13:05 Ezilýänleriñ pedagogikasy: Azatlyk eýelenýär, peşgeş berilmeýär | |
EZILÝÄNLERIÑ PEDAGOGIKASY: AZATLYK EÝELENÝÄR, PEŞGEŞ BERILMEÝÄR
Psihologiýa
Çäkden-çygyrdan çykýan eýemsireme duýgusyna gurşalan ezijiler hemme zady pula satyn alyp bolýandyr öýdýärler. Gödek materialist häsiýetli peýda boluş kesgitlemeleriniň gözbaşy-da şondadyr. Hemme zat pula durýar, düşewünt – esasy maksat. Dialektiki düşünjede dünýä bilen bolup geçýän zatlar biri-birine aýrylmaz derejede baglanşyklydyr. Emma bolýan zatlar diňe hereketde däl-de, eýsem oýlanmada-da bolan wagtynda, ýagny, düşünjäniň garşysyna geçirilmedik wagty ynsanperwerdir. Pikirlenmek – hereketiň hamyrmaýasydyr. Şeýle-de, Dýord Lukaçyň “gatlaklara öz hereketini düşündirme” işinde, hem-de bu düşündirişe ýöňkän “bu tejribeleriň kämilleşdirilmegini-de ýöriteleýin we işjeň ýagdaýda ösdürmek” maksadynda-da içgindir. Şunuň bilen birlikde biziň wezipämiz adamlara öz edýän işlerini aýtmak däl-de, edýän işleri barada olaryň özi bilen gürleşmekdir. Her niçik-de bolsa, hiç bir realitet öz-özüne öwrülip bilmejek basyş-eziş situasiýasy gurulanda, bu – içinde duşalyp galanlaryň hemmesi üçin birmeňzeş ýaşaýyş we özüňi alyp baryş formasyny döredýär. Ha ezýän bol, ha ezilýän – tapawudy ýok – her iki toparam bu situasiýanyň içine siňýär, ikisi-de ezilme ýagdaýynyň tagmasyny göterýär. Ezilmäniň peýda boluş ýagdaýynyň analizi – ezmekdir ezilmegiň häkimiýet eýeleriniň durmuşa geçirip başlan diýdimzor edim-gylymlary netijesinde başlandygyny görkezýär. Bu diýdimzorluk prosesleýin ýagdaýda, şeýle-de diýdimzorlugyň mirasdüşerlerine öwrülen hem-de diýdimzorluk atmosferasynda şekillenen ezijilerden nesilme-nesil geçip gelýär. Bu atmosfera ezijiniň içinde hemmelerden güýçli bolma islegini – jahana we adamlara eýemsireme duýgusyny döredäýr. Dünýäni we adamlary görnetin we maddy taýdan eýeläp bolmasa, ezijileriň dünýägaraýşy özlerine düşünip bilmezdi, hatda bolubam bilmezdi. Erih Fromm bu dünýägaraýşyň şeýlekin eýemsire duýgusy bolmasa dünýä bilen galtaşygyny üzjekdigini aýdýar. Ezijileriň garaýşy özüni gurşap alýan hemme zady agalygynyň bir bölegine öwürmegiň gaýgysyndadyr. Ýer ýüzi, toprak, önümçilik, adamlaryň döredýän zatlary, adamlaryň özi, wagt – hemme zat onuň elýeterindäki närseler statusyna düşürilýär. Çäkdençykma eýemsireme duýgusy bilen gezýän ezijiler hemme zady satyn alma güýçleriniň närsesine öwürmegiň mümkindigine ynanyp başlaýarlar. Gödek materialist häsiýetli peýda boluş kesgitlemeleriniň gözbaşy şudur. Pul hemme zadyň ölçegidir: düşewünt iň esasy zatdyr. Ezijiler üçin iň bähbitli zat – has köpüsine eýelik etmek – hemişe köpüsine – hatda ezilýänleriň has az zada eýelik etmeginiň ýa-da hiç zatsyz galmagynyň öwezine diýen ýaly. Olar hemişe bar bolmak üçin eýelik etmeli we “agalyk ediji” topara girmeli diýip düşünýärler. Ezilme situasiýasyndan bähbit gözleýän ezijiler üçin eýelik etmek bar bolmagyň bir şerti bolup durýanam bolsa, olar munuň başga adamlar üçin mejbury şert boljagyna pitiwa etmeýärler. Ine, şonuň üçinem olaryň belent adamkärçilikli häsiýetli bolýandyklary düýbünden ýalandyr. Adamkärçilik ýöne bir “närsedir” we olar adamkärçilige diňe özlerine mahsus hak-hukuk hökmünde miras berlen mülk ýaly eýelik edýärler. “Özgeleriň” – halkyň ynsanperwerleşmegi ezijileriň gözüne adamkärçiligiň saklanmagy däl-de, sistemany ýykmak ýaly bolup görünýär. Ezijiler ýeňillikli şertlerde has köp zada eýe bolma monopoloýasynyň beýlekileri we özlerini adamkärçilikden daşlaşdyrýandygyna düşünenoklar. Eýelik ediji synp hökmünde “diňe meňki bolmaly” duýgusy bilen eýeçilik etmegiň ugrunda gezip, öz mülkleriniň içinde batyp galýandyklaryny we mundan beýläk ýok bolup gidýändiklerini, diňe eýe bolup bilen zatlaryny görüp bilmeýärler. Olar üçin has köp zada eýe bolmak - kişiniň eldegrilmesiz hak-hukugy, olaryň öz “tagallasy”, “howp-hatarlara töwekgelçilik etme” batyrgaýlygy bilen gazanan hukugydyr. Eger özgeler has köpüsine eýe däl bolsa, bu olaryň öz emelsiz we ýaltadyklaryndandyr, iň ýamany-da agalyk ediji synpyň “jomartlyk bilen eçilýänlerine” garşy görkezýän bagyşlap bolmajak gadyrbilmezligidir. “Gadyrbilmez” we “gysganç” bolandygy üçin ezilýänlere ünsden düşürilmeli däl potansial duşmanlar hökmünde baha berilýär. Başga hili bolubam bilmez. Ezilýänleriň ynsanperwerleşmegi ýykgynçylyk manysyny berýän bolsa, şol bir zat olaryň azatlygy üçinem deň derejede howp abandyrýar. Şonuň üçinem olary yzygiderli gözegçilik astynda saklamak gerek. Ezijiler ezilýänleri näçe berk gözegçilikde saklasa, olar şonça-da ruhsuz “närsä” öwrülýär. Ezijileriň pikirine garşy gelýän hemme zady we hemme kişini “ruhsuzlaşdyrma” taglymy, megerem, eýelik etme nebisjeňligi bilen birlikde sadizm taglymyna meñzeş gelýär. “Sadist dürtgülemäniň özeninde başga biriniň (ýa-da özge janly-jandarlaryň) üstünde ymykly agalyk gurmagyň berýän lezzeti ýatyr. Şol bir düşünjä – sadizmiň maksadyna adamy jisimleşdirmek, janly närsäni jansyz närsä öwürmek diýibem baha berip bileris, çünki doly we ymykly gözegçilik astynda saklanýan janlylar ýaşaýşyň ýeke-täk maksadyny – erkinligini ýitirýärler.” Sadist söýgi azgyn söýgüdir – ýaşaýşyň däl-de, ölümiň söýgüsidir. Şol sebäpli ezijileriň pikiriniň we ölüm söýüji dünýägaraýşynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri sadizmdir. Ezijileriň bar pikir-hyýaly agalyk etmegiň hatyrasyna ýaşaýşy häsiýetlendirýän gözleg motiwasiýasyny, bilesigelijiligi we döredijilikli güýji basyp ýatyryp, ýaşaýşyňam ganyna galýarlar. Ezijiler öz maksatlaryna ýetmek üçin barha artýan möçberde ösen tehnologiýadan we ylymdan peýdalanýarlar. Şeýtmek bilen düýp maksat – ezme-ezilme düzgünini manipulýasiýa we basyş (repressiýa) ýoly arkaly dowam etdirmekdir. Ezilýänleriň jisimler, “närseler” hökmünde ezijileriň özleri üçin göz öňünde tutan zatlaryndan başga hiç hili maksatlary ýokdur. Paulu FREÝRE, brazil psiholog-pedagogy. # “Ezilýänleriň pedagogikasy” (“Педагогика угнетенных”) Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |