19:48 Salyr Gazan tussag bolup, ogly Oraz çykardygy boýny beýan eder | |
SALYR GAZAN TUSSAG BOLUP, OGLY ORAZ ÇYKARDYGY BOÝNY BEÝAN EDER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Meger hanym, Tirabozan teküri, begler begi bolan han Gazana bir laçyn göndermişdi. Bir gije iýip oturarkan, laçynçybaşyna aýdar: — Mere, ertir irden laçynlary al, hylwatja awa müneliň — diýdi. Irden mündüler, aw ýerine bardylar. Gördüler, bir süri gaz oturar. Gazan laçyny saldy, almady. Laçyn perwaza agdy, gözlediler. Laçyn Dumanyň galasyna indi. Gazan gatyrgandy. Laçynyň ardyna düşdi. Dere, depe aşdy, kapyr iline geldi. Giderkän Gazanyň garaňkyly gözüni uky aldy. Begler aýtdylar: — Hanym, döneliň! Gazan aýdar: — Biraz dahy ileri baralyň - diýdi. Bakdy, bir gala gördi. Aýdar: — Begler, geliň ýatalyň - diýdi. Gazany kiçijik ölüm tutdy, uklady. Meger hanym, oguz begleri ýedi gün uklardy, onuň üçin kiçijik ölüm diýrlerdi. Meger, ol gün Dumanyň galasynyň teküri awa münmüşdi. Jansyz geldi. Aýdar: — Bir bölek atly geldi, içinde begleri, ýatdy, uklady. Tekür adam saldy. — Kim idigin biliň! - diýdi. Gelenler bildi, kim, bular oguz erenlerindendir. Gelip teküre habar berdiler. Tekür dahy heman goşunyny ýygnady. Bularyň üstüne geldi. Gazanyň begleri bakdylar, gördüler, kim, ýagy geler. Aýtdylar: — Gazany taşlap gitsek, öýünden bizi kowarlar. Ýegrägi budur ki munda gyrylalyň - diýdiler. Kapyry garşyladylar, jeň etdiler. Gazanyň üstüne ýigrimi bäş begini şehit etdiler. Gazanyň üstüne geldiler, ýatan ýerde tutdular. Elin-aýagyn berk bagladylar. Bir araba ýükletdiler. Araba mäkäm urgan-le saradylar. Arabany çekdiler, ýöriberdiler. Giderkän araba gyjyrdysyndan Gazan oýandy. Gerindi, bu elindäki urganlary hemmesini gyrdy. Arabanyň üstüne oturdy. Elin-eline çaldy. Kah-kah güldi. Kapyrlar aýdarlar ki: — Ne gülersen? Gazan aýdar: — Mere, kapyrlar, bu arabany sallançagym sandym, sizi ýamry-ýumry enekäm sandym — diýdi. Hälä Gazany getirdiler. Dumanyň galasynda bir guýa atdylar. Guýynyň agzyna bir degirmen daşy goýdular. Iýmegini, suwuny degirmen daşy gädiginden bererlerdi. Bir gün Teküriň aýaly aýdar: — Baraýyn, Gazany göreýin, ne hally kişidir, munça adamlara zarp urarmyş — diýdi. Hatyn gelip zyndançyýa gapyny açdyrdy. Gygyrdy. Aýdar: — Gazan beg, nedir halyň? Diriligiň ýer astyndamy hoşdur, ýogsa ýer üstündemi hoşdur? Hem indi ne iýersen, ne içersen we neýe müner sen? — diýdi. Gazan aýdar: — Ölüleriňe aş berdigiň wagt, ellerinden alaram hem ölüleriňiziň ýorgasyna münerem, galanlaryn iderem — diýdi. Tekür aýaly aýdar: — Diniň üçin, Gazan beg, ýedi ýaşynda bir gyzjagazym ölmüşdir, kerem eýle, oňa münme! — diýdi. Gazan aýdar: — Ölüleriňizde ondan ýorga ýokdur, hemişe oňa münerem - diýdi. Aýal aýdar: — Waý, seniň eliňden ne ýer ýüzünde dirimiz we ne astynda ölümiz gutularmyş - diýdi. Geldi, teküre aýdar: — Kerem eýle, ol tatary guýudan çykar, gyzjagazyň bilini üzer. Ýer astynda gyzjagazyma münermiş. Galan ölülerimizi jem edermiş. Hem ölülerimiz üçin berdigimiz aşy ellerinden çekip alyp iýermiş. Onuň elinden ne ölümiz, ne dirimiz gutularmyş. Diniň yşkyna ol äri guýudan çykar - diýdi. Tekür beglerin jem eýledi. Aýdar: — Geliň, Gazany guýudan çykaryň, bizi öwsün, oguzy syndyrsyn. Ondan soňra şert eýlesin, biziň ilimize ýagylyga gelmezlige - diýdi. Bardylar, Gazany guýudan çykaryp getirdiler. Aýtdylar: — Ant iç, kim, biziň ilimize ýagylyga gelmeýe sen, hem bizi öw, oguzy syndyrgyl seni goýbereliň, bar git — diýdiler. Gazan aýdar: — Walla-billa dogry ýoly görerkäm, egri ýoldan gelmeýeýin — diýdi. Aýtdylar: — Walla, Gazan çyndan ant içdi - diýdiler. — Indi Gazan beg diý, bizi öw — diýdiler. Gazan aýdar: — Men ýer ýüzünde adam öwmerin, bir adam getiriň, müneýin, sizi öweýin — diýdi. Bardylar bir är kapyr getirdiler. Bir eýer, bir uýan - diýdi. Getirdiler, kapyryň arkasyna eýer saldylar, agzyna uýan urdy, gulagyny çekdi, syçrady, arkasyna mündi. Ökjesin ökjesine kakdy. Gapyrgasyn garnyna gowşurdy. Uýanyn çekdi, agzyn ýirdi. Kapyry öldürdi. Çökdi üstüne oturdy. Aýdar: — Mere, kapyrlar, gopuzym getiriň, sizi öweýin — diýdi. Bardylar, gopuzy getirdiler. Eline alyp bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Müň-müň ärden ýagy gördüm-se, oýnum diýdim, Ýigrimi müň är ýagy gördüm-se, ýyglamadym, Otuz müň är ýagy gördüm-se, ona sandym, Kyrk müň är ýagy gördüm-se, gyýa bakdym, Elli müň är gördüm-se, el bermedim, Altmyş müň är gördüm-se, aýdyşmadym, Segsen müň är gördüm-se, segsinmedim, Togsan müň /är/ ýagy gördüm-se, donanmadym, Ýüz müň är gördüm-se, ýüzüm dönmedim, Ýüzi dönmez gylyjym ele aldym, Muhammediň dini yşkyna gylyç urdum, Ak meýdanda ýumry başy topça kesdim, Onda dahy «Ärem, begem» diýip öwünmedim, Öwünen ärleri hoş görmedim, Eliňe girmiş eken, mere, kapyr, öldür meni, Gara gylyjyň sal boýnuma, kes başym, Gylyjyňdan syparym ýok, Öz aslym, öz köküm synmagym ýok — diýdi. Bir soý dahy soýlamyş. Aýdar: - Ýüksek-ýüksek gara dagdan daş togalansa, Gaba ökjäm, uýlugym garşy tutan Gazan är idim, Pyrgun çişler ýükleýip ýerden çyksa, Gaba ökjäm-le perçin kylan Gazan är idim, Gaba-gaba begler ogly gowga kylsa, Gamçy salyp diňdiren Gazan är idim, Beýik daglary duman tutsa, Gara duman däli össe, Garagoçumyň gulagy görünmez bolsa, Gaýry ärler ýolbeletsiz ýol ýaňylsa, Ýolbeletsiz ýol başaran Gazan är idim, Ýedi başly aždarha ýetip bardym, Haýbatyndan sol gözüm ýaşardy, Heý, gözüm, namart gözüm, muhannes gözüm, Bir ýylandan ne bar ki, gorkduň diýdim, Onda dahy «Ärem, begem» diýip öwünmedim, Öwünen erenleri hoş görmedim, Eliňe girmişkän, mere, kapyr, öldür meni, Ýitir meni, sal gylyjyň, kes başym, Gylyjyňdan syparym ýok, Öz aslym, öz köküm, symagym ýok, Oguz erenleri durarkan seni öwmegim ýok — diýdi. Gazan bu ýerde bir dahy soýlamyş: - Arkaç gyrda ýaýkanar, Umman deňizinde, Sarp ýerlerde ýapylmyş kapyr şäheri, Saga-sola çyrpyndy urar ýüzgüçleri, Suw düýbünde döner bahrylary, «Taňry menem» diýip, suw düýbünde çygyrşar asylary, Oňun goýup, tersin okar gyzy-gelini, Altyn aşyk oýnar Sanjydanyň begleri, Alty gaýta oguz bardy, alymady, Ol gala alty baş ärle men — Gazan bardym, Alty güne goýmadym, ony aldym, Kilisesin ýykyp ýerine metjit saldym, Azan aýtdyrdym, Gyzyny-gelnini ak göwsümde oýnatdym, Beglerin gul etdim, Onda dahy «Ärem, begem» diýip öwünmedim, Öwünen erenleri hoş görmedim, Eliňe girmişken, mere, kapyr, öldür meni, Ýitir meni, gylyjyňdan syparym ýok, Öz aslym, öz köküm, synmagym ýok — diýdi. Gazan ýene soýlamyş. Aýdar: - Arkaç gyrda dönderdigim, mere, kapyr, seniň babaň! Şakakyna imrindigim seniň gyzyň-geliniň, Akjagala, Sürmelide at oýnatdym, At-le Karun iline çapgyn etdim, Akhysar galasynyň burçun ýykdym, Ak-akja getirdiler, puldur diýdim, Gyzyl-altyn getirdiler bakyrdyr diýdim, Ala gözli gyzyn-gelnin getirdiler, aldanmadym, Kilisesin ýykdym, metjit saldym, Altyny-kümüşi ýagmalatdym, Onda dahy «Ärem, begem» diýip öwünmedim, Öwünenleri hoş görmedim, Eliňe girmişken mere, kapyr, öldür meni, Ýitir meni, Öz aslym, köküm, Symagym ýok, Seni öwdügim ýok — diýdi. Gazan beg bu ýerde bir dahy soýlamyş. Aýdar: - Ak gaýanyň gaplaňynyň erkeginde bir köküm bar, Ortaky gyrda siziň keýikleriňiz duruzmaýa, Ak hyşanyň arslanynda bir köküm bar, Gaz alaja atyňy duruzmaýa, Azwaý gurt çagasy erkeginde bir köküm bar, Akja tümen goýunyň gezdirmeýä, Ak şuňkar guşy erkeginde bir köküm bar, Ala ördek, gara gazyň uçurmaýa, Galyň oguz ilinde bir oglum bar Oraz atly, Bir gardaşym bar Gara Güne atly, Ýaňydan doganyňy diri goýmazlar, Eliňe girmişken, mere, kapyr, öldür meni, Ýitir meni, gylyjyňdan syparym ýok, Öz aslym, symagym ýok — diýdi. Bir dahy soýlamyş. Aýdar: - It kibi göw-göw eden çerkez hyrsly, Kiçijik doňuz söwüşli, Bir torba saman düşekli, Ýarym kerpiç ýassykly, Ýonma agaç taňryly, köpegim kapyr, Oguzy görerken seni öwmegim ýok, Ondan öldürer-seň, mere, kapyr, öldür meni, Öldürmez-seň, Kadyr goýar-se, öldüreýem kapyr seni - diýdi. Kapyrlar aýdar: — Bu bizi öwmedi, geliň muny öldüreliň - diýdiler. Kapyr begleri üýşdüler geldiler, ýene aýtdylar: — Munuň ogly bar, gardaşy bar, muny öldürmek bolmaz - diýdiler. Getirdiler doňuz tamyna tussaga saldylar. At aýagy ýüwrük, ozan dili çäwik bolar. Gazanyň ölüsini dirisini kimse bilmedi. Meger, hanym, Gazanyň bir oglanjygy bardy. Ulaldy, ýigitjik boldy. Bir gün ata münüp diwana gelerken, bir kişi aýdar: — Meger, sen han Gazanyň ogly degil sen - diýdi. Oraz gatyrgandy. Aýdar: — Mere, akmak, menim babam Baýyndyr han degilmidir? Aýtdy: — Ýok, ol eneňiň babasydyr. Seniň dädeňdir. Oraz: — Mere, ýa meniň babam ölümidir, dirimidir? — diýdi. Aýtdy: — Diridir. Dumanyň galasynda tussagdyr — diýdi. Beýle diýgeç, oglan aglady, melul boldy. Atyny gaýtdy, yza döndi. Enesine geldi. Bu ýerde enesine soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Mere, ene, men han ogly degilmişem, han Gazan ogly imişem. Mere, akmak gyzy, muny maňa neçün diýmezdiň? Ene haky Taňry haky degilmişse, gara polat uz gylyjym dartaýdym, gapyllyja görkli başyň keseýdim. Alja ganyň ýer ýüzüne dökeýdim — diýdi. Enesi aglady. Aýdar: — Ogul, babaň sagdyr. Emma söýlemä gorkdym. Kapyra barasen, özüňi urasen, heläk bola sen. Onuň üçin saňa diýmezdim, janym ogul! — diýdi. - Emma daýyňa adam sal, gelsin, görelim ne diýr —diýdi. Adam saldy, daýysyny çagyrdy. Geldi, Oraz aýdar: — Men babam tussag boldugy gala giderin. Daýysy tanyşyk kyldylar. Jem beglere habar boldy: — Oraz babasyna gider, ýarag-le geliň — diýdiler. Leşger ýygnandy geldi. Alp Oraz çadyrlaryn açdyrdy. Jebehanasyn ýükletdi. Gara Güne goşunbaşy boldy. Bory agardyp göçdüler, ýola girdiler. Ýol üstünde kapyryň buthanasy bardy. Monahlar azan aýdardy. Örän sarp buthana idi. Atdan inip täjir donun geýdiler. Bezirgen suratynda gatyr, düýe çekdiler, geldiler. Kapyrlar gördüler gelenler täjire meňzemez. Gaçdylar, gala girdiler. Gapylaryn ýapdylar. Burça çykyp: —Kimler siz! — diýdiler. Bular aýtdy: — Bezirgenlerdiris — diýdiler. Kapyrlar: — Ýalan söýlär siz - diýip, daşa tutdular. Oraz atdan indi. Aýdar: — Heý, atamyň altyn jamyndan şerap içen, meni söwen atdan insin, munuň gapysyna bir gürzi uralyň — diýdi. On alty ýigit syçraýyp, atdan indiler. Galkan ýapyndylar. Gürzülerin omuzlaryna urdular. Gapa geldiler. Birer gürzi urup gapyny owratdylar, içeri girdiler. Bolduklary kapyry gyrdylar, dil çykartmadylar. Malyny taladylar. Goşun üstüne geldiler, gondular. Meger, bir sygyr çopany bardy. Gördi, kim, galany aldylar, gaçdy, teküre bardy. Aýasofiýa alyndygyny habar berdi: — Ne oturarsyz? Üstüňize ýagy geldi, başyňyz ýaragyn görüň —diýdi. Tekür beglerin jem eýledi: — Bular-le ne mydara kylalym —diýdi. Begler aýtdylar: — Munuň mydarasy oldur, kim, Gazany çykararys, olara barabar ederis. Bu sözi maslahat gördüler. Bardylar Gazany çykaryp, tekür öňüne getirdiler. Tekür aýdar: — Gazan beg, üstimize ýagy geldi. Bu ýagyny üstümizden aýyrsaň, seni goýbereli-diýdiler. Hem salgyda boýun bolaly. Sen dahy ant iç, kim, bu biziň ile ýagylyga gelmeýe sen-diýdiler. Gazan aýdar: — Walla-billa, dogry ýoly görürkäm, egri ýoldan gelmen - diýdi. Kapyrlar: «Gazan gowy ant içdi» diýip söwündiler. Tekür goşunyn ýygnap, meýdana geldi. Çadyr dikdirdi. Kapyr leşgeri Gazanyň üstüne ýygyldy. Gazana geýim getirdiler. Gylyç we naýza we çişli taýak we beýleki jeň esbabyn geýdirdiler. Bu mahalda oguz erenleri topar-topar geldi. Güpür-güpür tebiller, nagralar çalyndy. Gazan gördi, kim, leşger öňünçe bir ak boz atly, ak baýdakly, egni bek demir donly oguzyň öňünçe geldi. Çadyryn dikdirdi. Alaý baglady, durdy. Onuň ardynça Gara Güne geldi, alaý baglady, durdy. Heman bu ýerde Gazan aty meýdana sürdi, gyrym diledi. Boz atly Beýrek at depdi, meýdana girdi. Gazan bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Galkybany ýerinden turan ýigit, ne ýigit sen? Egni bek demir donun geýen ýigit, ne ýigit sen? Adyň nedir ýigit, diýgil maňa — diýdi. Beýrek bu ýerde soýlamyş. Aýdar: — Mere, kapyr, sen meni bilmezmisen? Parasaryň Baýburt galasyndan parlaýyp uçan, Adaglysyn özgeler alyrkan, tutup alan, Baýbüre han ogly Bamsy Beýrek maňa diýrler, Gel bäri, mere, kapyr, dögüşeli — diýdi. Gazan bu ýerde bir dahy soýlamyş. Aýdar: — Mere, ýigit, öňünçe bu goşunyň, bir ak sanjakly topar çykdy. Çadyryn ilden öňden dikdi. Ak boz ata münen ol ýigit ne ýigitdir? Kimiň näsidir? Ýigit, başyň üçin diýgil maňa! Beýrek aýdar: — Mere, kapyr, kimiň näsi bolsa gerek? Begimiz Gazanyň ogludyr — diýdi. Gazan köňlünden aýdar: «Alhamdulilläh! Meniň oglanjygym beýik är bolmuş» — diýdi. Beýrek: — Mere, kapyr, nije bir ony, muny sorar sen maňa? — diýdi. Gazanyň üstüne at saldy. Perli gürzini eline alyp, Gazany çaldy. Gazan özüni bildirmedi. Garbady, Beýregi bileginden tutdy. Dartdy, çomagyny elinden aldy. Beýregiň ýeňsesine bir taýak urdy. Beýrek at boýnun gujaklady. Gaýda döndi. Gazan aýdar: — Ýa Beýrek, bar begiňe aýt, gelsin! — diýdi. Muny gördi Eýlik goja ogly döne bilmez Dülek Ewren meýdana girdi. Gazan bu ýerde soýlamyş. Aýdar: — Ala daň-le ýerinden turan ýigit, ne ýigit sen? Bedew atyn oýnadyp gelen ýigit, ne ýigit sen? Är ärden adyn ýaşyrmak, aýyp bolar, Adyň nedir ýigit? Diýgil maňa — diýdi. Dülek Ewren aýdar: — Mere, kapyr, meniň adym bilmezmiň sen? Öz adyny horlaýan, ilden çykan, Elli ýedi galanyň kilidin alan, Eýlek goja ogly, döne bilmez Dülek Ewren maňa diýrler - diýdi. Naýzasyn eline alyp, at saldy. Gazany sanjaýyn diýdi, sançmady, öte geçdi. Gazan at depdi. Naýzasyn çekip elinden aldy, depesine urdy. Para-para boldy, owrandy. Aýdar: — Mere, akmak ogly! Begiňe diý gelsin - diýdi. Ol dahy gaýda döndi. Gazan ýene är diledi. Düzen ogly Alp Rüstem at depdi. Meýdana girdi. Gazan bu ýerde ýene soýlady. Aýdar: - Galkybany ýerinden tury gelen, Kazylyk atyn bitin münen, Ne ýigit sen? Adyň nedir, diýgil maňa — diýdi. Alp Rüstem aýdar: - Galkybany ýerinden tury gelen, Iki gardaş bäbegin öldürip zelil gezen Düzen ogly Alp Rüstem maňa diýrler — diýdi. Ol dahy Gazana at saldy, alam diýdi, almady. Gazan beg muňa dahy bir zarp urdy. Aýdar: — Mere, akmak, bar begiňe diý, gelsin! — diýdi. Ol dahy döndi. Gazan ýene är diledi. Orazyň jylawusyn daýysy Gara Güne tutmuşdy. Çekdi, birden elinden aldy, gylyjy dartdy. Babasynyň üstüne at saldy. Gymyldatmady çignine gylyç inderdi. Geýmini kesdi, omuzyna dört barmak deňiç ýara urdy. Alja gany şorlady, goýnuna indi. Oraz ýene döndi ki bir dahy çala. Gazan bu ýerde gygyryp ogluna soýlar. Görelim hanym, ne soýlar. Aýdar: - Gara dagym ýüksegi ogul, Garaňkyly gözlerim aýdyňy ogul, Alpym Oraz, arslanym Oraz, Ak sakgally babaňa gyýma, ogul — diýdi. Orazyň duýgy damary gaýnady. Gara gyýma gözleri gan ýaşa doldy. Atdan ýere indi. Atasynyň elin öpdi. Gazan dahy agdaryldy, ýere indi. Oglunyň boýnun öpdi. Begler Gazan-le oglanyň üstüne at saldylar, töweregini aldylar. Jemisi atdan inip, Gazanyň elin öpdüler. Ýöriban kapyra at saldylar, gylyç urdular. Derelerde, depelerde kapyra gyrgyn girdi. Galany aldylar. Kilisesin ýykyp, metjit ýapdylar. Ganly kapyr elinden babasyny dartyp aldy. Galyň oguz iline gelip çykdy. Akja ýüzli enesine buştulyk saldy. Gaza meňzär gyzy-gelini Gazana garşy gelip elin öpdüler, aýagyna düşdüler. Gazan görkli çemene çadyr, otag dikdirdi. Ýedi gün, ýedi gije toý-dügün edip, iýme-içme boldy. Dädem Gorkut geldi, gopuz çaldy. Gazy erenler başyna ne geldigin söýledi: - Hany, öwdügimiz beg erenler, Dünýä meniň diýenler, Ajal aldy, ýer gizledi, Pany dünýä kime galdy, Gelimli-gidimli dünýä, Soň ujy ölümli dünýä, Ölüm wagty geldiginde, Ary imandan aýyrmasyn! Kadyr seni namarda mätäç etmesin! Bäş keleme doga kyldyk, kabul bolsun! Ämin, ämin diýenler didar görsün, Günähiňizi ady görkli Muhammet Mustapa hormatyna bagyşlasyn, hanym heý! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |