21:32 Içoguza Daşoguz asy bolup, Beýrek öldügi boýny beýan eder | |
IÇOGUZA DAŞOGUZ ASY BOLUP, BEÝREK ÖLDÜGI BOÝNY BEÝAN EDER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Üçok, Bozok ýygnak bolsa, Gazan öýün taladardy. Gazan ýene öýün ýagmalatdy. Emma daşoguz bile bolunmady. Diňe içoguz ýagmalady. Haçan Gazan öýün talatsa, aýalynyň elin alar, daşara çykardy, ondan ýagma ederdi. Daşoguz beglerinden Oraz, Emen we galan begler muny eşitdiler. Aýtdylar, kim: — Bak, bak! Henize deňiç Gazanyň öýün bile ýagma ederdik. Indi neçün bile bolmaýarys — diýdiler. Birleşip jemig daşoguz begleri Gazana gelmediler, agzalalyk eýlediler. Gylbaş diýrlerdi, bir kişi bardy. Gazan aýdar: — Mere, Gylbaş, bu daşoguz begleri, mydam bile gelerlerdi! Indi neçün gelmediler — diýdi. Gylbaş aýdar: — Bilmezmisen, neçün gelmediler? Öýüň ýagmalatdygyň dem daşoguz bile bolunmady. Sebäp oldur — diýdi. Gazan aýdar: — Agzalalyk bagladylar, hä-mi? — diýdi. Gylbaş aýdar: — Hanym, men baraýyn. Olaryň dostlugyn, duşmanlygyn bileýin — diýdi. Gazan aýdar: — Sen bilersen, bar! — diýdi. Gylbaş birnäçe adam ile münüp, daşoguz tarapyna gitdi. Bardy, daşoguz beglerinden Gazanyň daýysy Orazyň öýüne geldi. Oraz dahy altyn çadyryn dikmişdi. Oglanlar ile oturmyşdy. Gylbaş gelip Oraza salam berdi. Aýdar: — Gazan näsag boldy. Elbetde, daýym Oraz maňa gelsin - diýdi. Gara başym näsaglady, üstüme ýagy geldi. Düýelerim bozlatdylar, Garagoçda kazylyk atlarym kişňetdiler, gaza meňzär gyzymyz-gelinimiz ejiz boldy. Meniň gara başyma, gör näler geldi?! Daýym Oraz gelsin — diýdi. Oraz aýdar: — Mere, Gylbaş, ol wagt kim, Üçok, Bozok, ýygnak bolsa, ol wagt Gazan öýün talaň etdirerdi. Günämiz ne idi ke, bu talaňda bile bolmadyk - diýdi. Hemişe Gazanyň başyna dert gelsin, daýysy Orazy, mydam oňa dursun. Biz Gazana duşmandyrys, belli bilsin! - diýdi. Gylbaş bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Mere, akmak, Galkybany Gazan han ýerinden tury geldi, Aladagda çadyryn, otagyn dikdi, Üç ýüz altmyş alty alp erenler, ýanyna ýygnak boldy, Iýmek-içmek arasynda, begler seni ýatlady, Üstümize ýagy, beýleki gelmedi, Men seniň dostlugyň, duşmanlygyň synaýyp geldim, Gazana duşman imiş sen, bildim — diýdi. Galkyp, «Hoş gal!» diýip gitdi. Oraz örän gaharlandy. Daşoguz beglerine adam saldy. - Emen gelsin, Alp Rüstem gelsin, döne bilmez Dülek Ewren gelsin, ýene galan begler hemmesi gelsin! — diýdi. Daşoguz begleriniň hemmesi ýygnak boldy. Ala bargäh otaglaryn düze dikdi. Atdan aýgyr, düýeden bugra, goýundan goç gyrdyrdy. Daşoguz beglerine agyrlyk edip toýlady. Aýdar: — Begler, men size neýe çagyrdym, bilermisiz? Aýtdylar: — Bilmeris! Oraz aýdar: — Gazan bize Gylbaşy göndermiş. «Ilim-günüm çapyldy, gara başym dertli boldy, daýym Oraz maňa gelsin» diýmiş. Emen aýdar: — Ýa sen ne jogap berdiň? Oraz aýdar ke: — Gylbaşa aýtdym ke, haçan ke Gazan öýün taladardy, daşoguz begleri bile ýagmalardy. Begler gelip Gazany salamlar giderdi. Şimdi günämiz näme bu sapar bile bolunmady? Mere, akmak, biz Gazana duşmandyrys — diýdim. Emen aýdar: — Gowy diýmişsiz. Oraz aýdar: — Begler, ýa siz ne diýrsiz? Begler aýdar: — Ne diýeliň? Çünki sen Gazana duşman bolduň, biz-de duşmandyrys — diýdiler. Oraz ara mukaddes kitap getirdi. Ähli begler el urup, ant içdiler: «Seniň dostuňa dost we duşmanyňa duşmandyrys» diýdiler. Oraz jümle begleri halatlady, döndi. Aýdar: — Begler, Beýrek bizden gyz almyşdyr, giýewimizdir. Emma Gazanyň geňeşdarydyr. Gelsin, bizi Gazan-le ýaraşdyrsyn diýeliň. Getireliň. Bize tabyn bolar-sa hoş, bolmaz ise men sakgalyny tutaýyn, siz gylyç üýşüriň, paralaň. Aradan Beýregi götereliň, ondan soňra Gazan ile işimiz haýyr bola! — diýdi. Beýrege kagyz gönderdiler. Beýrek odasynda ýigitleri-le iýip-içerdi. Orazdan adam geldi. Salam berdi. Beýrek aleýik aldy. Aýtdy: — Hanym, Oraz size salam eder. «Kerem etsin, Beýrek gelsin, Gazan-le bizi ýaraşdyrsyn» diýr. Beýrek: «Hoş bola» diýdi. Atyn çekdiler, mündi. Kyrk ýigidi-le Orazyň öýüne geldi. Daşoguz begleri oturarkan, girip salam berdi. Beýrege Oraz aýdar: — Bilermisen, seni neýe çagyrdyk? Beýrek aýdar: — Neýe çagyrdyňyz? Oraz aýdar: — Ähli şu oturan begler, Gazana asy bolduk. Ant içdik. Mukaddes kitap getirdiler, sen dahy ant iç - diýdiler. Gazana men duşman bolmazam - diýip, ant içdi. Soýlady. Aýdar: - Men Gazanyň nygmatyny çok iýmişem, Bilmez-sem, gözümi tutsun. Garagoçda kazylyk atyna çok münmüşem, Bilmez-sem maňa tabyt bolsun, Ýagşy geýimlerin çok geýmişem, Bilmez-sem kepenim bolsun, Ala bargäh otagyna çok girmişem, Bilmez-sem maňa zyndan bolsun, Men Gazandan dönmezem belli bilgil — diýdi. Oraz Beýregiň sakgalyny tutdy. Begler Beýrege gyýmady. Beýrek Oraz gaharlydygyn bu ýerde bildi. Soýlamyş. Aýdar: — Oraz, maňa bu işi etjegiň bilseýdim, Garagoçda kazylyk atyma münerdim, Egni berk demir donum geýerdim, Gara polat uz gylyjym bilime baglardym, Alyn başa agyr başlygym urardym, Gargydan altmyş tutam naýzamy elime alardym, Ala gözli begleri ýanyma salardym, Akmak, men bu işi duýsam, saňa beýle gelermidim, Aldaýyban är tutmak aýal işidir, Aýalyňdanmy öwrendiň sen bu işi, akmak — diýdi. Oraz aýdar: — Mere, herze-merze söýleme, ganyňa suwsanma, gel ant iç! — diýdi. Beýrek aýdar: — Walla, men Gazan ugruna başym goýmuşam. Gazandan dönmezem! Gerek-se ýüz para eýle — diýdi. Oraz ýene gaharlandy, Beýregiň sakgalyny berk tutdy, beglere bakdy. Gördi, kimse gelmez. Oraz gara polat uz gylyjyn tartyp, Beýregiň sag uýlugyn çapdy. Gara gana bulaşdy. Beýregiň başy ejiz boldy. Begleriň hemmesi dagyldy. Her kişi atly-atyna mündi. Beýregi dahy mündürdiler. Ardyna adam mündürip, gujakladylar, gaçdylar. Beýregi odasyna ýetirdiler. Donun üstüne örtdüler. Beýrek bu ýerde soýlady. Aýdar: — Ýigitlerim, ýeriňizden ör turuň, Ak boz atymyň guýrugyn kesiň, Arkubili, Aladagdan gije aşyň, Akyndyly görkli suwy dilip geçiň, Gazanyň diwanyna çapyp baryň, Ak çykaryp gara geýiň, Sen sag bol, Beýrek öldi — diýiň. Aýdyňyz, namart Oraz daýyňdan adam geldi. Beýregi istemiş. Ol dahy barmyş. Ähli daşoguz begleri ýygnak bolmuş. Bilmedik, iýme-içme arasynda mukaddes kitap getirdiler. Gazana biz asy bolduk, ant içdik. Gel, sen dahy ant iç diýrler. /Beýrek/ içmedi. Men Gazandan dönmezem — diýdi. Namart daýyň gaharlandy, Beýregi gylyçlady. Gara gana bulaşdy. Näsag boldy. Erte kyýamat gününde meniň elim Gazan hanyň ýakasynda bolsun, meniň ganym Oraza goýsa — diýdi. Bir dahy soýlamyş. Aýdar: — Ýigitlerim, Oraz ogly Beset gelmezden, Ilim-günüm çapylmazdan, Gaýtabanda düýelerim bozlatmazdan, Garagoçda kazylyk atym kişňetmezden, Akja goýunlarym maňraşmazdan, Akja ýüzli gyzym-gelinim eňşeşmezden, Akja ýüzli görklümi Oraz ogly Beset gelip almazdan, Ilim-günüm çapmazdan, Gazan maňa ýetişsin, Meniň ganym Oraza goýmasyn, Akja ýüzli görklümi ogluna alybersin, Ahyret hakyny halal etsin, Beýrek patyşalar patyşasy Haka wasyl boldy. Belli bilsin — diýdi. Beýregiň babasyna, enesine habar boldy. Ak öýi işiginde ýas gopdy. Gaza meňzär gyzy-gelini ak çykardy, gara geýdi. Ak boz atynyň guýrugyny kesdiler. Kyrk-elli ýigit gara geýip, gök sarandylar. Gazan bege geldiler telpeklerin ýere urdular. Beýrek diýip çok agladylar. Gazanyň elin öpdüler. «Sen sag bol, Beýrek öldi» diýdiler. Namart daýyň al eýlemiş. Çagyryban bizi aldylar. Bardyk. Daşoguz begleri size duşman bolmuşlar, bilmedik. Mukaddes kitap getirdiler. «Biz Gazana duşman bolduk, sen dahy bize boýun bol» diýdiler. Ant içdiler. Beýrek çöregin basalamady, olara boýun bolmady. Daýyň namart Oraz gaharlandy. Beýregi oturdygy ýerde gylyçlady. Bir uýlugyn düşürdi. - Sen sag bol hanym, Beýrek haka wasyl boldy. Meniň ganym Oraza goýmasyn diýdi - diýdiler. Gazan bu habary eşitdi, destmalyn eline alyp ögür-ögür aglady. Diwanda zarlyk kyldy. Ähli onda bolan begler aglaşdylar. Gazan bardy, odasyna girdi. Ýedi gün diwana çykmady, aglady oturdy. Begler ýygyldy diwana geldi. Gazanyň gardaşy Gara Güne aýdar: — Gylbaş, bar aýt, agam Gazan gelsin, çyksyn. Bir ýigit seniň ujuňdan aramyzdan egsildi, hem wesýet eýlemiş: «Meniň ganym goýmyýasen, alasen» diýmiş. Baralyň, duşman-le haklaşalyň diý — diýdi. Gylbaş aýdar: — Sen garyndaşy sen, sen bar — diýdi. Ahyrda, ikisi bile bardylar. Gazanyň odasyna girdiler, salam berdiler: — Sen sag bol hanym — diýdiler. - Bir ýigit aramyzdan egsildi, seniň ýoluňda baş berdi diýrem. Ganyn alalyň, hem size tabşyrmyş, meniň ganym alsyn diýmiş. Aglamak-le näme bolar, tur, gal ýokary — diýdiler. Gazan aýdar: — Maslahatdyr, tiz uruş esbaplaryn ugratsynlar. Tükel begleriň ählisi münsünler - diýdi. Jemyg begler mündi. Gazanyň Goňur atyn çekdiler, mündi. Surnaý çalyndy, deprek uruldy. Gije-gündiz diýmediler, ýöriş boldy. Oraza we jemyg daşoguz beglerine habar boldy. «Işde, Gazan geldi» diýdiler. Olar dahy goşun toplap, surnaý çaldyryp, Gazana garşy geldiler. Üçok, Bozok garşylaşdylar. Oraz aýdar: — Meniň içoguzda garşydaşym Gazan bolsun! Emen aýdar: — Meniň garşydaşym Tersuzamyş bolsun! Alp Rüstem aýdar: — Meniň garşydaşym Ýeňse goja ogly Okçy bolsun! — diýdi. Her biri bir garşydaş belledi. Alaýlar baglandy, goşunlar düzüldi, surnaýlar çalyndy, tebiller kakyldy. Oraz goja meýdana at depdi. Gazana gygyryp: — Mere, akmak, sen meniň garşydaşym sen, sen gel bäri — diýdi. Gazan galkan ýapyndy. Naýzasyn eline aldy, başy üstüne göterdi. Aýdar: — Mere, akmak, muhanneslik ile är öldürmek nähili bolar, men saňa görkezeýin — diýdi. Oraz Gazanyň üstüne at saldy. Gazany gylyçlady, zerre gadar kesdirmedi, öte geçdi. Nobat Gazana degdi. Altmyş tutam ala naýzasyn goltugyna gysdy. Oraza bir naýza urdy. Göwsünden ýalaw dek öte geçdi. At üstünden ýere saldy. Garyndaşy Gara Günä yşarat etdi: — Başyn kes! — diýdi. Gara Güne atdan indi. Orazyň başyn kesdi. Daşoguz begleri muny görüp, hemmesi atdan indiler. Gazanyň aýagyna düşdüler, günälerin dilediler, elin öpdüler. Gazan günälerin bagyşlady. Beýregiň ganyn daýysyndan aldy. Orazyň öýüni çapdyrdy. Ilini-gününi talatdy. Ýigit-beglere doýum boldy. Gazan gök alaň çemene çadyr dikdirdi, otagyn gurdy. Dädem Gorkut gelibän şatlyk çaldy. Gazy erenler başyna geldigin aýdyberdi: - Hany diýdigim beg erenler, Dünýä meniň diýenler, Ajal aldy, ýer gizledi, Pany dünýä kime galdy, Gelimli-gidimli dünýä, Soň ujy ölümli dünýä, El-akybet uzyn ýaşyň, Ujy ölüm, ahyry aýralyk, Ýom bereýin, hanym: Ölüm wagty geldiginde, Ary imandan aýyrmasyn, Ak sakgally babaň ýeri uçmah bolsun, Ak pürçekli eneň ýeri behişt bolsun, Kadyr seni namarda mätäç etmesin! Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk, Kabul bolsun! «Ämin», «Ämin» diýenler didar görsün, Ýygyşdyrsyn, düýrüşdirsin günähiňizi, Muhammet Mustapaýa bagyşlasyn! Hanym heý! TEMMET. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |