10:19 Ýaňaklaryndan | |
ÝAÑAKLARYÑDAN
Goşgular
Söwer ýarym dört örümin çözlese, Gara zülpi öter aýaklaryndan. Aşyklar yşgyny ýardan gizlese, Hanjar bolup öter ýüreklerinden. Boýy uzyn bili gyla meňzeýär, Görki bag içinde güle meňzeýär, Sözleri şirindir bala meňzeýär, Aý utanyp ýaşar ýaňaklaryndan. Gözleri durudyr düýpsiz köl ýaly, Göwüsi giň meýdan misli çöl ýaly, Dursam gullugynda men hem gul ýaly, Ölsemde dänmerin buýruklaryndan. Mest bolup akyldan azaşar boldum, Ot bolup yşgynda tutaşar boldum, Bir meýlisde ýara sataşar boldum, Müşki anbar kokar köýneklerinden. Duşmasaň ýar yşky mähriň gandyrmaz, Yşk oduny gözüň ýaşy söndürmez, Ýüzüň sowsaň köňlüň ýardan döndürmez, Dil aňlamaz yşgyň sapaklaryndan. Gylyjy guwanar wepaly ýara, Biwepa ýar seni goýar azara, Hoş gylykly ýarym meňzär bahara, Gören nusga alar gylyklaryndan. | |
|
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |