07:35 Goşgular -3 | |
SENSIZ ÝAŞAMAÝYN GARRAN ÇAGYMDA
Goşgular
Kaýsyn Kulyýew Ganyma gatyşdy söýgiň, yhlasyň, Sensiz ýaşamaýyn garran çagymda. SAG BOL, TOMUS! Diýýärler: «Otdanmyş tomsuň asly», Belki-de bu sözler bardyr ugrunda. Ýogsam, şahyrlar hem ot ýaly pasly, Taryp etmezdiler otly şygrynda. Uly-kiçi küýsär salkyn saýany, Sowuk suw yssyny azrak ýeňer. Depesine tutup gök saýawany, Gyzlar gür baglygyň goýnuna siňer. Durnaň çüňki ýaly ökjeli köwşün, Ellerine alyp ýylgyrýar bir gyz. Pisse dodaklary atýardy öwşün, Ýaňaklary tomus, dişleri dür gyz. Gumry nazarlydy, gözler ataşdy, Diýýärler, söýgi hem otmuş aslynda, Gülgün bahar bilen tomus sataşdy, Leýlisaçyň müň tarynyň astynda. Ezizi apalap, öpdi ezizin, Wah, ejizlik gussa guýduň gursagma. Sag bol, çypar tomus, sag bol, ezizim, Goşawuçlap yssy guýduň gursagma. BOLGUN akarda suw ýa öwserde ýel bolgun (Magtymguly) Gara başyň dikliginde peselme, Kim bolsaň bol, agaçdan bir ýasalma, Eger bir gün bagtyň çüwse eselme, Ýanmasaň-da, birje çümmük köz bolgun. Arwana götermez ineriň ýükün, Ilden iýme, emma köýmesin hakyň, Bir bendäň ýüregi alaýsa dykyn, Derdini çek, egser ýaly saz bolgun. Adam öler, emma ölmez ymmaty, Aýry bolar ata-enäň gymmaty, Çekseň diňe pilden çekgin minneti, Adamlara gül paýlaýan ýaz bolgun. GALAR Bir bölejik bulut bolsaň, çöle siň, Bir teşnäni gandyr, damanyň galar. Dana bolsaň, kalba çöküp, dile siň, Ýagşyňy ýaýarlar, ýamanyň galar. Ir bilen howanyň öwzaýy niçik, Gögüň ýüzi totmy, bulutmy, açyk, Ýansaň ojar ýaly lowurdap ýangyn, Sönseň, şapak ýaly, gyzaryp söngün, Peşmegiň oduna diýmezler ýangyn, Söwer dosta jandan gymmatly bolgun. Akar suw dirilik, ýata suw zeňlär, Derdine ýarasaň, il-günüň oňlar. Şahyry joşduran çigrekli daňlar, Ýaly arassa hem sogaply bolgun. Çölüm gursagyňa giňligin guýsun, Deňiz gursagyňa çuňlugyn guýsun, Danalar kalbyňa oňlugy guýsun, Bu gysga ömürde ynsaply bolgun. MAŇA ELLI BERMÄŇ... Maňa elli bermäň, heniz ýalandyr, Diýýärler: «Elli ýaş ömrüň öýlesi». Gün öýleden agsa, ýaşmak bilendir, Deň däldir tereziň eýle-beýlesi. Meň dilim geplänok, göwnüm gepleýär, Göwün sandygymy açaýyn size. Sözleri-sözlere göwnüm sepleýär, Güneşiň nuruny saçaýyn size. Gojalyk hoşlaşmaz ýaşlygy bilen, Oglanlygym, jahyllygym ýanymda. Kakabaş ýyllaryň daşlygy bilen, Bahar daşgyny bar meniň ganymda. Kelpezlik edemok, ýürekden diýýän, Meniň bahar ýaly duýgularym bar. Adamlar, men sizi ýürekden söýýän, Meniň bahar ýaly söýgülerim bar. Bahar buşlukçysy ak çarlak ýaly, Çeşmeleň üstünde ganat ýazaýyn. Ömür prsat berse, şeýle ykbaly, Ýyllar bilen ýaryş gurap, ozaýyn. Ýyllardan ogrynça ýaşamak kyndyr, Şonda-da ýyllara bolmarys tabyn. Kim bilýär, belki-de olam mümkindir, Galňadasyň gelýär ömür kitabyn. Deňzi küýsetmez, lowlaýan çölüm, Jöwzada garaguş asmanda gaýsa. Mydam uzyn bolar, bu kelte dilim, Besdir, çöl kalbyma howruny guýsa. giňligi paýlaşýan ýoldaşym bilen, Arkaýyn gezmäge ýik meniň hakym. Ýyladaryn howrum bilen dostumy, Maňa dynçlyk berse, ömür pursadym. Maňa elli bermäň, heniz ýalandyr, Diýýärler: «Elli ýaş ömrüň öýlesi». Gün öýleden agsa, ýaşmak bilendir, Deň däldir tereziň eýle-beýlesi. BIR ÝAKYMLY GYZ ÝALY Agras güýz ýygnady sary palasyn, Gatan aýagyny ýazdy sowuk gyş. Tebigat unutdy ýazyň yhlasyn, Gökden ýere gonup durdy akja guş. Ýaşlyk ýyllaryma uçýar hyýalym, Bakýan penjirämden adamly köçä. Dünýä ap-ak, bar zat edipdi çalym, Güýzüň ak ýüňünden basylan keçä. BAHAR BILEN ÇAGA Bahar bilen çagajyk, Ekizdir hem dogandyr. Ynsanyň bagty üçin, Olar bile dogandyr. Eneleri bir olaň, Bir-birine ýaranmyş. Bahar bilen çagadan Diýýärler Gün döränmiş. Soň kükrege girenmiş, Güneşden bir bölejik. Gözellik hem hezillik, Bahar bilen çagajyk. Çaga bolsun her öýde, Bahar öpsün, ogşasyn. ynsan görsün durmuşyň Ýagşydan has ýagşysyn. Çagadyr elwan bahar, Irden dogan Gün ýaly. Çagadyr elwan bahar, Bezeýär giň dünýämi. YLHAM DIÝERLER Ýürekdäki sözler zybana gelse, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Kagyz bilen galam amana gelse, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Guşlardan ir turup, säherde ýazsaň, Bir şatlykda, birem gaharda ýazsaň, Ysy geler durar baharda ýazsaň, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Tahyr gonsa, zöhre gyzyň törüne, Aşyk magşuk ýetse söwer ýaryna, Kakyp bilseň ýürekleriň taryna, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. synan göwünleri seýikläp bolsa, Yşgyň derýasynda kürekläp bolsa, Çuňluga, girdaba tor oklap bolsa, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Şemaldan ýaryna posa gönderse, Uçup barýan durnalary gondursa, ýürekleri eretse, ýa doňdursa, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. Bina salyp bolmaz gatym-garymdan, Adam ogly kemal tapsyn kärinden, Oglan geçse, gyz jyklasa tärimden, Ine, dostum, şoňa ylham diýerler. ÇÖLÜM BARKA Asyl ýüregim gysmaz Bu ymgyr çölüm barka. Asyl owazym kesmez, Bu saýrak dilim barka. Bakman ileri, gaýra, Aşyk gezmesin aýra, Saýra, bilbilim saýra, Bagymda gülüm barka. Söýsünler söýüşsinler, Öpsünler öpüşsinler. Guçsunlar guçuşsynlar, Heniz bir ýylym barka. Şahyr göwnüm gezende, Galam titrär ýazamda, Sür, döwrany gelende, heniz birsalym barka. Sor, şerbetli pisseden, Tälim algyn ussadan, Gutulma ýok, gussadan, Her başda ölüm barka. AK ALAŇLAR Ak alaňlar, ak alaňlar, otyrmyň, Hany, meniň basyp giden yzlarym? Sen henizem ýeri diňläp ýatyrmyň, Hany, meniň basyp giden yzlarym? Ak alaňlar, owuz ýaly alaňlar, Saňa çykyp, gyz-gelinler seleňlär, Aýt, şunuň niresinde ýalan bar, Hany, meniň basyp giden yzlarym? Beýnimde at salýar, dürli pikirler, Alyslarda salgym atar takyrlar, Aý astynda kän kakyldy zykyrlar, Hany, meniň basyp giden yzlarym? Gök selinler toýa barýan gyz ýaly, jokrama yssyda üstüň buz ýaly, Etegiň nagyşly, alaýaz ýaly, Hany, meniň basyp giden yzlarym? akmaralyň alkymyndan ak alaň, Bu ýerlerde seniň taýyň ýok alaň, Indi sen oýnagy bolduň başgalaň, Ýitdi meniň basyp giden yzlarym. SAHAWAT TAPAR Gel, göwnüm, darykma geçirimli bol, Geçirimli kişi sahawat tapar. Karun bolmasaň-da gaçyrymly bol, Gaçyrymly kişi kanagat tapar. Ataň gazanjyny ýele sowurma, Garyndaş-dogana dodak çöwürme, Pyçak gynyn kesmez, ýüzüň öwürme, Arkalaşan gurtlat bereket tapar. Asmany küýseme gezseň pyýada, Alnyň açyk bolsun, ömrüň zyýada, Bolman-bolman gözi düşse zürýada, Är ýigit ynjala mylakat tapar. ŞAHANDAZ BOLAR Gel, gardaş göwnüňde kine saklama, Kinesiz kişiler şahandaz bolar. Märekede dürs geple, çaklama Sypaýy kişiler suhandar bolar. Işden gaçma, kuwwat barka bedende, Unutma bir kişi kömek edende, Togsan dolup, ýere ýyly gidende, Daglar, düzler, çöller serzebar bolar. Ýar goýnundan gelse, anbaru-müşk, Şol kişiniň öýi özüne köşk, Her yşga düşene diýmegin aşyk, Hakyky aşyklar sergezdan bolar. Diýýärler: «Ýekelik hudaýa ýagşy», Sadaka dilemek gedaýa ýagşy, Adam bir-birine ýörese garşy, Ýol gysgalar, ýoldaş, howandar bolar. Eger dil bitmese, golda galama, Besdir, şahyr, urma çöpe-çalama, Taşla bu senedi, başyň çolama, Çeken azaplaryň paýendaz bolar. GOÇAKLAR BARKA Saýgarmak kyn, çyny bilen ýalany, Içi möjek, daşy jäjekler barka. Bilmek çetin aglaýany-güleni, Tilkidenem mekir jojuklar barka. Namartlar ýüzüňi öwüp ýörendir, Ýeňsäňden aýagyň köwüp ýörendir, Şolaryň günäsin ýuwup ýörendir, heniz aramyzda goçaklar barka. Garpyşsaň ýuwuzdyr deňziň kelewi, Saralar daşyňa möýüň kerebi, Gaçmawersin öýüň hödür-keremi, şerebe sepilen ojaklar barka. Bu gezekli çemçe, aglap gülüp dur, Il-gün bir keramat baryn bilip dur, Gündiz Gün, gije Aý, ýalkym salyp dur, Ýaşyň uzar, janly gurjaklar barka. Kerwene ýüküňi uruber çygap, Herhal dirilikde gazangyn sogap, Bu berlen ömre edeliň togap, Ygrarly hem yssy bujaklar barka. GÖZLEGIN Dostum, meni ideseňiz iru-giç, Märekäniň nazaryndan gözlegin. Jalaýlaryň arasynda bolman hiç, Gojalaryň huzuryndan gözlegin. Säher bilen açylaýyn gül bolup, Öý-öwzarsyz öwüsmäýin ýel bolup, Garyp ýaly satylaýsam gul bolup, Yşgyň söýgi bazaryndan gözlegin. Kdýerjekläp saba ýelin böwsende, Sagrysynda kümüş nury öwsende, Adam ýaly aýagyna towsanda, Bedew atyň gezerinden gözlegin. Gezmesem-de başa oranyp selle, Dänmen ymmatymdan, ynanýan, Alla Ýaşlygyň humary uranda kellä, Ene ýabyň güzerinden gözlegin. Oglanlykda göwnüň keýgiň şahynda, Adam gider, at galýandyr dahanda, Eger-ahyr tapylmasam jahanda, Gara gözüň gubaryndan gözlegin. BERSENE Hydyr gören çöller, daraýy ýaýlam, Maňa paýhas bilen giňlik bersene, Enäň owuz süýdün emdiren obam, Maňa paýhas bilen giňlik bersene. Bu dünýäde köpi gören gojalar, Öň etegi namazlyk dek hojalar, Nuruna gündizler, aýly gijeler, Maňa giňlik bilen paýhas bersene. Ýekelikde höwrüm bolan meýdanlar, Derýalar, çeşmeler, suwly howdanlar, Şahyryň höwesi aladaňdanlar, Maňa paýhas bilen giňlik bersene. Ömür çäkli, baky däldir adama, Käte-käte ölüm düşýär ýadyma, Owadan gyz, näziň bilen aldama, Gaýtam paýhas bilen giňlik bersene. Güýz talady baglaň ýaşyl ýapragyn, Ýagyş ýagsyn, asman kaksyn depregin, ýeke-täk diýarym, ene topragym, Maňa paýhas bilen giňlik bersene. ÝETSEDI Sagadaň bolaýyn dünýäm aglama, meňem bir özüme göwnüm ýetsedi. Şol söýenip ýörmän gury salgyma, Meňem bir özüme göwnüm ýetsedi. Şahyrlaryň meýlisinde ýadyrgap, Kän süýrendim, kän üşedim galdyrap, Hiç bolmasa käte-käte gudurap, meňem bir özüme göwnüm ýetsedi. «Özüni öweniň tanapy çüýrük», diýseler-de, olar ýel ýaly ýüwrük, Garaňky gijäni gündize öwrüp, meňem bir özüme göwnüm ýetsedi. Bolandan toýlarda arzysyz bagşy, Çopana wepaly it bolan ýagşy, Bahar giň ýaýlama çekende nagşy, Meňem bir özüme göwnüm ýetsedi. Il-günümden gaýry ädemok ädim, Yhlasyma şärik ýakynym-ýadym, Käte şahyr diýip tutulýar adym, Indi bir özüme göwnüm ýetsedi. SYNDYRMA Seni görgeç köne derdim gozgady, Indi beri, sowuk nama gönderme, Ondan bäri durna uçdy, gaz gondy, Indi beri depämden daş inderme. Sen göwherim, säheriň ak şapagy, Türkmen ketenisi, hytaý ýüpegi, Geçen ýyllar bermedimi sapagy, Indi beri köýen jany ýandyrma. Gel, ýanyma aý jemalyň göreýin, ysgalmadyk güli ýolup bereýin, Eýele giň dünýäm, yşgyň saraýyn, Indi beri ýanan odum ölçerme. Sülmüreseň sülmüräber gyz ýaly, Sowamagyn mährim giden gyz ýaly, Gara gözleň ýyldyz ýaly, köz ýaly, Kirşin çekip, ýaýyň bize gönderme. Seň baryňda ýürek dyňzar, gowzaman, Dodagynda tagamy bar owzumyň, Täze günüm, täze ýylym Nowruzym, Indi beri gel, göwnümi syndyrma. ILIM BAR Ýurdumyz bolupdyr hatap galasy, Dostlar, meniň bir türkana ilim bar. Has gadymy haly bilen palasy, Sähra ýaly bir görkana ilim bar. Demsiz-düýtsüz Garagumdyr mekanym, Baý hazynam, ir-iýmişli dükanym, Pyragynyň şygry ýaly okanym, Guşlar ýaly bir erkana ilim bar. Kümüş ganat bedewinden tanalar, Gelin-gyzy edebinden tanalar, Jahyllary gadamyndan tanalar, Gepe çeper, şahyrana ilim bar. Degmedige degmez, degseň sylamaz, Päli pesdir, täleýinden nalamaz, Lebzi halal, messepsizi halamaz, Göwrümi giň hemem dana ilim bar. Suw içendir kän derýadan, deňizden, Myhmansyz çöregi geçmez bogazdan, Türkmen, seniň aslyň gelýär oguzdan, Göwni açyk hem erkana ilim bar. NAMA Säheriň süýdüni çekip başyma, Gel, göwnüm, ol ýara bir nama gönder. Säheriň şemaly gelsin hoşuňa, Ol sahypjemala bir nama gönder. Ýary ýarylmazmy ýar höwesine, Aşyk men ýar içen pyýalasyna, Goý, sesim goşulsyn guşlaň sesine, şemaldan ýaryma bir nama gönder. Şapak öçdi, Gün gyssanýar dogmaga, Goja bagban barýar çemen bogmaga, Güljemalym çykdy goýun sagmaga, Ol sahypjemala bir nama gönder. Säherde söz geler garyp dahana, Gözläp ýörme, her bir zatdan bahana, Gün zülpüni dökeninde jahana, Ol sahypjemala bir nama gönder. Ýar yhlasy ýaryň gulagna ýetsin, Säher aýdym bolup alysa gitsin, Ýa özüm bararyn hany daň atsyn, Barmazyndan burun bir nama gönder. NOWRUZ Deňleşipdir gije-gündiz, Halaýyk, Nowruzdyr bu gün. Gerşin güne çoýdy gunduz, Halaýyk, Nowruzdyr bu gün. Togsan doldy, gyşam irdi, Ene ýere ýyly girdi, Gyzlar meýdan gülün tirdi, Halaýyk, Nowruzdyr bu gün. Gül gülüstan jümle-jahan, Guş-gumrular açdy dahan, Ýere tohum seper daýhan, Halaýyk, Nowruzdyr bu gün. Buşla şahyr, göwün çagdyr, Gelin-gyzlar gyzyl çogdur, Burkut ata, ýagyş ýagdyr, Halaýyk, Nowruzdyr bu gün. Guş tanalar owazyndan, Mal tanalar owuzyndan, Ýyl bellidir nowruzyndan, Halaýyk, Nowruzdyr bu gün. Bu gadymy täze ýylym, Has köpelsin gelim-gidim, Biziň oba toýa geliň, Halaýyk, Nowruzdyr bu gün. ÇYNAR Gel, söhbet edeli Nuhuň döwründen, Kim saňa hyrydar bakmady, çynar? Seniň ömrüň uzak adam ömründen, Kim saňa ýüregin dökmedi, çynar? Bir özüň saýlanýaň baglar içinde, Toý toýlansa, gyzyl çoglar içinde, Alysdan görünýäň zawlar içinde, Kim seniň üstüňe çykmady, çynar? Saýaňda düşländir mertleriň merdi. Senden pata alyp, sahawat gurdy, Mergenleriň ýagyň gözünden urdy, Kimler sary ýaýyn çekmedi, çynar? Kölegäňde alty ganat ak öýler dikildi, tutuldy haşamly toýlar, Bir saňa sygyndy garyplar, baýlar, Hiç kimiň göwnüni ýykmadyň, çynar. Ýapraklaryň owaz edýär, saz ýaly, Sülmüräp otyrsyň uly gyz ýaly, Näçe taryp etsem, ýene az ýaly, Ah, şonda-da eräp akmady, çynar. Aýlar, ýyllar akyp barýar suw ýaly, Sen ýaýrap gidipsuiň seriň howaly, Kim bermedi, menem berýän sowaly, Göwnüm üçin çawuş çakmadyň, çynar. DIÝER Adam ýetse, myş-myş ýaşa, Kethudalyk kylsam diýer. Gümra bolup ownuk i'şe, Içde-daşda bolsam diýer. Otursa ýetmez karary, Turara ýokdur mydary, Ýürek küýsär dosty-ýary, Ýene oýnap, gülsem diýer. Ýel öwüser daşy ýaryp, Suw joşmasa, akmaz aryk, Bilmese-de gülün tirip, Baga girse, ýolsam diýer. Garrylyk bir owuz duşman, Özi geldi etmez puşman, Gaçyp giden ýok oňuşman, Gadyryny bilsem diýer. Geň görme, geler alnyňa, Meňzärsiň gury salgyma, Ol kakabaş juwanlyga Göwün gaýdyp gelsem diýer. Göre-göre gelýär şahyr Kölge ýaly bolar zahyr, Ah, şonda-da adam pahyr, Garaz, garrap ölsem diýer. OGLANLYKDA Dyzymy sypjyrdyp, akja takyra, Özüm aglap, ýene özüm goýardym. Kä büdüräp, oýmak ýaly çukura, Özüm aglap, ýene özüm goýardym. Enem gurt sererdi sary gamyşa, Men ýarardym, oduk-buduk ýumuşa, Serçeler edende bize tomaşa, «Tutjak» diýip aglap, özüm goýardym. käte taýharyma ýük urjak bolup, Käte köşegimi çökerjek bolup, Güjügi ketekden çykarjak bolup, Käte özüm aglap, özüm goýardym. Goýnumyz guzlanda owuz süýdüni, Syrgyna paýlardyk, goýman dadymy, Tomusda söküler ýazyň öýdümi, Şonda özüm aglap, özüm goýardym. GYSGANMA Şu günki göreniň ertesi ýokdur, Bendesi, gysganma Taňry salamyň, Päli pes kişiniň ýüregi päkdir, Bendesi, gysganma Taňry salamyn. bir-birege baryp-gelişmek gowy, Dirilikde habar alyşmak gowy, Hal-ahwalyň, derdiň soraşmak gowy, Bendesi, gysganma Taňry salamyn. Köpi gören dünýä owazly tardyr, Baharyň yzynda gyşy-da bardyr, Hiç kim hantama däl, didara zardyr, Bendesi, gysganma Taňry salamyn. Şahyr halky ýiti galamly bolsun, Ili sylar, ýagşy kemaly bolsun, Ýaş kiçiler ula salamly bolsun, Bendesi, gysganma Taňry salamyn. GÜNLERIM Ýene birje günlük gaýdyp gelsedi, Sährada guzy dek towsan günlerim. Oglanlygyň şirin sazyn çalsady, Säheriň howasyn böwsen günlerim. Käte-käte çykardyk gök baýra-da, Ilerde dag, ýöne gözüm gaýrada, Dostlar bilen Hydyr gören ýaýlada, Şemal dek herýana gowsan günlerim Gülbahar çölüme sepende gülap, Ylgardym nagyşly tahýamy bulap, Enem wüýt bişirse köpügin ýalap, Gaýmagyny iýip, ösen günlerim. Adam garradykça ýaşlygyn ýatlar, Ýatlamalar göwün körügin otlar, Ýaşlykda gor tutan ýagşy niýetler, Höýwesim sizdedir sowsan günlerim. ÝAGYŞ Kükräp geldi goşa ýaz, «Buşluk» diýsene, ýagyş. Sähram bolsun lälezar, Dynman guýsana, ýagyş. Ezileýin suw bolup, Ýüzsem kölde guw bolup, Göçeýin arzuw bolup, Şony duýsana, ýagyş. Suw aksyn böreň-böreň, Keýpim bor, zereň-zereň, Ýanyma gelsin Pereň, Syryň ýaýsana, ýagyş. Çöle çykyp ýeňläýin, Çal, sazyňy diňläýin, Ýag, sözümi soňlaýyn, Gulak goýsana, ýagyş. BOLMASA Bu dury asmanda owadan guşlar, Uçarmydy ganat-peri bolmasa? Yşk oduna düşermidi aşyklar, Öz ýary gözüne peri bolmasa? Adamyň adamda bolmasyn kasty, Şirin jana deňdir topragyň üsti, Şunça tereň bormy deňziň asty, Şol çuňlukda merjen-düri bolmasa. Säheriň sazyndan gulagym gansyn, körügim közürgäp, ojagym ýansyn, Moý açan pyýala wagtynda synsyn, Şahyr uzak gitmez, gory bolmasa. Diýar enem-atam, topragym jennet, Şu iki didardan çekeýin minnet, ene ýerim şeýle bolmazdy gymmat, ýüzünde gan bilen deri bolmasa. SEÝRAN EDELI Meýdan geýinipdir ýaşyl köýnegin, Gel, sonam, çöllere seýran edeli. Ýürek syryň her ýetene ýaýmagyn, Gyrmyzy güllere seýran edeli. Düzümde oýnasyn säher şemaly, Ýüzüňde oýnasyn bahar jemaly, Gözüňde oýnasyn ýaşlyk juwazy, Köz ýaly gollara seýran edeli. Ýör, ýygaly gyraw baglan selmeden, Ak pata al, ak telpekli almadan, Gana içip, akar suwly salmadan, Daraýy tellere seýran edeli. Käte azar berýär ýüregim çatlap, Aýakýalaň gezsek, ýaşlygy ýatlap, Ýörelen ýodalaň üstünden ätläp, Geçilen ýyllara seýran edeli. ÝYLDYZLAR Dünýä döräp, giň ummanda, ýokarda, Asyl-asyl bolup duran, ýyldyzlar. Daňyny atyrar ýere bakar-da, Tohum-tijimizi gören ýyldyzlar. Çugdam-çugdam, ýedi yklym dar ýaly, Ýer bilen gepleşýän, diliň bar ýaly, Her biriňiz ýanyp duran şar ýaly, Alysda siz kerwen gyran ýyldyzlar. aý-aýdyň gijeler seni sanardyk, gözümiz ýadardy, jany gynardyk. ýedigeni, Ülkerini tanardyk, Oglankak ak pata beren ýyldyzlar. Käte söner, käte dogar, yzy bar. Zöhre atly mahy-taban gyzy bar, Diýýärler her kimiň öz ýyldyzy bar, Meniňki haýsyňyz, küren ýyldyzlar. GAÝTDY Gözýetimde aşak inen bulutlar, Tüýdülen ýüň ýaly gaýyp gaýtdy. Dagyň depesine gonan bulutlar, Bölünip, etege taýyp gaýtdy. buludyň üstünde ýaryldy asman, Durup bilseň dur-da, sen gulak asman, Guýdy ýagyş guýdy, yzyny kesmän, Damjalar penjesin ýaýyp gaýtdy. Şyr takyrdan böreň-böreň suw akýar, Ýagyşyň derdinden mele ýer çökýär, Gökde garry mama sanajyn kakýýar, Ýyldyrym ýokardan süýnüp gaýtdy. Misli ýar boýnunda düzüp hünjüler, Ýere degip synar, iri damjalar, Asman durlansa-da, soňky damjalar, Buludyň üstünden tänip gaýtdy. SORAÝYN Göwnüm howalanyp, seýle çykamda, Gögüň syryn uçar guşdan soraýyn. Bahar aýy ýaşyl ýaýla çykamda, Ýazyň görkün ak ýagyşdan soraýyn. Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir, Haýwan görki gunduzyndan bellidir, Ýagşy gelin baldyzyndan bellidir, Gözelligi galam-gaşdan soraýyn. Ýaşlyk säpjäp geçdi, arman, ah, arman, Çapyp barýan atyň ýüzüne urmaň, Söýgi atly gyzyň özüni görmän, Yşgyň derdin deňi-duşdan soraýyn. Takyrda suw durmaz, Günüň howrundan, Adam, haýwan aýrylmasyn höwründen, Gojalaram nadyl däldir döwründen, Nasyl bolsa, gara gyşdan soraýyn. DIÝÝÄR Gara bulut çökde daga, Damja damsam, damsam diýýär. Ýör, şahyrym, çyk gezmäge, Ýagyş ýagsam-ýagsam diýýär. * * * Besdir, doktor ýüregimi barlama, Derdim güýçli, dermany ýok bu ýerde. Sorag berip, ýersiz-ýere horlama, Ýigrim bäşde uçuradym bu derde. Derman haýyr etmez, men dek ýarala, Men syrkaw däl, telbe boldum yşgyndan. Özüň ýaly ak ýektaýly marala, Geçen onki aşyklar deý aşyk men. Owal-ahyr haýpyň gelse janyma, Joraňa diý: «Barlaýmasaň çöp boljak». «Halyň niçik, oglan?» diýip ýanyma Bir geläýse, ähli derdim dep boljak. * * * Jan amanat, dem sanalgy, wehim bar, Bir garry ýatyrdy tutup ýüregin. Munda uly-kiçi hemme rehimdar, Kimsi çaýyn berýär, kimsi çöregin. Ogluna garaşdy, uludan haşlap, Indi umyt azdy şirin jana-da. Düşege çykanda gidipdi taşlap, Özem atasyny keselhanada. Ykbalyň şeýledir ýürek aglama, Goja öz etmişin ýadyna saldy. Diýýärler: «Edeniň gele alnyňa», Garrady, edeni alnyna geldi. GÖWÜN 1 Bagtym çüwse, dünýäm gelse, Apalaryn göwnüm seni. Dost ýanynda günäm bolsa, Çekelärin göwnüm seni. Geldi dünýäm, geldi joşa, Özün urar suwa, daşa, Tohum ýaly dumly-duşa Sepelärin göwnüm seni. Başga biri bolsa arka Ýarylardy, darka-darka, Heniz ýyly demim barka, sypalaryn göwnüm seni. 2 Moý açan pyýala syndy, Sen bir synma melul, göwnüm. Üstümden kän töhmet indi, Gapyl ýatma, delil göwnüm. Ah, salgyma şowurdama, Suw alaýyn owurdyma, Baý-baý, gysyp gowurdyň-a, Çyrpynsana halyk, göwnüm. Gel, törüme şa edeýin, bilýän dünýäň zaýadygyn, Il almanka aýadymy, Joş birsalym zelil göwnüm. 3 Ownama, dünýäm, ownama, Eýýäm çigrekli güýz düşdi. Şonda-da däli göwnüme, Ýekeje çümmük köz düşdi. Geçip gitdi dünýäň göçi, Wah, ýykyldy gaýym gaçy, Boýap bordy çuw-ak saçy, Ah, arman, olam tiz düşdi. Indi ynam ýok ädime, Jahyllyk hemra adama, Şu ýaşda meniň ýadyma, Alysda galan gyz düşdi. 4 Gel, göwnüm, sen bilen söhbet edeýin, Bu garyp dünýämi alsana, göwnüm. Men senden aýrylyp nirä gideýin, Yssy gujagyňa salsana, göwnüm. Beýnim gahar bilen zäherlenipdir, Gorkajyk böwrejik jäheklenipdir, Ýüregim öňküden mähirlenipdir, Besdir, özüň bilen bolsana, göwnüm. Ýigitlik çagyna dolanyp gelsem, Armanym ýok, şonda aglasam-gülsem, Owal-ahyr şudur pendimi alsaň, Indi beri ile dolsana, göwnüm. 5 Dawut pygamberiň «Zebury» bilen, Seni çaýkap-çaýkap, alsady göwnüm. Ýüz elli süreli mazmuny bilen Ýüki ýetip, ýatdan bilsedi göwnüm. Biwepa söýgüden kän çekdiň arman, Şonda-da, ezizim, men saňa gurban, Henizem bir pille tasygyp ýörmän, Maňa bir garaşly bolsady göwnüm. Jemşidiň jamyny ýüzüme sylyp, Dünýäni görsediň gyýyp ýa gyýlyp, Ýa yzda süýrenip, ýatdasyň güýlüp, Ýogsa-da asmana galsady göwnüm. 6 Nesihat bereýin, gulak goý maňa, Mes iner dek kükre, sile dön, göwnüm. Niýetiň päklikdir, meňzegin daňa, Akar çeşmä ýa-da köle dön, göwnüm. Göwnüň çökgün bolsa, ýüzüň salykdyr, Diýdirme bu bendäň ýeňi ýolukdyr, Bu peslik törüňe nirden gonupdyr, Sonarly, daraýy, gola dön, göwnüm. Sen dünýämsiň, sähel zada eselme, Sen günämsiň, sähel zada peselme, Sen ahyryn asal goşan asalma, Akabaň durlansyn, ile dön, göwnüm. 7 Diýýärler, at ýyndam, ýelem ýyndamdyr, Heý, senden ýyndam zat barmydyr, göwnüm. Pyragyň golunda galam ýyndamdy, Sen gyjakmy, dutar-tarmydyr, göwnüm. Bir görseň-ä şa sen, bir görseň geda, Bir görseň, bar zada edip dur eda, Kä gudurap, käte diýýäň: «ýa huda», Aýt, ýa gujagyň gormudyr, göwnüm. bir arapdan çykýaň, birem şarapdan, Ýel ýaly öwüsýäň iki tarapdan, käte lezzet aljak bolýan şerapdan, Bu-da altmyş ýaşda bormudyr, göwnüm. 8 Çapyp barýan atyň ýüzüne urmaň, Bedew dek çarpaýa galsana, göwnüm. Bir özümden başga kişä ýüz bermäň, Diňe ýaryň göwnün alsana, göwnüm. Synam bölek, bagrym para-paradyr, Diýýärler: «Ýurt ala, ýerem aladyr», Mylakatly kişi özün haladar, «Şirmaýy daragy» çalsana, göwnüm. Sen bolmasaň bu eşreti nädeýin, Sen unasaň, zäk bolsa-da dadaýyn, Garyp julda görnerin men şa deýin, Dünýämi lerzana salsana, göwnüm. 9 Ah, göwnüm, synaňa kän çümdi iňňe, Diňe eräp-eräp, akanyň galdy. Äsgermän saýdylar bir gury töňňe, diňe azap baryn çekeniň galdy. Ah, göwnüm, utanjy syryp birýana, Aýlanyp-aýlanyp, urduň gorhana, märekäň öňünde döndüň porhana, arman, jigeriňi ýakanyň galdy. Yhlasymy tala baglady umyt, Gijeler ogrynça aglady umyt, Ýok, dünýäm, diýmerin igledi umyt, Ah, diňe zarynlap bakanyň galdy. 10 Ýarylsana zelil göwnüm, Haýsy şemal kakdy seni? Gözläp ýörme delil göwnüm, haýsy içýan çakdy seni? Girdap duşsa, tor oklaryn, Eger synsaň seýiklärin. Tenim bilen çeneklärin, Haýsy kesel sökdi seni? Aýt, janym günäň barmy, Ýa birisi saňa ýarmy? menden başga dünýäň barmy, Haýsy alaw ýakdy seni. 11 Göwün-göwünden suw içer, Başgaň göwnün ýykma, göwnüm. Bogun-bogundan suw içer, Gözbaşyna akma, göwnüm. Suwarar göwün-göwüni, Arada goýma düwüni, şer işiň algyn öňüni, Atyň ýeke çapma, göwnüm. Aýdylmadyk sözem kändir, Görülmedik ýüzem kändir, Teşne görseň suwdan gandyr, ýogsam, çöle çykma, göwnüm. 12 Öz-özüňi iýip ýörme, Däli hem diwana göwnüm. Peşmek ýaly gaýyp ýörme, Goşulsana sana göwnüm. Agralaňda daş ýalysyň, Ýeňläniňde guş ýalysyň, Bir görseň serhoş ýalysyň, Bir seretseň, dana, göwnüm. Gorkma derýaň joşmasyndan, kenaryndan aşmasyndan, pyragynyň çeşmesinden, içseň gana-gana, göwnüm. JERENIM Kölgesini görüp, özün ýitirdim, Sährada salgymdan ýyndam, jerenim. Ak owuz meýdanda yzyn ýitirdim, Synasy ýasalan Günden, jerenim. Guşlar mekan tutsa suwuň aýlagyn, Dagym, düzüm, gyrym bolsun ýaýlagyň, Ýaýlamda ýazlasyn ekdi owlagyň, Injigiň inçedir gyldan, jerenim. Görküň syrdy göwnümdäki öýkäňi, Atylanda misli ýaýyň peýkamy, Gez öri edinip sonar meýdany, Ylgasa ýüwrükdir ýelden, jerenim. Sensiz çöllerimiň ýokdur mazasy, Paýlaşaly bolsa ýürek yzasy, Saňa kat edeni ynsan jezasy Urar, sogap bardyr şindem, jerenim. ÝAÝLAM heniz daň atmandy, ümüş-tamyşdy, Sen irden oýandyň sypaýy, ýaýlam. Günüň jemalyna gözüm gamaşdy, Şondan maňa-da ber, bir paýy, ýaýlam. Başyňda owadan gülli ýaglygyň, akar suw içinde tylla balygym, Desterhanym hem egsilmez baýlygym, Saba ýeli çalar surnaýy, ýaýlam. Gözden salyp, höwürtgçmu – penamy, Başga ýerden kän gözledim dünýämi, Bagyşla ogluňy, ötgün günämi, Ýene gaýdyp geldim, daraýy, ýaýlam. Men şahyryň, öz obamyň tarhany, Sensiň aşyk ýüregimiň melhemi, Äber gorküýzäni, içip ylhamy, Gel, saňa ýapaýyn serpaýy, ýaýlam. PERI-PEÝKERIM Bir bakyşda ýüregimi awladyň, Çabydy nagyşly, peri-peýkerim. Seň yşgyňda çola ýerde agladym, Ýaýlasy çomuçly, peri-peýkerim. Boz torgaýyň sesi gelýär aladan, Gök ýowşanyň ysy gelýär aladan, Tämizligi öwrenipsiň ýaýladan, Kölleri gamyşly, peri-peýkerim. Sonarly ýaýlamda guzy mälesin, Aşyk ýigit arzylasyn lälesin, Aglasa-da begenjinden aglasyn, Sährasy elguşly, peri-peýkerim. Çeper eller nusga alar çeperden, Yşgyň derdi agyr eken çekerden, Sözle janym, ýa indiňmi ýokardan, Illeri alkyşky, peri-peýkerim. BARADYR Didardan doýma ýok, mähirden ganmak, Ýürek ýar ýanyna böküp baradyr. Bürgüde ýaraşar asmandan inmek, Baýguş harabada çöküp baradyr. * * * Ýol görkezer çöl içinde azaşsaň, Meýdan guşy, mysapyrja ak torgaý. Bir ýerlerden uçup geler garaşsaň, Meýdan guşy, mysapyrja ak torgaý. Sen ýaly beletdir barýan ýoluňa, Kä sagyňa geçer, käte soluňa, Saýrap jogap berer bar sowalyňa, Meýdan guşy, mysapyrja ak torgaý. Diňledim, ganmadym, aýdym-sazyňdan, Gül ynjamaz ýolarynda tozuňdan, Ýorgalanda atly ýetmez yzyňdan, Meýdan guşy, mysapyrja ak torgaý. * * * Göterme synaňda artykmaç ýüki, Çapyljhak at ýaly bolgun, gadyrdan. Aglasaň sojama, öýkeläp gaty, Gülseň gülen ýaly gülgün, gadyrdan. Ikiýüzli bolma, ýüzüň bir bolsun, Lebziňi ýuwutma, sözüň bir bolsun, Ile algy-bergiň ýerbe-ýer bolsun, Şujagaz pendimi algyn, gadyrdan. Jan agyzdan çykar, sözem agyzdan, Gaça durma döwlet tapsaň wagyzdan, Eger göwnüň tämiz bolsa kagyzdan, Ýoluň açyk bolar bilgin, gadyrdan. * * * Yşgyň derdin mizan bilen ölçeme, Ahy-zarym saýrak dillerde galdy. Bu ýanan ýüregiň odun ölçerme, Gören görgülerim ýyllarda galdy. Gözüm sataşanda gözi garala, Göwnüm galkyjaklap gitdi hyýala, Tarlaň guşum uçdy, syndy pyýala, Yzym tozan basan ýolarda galdy. Aýralygyň derdin çekenler biler, Dagyň belentligin çykanlar biler, Syrymy goşgymy okanlar biler, Yhlasym, höwesim güllerde galdy. * * * Baglarda bark urýar, al-ýaşyl güller, Güller gül dek gyzlaryma ýaraşar. Sähramdan öwüsýär mylaýym ýeller, Ýeller entek düzlerime ýaraşar. Goňşyňa gatnasyn goňşy tabaklar, Azap çekip, ýellenmesin gabaklar, Ak gundagda, ak guş ýaly bäbekler, Ak guw ýaly uzlaryma ýaraşar. Gökde bulut oýnap, ýagmyr ýaganda, Şaglat, şirin sözler bolsa dahanda, Ýagşy zady görmek, ýagty jahanda, Seniň şahyr gözleriňe ýaraşar. * * * Höwesiň ýok, yşk bilen, Şahyr, näme garradyňmy? Ýagşy zada aşyk bolan, Şahyr, näme garradyňmy? Açylmaýan derweze däl, Iner çykdyň, arwana däl, indi dünýä parhyňa däl, Şahyr, näme garradyňmy? Ýör, çykaly gülzarlyga, Guwanyp çemenzarlyga, Kän gyýylma, azarlama, Şahyr, näme garradyňmy? * * * Gyýylma, göwün gamlanma, Ýene-de gülli ýaz geler. Bugdaý wagtyň arpa bolma, Geler, hümmetli güýz geler. Sada bolgun, bolma gende, Dökülýändir süýt çoganda, Galan işe gar ýaganda, Gadamyňdan tot-toz geler. Ýöret günde gündeligi, Goýma ýazmak endigiňi, Giň tut göwün sandygyňy, Ýüregiňden owaz geler. * * * Özüm bilen gözli ýaşyt, nigärim, Çyraýly ýüzüňi görmäge geldim. Rugsat berseň, örme saçly, nigärim, Men bagban, bagyňa girmäge geldim. Her garry düýeden torum bolarmy, Her egri taýakdan tärim bolarmy, Kesilen saçlarda örüm bolarmy, Goýber saçlaryňy, örmäge geldim. Pyragynyň din-imany, meňlisi, Deň bolarmyş aşyklaryň Taňrysy, Men nädeýin, sensiz toýy-meýlisi, Bileje saz-söhbet gurmaga geldim. * * * Bedew aty ýykan ala takyrlar, Görkezsene basyp giden yzymy. Suwdan ganan oýtak-oýtak çukurlar, Görkezsene basyp giden yzymy. Ers-mers bolup giden ini, agalar, Myhmanyň ganamaz munda çagalar, Etegi selinli, ürgün çägeler, Görkezsene basyp giden yzymy. Hasabyn ýitirdim günleriň, aýlaň, Ýuwa, ýelmik biten ýerlere aýlaň, Gurbanyň bolaýyn sonarly ýaýlam, Görkezsene basyp giden yzymy. * * * Ýör, sähra gideli, ýüzi tuwaklym, Gök selinli, akja näzim garaşýar. Ýaşlykda körpeje guzy-owlaklym, Bile läle kakan gyzyň garaşýar. Gol bulap çagyrýar, ala takyrlar, Aňry-bärisi ýok, içiň ýakarlar, Alyslarda salgym bolup akarlar, Durnany gonduran sazym garaşýar. Sesi gelýär zaryn gargy tüýdügiň, Ysy gelýär mährem ene süýdüniň, gyzlar hala salar bahar öýdümin, ýakasy keşdeli, ýazym garaşýar. * * * Ýollar alys, göwün ýüwrük, Ýaryşaýyn ýeller bilen. Içimi daşyma çöwrüp, Çapyşaýyn siller bilen. Ene ýerden ylham alyp, Howasyndan melhem alyp, Synasyndan gül hem ýolup, Dalaşaýyn hallar bilen. Ýagaryn men, ýagjagym hak, Doly bolup, eňjegim hak, Ýeňerin men, ýeňjegim hak, Garpyşaýyn gomlar bilen. * * * Eger özge ýara göwün beräýsem, Säherde açylan gül duýar öýdýän. Bagtymy ýene bir synap göräýsem, Göz kändir, başga-da dil duýar öýdýän. Gorkuram, özümden pyglym gowy däl, Gylçygym kän, bir arassa tüwi däl, Olam walla, aby-zemzen suwy däl, Şonda-da dodakda bal duýar öýdýän. Gözleri däridir, ýyndamdyr okdan, Aşygyna suw içirer aýakdan, Guçsam inçe bilden, öpsem ýaňakdan, Gorkaram, soňundan, il duýar öýdýän. * * * Mündürme hasrat dagyna, Näzli ýar, ne hyýalyň bar? Batdym söýgiň girdabyna, Ne kenaryň, ne salyň bar. Gel, okaýyn şygyr diýseň, Galyň diýme, eger söýseň, Ah, owarram bereý diýsem, Ne-hä pulum, ne malym bar. Düwülmesin ýüpek düwün, Men saňa, sen maňa sygyn, Käte-käte galksa göwün, Goşgy ýazmak yhlasym bar. * * * Binesip bolandan pulsuz gezeýin, Ykbal, meni rysgalymdan aýyrma. biharç bolandan, dilsiz gezeýin, Ykbal, meni rysgalymdan aýyrma. Gaanjymy ýuwdaýyn arkaýyn, Il-gün üçin nirä diýseň, men taýyn, Bagt paýlansa-da, bolsun bir paýym, Ykbal, meni rysgalymdan aýyrma. Duçar etme ýalan-ýaşryk şöhrada, Örküm ýerde, şahyr göwnüm howada. Iru-giç ýetirgin maksat-myrada, Ykbal meni rysgalymdan aýyrma. * * * Gara saçy ýüpek ýaly, Synasy syratly, gelin. Ýaňagy al şapak ýaly, Iş etse, gaýratly, gelin. Daragynyň her urgusy, Ýüregimiň gürsüldisi, Gözleriniň balkyldysy, Maksatly-myratly, gelin. Dodajygy oýmak ýaly, Süýjüligi gaýmak ýaly, Dokap kesdi ajap haly, Halysy suratly, gelin. * * * Ol mahallar nur ýagýardy ýüzünden, Bile uçduk, yhlas tagtymyz geldi. Göwnüm ylham aldy, gara gözünden, Goşy birikdirdik, bagtymyz geldi. Ömür diýenleri süýji düýş ýaly, Kä görseň ukuda, käte huş ýaly, Garramazak dünýä mydam ýaş ýaly, Buşluk, gapymyzdan agtygmyz geldi. Çagalarmyz uçdy garlawaç deýin, Hersi bir şäherde gurdy öz öýün, Aý, ýyllar içirdi garrylyk meýin, Geçeni ýatlamak wagtymyz geldi. * * * Ýaşamaga höwesim kän jahanda Takdyrym, ogluňy dilden aýyrma! Galkynarmy joşgun göwün çökende, bilbilim saýrasyn, gülden aýyrma. Baharda kükräp, akanda çaýlar, Göz açyp ýumasy salymlyk aýlar, Gözleriň üstünde oýnasyn ýaýlar, Aşyklary goşa haldan aýyrma! Her kişiniň ýurdy özüne jennet, Bende – bendesine etmesin minnet, Eý, ykbalym, kalbyma guý kanagat, Ýene bir dilegim, ilden aýyrma! * * * Her hünäriň bardyr inçe tilsimi, Jaý salanda owal burçuna seret. Ýazdyrma her ýerde göwün kiltini, Howlukma, ýüregiň urşuna seret. Eger aşyk bolsaň, bir perizada, Böňrüňe geňeş sal, tur-da sabada, Aýagyň ýer tutman, uçsaň howada, Gaýyp ýörme, ýetjek arşyňa seret. ýüregiňi açyp onki setirde, Her setiriň üçin oýlan otur-da, Nätsin göterenin çekýär gatyr-da, Şahyr, ýük almankaň gerşiňe seret. * * * Noýabrda güýç peseler adamda, Gündizler gysgalyp, gijeler uzar. Öňküden azalar gelim-gidim-de, Käte ýekelikden çekersiň azar. Käte ýel öwüser, gar gatyşykly, Käte sowuk damja depäňden iner. Käte daş çykarsyň agyr eşikli, Baharyň nagyşly käsesi synar. Hiç kim höwes etmez, seýil baglary, Guşluk bolsa, soňra öýle-de bolar. Ýagmyr ýagar, bulut bürär daglary, Dünýä döräp şeýle, şeýle-de bolar. * * * Tykyrdadyp hatjalyja taýagyn, Törümize geçer, goja dekabr. Özi jemlär, arly ýylyň hasabyn, Ol hem talapkärdir, hemem ekabyr. Gar ýagar, ýatladyp guşuň ýelegin, Mylaýymdyr, gorkma türkmen gyşyndan. Kä kejine tutsa, aman dilegin, Çakyr aýaz parran geçer içiňden. Täze ýyl agşamy bezensin öýler, Gyz dodagy degen çeşme bulanmaz. Ýene gaýtalanar günler hem aýlar, Ýöne şahyr, geçen ýyllar dolanmaz. MÜÇELER ÇEMENI 1 Adam ogly bir müçede, Hoş owazdyr, alaýazdyr. Bar küýi daşda, köçede, Höwesekdir, segezdandyr. Owlak ýaly bökjekläpjik, Guzy ýaly towsar gezer. bilbil ýaly jak-jaklapjyk, Sähra ýelin böwser gezer. Çagadyr öýüň guwanjy, Bala baldan süýji bolar. Ene-ataň göz monjugy, Depesiniň täji bolar.. 2 Iki müçä ýetse saly, Adam ogly at ýalydyr. Dünýäni görmek hyýaly, Iş edende ot ýalydyr. Göwün beren didaryna, Ýeten ýagşy myradyna, Ýetmedikler dildaryna, Sözlän sözi öt ýalydyr. Kanagat et, gelýän demden, Ýürek doly gaýgy-gamdan, Jahyllygam geçer senden, Bu dünýä surat ýalydyr. * * * Bu dünýäde artyk zat ýok, kem zat ýok, Gowulygy, ýerbe-ýerligindedir. Garramazak dünýä ýaşyn bilenok, Gözelligi mydam terligindedir. Daglar haýbat atar geňligi bilen, Derýalar buýsanar çuňlugy bilen, Çöl haýran galdyrsa, giňligi bilen, Tokaýlaryň görki gürlügindedir. Käte ykbal çüwmän, batsaň-da gussa, Iniň halal bolsun, lebziň arassa, Bu ömrüň manysy, adam neresse, Janyň sagat, demiň barlygyndadyr. * * * Ganatym ýok uçara, Göwnüm umman içinde. Gurbatym ýok gaçara, Ýüzýän duman içinde. Gary erär, dag galar, Miwe bişer, bag galar, Ýara biter, tyg galar, Adamda ten içinde. Däli göwnüm joşgunda, Keýpim dünýäň yşgynda, Pyragynyň köşgünde, Gezsem bir san içinde. * * * Her haçan seýrana çyksam, diňe galam-gaş görüner. Derýa ýaly daşyp aksam, Bu dünýä bir düýş görüner. Kökler ýaýrar bogun-bogun, Dünýäň syry düwün-düwün, Sygynsaň daglara sygyn, Öz ömründen ýaş görüner. Ojar ýansa, küli galar, Bedew garrar, july galar, Şahyr ölse ili aglar, Gözden akan ýaş görüner. * * * «Goşgy kime gerek, harsy dünýäde», Diýip, dil ýetirmäň, beýik binýada, Bir kişiň ýüregi ursa dünýäde, Çöle çyksa, ýeke özi hiňlener. Suwy tereň bolsa, akgynly çaýyň, Böreň-böreň akar, gül açar ýaýlaň, Şahyry, bagşysy bolmasa obaň, Goňşulary bu ahwaly geň görer. Danalar ýaňramaz, az gepli bolar, Bagşyly il sazly-söhbetli bolar, Şahyrly il uly döwletli bolar, Haýyr-sahawatly, sazy diňlener. 3 Üç müçäniň höziri, Aýry bolar adamda. Boýlar akgyn güzeri, Ol ýyllaram ýadymda. Çaga böker elinde, Guratdyr öý-işigi. Sülmürär ak gelin-de, Törüniň ýaraşygy. Goýry tuduň saýasy, Ne jahyl, ne ýigitdir. Gaýnar akyl käsesi, Bürgüt diýseň bürgütdir. 4 Dört müçe bu orta ýaşdyr, Adam ogly kämil bolar. Ne gojadyr, ne-de ýaşdyr, Özünden nägile bolar. «Gyzymy çykarsam» diýer, «Oglumy öýersem» diýer. Ýaşlar welin, oňa çenli Özi saýlar, özi söýer. Tigirlener tigirçegi, Ýygnar-ýygşyr az görüner. Duýmaz, böker böwrejigi, Çekgesinden ak görüner. 5 Bäş müçe pygamber ýaşy, Adam berer ak aşyny. Kämil bolar, akyl-huşy, alar iliň alkyşyny. Haram işe goşmaz başyn, Hojalygyň başy bolar. Agtyk-çowluk gurşar daşyn, Öýüň göwünhoşy bolar. Toýa barsa, ýer goýular, Ýasa barsa, şodur aryp, Bir supradan nan iýiler, Işiginden akar aryk. 6 Alty müçe ýetmiş iki, Sowa geçer atan oky, Dim-dik göwre ýaýa döner Her deminde ýatlar Haky. Ol müçede itdir adam, Kölge tapsa, kaýyl bolar. Bir guýruksyz atdyr adam, Hem baý hem-de saýyl bolar. Haýyr gözlär içden-daşdan, Dargar ekdi jüýjeleri. Aýra düşse ýanýoldaşdan, Aýa döner gijeleri. 7 Tüweleme, göz degmesin, Ýedi müçä ýetdi dädem. Özi süýrär, öz süýegin, Onki süňňi sagat adam. Kä tilkidir, küýlüjedir, Kä gaçarlar hor-horundan. Käte ýumşak tüýlüjedir, Ýişik uklar, myr-myryndan. Kä şagala meňzär pygly, Käte garry horaz ýaly. Bu ýaşda-da adam ogly, Akar suwly haraz ýaly. 8 Nesip etse, sekiz müçe Süýräp bolmaz süýegiňi. Oturansyň gezmek küje, Göre sokup aýagyňy. Ýaz çyksa-da üşärsiň sen, Güýz düşse-de, üşärsiň sen, Ýatlap gülgün baharyňy Çal kelläni gaşarsyň sen. Süýekleriň tutmaz nurbat, Gözüň öňün gubar baglar, Bilden, dyzdan gaçar gurbat, Tar iňňildär, dutar aglar. 9 Dokuz müçä ýetse saly, Adam ogly çaga bolar. Taňry berse, bu ykbaly, Küren oba baba bolar. Saçy, gaşy gunduz ýaly, Hut dirije perişdedir. Ah, gijeler gündiz ýaly, Emma göwni arşdadyr. Bir gün gider dünýä gelen, Ynanma şeýtan gepine. Kemem görmez abraý bilen, Dolanaýsa ak kepene. On müçe Göroglyň ýaşy, Durmuş göýä bulanyk sil. Ol kişiler mähek daşy, Depesinde göterer il. Düýn aşykdyň, telbe ýaly, Bu gün suwsuz salma ýaly, ömür gysga, kölge ýaly, Demiň barka gel, togap kyl Şahyr aýdar, bolsaň aryp, Aryplary eýle taryp, Beýle ömür diri taryh. Öwülýä dek ýüzüňe syl. * * * Ol mejalsyz el-aýakda ysgyn ýok, Perwaz urýar, tora düşen guş ýaly. Hemişeki ýüreginde sarsgyn ýok, Hemişeki alaýazlar gyş ýaly. Durnalaryň hataryndan azaşdy, Ýüzüni ýelpänok, sowuk çeşmeler. Gün gyzaryp dogdy, gyzaryp ýaşdy, Gözüne ilenok, näz-kereşmeler. Gynanma joşgunyň gaýnap synsa-da, Sagalarsyň dünýä gül ýalak bolar. Şahyr, goşgy ýazma keselhanada, Saglykda ýazarsyň, gönezlik bolar. Ýylgaý Durdyýew. | |
|
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |