EPENDIÑKI NAGT
Ependini täze gurlan jaýa çagyrypdyrlar. Ol içeri girip, birnäçe wagtlap oturýar. Onuñ üçin nahar getiren bolmaýar. Soñra ol ýerinden turup, uzynlyk ölçegini jübüsinden çykarýar-da, öýüñ içinjñ giñligini ölçemäge başlapdyr. Öý eýesi geñ galyp:
- Bu edýän işiñ näme?! - diýip soraýar.
- Nahar iýilmeýän öý tygşytly bolýar. Özüme şeýle öý gursam, belkem, nahar iýmäni hem ýatdan çykararyn diýip bu öýüñ ölçegini alýaryn - diýip, Ependi ýañsyly jogap berýär.
* * *
Bir gün Ependiniñ aýaly kir ýuwup duran eken. Şol wagt bir garga gelip, onuñ sabynyny alýar-da, uzyn agajyñ başyna gonýar. Aýaly dady-perýat etmäge başlaýar:
- Gel, garga sabyny äkitdi!
Ependi bolsa sowukganlylyk bilen şeýle diýipdir:
- Äkitse-äkidipdir-dä. Peýdasyz dady-perýat etme! Meger, sen onuñ eşikleriniñ gara kirdigini görmeýän bolsañ gerek. Oña sabyn bizden has zerur ahyryn.
Pars dilinden terjime eden:
Azatgül DURDYÝEWA.
* * *
Ependi gapysynyñ agzynda şybykly çilim çekip oturan eken. Onuñ ýanyna goñşusy gelipdir-de:
- Ependi, näme üçin seniñ eşegiñ ertirden bäri aññyryp dur? - diýip sorapdyr.
- Sen ony näme üçin menden soraýarsyñ? Sebäbini onuñ özünden sora - diýip, ol oña jogap beripdir.
* * *
Bir gezek Ependi bir ýalta duş gelip, ondan ýaşaýşynyñ neneñdigini sorapdyr.
- Bir zat berseler iýýän, bermeselerem mysapyr otyryn - diýip, ýalta jogap beripdir.
- Görýän welin, seniñ bu "mysapyrlygyñ" ygyp ýören itleriñ "mysapyrlygyna" meñzeş eken. Olaram haçan biri bir zat oklaýarka diýip ymtylyp ýörler - diýip, Ependi ýüzugra aýdyp goýberipdir.
* * *
Ependi köçeden geçip barýan eken. Birden bir it topulyp gelipdir-de, onuñ aýagyndan ýarypdyr. Ependiniñ gahary gelip, iti elindäki palta bilen çapypdyr. Itiñ eýesi:
- Sen iti paltanyñ ýüzi bilen däl-de, çüwdesi bilen urmaly ekeniñ. Şeýden bolsañ, meniñ itim diri galardy - diýip igenipdir.
- Düşüniñ ahyry, it meni ýiti dişleri bilen dişledi. Eger ol dişlemän, depen bolsa, menem paltanyñ çüwdesi bilen urardym - diýip, Ependi nagt jogap beripdir.
* * *
Şerebeli dili bilen duzlap ýörensoñ halky çürkeýän barly emeldarlar Ependiniñ üstünden kaza arz edipdirler. Kazy Ependini çagyryp:
- Barly goñşularyñ seni halanok. Sen nirä-de bolsa bir ýana göçmeli borsuñ - diýipdir.
- Ýok, men olary halamok, goý, olaryñ özleri nirä göçesleri gelse, göçäýsinler. Olar köplük, baran ýerlerinde oba bolup oturyp biljekler. Men ýeke, onsoñam garrapdyryn. Indiden soñ men nirä göçeýin! - diýip, Ependi jogap beripdir.
* * *
Ependi bazardan erik satyn alypdyr-da, getirip, aýaly bilen iýmäge başlapdyr. Aýaly adamsynyñ erigi şänigi bilen iýýändigini görüp, hüñürdäp başlapdyr:
- Bolşuñ dagy nähili, açlykdan çykan ýaly? Şänigini iýmeli däl ahyryn!
- Erik satýanyñ akyly seniñkiden köp bolmaly. Eger erigi şäniksiz iýip bolýan bolsa, onda onuñ şänigini aýratyn satardy - diýip, Ependj jogap beripdir.
* * *
Ependi ýol bilen ýöräp barýarka, eşegiñ nalyny tapypdyr. Ol oña begenip:
- Indi ýene üç sany nal bilen bir eşek tapaýsam, onsoñ menem pyýada ýöremerin - diýipdir.
Degişmeler