13:40 Esed hanedanlygynyñ soñy geldimi? | |
ESED HANEDANLYGYNYÑ SOÑY GELDIMI?
Publisistika
Siriýada Esed hanedanlygyny sarsdyran üýtgeşmeler bolup geçýär. Siriýadaky Esed hanedanlygynyñ iñ esasy daýanjy bolan nusaýrileriñ (siriýa alawylary) arasynda täsirli güýji eýeleýän Mahluf taýpasy öz aralarynda oñuşman başladylar. Syýasaty öwrenijiler taryhynda ilkinji gezek Esed hanedanlygynyñ ýykylma howpy bilen garşylaşandygyna ünsi çekýärler. Beşar Esed bilen onuñ daýysynyñ ogly Rami Mahlufyñ arasynda başlanan daýy-ýegenler söweşi Esed bilen Mahluf tirelerini garşyma-garşy getirdi. Garşylykly aýyplamalar netijesinde giýewleriñ, eltileriñ, baldyzlaryñ, gelinleriñ we aga-inileriñ ýönekeý halkdan gizlinlikde süren keýpi-sapalary, şahsy häsiýetsizlikleri we ahlaksyzlyklary, özara garañky gatnaşyklardan gelip çykýan dawalar suwuñ ýüzüne çykyp ugrady. Öñler atlary eşdilmedik hanedan agzalarynyñ pynhan syrlary indi halk köpçüliginiñ dilinde agyzdan agyza geçýär. Bu ýagdaý Esed hanedanlygynyñ düşen galmagally ýagdaýynyñ näderejede uludugyny görkezýär. Halkyñ dili bilen aýdanymyzda, "Esed hanedanlygynyñ kirli içki eşikleri bazara çykaryldy". Russiýanyñ we Eýranyñ goldawyna garamazdan ýurduna gözegçilik etmäge güýji ýetmeýän Beşar Esediñ maşgala dawalary we korrupsiýa aýyplamalary sebäpli boýdan-başa batga batandygy hem-de "Esed hanedanlygynyñ" “kethudasy” bolma ygtyýarlygyny ýitirendigi aýdylýar. • Dawanyñ iç ýüzi Dürli çaklamalar we haksyz girdeji aýyplamalary öñe sürülse-de, dawanyñ düýp sebäbi Siriýada häkimiýeti üýtgetmäge bolan synanşyklardan gelip çykýandygyny añlamak kyn däl. Ýagny şeýle: Esed režimine derek alternatiw gözlegde bolan Russiýa hökümetine Beşaryñ daýysy Muhammet Mahluf öz ogly Ramini dalaşgärlige teklip edendigi baradaky habar Beşar Esediñ gulagyna ýetýär. Şeýdibem dawa başlaýar. Daýysyna we ýegenine gahary gelen Beşar Esed bilen onuñ dogany Siriýa goşunlarynyñ oñurgasy hasaplanýan Respublikan gwardiýanyñ (Dördünji goşun) serkerdesi general Mahir bilen bilelikde oña garşy haýal etmän operasiýa geçirip başlaýar. Ýegenoglan Rami Mahlufa degişli şereketleriñ müdirlerinden ýigrimi sekizi tussag astyna alynýar. Beşaryñ daýysy Muhammet Mahluf bolsa Russiýa gaçmaga mejbur bolýar. Mahlufyñ beýleki ogly Ihab bolsa eýeleýän wezipesinden pyzylyp, tussag astyna alynýar. • Nusaýriler bölünýär Siriýada gylyçlar gynyndan çykdy. Beşar Esed bilen onuñ ýegeni Raminiñ arasynda başlan hasaplaşyk Esed hanedanlygynyñ iñ esasy daýanjy we ýakyn garyndaşlary bolan Mahluf tiresiniñ arasyndaky häkimiýet dawasyna öwrüldi. Bu dawa isleseler-islemeseler nusaýrileriñ bölünmegine sebäp bolar. Çünki Siriýada häkimiýetiñ jylawy Esed hanedanlygynyñ elinde-de bolsa, nusaýrileriñ (siriýa alawylary) arasynda Mahluf tiresi Esediñ maşgalasyndan has ygtybarly, has abraýly hasaplanylýar. Günbatar, ýagny kenarýaka etraplarda ýaşaýan nusaýrileriñ arasynda has güýçli ýagdaýda Rami Mahlufyñ we onuñ maşgalasynyñ sözi geçginli. Bu ýerleriñ ilaty Eýranyñ deregne Russiýa bilen iş salşanlaryny gowy görýärler. Humusyñ obalary we düzlük ýerlerde ýaşaýan gündogar alawylary, ýagny nusaýriler bolsa gönüden-göni Esed hanedanlygynyñ üstünden Mahir Esede, Hizbullaha we Eýrana garaşly. • …We Russiýa operasiýa geçirmäge taýýarlanýar Bizi gyzyklandyrýan ýene bir mesele bar. Uly harby güýç bilen Siriýa giren we Damask häkimiýetini penakärligine alan Russiýanyñ bu dawada nähili pozisiýany tutarka? Rus syýasatçylarynyñ arasynda we metbugat serişdelerinde Esedi hem-de režimiñ şahsy düzüminiñ ýurdy dolandyrma formasyna, syýasy we ykdysady durmuşdaky sistemalaýyn reformalary durmuşa geçirmekdäki sowuk-salalygy gönüden-göni tankyt edilýär. Russiýanyñ Prezidenti Wladimir Putiniñ Esedden göwünleriniñ suw içmeýändigini gizlemeýän ýakyn egindeşleri "Şam diktatory" üçin “Esed indi bize kelleagyry” diýip başladylar. Russiýanyñ Esediñ gözden çykarandygy we onuñ ýerine derekliräk birini oturtmak üçin alternatiw gözleglere başlandygy barada soñky wagtlar Moskwanyñ habar beriş serişdelerinde ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar. Diýmek, Moskwa bilen Damaskyñ arasyndaky suwlar bulanmaga başlady. Russiýada birgiden maýa goýumlary bolan Muhammet Mahluf we onuñ ogly Rami Moskwanyñ goldawyny almaga çalyşýar. Moskwa hökümetiniñ Siriýada gazanan üstünliklerini saklap galmak üçin nusaýrilerden we sünnilerden düzülen täze wagtlaýyn hökümeti gurmak üçin ýakyn wagtda Damaskda operasiýa geçirjekdigi barada myş-myşlar gulaga ilýär. Indi Siriýadaky sünni gatlaklar bilen nusaýrileriñ arasynda häkimiýeti ele geçirme söweşinden zyýada, nusaýrileriñ öz içinde başlan häkimiýet dawasynyñ nähili tamamlanjakdygy gyzyklandyrýar. Mehmet KOÇAK, kocak61mehmet@gmail.com 09.05 2020 ý, "Yeni Akit" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |