19:10 Gadymy türki mifologiýasynda "Gök gürlemesi" | |
GADYMY TÜRKI MIFOLOGIÝASYNDA “GÖK GÜRLEMESI”
Mistika we fantastika
Gaý-tupan we şoña meñzeş ünsi çekiji tebigy hadysalaryñ hataryna girýän ýyldyrym we gök gürlemesi gadymy türki halklara ýiti täsir edipdir. Mahmyt Kaşgarly bulary hut Gök Tañrynyñ öz gözegçiliginde bolup geçýän zatlar hasaplspdyr. Käbir tebigy alamatlar (gaý-tupan bilen bile) has ýowuz görnüşde gaýtalansa, ýa-da uzyn-uzyn gök gürlese Uly Tañrynyñ jezasy diýip düşünipdirler. Megerem gök gürlemesi şol döwürlerde şahsylaşdyrylan bolmaly: mysal üçin ýyldyrym çakanda uýgurlar ok-ýaýlaryny göge garşy gezäpdirler. Wolganyñ boýunda ýaşaýan bulgarlar ýyldyrym uran öýe golaýlaşmandyrlar, şol öýde kim bar bolsa, paty-putusy bilen birlikde ýüz dönderilipdir. Olar: "Bu öý Tañrynyñ gazabyna uçrady" diýipdirler. Žan-Pol RU, fransuz türkology. # "Gadymy türki mifologiýasy", 2011, sah.: 72-73. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |