GADYMY MERWIÑ HUKUKŞYNASLARY
Taryhyñ dürli-dürli döwürlerinde häzirki Türkmenistanyñ territoriýasynda ýerleşen köne döwletlerde örän köp sanly hukukşynas şahsyýetler ýaşap geçipdir. Dürli milletlerden bolan bu hukukşynaslar öz adalatlylyklary we işine ussayklary bilen tanalypdyrlar.
Biz musulmançylygyñ Türkmenistanyñ territoriýasyna aralaşandan soñky döwürlerde ýaşap geçen iki hukukşynas barada gürrüñ etmekçi.
Bularyñ birinjisi BUREÝDE IBN HASYB'dyr. Ol Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) egindeşleri bolan "Eshaby Kiramlardan" biridir. Onuñ doly ady Bureýde ibn Hasyb (ýa-da Huseýbe) el-Eslemi bolup, lakamy "Ebu Abdylla" eken.
Araplaryñ "Eslem" taýpasynyñ "Sehm" tiresinden bolan Bureýde ibn Hasyb pygamber bilen örän köp harby hereketlere gatnaşypdyr. Ol hezreti Osmanyñ halyflyk eden döwründe (milady ýyl hasaby bilen 644-656-njy ýyllarda) Horasana iberilen goşun bilen Demirgazyj Horasana gelipdir. Hijri 63-nji (milady 683-nji) ýylda, halyf Ýezidiñ hökümdarlyk eden döwründe (milady 680-683-nji ýyllarda) Merwde wepat bolupdyr. Bureýde ibn Hasyb orta asyr Merwiniñ günortasyndaky Tanurgaron mähellesinde jaýlanypdyr. Onuñ mazarynyñ ýanynda ýene bir sahabanyñ el-Hakam ibn Amr el-Gifarynyñ (670-nji ýylda wepat bolan) mazary ýerleşýär.
Bureýde ibn Hasyb Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) "Liwa-i Muhammed" atlandyrylan sanjagyny (harby baýdagyny) göteren adamdyr.
■ Bu sanjagyñ döreýşi barada şeýle rowaýat bar.
Bir gezek Pygamber bir topar egindeşi bilen Medine şäherine barýar eken. Bureýde ibn Hasyb pygambere ýüzlenip:
- Ýanyñyzda sanjak bolmazdan, Medinä gitmäñiz uýgun däldir - diýipdir we kellesindäki selläni çözüp, naýzanyñ ujuna sanjak ýaly edip dañypdyr. Şonda ol Medine-i Münewwere çenli Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) öñünden ýöräp, "Liwa-i Muhammedi" göteripdir.
Bureýde ibn Hasyb 164 hadysy-şerifiñ rowaýatyny aýdan hadysçy alymdyr. Ol bu hadyslary hut Muhammet pygamberiñ özünden eşiden eken.
Gurhany-Kerinden soñra yslam hukugynyñ esasy sütünleriniñ biri bolan hadyslar we sünnetler Muhammet pygamberiñ dine, ybadata, sosial durmuşa, hukuga we ýaşaýşa degişli meseleler bilen baglanyşyklu berlen soraglara jogaplary ýa-da aýdan sözleri bileb eden işleridir. Ylym hökmündr seredilende bolsa hadys bu maglumatlaryñ toplanmasy, syrly hakykatylaryñ we ýalñyşlyklaryn aýyl-saýyl edilmesi diýmekdir. Bu iş bilen meşgullanýan kişilere "muhaddis" diýlipdir (yslam dünýäsinde tanalýan iñ beýik "muhaddisler" buharaly türkmenlerden bolan Ymam Buharyrm we hadysçy alyn Ymam Müslimdir). Ymam Buharynyñ "Sahyh" diýen hadys kitaby Gurhandan soń iñ köp okalan dini kitapdyr.
Yslamy ylymlaryñ içinde hukuk bilen bagly ylymlaryñ biri fykh ylmydyr, by ylym bilen meşgullanan alymlara fakyh ady berlipdir. Yslam dünýäsiniñ meşhur fakyhlarynyñ arasynda Ebu Hanife, Ymam Mälik, Ymam Şafy, Ynam Hanbal we beýleki şahsyýetleriñ ähmiýetli orunlary bardyr.
■ Bureýde ibn Hasybyñ ekiz ogullary.
Meşhur hadysçy alym Bureýde ibn Hasybdan onuñ iki ogly we Abdylla ibn Ews-i Huzai Şabi, Mälik ibn Usame ýaly alymlar hadys öwrenipdirler. Hijri ýyl hasabynyñ birinji asyrynyñ alymy bolan Bureýde ibn Hasybyñ Abdylla we Süleýman atly ekiz ogly bolupdyr.
Yslam dünýäsinde ady belli hukukşynaslaryñ ýene-de biri ikinji asyryñ meşhur hadysçy alymy ABDYLLA IBN BUREÝDE'dir (şol ekizleriñ biri). Bu alymyñ doly ady Abdylla ibn Bureýde ibn Hasyb el-Eslemi bolup, ol Ebu Sehl el-Merwezi, Merw kazysy, el-Eslemi lakamlary bilen tanalypdyr.
Abdylla ibn Bureýdäniñ hezreti Omaryñ halyflyk eden döwründe (milady 634-644-nji ýyllarda) Kufede, hijri 14-nji (milady 635-nji ýylda eneden doglandygy barada maglumat bar. Ol ömrüniñ bir bölegini Basra şäherinde geçiren-de bolsa, Merw kazysy wezipesine bellenmezinden has öñ Merw şäherine gelip, ömrüniñ ahyryna çenli bu ýerde ýaşandygy bellidir. Onuñ Merwe gelmeginde kakasynyñ uly roly bar bolsa gerek. Ol hijri 115-nji (milady 707-nji) ýylda wepat bolupdyr. Ony Merwde kakasynyñ ýakynynda jaýlapdyrlar.
Abdylla we onuñ ekiz taýy Süleýman şol döwrüñ örän ynam bildirilen hadysçy alymlarydyr. Ebu Hatem we beýleki alymlar munuñ şeýledigini belläp geçipdirler. Ymam Weki: "Abdyllanyñ ekiz taýy Süleýman ondan-da has köp öwlüpdir we hadysda "Örän üstün bolan alym oldur" diýip ýazypdyr.
Abdylla ibn Bureýde hezreti Aýşadan, hezreti Mugawyýadan, ibn Mesutdan, ibn Amrdan we beýleki şahsyýetlerden hadysy-şerifi rowaýat edipdir. Onuñ özünden bolsa Hüseýin ibn Wakidil-Merwezi, Dawut ibn Wakidil-Merwezi, Merw kazysy Hüseýin ibn Wakyd, Ebu Tibe Abdylla ibn Müslim el-Merwezi, Beşir ibn Muhajir, Sehl ibn Beşir, Abdylla ibn Ata el-Mekki, Ebul-Munib Abdylla ibn Abdylla el-Ataki we başga-da örän köp alymlar ylym öwrenipdirler.
Abdylla ibn Bureýde Merw kazylygyny ýerine ýetireninde sud işlerini adalatly amala aşyrypdyr, hukukda uly üstünlikler gazanypdyr. Ol öz abraýly zähmeti bilen Merw şäheriniñ durmuşynda ähmiýetli rol oýnapdyr w biziñ taryhymyzda öz adyny galdyryp gidipdir.
Türkmenistanyñ taryhynda öz atlaryny galdyran, biz bilen goñşuçylykda ýaşaýan milletleriñ hem taryhynda öz orunlary bolan hukukşynaslaryñ ömri we döredijiligi öwrenilmäge mynasypdyr. Bu şahslaryñ öwrenilmegi Türkmenistanymyz üçin medeni we turizm jähtden-de örän peýdalydyr. Bu şahsyýetleriñ mazarlary Maryda häzir hem saklanyp galypdyr. Ol mazarlar keramatly hasaplanyp, halkymyz tarapyndan köpçülikleýin zyýarat edilýär. Bu mazarlar köne döwürlerde-se zyýarat edilýän meşhur ýerleriñ biri eken. Milady ýyl hasabynyñ XII asyrynyñ ortalarynda ýaşap geçen alym as-Samany: "...Merwden üç farsah uzaklykdaky Jaware obasynda Abdylla ibn Bureýde ibn Hasybyñ mazary bar. Merwiñ we onuñ töweregindäki obalaryñ ilaty gijelerine bu ýere ýygnanýarlar we zykyr edýärler" diýip ýazýar. Häzir bu hukukşynaslaryñ biriniñ mazary "Eshablaryñ guburhanasy" atlandyrýan binanyñ içinde ýerleşýär.
Kakajan BAÝRAMOW.
#adalat_99
Taryhy makalalar