13:23 Ependiniñ gephaltasyndan -4 | |
EPENDINIÑ GEPHALTASYNDAN
Degişmeler
Ozal hammamda hojaýyn bolan birini filarmoniýa direktor edip belläpdirler. Muña haýran galan senetkäriñ biri Ependä şeýle diýipdirler: - Nasretdin aga, heý, beýlede bir zat bormy? Ahow, hammamyñ direktoryny getirip-getirip sungat ojagyna baştutan edip goýaýdylar-la? Ýa bularyñ arasynda bir meñzeşlik barmy? - Bar - diýip, Ependi oña jogap beripdir. - Hammamda-da, filarmoniýada-da nomer bar. * * * Ependi dynç güni jygyllyga aýlanypdyr. Birden bazaryñ orruk-ortasyndan: "Dat-bidat, ýetişiñ, pulum ogurlandy!" diýip, zorruk ses gelipdir. Ependi ýakynrak baryp seretse, gygyryp duran obadaşy, toýlarda puluñ yşkynda sergezdan bolup ýören bagşysumak ekeni. Muña gahary gelen Ependi bagşysumagyñ ýüzüni alypdyr: - Bes et, gohuñy! Näme, bu ýeri çala bagyrsañ, öñüñe pul taşlanýan oba toýudyr öýtdüñmi? * * * Ependi oduna barýarka goñşusynyñ iti topulyp, ony dişläpdir. Muña gahary gelen Ependi paltany ýüzi kessir ite aýlap goýberipdir. Gyk-baga goñşusy hasanaklap çykypdyr. - Utanañokmy? Heý, janawary beýdäýerlermi? Iñ bolmanda iti paltanyñ arka ýüzi bilen uraýmaly ekeniñ! - diýip, goñşusy jibrinipdir. - Goñşy Jan, itiñizem meni guýrugy bilen dişläýmeli-dä! - diýip, Ependi ýañsyly gürläpdir. * * * Aýalynyñ doglan güni ýetip gelensoñ, Ependi oña şeýle diýipdir: - Keýwany, doglan günüñe iññe alyp bereýinmi ýa-da sapak? Ependiniñ aýaly hem onuñ özüçe bar ekeni. - Kakasy! - diýip, ol dylym-dylym edipdir. - Aýdan zatlaññyzyñ ikisi-de bar, ýöne şolary işleder ýaly mata ýok! * * * Ependi telewizorda göreşe tomaşa edip durka bil tutuşýanlara göwnüýetmezçilik edip, ýanyndakylaryñ ýanynda magtanyp ugrapdyr: - Şundanam bir göreşdik bor oguşýa? Men jahyl wagtym wagtym şular ýaly pälwanjyklaryñ dördüsiniñ bilinden tutup, asmana zyñyp goýberýädim. Günlerde bir günem Mämmet pälwan bilen göreş tutup, bar güýjüm bilen onuñ bilini gysdym. Şu ýere ýetende birden gapy serpilip, içerik Mämmet pälwanyñ özi haýbat bilen giripdir. Ependi sesini peseldibräk gürrüñini tamamlapdyr: - Ana, şu Mämmet bilen göreşip, onuñ bilinden berk tutdum-da, güpürdäp ýykylyp galdym. * * * - Ependi aga, näme agaçdab aslyşyp dursuñ? - Işe barýan! - Name, işe baranda agaçdan aslyşmalymy? - Awtobusa münmeli how? - Ýeri, müneñde näme? - Awtobusa münmek üçin türgenleşip durun-da... * * * - Dogtor jan, maña üsgülewük azar berýä. - Ependi aga, näçe ýaşadyñyz? - Ýetmiş bäş. - Ýigrimi ýaşyñyzda üsgürýämidiñiz? - Ýok. - Kyrkyñyzda. - Onda-da üsgüremokdym. - Onda indieen soñ üsgürmän, haçan üsgürjek? * * * - Ependi aga, siz näme üçin şu wagta çenli öýlenmediñiz? - Saýhally gyz gözledim. - Şeýle gyzyñ ýekejesine-de gabat gelmediñizmi? - Gabat geldim. Ýöne olam saýhally ýigit gözläp ýören ekeni! * * * - Ependi aga, beýik adam ýagşy är hem bolup bilermi? - Muny aýalymyñ özünden sorap göräýiñ! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |