20:35 Gadymy türki mifologiýasynda "Älemgoşar" | |
GADYMY TÜRKI MIFOLOGIÝASYNDA “ÄLEMGOŞAR”
Mistika we fantastika
Gadymy türklerde köpsanly şekiliñ älemgoşar bilen ilteşigi bolaýmaly. Ýöne bu şekilleriñ nähilidigini anyk bilmesek-de, oña dakylan dürli atlary çaklamak mümkin. Orhon ýazgylarynda “Gök köprüsi” diýip atlandyrylýan sözüñ ata kulty ýa-da Täze ýyl gutlagy bilen baglanyşykly söz bolup çykmagy ähtimal. Gypjak legendalarynyñ birinde bolsa anyk manysy belli däl bir aýtgy garşymyza çykýar. Bu Girnatynyñ "Kitâb al-idrâk" işinde we Zaýonçkowskiniñ taýýarlan sözlüginde gabat gelýän "Meniñ abam* geçisini baglady" diýen jümledir. __________________________________________ * Bellik - gypjak şiwesinde gabat gelýän "aba" sözi "süýt enesi" manysyny berýär. Aba sözi nohur türkmen şiwesinde şol durşuna "aba" (aýdylanda "awa") görnüşinde duş gelip, kakañ erkek doganyna (agaña) aýdylýar. Ärsarylarda bolsa ejeñ aýal doganyna (daýzaña) "awa" diýilýär. Türk dilinde uýaña aýdylýan "abla" sözüniñ asly-da "aba" sözünden ýasalan sözdür.( -H.T.) Žan-Pol RU, fransuz türkology. # "Gadymy türki mifologiýasy", 2011, sah.: 73-74. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |