20:39 Ependiniñ gephaltasyndan -2 | |
EPENDINIÑ GEPHALTASYNDAN
Degişmeler
- Goñşy, gaýrat ediñ-de, paltañyzy berseñizläñ! Odun çapjakdym - diýip, Ependi goñşularyna barypdyr. - Alyñ, ýöne seresap boluñ! Paltany ýere urmañ! - Ondan hatyrjem bolaý, goñşy. Men odun çapamda aşagynda ýörite daş goýýan! * * * Ependi milletiñ öñüne çykyp, olaryñ sowallaryna-da jogap berip başlapdyr. Şol wagt onuñ eline "Akmak!" diýlip ýazylan haty gowşurypdyrlar. Ependi şonda-da hiç zada per bermän gürrüñini dowam etdiripdir: - Adamlar! Maña şu gün hat bary gelip gowuşdy. Şolaryj arasynda käbiri öz atlaryny goýmagy unudýar. Ýöne ýap-ýañy maña hiç hili hatsyz, diñe ady goýlan haty gowşurdylar. Şondan ötri bu haty yzyna alyñ. Adyny goýan adam, goý, ýazjak zadyny ýazyp ibersin! Ol şeýle diýip "Akmak!" diýlip ýazylan haty yzyna beripdir. * * * Biri Ependiden şeýle sorapdyr: - Näme üçin biziñ aýdymlarymyzda gyzlary jerene hem marala meñzedýärler? - Sebäbimi? Sebäbi gyzlaryñ hemmesi atasy öýünde edil jeren ýalaky. Haçan-da durmuşa çykyp, iliñ törüne baranlarynda bolsa, maral kimin şah çykaryp, gaýyneneleri bilen süsüşip başlaýarlar. * * * Eşegini dikgirdedip barýan Ependini gören üç-dört sany kelpeñ ýigidiñ baştutany içi güjükli sözi oklap goýberipdir: Bäý-bä, Ependi aga, eşegiñizem agynjak özüñize meñzäp dur. Görüñ-ä, onuñ keýpiniñ çagdygyny! Ýorgalaýşu dagam üp-üýtgeşik. Janawara gant-pant satyn alyp beripsiñiz öýdýän? Killing gürrüñe ýanyndakylar pakyrda beripdir. Şonda Ependi ýigitlere şeýle diýipdir: - Aý, ýok-la... Janawaryñ köpden bäri görüşmedik gardaşlaryna duşdugy begenjine jyzzynlaýma endigi bar... * * * Köçede iki sany adam biri-birine agzyndan gelenini diýýärmiş: - Sen eşegiñ biri eşşek ekeniñ! - Eşşekden eşşek gepem eşidip durun! Bularyñ gohuny diñläp duran Ependi şeýle diýipdir: - Näme biderek ýere jenjelleşýäñiz? Ikiñizem garyndaş-urug ýaly-la? * * * Emeli derýa döretmek barada gürrüñ berip duran ýaş lektor ýarym sagadyñ içinde iki grafin suw içäýipdir. Zalda oturanlaryñ biri Ependä ýeñsesini öwrüp, şeýle diýipdir: - Lektor suw hakda gepläp, bir çelek suw içäýdi. Şu adam temmäki hakda gürlese, bir ýaşik çilim çekermikä öýdýän! Ependi muña ýylgyryp jogap beripdir: - Lektor garnynda hem emeli derýa döredýän bolaýmasyn? * * * Ependiniñ aýalynyñ jigisi ýüzi düýäniñ dabanyndan galyñ diýilýänlerdendi. Ol her gün aýal doganynyñka baryp, Ependiden ony-muny diläp alyp gidýän ekeni. Özünem alan zadyny yzyna gaýtarmasy ýokmuş. Günlerde bir gün ol ýene-de uýasynyñka gelip, Ependä dileg salypdyr: - Men-ä sizden ýene bir zat soramaga gelendirin... - Zadyñ gürrüñi bolmaz! - diýip, Ependi ony rahatlandyrypdyr. - Ýöne şu sapar bir zady däl-de, eýsem iki zady alyp gidersiñ. Dilejek zadyñ bilen bilelikde aýal doganyñy hem alyp git. Men bir agaýana ýaşaýyn... * * * Ependi suwagçy ekeni. Günlerde bir gün ol kazynyñ täze salan jaýyny uzakly gün suwapdyr. Gysyk kazy oña bir çäýnek çaý hem hödürlemändir. Ependi işini bitirip gaýtjak bolup durka, kazynyñ hyzmatkäri ondan şeýle diýip sorapdyr: - Hernä hezretimiziñ ömri uzak bolsun, siz onuñka indi haçan gelmekçi? - Eger nesip bolsa, jynazasyna geleris - diýip, Ependi oña jogap beripdir. * * * Aýaly Ependä şeýle diýýär: - Kakasy, ejemiñ doglan güni ýetip gelýä... Şoña üýtgeşik bir sowgat etmeli. Ýadyña düşýämi, geçen gezek sen oña oturgyç sowgat bereñde ol haýranlar galypdy. Şu saparam şoña meñzeş täsinje zat tap-da! - Aý, şol sowgat beren oturgyjymyza tok çekäýmesek... - diýip, gaýynenesiniñ bolgusyzlyklaryndan bizar bolan Ependi ýeñsesini gaşapdyr. * * * Öñ zamanlarda köp kişiniñ ýassygyny guradan bir gurrumsak tebip bolupdyr. Günlerde bir gün Ependi bazara aýlanyp ýörkä ýañky tebip: "Men eýdip bejerýändirin, men beýdip bejerýändirin" diýip pañkyldap durmuşyn. - Sen tebip däl-de, Ezraýylyñ orunbasary! - diýip, Ependi onuñ ýüzüne gelipdir. - Bolgusyz gürlemäñ! Hut Ibn Sinañ özi halypamdyr ol şägirdimsiñ diýip, agzyma tüýkürip goýberdi. - Ibn Sina señ agzyña däl-de, ýüzüñe tüýkürendir! - diýip, Ependi nalajedeýin tebipsumagyñ petigulusyny beripdir. * * * Oýundan närazy bolan tomaşaçylar şowhun turzup, sykylyk çalmaga başlapdyrlar. Diñe bir gyrada duran Ependi çapak çalypdyr. - Näme ala-böle bir özüñ çapak çalýañ, oýun saña ýaradymy? - diýip, Ependiden sorapdyrlar. - Men şowhun turzup, sykylyk çalýan tomaşaçylara çapak çalýan - diýip, Ependi jogap beripdir. * * * Ependi gonamçylygyñ duşundan geçip barýan ekeni. Onuñ öñünden meý-mes bir ýigit çykyp: - Bagyşlañ, ýaşuly - diýipdir. - Şu ýol nirä barýa? - Saýlap alan ýoluñyz şu bolsa ýetiberipsiñiz ýaly - diýip, Ependi gonamçylygyñ gapysyna tarap yşarat edipdir. * * * Ependi ulurak işe çekilende bir ýaranjañ oña ýapjalyk edip, itine süñk daşap başlapdyr. Günlerde bir gün Ependi oña minnetdarlyk bildiripdir: - Hyzmatyñyz üçin Tañryýalkasyn! Eden ýagşylygyñyz menden gaýtmasa, itimden gaýtsyn. * * * Ependi toýa gidip barýarka öñünden bir süwümsiziñ biri çykyp, "Menem ýanyñ bilen alyp git" diýipdir. - Çagyrylmadyk ýere barmak aýyp bolmazmy? - diýip, Ependi ýuwnuksyzy utandyrjak bolupdyr. - Aýtmasa-da barjak! Sebäbi men ony gowy tanaýan! - diýip, olam halys eñek diräpdir. Ependi nälaç razy bolupdyr. Olar tirkeşip toýa baranlarynda toý eýesi çagyrylmadyk myhmany görüp, şeýle diýipdir: - Bu ýuwulmadyk çemçe näme işleýä? - Ana, men saña tanaýa diýip aýtmadymmy? - diýip, utanç-haýadan öñ doglan kişi Ependiniñ ýüzüne garap, ellerini çarpypdyr. * * * Ependi çüýşe zawodynyñ direktory bolupdyr. - Planlar nähili? - diýip, ondan sorapdyrlar. - Üfläp çişirýäs! - diýip, Ependi jogap beripdir. "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |