04:36 Gadymy türki mifologiýasynda: Keýik | |
GADYMY TÜRKI MIFOLOGIÝASYNDA KEÝIK
Mistika we fantastika
Keýik (kiýik) sözi ilkibaşda köplenç awlanýan haýwanlara aýdylar eken. Bu ýagdaý keýigiñ oýnan rolunda düşnüksizliklere sebäp bolupdyr. Arheologlar atdan owal gurban edilýän haýwanyñ keýik bolup biljekdigini aýdýarlar, ýöne bu megerem prototürk kowumlar üçin şeýle bolmagy ähtimal. Käbir ýazyjylar üçin keýik ýeriñ simwoly ýa-da ýer bilen deñ hasaplanýar, ýöne bu anyk belli däl. Gaýalaryñ ýüzüne çyzylan şekilleriñ we ýazgylaryñ görkezişi ýaly, azyndan ony awlamak erkin ýagdaýda bolupdyr we keýik etini iýmek aýratyn lezzet hasaplanypdyr. "Yrk Bitig" eposynda keýik Gök Tañra ýakyn jandarlaryñ biridir, oña "gut" (ýaşamak üçin ýolazyk) berşi ýaly, muny guşlara, adamlara we jübütleşme döwründäki sesi duýýan her kese berýär. Žan POL RU "Gadymy türki mifologiýasy", 2011, s. 72-33. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||