iki barmak kagyz bir gün Aşyryň öldi habaryny getirdi. Bu gün bolsa ony täzeden dünýä inderdi. Soñy. Ýylgaý DURDYÝEW. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |