13:40 Gañly goja ogly Gantöreli boýny beýan eder | |
GAŇLY GOJA OGLY GANTÖRELI BOÝNY BEÝAN EDER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hanym heý, Oguz zamanynda Gaňly goja diýrlerdi bir edenli är bardy. Ýetişmiş bir çalasyn ogly bardy. Adyna Gantöreli diýrlerdi. Gaňly goja aýdar: — Ýaranlar, atam öldi, men galdym, ýerin, ýurdun tutdum. Ýarynky gün men ölem, oglum gala, mundan ýegrägi ýokdur ke, gözüm görerkän ogul, gel seni öýereýin diýdi. Oglan aýdar: — Baba, çün meni öýereýin diýr sen, maňa laýyk gyz nije bolar? Gantöreli aýdar: — Baba men ýerimden turmazdan, ol turmuş bola, men garagoç atyma münmezden, ol münmüş bola. Men ganly kapyr iline barmazdan, ol barmyş, maňa baş getirmiş bola — diýdi. Gaňly goja aýdar: — Ogul, sen gyz istemezmiş sen, bir çalasyn bahadyr istärmiş sen. Onuň arkasyndan iýe sen, içe sen, hoş geçe sen. Aýdar: — Beli, janym baba eýle, istärem, pes bara sen, bir jiji-biji türkmen gyzyny ala sen, nägehandan taýynam, üstüne düşem, garny ýyrtyla — diýdi. Gaňly goja aýdar: — Ogul, gyz görmek senden, mal-ryzk bermek menden - diýdi. Beýle diýgeç, erenler ewreni Gantöreli ýerinden turdy. Kyrk ýigidin ýanyna aldy. Içoguzy gördi, gyz tapmady. Gaýtdy, yza döndi. Öýlerine geldi. Babasy aýdar: — Ogul, gyz tapdyňmy? Gantöreli aýdar: — Ýykylsyn oguz illeri, maňa ýarar gyz tapmadym, baba! — diýdi. Babasy aýdar: — Heý ogul, gyz dileýip baran beýle barmaz. Gantöreli aýdar: — Ýa nije barar, baba? - diýdi. Gaňly goja aýdar: — Ogul, irden baryp öýlän gelmek bolmaz, öýlän baryp agşam gelmek bolmaz. Ogul sen mala bejit bol, ýyg. Men saňa gyz arap gideýin — diýdi. Gaňly goja söýünip, guwanyp ör turdy, ak sakgally pir gojalar ýanyna bardy. Içoguza girdi, gyz tapmady. Dolandy. Daşoguza girdi, bolmady. Dolandy. Trabozana geldi. Meger, Trabozan teküriniň bir azym görkli mahbup gyzy bardy. Sagyna-soluna iki goşa ýaý çekerdi. Atdygy ok ýere düşmezdi. Ol gyzyň üç janawer galyňlygy kaftanlygy bardy. «Her kim ol üç janaweri bassa, ýeňse, öldürse, gyzymy oňa bererem» diýip wada eýlemişdi. Basmasa başyn keserdi. Beýlelik-le, otuz iki kapyr beginiň oglunyň başy burç bedeninde kesilip asylmyş idi. Ol üç žanaweriň biri kagan arslandy, biri gara buga idi, biri dahy gara bugra idi. Bularyň her birisi aždarha idi. Bu otuz iki baş, kim, burçda asylmyş idi. Kagan arslan-le gara bugranyň ýüzün görmemişlerdi, anjak öküz şahynda heläk bolmuşlardy. Gaňly goja bu başlary we bu janawerleri gördi, başynda bolan bit aýagyna düýrüldi. Aýdar: — Baraýyn, ogluma dogry habar bereýin. Hünäri bar ise gelsin, alsyn. Ýogsa öýdäki gyza razy bolsun — diýdi. At aýagy ýüwrük, ozan dili çäwik bolar. Gaňly goja giderek, geldi, oguza çykdy. Gantöreliýe habar boldy. «Babaň geldi» diýdiler. Kyrk ýigidi-le babasyna garşy bardy. Elin öpdi. Aýdar: — Janym baba, maňa ýarar gyz tapdyňmy? Aýdar: —Tapdym ogul, hünäriň bar ise — diýdi. Gantöreli aýdar: — Altyn - akjamy istär, gatyr-inerimi istär? Babasy aýdar: — Ogul, hünär gerek, hünär! — diýdi. Gantöreli aýdar: — Baba, ýaly gara kazylyk atyma eýer salaýyn, Ganly kapyr iline alamana çapaýyn, baş keseýin, gan dökeýin, kapyra gan gusduraýyn, gul-garawaş getireýin, hünär göstereýin. Gaňly goja aýdar: — Heý, janym ogul, hünär diýdigim ol degil, ol gyz üçin üç žanawer saklamyşlar. Her kim ol üç janaweri bassa, ol gyzy oňa bererler. Basyp öldürmese, onuň başyny keserler, burça asarlar. Gantöreli aýdar: — Baba, bu sözi sen maňa diýmemek gerek idiň, çünki diýdiň, elbetde, barsam gerek. Başyma utanç, ýüzüme tokunç bolmasyn. Kadyn ene, beg baba esen galyň - diýdi. Gaňly goja aýdar: — Gördüňmi, men muňa nätdim? Oglana gorkunç habarlar bereýin, ola kim gitmeýe, döne — diýdi. Gaňly goja bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Ogul, sen barajak ýeriň, Dolamaç-dolamaç ýollary bolar. Atly batyp çykmaz onuň, palçygy bolar. Ala ýylan sökemez onuň jeňňeli bolar. Gök-le bäs uran, onuň galasy bolar. Göz kakyban köňül alan, onuň görklüsi bolar. Haý diýmezden baş getiren, jellady bolar, Ýagyrnynda galkan oýnar, esgeri bolar. Ýowuz ýerlere hyýallandyň, gaýda döngül, Ak sakgally babaňy, garryjyk bolmuş eneňi bozlatmagyl — diýdi. Gantöreli gyzdy. Aýdar: — Ne söýlär sen, ne aýdar sen, janym baba! Bu gadar işden gorkan ýigitmi bolar? Alp äre gorky bermek, aýyp bolar, Dolamaç ýollaryny, kadyr goýsa, tüm-le ýortam, Atly batyp /çykamaz/ onuň palçygyna gumlar düşeýem, Ala ýylan sökmez tokaýlaryny, Çakmak çakyp, oda uram, Gök-le bäs uran galalaryn, Kadyr goýsa, ýapam, ýykam. Göz guçuban köňül alan görklüsiniň boýnun öpem, Ýagyrnyňda galkan oýnar esgeriniň, Kadyr goýsa başyn keseýin, /Ýa baram/, ýa barmyýam, Ýa gelem, ýa gelmeýem, Ýa gara bugranyň göwsi astynda galam, We ýa buganyň buýnuzynda ilişem, Ýa kagan arslanyň gyýagynda düýdilem, Ýa baram, ýa barmyýam, Ýa gelem, ýa gelmeýem, Ýene görinçä, beg baba, kadyn ene, esen galyň! — diýdi. Gördüler ke, namys üçin gaýtmaz. Aýtdylar: — Ogul, ugruň açyk bolsun. Sag-esen baryp gelesen — diýdiler. Atasynyň-enesiniň ellerin öpdi. Kyrk ýigidin ýanyna byrakdy. Ýedi gün, ýedi gije ýortdular. Kapyryň serhedine aralaşdylar, çadyr dikdiler. Ýügrük atyn ýügürdip Gantöreli gürzün göge atar, inip ýere düşmezden garbar tutar. — Heý, kyrk egindeşim, kyrk ýoldaşym, Ýügrük bolsa, ýaryşsam, Güýçli bolsa, göreşsem, Haktagala enaýat eýlese, Üç janaweri öldürsem, Gözeller serweri, sary donly Seljan hatyny alsam. Atam-enem öýüne dönsem, Heý kyrk egindeşim, kyrk ýoldaşym, Kyrkyňyza gurban bolsun meniň başym - diýip söýlärdi. Bular bu sözde eken, meger, hanym, teküre habar bardy: — Oguzdan Gantöreli diýrler, bir ýigit bar imiş, gyzyň dileýip geli ýörir — diýdiler. Kapyrlar ýedi agaç ýer garşy geldiler. — Nämä geldiňiz, ýigit diýgil?! — diýdiler. — Berişmäge, alyşmaga geldik — diýdiler. Yzzat-hormat eýlediler. Ak çadyr dikdiler, ala haly düşediler. Akja goýun gyrdylar. Ýedi ýyllyk al şerap içirdiler. Alyban bulary Teküre getirdiler. Tekür tagt ýanynda oturmyşdy. Ýüz kapyr için geýinmişdi. Ýedi gat meýdany dolandy geldi. Meger, gyz meýdanda bir köşk ýapdyrmyş idi. Jemg ýanynda bolan gyzlar al geýmişlerdi, özi sary geýmiş idi. Ýokarydan tomaşa ederdi. Gantöreli geldi, gara egin-başly Teküre salam berdi. Tekür aleýik aldy. Ala haly düşediler, oturdy. Tekür aýdar: — Ýigit ne ýerden gelirsen? Gantöreli ýerinden turdy, geldi opul-opul ýöredi. Ak alnyny açdy, ak bileklerin sypady, aýtdy, kim: — Garşy ýatan gara dagyňy aşmaga gelmişem, Akyndyly suwuňy geçmäge gelmişem, Dar etegiňe, giň goltugyňa sygyna gelmişem, Taňry buýrugy-le, pygamber kowly-le, Gyzyňy almaga gelmişem — diýdi. Tekür aýdar: — Bu ýigidiň sözi ýügrük, eger elinde hünäri bar ise — diýdi. Tekür aýdar: — Bu ýigidi eneden dogma soýuň! Soýdular. Gantöreli altynly inçe keten bizini biline sarady. Gantörelini alyp meýdana getirdiler. Gantöreli jemal we kemal eýesi ýigit idi. Oguzda dört ýigit nikab-le gezerdi. Biri Gantöreli, biri Garaçöňür we ogly Kyrkgynuk we Bozaýgyrly Beýrek. Gantöreli nikabyn serpdi. Gyz köşkden bakardy. Daraklygy boşaldy, kedisi mawlady, awsyl olmuş tana kibi agzynyň suwy akdy. Ýanyndaky gyzlara aýdar: — Haktagala atamyň köňlüne rehmet eýlese, baha kesip meni ol ýigide berse. Munuň kibi ýigit, haýp bola ke, janawerler elinde heläk bola — diýdi. Bu mahalda demir zynjyrle bugany getirdiler. Buga dyzyn çökdi, buýnuzy-le bir mermer daşy ýugurdy, peýnir kibi düýtdi. Kapyrlar aýdar: — Indi ýigidi atar, ýykar, serer, böler. Ýykylsyn oguz illeri, kyrk ýigit bir beg ogly-le bir gyzdan ötri ölmek ne bolar? — diýdiler. Muny eşidejek kyrk ýigit aglaşdylar. Gantöreli sagyna bakdy, kyrk ýigidin aglar gördi. Soluna bakdy, eýle gördi. Aýdar: — Heý kyrk egindeşim, kyrk ýoldaşym, näme aglarsiz? Gurulgyja gopuzym getiriň, öwüň meni — diýdi. Bu ýerde kyrk ýigit Gantörelini öwmüşler. Görelim hanym, nije öwmüşler. Aýdar: - Soltanym Gantöreli, Galkybany ýeriňden turmadyňmy? Ýaly gara kazylyk atyňy münmediňmi? Arkubili, Aladagy awlaýuban, guşlaýuban /aşmadyňmy/, Babaň ak ban işiginde, Garawaşlar inek sagar, görmediňmi? Buga-buga diýdikleri, Gara sygyr gölesi degilmidir? Alp erenler duşmanyndan gaýdarmy bolar, Sary donly Seljan hatyn köşkden bakar. Kime baksa yşk-le oda ýakar. Gantöreli, sary donly gyz yşkyna bir «hüw» diýdi: — Mere, bugaňyzy goýberiň, gelsin — diýdi. Buganyň zynjyryn aldylar, salyberdiler. Buýnuzy almaz naýza kibi, Gantöreliniň üstüne sürdi. Gantöreli ady görkli Muhammede salawat getirdi. Buganyň alnyna bir ýumruk ile urdy, kim, bugany göti üstüne çökerdi. Alnyna ýumrugyn daýady, sürdi, meýdanyň başyna çykardy. Çok söweşdiler, ne buga ýeňer, ne Gantöreli ýeňer, Küt-küt buga solmaga başlady, agzy köpüklendi. Gantöreli aýdar: — Bu dünýäni erenler akyl-le bolmuşlardyr. Munuň öňünden sowulaýyn, ne hünärim bar-se, ardyndan görkezeýin - diýdi. Ady görkli Muhammede salawat getirdi. Buganyň öňünden sowuldy. Buga buýnuzy üstüne dikildi. Guýrugyndan üç kere göterip ýere saldy. Süňkleri hurd boldy. Basdy, bogazlady. Pyçak çykaryp derisini ýüzdi. Etin meýdanda goýup, derisini teküriň öňüne getirip aýdar: — Daň-le gyzyňy maňa beresen — diýdi. Tekür aýdar: — Mere, gyzy beriň, şäherden sürüň, çyksyn gitsin — diýdi. Teküriň gardaşy ogly bardy, aýdar: — Janawerler serweri arslandyr, onuň-le dahy oýun görkezsin, gyzy ondan soňra bereliň — diýdi. Bardylar, arslany çykardylar. Meýdana getirdiler. Arslan haýkyrdy. Meýdanda ne gadar at bar-se gan gaşandy. Ýigitleri aýdar: — Bugadan gutuldy, arslandan nije gutula — diýdiler. Aglaşdylar. Gantöreli ýigitlerin aglar gördi. Aýdar: — Mere, alja gopuzym ele alyň, meni öwüň. Sary donly gyz yşkyna bir arslandan döneýinmi? — diýdi. Ýoldaşlary bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Soltanym Gantöreli, Akja sazlar içinde, Sary gönler görübän taýlar basan, Öň damaryn dilibän ganyn soran, Gara polat uz gylyçdan gaýtmaýan, Akja saply gaty ýaýdan çekinmeýen, Ak ýelekli ötgün okdan gaýykmaýyn, Janawerler serweri kagan arslan gyran, Ala köpek enigine özün daladarmy? Alp ýigitler söweş güni gyrymyndan gaýdarmy? - diýdiler. Sary donly Seljan hatyn köşkden bakar, Kime baksa yşk-le oda ýakar. Sary donly gyz yşkyna bir «hüw» diýdi. Gantöreli: — Mere, kapyr, arslanyňy goýber, gelsin! — diýdi. — Gara polat uz gylyjym ýok, kim, garbaşdygy dem iki biçeýdim, saňa sygyndym jomartlar jomardy gany Taňry, medet - diýdi. Arslany goýberdiler. Sürdi geldi Gantöreli bir keçäni öňüne dolady, arslanyň penjesine sunyberdi. Ady görkli Muhammede salawat getirdi. Arslanyň alnyn göz edip, bir ýumruk ile urdy, kim, ýumruk çekgesine tokundy, owatdy. Süňüsinden tutdy, bilini üzdi. Ondan göterip ýere urdy. Hurd boldy. Tekür öňüne geldi, aýtdy: — Ertir, gyzyňy maňa bergil — diýdi. Tekür aýdar: — Gyzy getiriň, beriň, bu ýigidi gözüm gördi, köňlüm söwdi. Gerek dursun, gerek gitsin — diýdi. Ýene gardaşy ogly aýdar: — Janawerler serheňi düýedir, onuň-le dahy oýnun oýnasyn — diýdi. - Ondan soňra gyzy bereris — diýdi. - Çün enaýat Taňrydan boldy. Begiň, paşanyň hümmeti Gantöreliýe boldy. Tekür düýäniň agzyn ýedi ýerden baglaň — diýdi. Görip kapyrlar baglamadylar, owsaryn syryp salyberdiler. Gantöreli pyrlar düýäniň goltugyndan girer, pyrlar çykar. Serhoş ýigit. Hem iki janawer-le söweşmişdi. Taýdy, düşdi. Alty jellat ýeňsesine geldiler. Ýalaň gylyç tutdular. Bu ýerde ýoldaşlary soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş: - Galkybany Gantöreli ýeriňden tura geldiň, Ýaly gara kazylyk atyň bitin mündüň, Ala gözli ýigitleriň ýanyňa aldyň, Arkubili, Aladagy gije aşdyň, Akyndyly suwun gije geçdiň, Ganly kapyr iline gije girdiň, Gara buga geldiginde hurd - haş eýlediň, Kagan arslan geldiginde, bilini bükdüň, Gara bugra geldiginde ne geçdiň? Gara-gara daglardan habar aşa, Ganly-ganly suwlardan habar geçe, Galyň oguz iline habar bara, Gaňly goja ogly Gantöreli nätmiş diýerler, Gara buga geldiginde gylçatmamyş, Kagan arslan geldiginde bilin bükmüş, Gara bugra geldiginde ne kiçikmiş diýerler, Uly-kiçi galmyýa, söz edine, Kempir-goja galmyýa kow edine, Ak sakgally babaň hassa bola, Kempirjik bolmuş eneň gan ýaş döke, Hanym, galkybany ýeriňden turmaz bolsaň, Alty jellat ýeňsäňde ýalaň gylyç tutar, Gapyllyja görkli başyň keser, Aşagyňdan ýokary bakmazmy sen? Garşyňa ala gaz geldi, laçyny atmazmy sen? Sary donly Seljan hatyn yşarat eder, görmezmi sen? Seni düýe burnundan zebun bolar diýdiler, bilmezmi sen? Sary donly Seljan hatyn köşkden bakar, Kimsä bakar yşk-le oda ýakar, Sary donly gyz yşkyna bir «hüw» - diýdi. Gantöreli ör turdy. Aýdar: — Mere, men bu düýäniň burnuna ýapyşajak, ol gyz sözi-le ýapyşdy diýrler. Ertir oguz iline habar bara, düýe elinde galmyşdy, gyz gutardy diýerler. Mere, golça gopuzym çalyň, öwüň meni. Ýaradan kadyr Taňryýa sygyndym, bir bugradan döneýinmi? Enşallah munuň dahy başyn keseýin — diýdi. Ýigitleri Gantörelini öwüp soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş: - Gap gaýalar başynda höwürtge tutan, Kadyr uly Taňryýa ýakyn uçan, Manjylygy agyr daşdan gyzyldaýyp gaty inen, Ary kölüň ördegin kakyp alan, Gaba üýke diýip ýörirgen, tartyp üzen, Garynjygy aç bolsa galkyp uçan, Jümle guşlar soltany çal garaguş Ganaty-le alahekige özün kakdyrmy, Alp ýigitler gyryş güni gyrymyndan gaýdarmy? - diýdiler. Sary donly Seljan hatyn köşkden bakar, Kimsä baksa yşk-le oda ýakar, Sary donly gyz yşkyna bir «hüw» — diýdi. Gantöreli ady görkli Muhammede salawat getirdi. Düýä bir depme urdy. Düýe bagyrdy. Bir dahy urdy, düýe aýagy üstüne durymady, ýykyldy. Basyp iki ýerden bogazlady. Arkasyndan iki tasma çykardy, Teküriň öňüne oklady. Aýdar: — Alamançylaryň sagdagynyň bagy, üzeňňisi, gaýyşy üzüler, tikmäge gerek bolar - diýdi. Tekür aýdar: — Walla, bu ýigidi gözüm gördi, köňlüm söwdi - diýdi. Kyrk ýerde otag dikdirdi, kyrk ýerde gyzyl-ala gerdek dikdirdi. Gantöreli-le gyzy getirip gerdege goýdular. Ozan geldi, ýeletme çaldy. Oguz ýigidiniň öýkeni gabardy. Gylyjyn çykardy, ýere çaldy, kertdi. Aýtdy, kim: — Ýer kibi kertileýin, toprak kibi sowrulaýyn, gylyjyma dogranaýyn, okuma sanjylaýyn, oglum dogmasyn, dogarse on güne barmasyn, beg babamyň, kadyn enemiň ýüzün görmezden bu gerdege girersem - diýdi. Öýüni çözdi, gaýtabanyn bozlatdy, Garagoçun kişňetdi, tün gatdy, göçdi. Ýedi gün, ýedi gije ýortdy, oguzyň serhedine çykdy. Çadyr dikdi. Gantöreli aýdar: — Heý, kyrk egindeşim, kyrk ýoldaşym, Gurban bolsun size meniň başym, Haktagala ýol berdi, bardym, Ol üç janaweri öldürdim, Sary donly Seljan hatyny aldym geldim, Habar eýläň babam maňa garşy gelsin — diýdi. Gantöreli bakdy, gördi bu gondugy ýerde gugy guşlary, durnalar, turaçlar, käkilikler uçarlar. Sowuk-sowuk suwlar, çaýyrlar, çemenler. Seljan hatyn bu ýeri görkli gördi, begendi. Düşdüler. Eşrete meşgul boldular, iýdiler, içdiler. Ol zamanda oguz ýigitlerine ne kaza gelse, ukudan gelerdi. Gantöreliniň ukusy geldi, uklady. Ýatyrkan gyz aýdar: — Meniň aşyklarym çokdur, nägäh, ylgar-le gelmesin, tutuban ýigidim öldürmesinler, akja ýüzli men gelini tutup, atam-enem öýüne eltmesinler — diýdi. Gantöreliniň atyny için tutdy, geýdirdi özi dahy için tutdy. Geýindi. Naýzasyn eline aldy, bir beýik ýere çykdy gözledi. Meger hanym, tekür puşman boldy. «Üç janawer öldürdigi üçin, bir gyzjagazymy aldy gitdi» diýdi. Için gara donly, gök demirli alty ýüz kapyr seçdi. Gije-gündiz ýortdular. Nägehandan ýetdiler. Gyz häzir idi. Bakdy-gördi, ylgar ýetdi. Atyn oýnatdy, Gantöreliniň ýanyna geldi. Soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Gapyl bolma, gara başyň galdyr, ýigit, Ala, gyýma görkli gözüň açgyl, ýigit, Garylaryňdan ak elleriň baglanmazdan, Ak alnyň gara ýere depilmezden, Gapyl-le görkli başyň kesilmezden, Alja ganyň ýer ýüzüne dökülmezden, Ýagy ýetdi, duşman erdi, ne ýatyr sen, galkgyl. Gap-gaýalar oýnamazdan ýer oburyldy, Garry begler ölmezden, il boşaldy, Garjaşyban, ugraşyban dagdan indi, Hatar tutup üstüňe ýagy ýetdi, Ýatmaga ýer tapdyňmy, ýurt tapdyňmy? Ne boldy saňa - diýip çagyrdy. Gantöreli sermerdi, oýandy, ör turdy. Aýdar: — Ne söýlär sen, görklim — diýdi. Aýdar: — Ýigidim, üstüňe ýagy geldi, oýarmak menden, söweşibän hünär görkezmek senden — diýdi. Gantöreli gözün açdy, gabaklaryn galdyrdy. Gördi, gelin at üstünde, geýinmiş, naýzasy elinde. Ýer öpdi. Aýdar: — Amenna we saddakna maksadymyz Haktagala dergähinde hasyl boldy - diýip, dury suwdan ab-dest aldy. Ak alnyny ýere goýdy. Iki rekagat namaz kyldy. Atyna mündi, ady görkli Muhammede salawat getirdi. Gara donly kapyra at saldy, garşy bardy. Seljan hatyn at oýnatdy, Gantöreliniň öňüne geçdi. Gantöreli aýdar: — Görklim, kanda gider sen? — diýdi. Aýdar: — Beg ýigit, baş esen bolsa, börük tapylmazmy olar? Bu gelen kapyr çok kapyrdyr. Söweşelim, dögüşelim, ölenimiz ölsün, diri galanymyz oda gelsin - diýdi. Bu arada Seljan hatyn at saldy. Gyrymyn basdy. Gaçanyn kowmady, aman diýenini öldürmedi. Eýle sandy, kim, ýagy basyldy. Gylyjyň baljagy gan, oda geldi. Gantöreli bolmady. Ol mahalda Gantöreliniň babasy, enesi çyka geldi. Gördüler, kim, bu gelen kişiniň gylyjynyň baljagy ganly. Ogly görünmez. Habar sordular. Görelim nije sordular. Enesi aýdar: - Enem kişi, gyzym kişi, Ala daň-le ýeriňden tura geldiň, Oguly tutdurdyňmy? Gapyl-le görkli başyn kesdirdiňmi? Kadyn ene, beg baba diýip bozlatdyňmy? Sen geler sen, bir begim görünmez, bagrym ýanar, Agyz-dilden birniçe keleme habar maňa, Gara başym gurban bolsun, gelin, saňa — diýdi. Gyz bildi, kim, gaýyn enesi, gaýyn atasydyr. Gamçy-le yşarat kylyp, oda düşüň, ne ýerde iner-garyşyr toz bar-sa we ne ýerde garga - guzgun oýnar-sa, onda isteýelüm - diýdi. Atyna mahmuz urdy. Bir beýik ýere çykdy. Gözleri gördi, kim, bir deräniň içinde toz kä düýrüler, kä dagylar. Ýanyna geldi. Gördi, kim, Gantöreliniň atyny oklamyşlar, gözüniň gabagyn oklamyşlar. Ýüzüne gan bürülmiş, durmaz, ganyn sylar. Kapyrlar üýşer, gylyjyn ýalyn eýlär. Kapyry öňüne gatyp kowar. Seljan hatyn muny beýle gördi, içine ot düşdi. Bir bölek gaza laçyn girmiş kibi kapyra at saldy. Bir ujundan gyryp kapyry ol bir ujuna çykdy. Gantöreli bakdy-gördi, kim, bir kimse ýagyny öňüne gatmyş, kowar. Seljan idigin bilmedi, gatyrgandy. Bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Galkybany ýerinden turan ýigit, ne ýigit sen? Ýaly gara kazylyk atyna münen ýigit, ne ýigit sen? Gapyllyja başlar kesen, Destursyzja meniň ýagyma giren ýigit, ne ýigit sen? Destursyzja ýaga girmek, biziň ilde aýyp bolar, Mere, ýöri, Tugun guş boluban uçaýynmy? Sakalyň-le bogazyňdan tutaýynmy? Gapyllyja seniň başyň men keseýinmi? Alja ganyň ýer ýüzüne dökeýinmi? Gara başyň ganjygadan asaýynmy? Mere, kazasy ýetmiş ýigit, ne ýigit sen? Gaýda döngül - diýdi. Seljan hatyn bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Heý ýigidim, beg ýigidim, Gaýtabanlar torumyndan dönermi bolar? Gaýtabanda kazylyk atlar Gulunjygyn depermi bolar? Agaýylda akja goýun, Guzujygyn süsermi bolar? Alp ýigitler, beg ýigitler Görklüsine gyýarmy bolar? Ýigidim, beg ýigidim, Bu ýagynyň bir ujy maňa, Bir ujy saňa — diýdi. Gantöreli bildi, kim, bu ýagy basyp dagydan Seljan hatyndyr. Bir tarapyna dahy, özi girdi, gylyç tartyp ýöridi. Kapyr başlaryn kesdi. Ýagy basyldy, duşman syndy. Seljan hatyn Gantörelini at ardyna aldy, çykdy. Giderek Gantöreliniň pikirine bu geldi, kim: - Galkybany Seljan hatyn turdugyňda, Ýaly gara kazylyk atyn mündügiňde, Babamyň ak ban işigine düşdügiňde, Oguzyň ala gözli gyzy-gelini bildikde, Her kişi sözün söýledikde, Sen orada dura sen, ögüne sen, Gantöreli zebun boldy, At ardyna aldym, çykdym diýe sen, Gözüm döndi, köňlüm gitdi, Öldürerem seni — diýdi. Seljan hatyn hal nedigin bilip soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Beg ýigit, Ögüner-se är ögünsin, arslandyr, Ögünmeklik aýallara gabahatdyr, Ögünmek-le aýal är bolmaz, Ala ýorgan içinde seniň-le dolaşmadym, Datly tagam tutubany soruşmadym, Al perdäm astyndan söýleşmedim, Tiz söwdüň, tiz irdiň tentek ogly tentek, Kadyr Alla biler, men saňa mynasyp ýaram, Gyýma maňa! - diýdi. Gantöreli aýdar: — Ýok, elbetde, öldürsem gerekdir — diýdi. Gyz gaharlandy. Aýdar: — Mere, akmak, men aşaga-gulpa ýapyşaram, sen ýokary gulpa ýapyşarsen. Mere, pekge ogly, okuň-lemi, gylyjyň-lemi, gel bäri söýleşelim — diýdi. Atyn depdi, bir beýik ýere çykdy. Sagdagyndan togsan okun ýere dökdi. Iki okuň demrenin çykardy, birin gizledi, birin eline aldy. Demrenli ok-le atmaga gyýmady. Aýdar: — Ýigit, at okuňy! Gantöreli aýdar: — Gyzlaryň ýoly oldur, owal sen at! - diýdi. Gyz bir ok-le Gantörelini atdy. Şeýle, kim, başynda bolan bit aýagyna indi. Ileri gelip Seljan hatyny gujaklap baryşmyşlar, soruşmyşlar. Gantöreli soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş: Aýdar: — Ýalap-ýalap ýalabyýan inçe donlym, Ýer basmaýyp ýöreýän, Gar üstüne gan dammyş kibi gyzyl ýaňaklym, Goşa badam dar agyzlym, Galamçylar çaldygy gara gaşlym, Gurumasy kyrk tutam gara saçlym, Arslan urugy, soltan gyzy, Öldürmäge men seni gyýarmydym, Öz janyma gyýam men, saňa gyýmaýam, Men seni synardym — diýdi. Seljan hatyn dahy bu ýerde soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Galkybany ýerimden turar idim, Ýaly gara kazylyk atyma müner idim, Babamyň ak ban öýünden çykar idim, Arkubili, Aladagy awlar idim, Ala keýik, sugun-keýik kowar idim, Tartanda bir ok-le nemlär idim, Demrensiz ok-le ýigit seni, synar idim, Öldürmäge ýigidim, men seni, gyýarmydym — diýdi. Yragyndan-ýakynyndan gelişdiler, gizlin ýaka tutuban iýlişdiler, datly dodak beribän soruşdylar. Ak boz atlar münübän ýortuşdylar. Beg babasy ýanyna geldiler. Babasy oglanjygyn gördi. Allaha şükürler eýledi. Ogly-le, gelni-le Gaňly goja oguza girdi. Gök-ala görkli çemene çadyr dikdirdi. Atdan aýgyrdan, düýeden bugra, goýundan goç gyrdyrdy. Toý etdi. Galyň oguz beglerin agyrlady. Altynlyja çadyryn dikip Gantöreli öýüne girip myradyna-maksadyna ýetişdi. Dädem Gorkut gelip şatlyk çaldy, boý boýlady, soý soýlady. Gazy erenler başyna ne geldigin söýledi: — Imdi hany diýdigim beg erenler, Dünýä meniň diýenler, Ajal aldy, ýer gizledi, Pany dünýä kime galdy, Gelimli-gidimli dünýä, Soň ujy ölümli dünýä, Ajal geldiginde ary imandan aýyrmasyn, Kadyr seni namarda mätäç etmesin. Alla beren umydyň üzülmesin, Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk, kabul bolsun, Ämin diýenler didar görsün. Ýygyşdyrsyn, düýrüşdirsin, günähiňizi Ady görkli Muhammet Mustapa bagyşlasyn hanym heý! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |