00:42 Ependiniñ gephaltasyndan -3 | |
EPENDINIÑ GEPHALTASYNDAN
Degişmeler
Ependi dellek ekeni. Günlerde bir gün saçy ýeñsesine düşüp duran bir ýigit dellekhana gelip, kreslo çöküpdir-de, şeýle diýipdir: - Babaý, bir kapitalnyý remont edip goýbersene! Ependiniñ muña ýeñsedamary gatapdyr: - Ýigit, bu taýy ussahana däl, dellekhana! * * * - Kaka, adam geplemäni öwrenenden soñ ýene nämäni öwrense gowy? - Lal-jim bolmany! - diýip, Ependi gyzyna jogap beripdir. * * * Ependi et satyn alypdyr. Gassap oña süñk-sañklary çekip beripdir-de, şeýle diýipdir: - Agam jan, süñkli ýeriniñ tagamy aýrydyr! - Gassap süýji-süýji gürläpdir. - Ynha, Biribar Adam atanyñ gapyrgasyndan How enemizi ýasapdyr ahyry! - Hudaý gapyrgadan zenan ýasan bolsa, sen süñkden kaşañ jañ ýasaýañ! - diýip, Ependi gönüsinden gelipdir. * * * Bir adam Ependä sala salypdyr: - Nasretdin aga, oglum boldy, adyna näme daksamkam, maslahat ber? - Beýleki ogullaryñ ady näme? - Ulujamyñ ady Paltabaý, ortanjymyñ ady Teşebaý, kiçimiñ ady Orakbaý... - Körpäñ adyna-da Pyçakbaý dakyp goýber. Onsoñ, ähli demir ugry özüñden öner. * * * Ependiniñ aýaly: - Ezizim, zähmet rugsadyna haçan çykýañ? - Ony başlygym çözer - diýip, Ependi jogap beripdir. - Ikimiz dynç almaga haýsy ýere gideris? - Ony özüñ çözersiñ! - diýip, Ependi göwni bir ýaly jogap beripdir. - Ýol harjyny nirden alarys? - Ine, muny özüm çözerin! - diýip, Ependi gülümsiräpdir. * * * - Eý oglanjyk nämä zörledip dursuñ? - diýip, Ependi gat-gat jaýlaryñ arasynda şumjaryp duran okuwçydan sorapdyr. - Näçinji klasda okaýañ? - Bäşinji - diýip, oglanjyk gözlerini owkalapdyr. - Bäşinji klas bolubam bir aglarlarmy? - diýip, Ependi ony köşeşdiripdir. - Ýeri, näme aglaýañ? - Azaşdym... - Azaşdym? Señ özüñ nirä barýañ? - Mekdebe. - Bäşinji klas bolup sen indi mekdebiñi-de tapyp bilmän azaşyp ýörmüñ? - Mundan ozal meni mekdebe kakamyñ şopury äkidip getirýärdi-dä... "Watan" gazeti, 1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |