07:02 Eýlediñ | |
EÝLEDIÑ
Goşgular
Bir bakyşda eý perizat köňlüm asman eýlediň. Köňül asmanyna yşgyň mahy-taban eýlediň. Kirpigiň oka meňzedip kalbym nyşan eýlediň. Yşgyň tygy dildi bagrym ýüregim gan eýlediň. Ant içip sen söýgümizden ähti peýman eýlediň. Bilseň sen ýüregimde yşk balyny döredip, Tebip bolup bu derdim sözüň derman ýaradyp, Hoş söz bilen köňül dagdan gaýgy garyn eredip, Arzuwym balyk wysalym düýpsüz umman eýlediň. Yşgyňy kalbymda baglap baky zyndan eýlediň. Gara gözleň bolsa derýa balyk bolup ýüzsedim, Ýar gujagyň bagy bossan bir sährada gezsedim, Yşk oduna atyp gitdiň ömür boýy tüssedim, Dönüp ähti peýmanyňdan neneňsi puşman eýlediň. Sözle gülüm kalp şähriňe kimi soltan eýlediň. Ilki başdan äht edişdiň men ykbaly şor bilen, Diýdiň Hakdan özge hiç kim aýra bilmez zor bilen, Gözlerim ýaşa doldurdyň ýüregimi gar bilen, Ençe beslän arzuwymy anda weýran eýlediň. Diýr Gylyjy maksadymy ahyr arman eýlediň. Baýmuhammet GYLYJY, Türkmensähra. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |