20:47 Eýranda aýallar gozgalañ oduny tutaşdyrýarmy? | |
EÝRANDA AÝALLAR GOZGALAÑ ODUNY TUTAŞDYRÝARMY?
Publisistika
Eýran köçeleri "Ýurtda oppozisiýanyñ sesi bolup biljek zenan lider öñe çykarmy?" sowalynyñ jogabyny agtarýar. Mahsa Amininiñ ölümi bilen başlan Eýrandaky protest demonstrasiýalary gysga wagtyñ içinde jemgyýetçilik gozgalañyna öwrüldi. Has owal benziniñ gymmatlamagy, maliýe edaralarynyñ batmagy, ukrain uçarynyñ urulmagy ýaly konfliktlerde-de halk köçä dökülipdi. Emma Amininiñ ölüm sebäbiniñ adam hukuklary meselesine degişli bolmagy hökümeti özüni aklama babatda kyn ýagdaýa saldy we kanagatlandyryjy beýanat berip bilmediler. Gozgalañ tolkunynda käbir faktorlar öñe çykdy: "Zenan, adam şekilli ýaşamaga bolan hukuk, azatlyk" ýa-da başgaça aýdanda "Žin, Žiýan, Azadi". Öñki çykyşlardan tapawutlylykda köçeden "Ýok bolsun Yslam respublikasy!" ýa-da "Diktatora ölüm!" diýen ýaly sesler batly çykmaga başlady. Daşary ýurtdaky eýranlylar-da ilçihana binalarynyñ öñünde protest çykyşlaryny gurnap, ýurduñ içindäki gozgalaña arka durdular we halkara arenada Eýrana garşy jemgyýetçilik sesini emele getirmäge girişdiler. "Eýsem, şu gozgalañ öz rewolýusiýasyny amala aşyryp bilermi?" diýen sorag iñ köp berilýän sorag. Eýranda oppozisioner halkyñ çykyşlarynyñ öñüne düşüp, köçeden täze rewolýusiýany çykaryp biljek lider edil hãzirki wagtda ýok. Angliýada ýaşaýan şazada Ryza Pehlewiniñ halka ýüzlenip: "Köçeler siziñkidir, köçeleri elden beräýmäñ" diýen çagyryşlary belli bir derejede köçä täsirini ýetirenem bolsa, halkyñ gahar-gazabyny dogry ugurlara gönükdirip biljek merkezden mahrumdygy hakykatyny üýtgedip bilmeýär. Köçelerde ýakylan ot eýran halkynyñ sesini rewolýusiýa äkitmän biler, emma aýal-gyzlaryñ öñ hatarda bolan protest çykyşlarynda aýdyñlyga çykmak üçin ilkinji bolup özüni oda urjaklaryñ aýal-gyzlar boljakdygy aç-açan görüldi. Çykyşlaryñ dowam edýän wagtynda aýal-gyzlaryñ ýanamalara garşylyk görkezmek üçin gozgalañyñ oduny bürenjeklerini atyp tutaşdyran wideogörnüşleri sosial mediýada gyzgyn seslenme döretdi. Şeýle-de, sosial mediýada dünýäniñ dürli ýurtlaryndan aýal-gyzlar we erkekler saçlaryny gyrkyp, Eýrandaky gozgalaña seslenme berdiler. Bütin bu bolýan zatlar bilen bir hatarda Ibrahim Reisi ölümlere sebäp bolan we "ber-başagaýlyk" diýip baha beren protestlerinde jemgyýetçilik howpsuzlygyny bozan protestçilere berk çäre görüljekdigini aýtdy. Wakalar bilen birlikde ýokary okuw jaýlarynyñ işine wagtlaýyn arakesme berildi, çykyşlara gatnaşandygy anyklanan käbir talyplaryñ öýlerine dökülip, alnyp gaýdylandygy hakda-da maglumatlar bar. Çykyşlaryñ dowamynda elliden gowrak adam wepat boldy. Hökümetiñ bu bolşy nämäni yşarat edýär ýa-da gozgalañyñ şeýle uzaga çekjegini öñüñden bilýärlerdimi? Aglabasy ýetmişden agan ýolbaşçysy bolan Eýran Yslam respublikasynyñ hökümet apparaty meseläni fykh kadalaryna, halal-harama baglaýan segsen ýaşdan ýokary ruhanylar "Z nesliniñ" azatlyk we adalat talaplaryna düşünmeýär. Hökümetiñ we "Z nesliniñ" arasyndaky tapawut mesaña görnüp dur. Hökümetiñ basyşy we çäksiz güýç ulanmagy täze nesil eýran ýaşlaryny agzyny baglardan ejiz gelýär. • Eýran rewolýusiýalarynyñ öñbaşçylary aýal-gyzlar Eýran jemgyýeti matriarhat aýratynlygy bilen öñe saýlanan jemgyýetdir. Rewolýusiýanyñ kyrk ýyl öñki fotosuratlaryna seredende, iñ öñde aýal-gyzlaryñ durandygyny görmek bolýar. Kyrk ýyl öñ rewolýusiýada öñbaşçy rol oýnan aýal-gyzlar şu günki gün gelinen sepgitde rewolýusiýa garşy rewolýusiýa üçin ýene gozgalañ oduny ilkinji bolup ýakdylar. Eýsem, olar bu gozgalañyñ baýdagyny öñe alyp gidip bilerlermikä? 1979-njy ýylda azatlygyñ we rewolýusiýanyñ simwoly bolan hijap (bürenjek) şu günüñ Eýranynda basyşyñ, diýdimzorlugyñ we gadagançylyklaryñ iñ bärkije mysaly bolup öñe çykýar. Bolup geçen wakalar belli bir lidere mätäçlik duýulýandygyny görkezýär. Çykyşlar rewolýusiýany getirmänem biler, emma içerden güýçli zenan lideriñ orta çykmagyna ýol açjaga meñzeýär… Seda ÜNSALAN. Çarşenbe, 28.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||