22:15 Salyr Gazan hakyndaky rowaýatlar | |
SALYR GAZAN HAKYNDAKY KÄBIR ROWAÝATLAR WE MAGLUMATLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• SALYR GAZAN Salyr Gazan güýçli pälwan ekeni. Şol wagtlar Samarkant emirine Itemen diýer ekenler. Ol hem güýçli adam bolup, özüniň ähli raýatlaryndan paç alar ekeni. Özem gajar tiresinden bolmaly. Onsoň şo Itemen Salyr Gazandan paç almakçy bolupdyr. Salyr Gazanyň bolsa bu wagtlar tüýs diýen wagty eken-de, ýaňkyň paç almak habaryna gahary gelip oň üstüne ugraýar. Şol gidip oturşyna bir çola ýerde sähraýy türkmenlere gabat gelýär. Bu olaryň ýanyna baryp, edep-ekram bilen salam-aleýk alyşýar, soň hal-ýagdaý soraşýar. Sähraýy türkmenler Salyr Gazanyň bolşuny, edim-gylymyny halaýarlar, onuň özleri bilen bolmagyny soraýar. Emma Salyr Gazan şuň ýaly bir iş bilen Samarkant emiri Iteminiň üstüne barýandygyny aýdýar. Olar onda-da muny öz ýanlaryndan goýbermejek bolup, ony öýlendirýärler, özleriniň iň owadan bir gyzyny oňa nikalap berýärler. Şeýlelik bilen, Salyr Gazan bu ýerde ýedi ýyl galýar. Şol ýedi ýylyň içinde onuň dört çagasy bolýar, olaryň ikisi ogul, ikisem - gyz. Atlary: ulusynyňky Salyr, ondan kiçisi - Sary bolmaly. Gyzlarynyň atlaryna bolsa, Suraý hem Gülşire diýer ekenler. Salyr Gazan bu ýerde ýedi ýyl bolandan soň, ýene-de ýola çykyp, allaýarlaşyp, ugraberýä. Onuň ýoly Balh welaýatynyň üstünden barýa. Şol welaýatyň Ygbal patyşa diýen bir şasy bar eken. Oňam Senwer adynda hem owadan, hemem güýçli pälwan bir gyzy bar ekeni. Kim şony göreşde ýyksa, gyz şoňa äre barjakmyş. Bu gyzyň dabarasy dag aşyp, Salyr Hanyň hem gulagyna degýär. — O nä gyzka, biz hem bir synanşyp göräýsek näderkä? —diýip, Salyr Gazan ugraýar ýaňky gyzyň üstüne. Salyr Gazandan ozal hem köp kelläni goýup gaýdypdyrlar. Garaz, ýa öläýmeli ýa-da göreşip, basyp alaýmaly, ol gyzyň «Pylan şanyň gyzyny bizem gujaklap aldyk» diýdirjek gümany ýok-da. Bärden Salyr Gazanam barýar. Munuňam derrew habaryny alýarlar. Dem-dynjyny dürsänden soň, Salyr Gazan gyz bilen göreşe girişýär. Bir gün göreşipdir, ýykylyşyp bilmän aýrylyşdylar, iki gün göreşdiler, ýene-de ýykylyşybilmän aýrylyşdylar. Üçünji güni agşamsy weli Salyr Gazan hudaýyny çagyryberdi. Muhammetden tekýe (kömek, medet) sorap, doga okady. Gyz bolsa: — Şu bir emel edäýmesin—diýip, Salyr Gazany myhmanhanadan hon ýaly ýerigem butnadanok eken. Ertesi weli tutuşanlaryndan, gyz Salyr Gazanyň güýjüni duýdy diýýä. Ozal güýji deňeçerräk gelip duran Salyr hudaýyny ýatlap, Muhammede sygynany üçin güýji iki esse diýen ýaly artypdyr. Gyz bolsa: — Bigaýratladyňyz. Indi men seňki—diýip bagyryberipdir. Şonda-da Salyr Gazan gyzyň eline-aýagyna garaman, güpürdedip basýar aşagyna. Ana, şondan soň gyzy nikalap, Salyr Gazana beripdirler. Ol wagtlar toý gyzyň atasy öýünde tutular eken. Giýew ýigit hem bäş-üç gün şolarda bolmalymyş. Salyr Gazan hem birküç aý şol ýerde bolup öz ýurduna gaýdyp gelýär. Pälwan gyzdan Salyr Gazanyň bir ogly bolýar. Onuň adyna Tekýe Muhammet (Muhammediň kömegi, tetäregi tekýesi manysynda gürrüňçiň belligi) diýip at goýýarlar. Şondan soňra Salyr Gazan Samarkanda ugraýar. Itemen ony hezzet-hormat bilen garşylaýar: — Eger seň güýçlüligiň çyn bolýan bolsa, onda bir şertim bar, şony et— diýýär. Salyr Gazan: —Bolýar—diýen. Onda Itemen aýdýa: — Sen şu howzuň içinde ertire çenli suwdan ýeke kelläňi çykaryp oturyp bilseň, seň güýçlüligiň—diýen. O günler bolsa, tüýs gara gyş bolup, howa örän sowuk ekeni. Onda-da Salyr Gazan näme bolsa, şo bolsun edip suwa girýär. Gije gaty güýçli aýaz bolup, suw buz bolup doňup galýar, Salyr Gazanam doňýar. Ertesi Itemen gelip, arkaýynlykda onuň kellesini kesip öldürýär. Şunlukda aradan aý geçýär, ýyl geçýär, Salyr Gazanyň soňky gezekki öýlenen aýalyndan bolan tekýe Muhammet bu iki arada ep-esli ýaşapdyr, ulalyp, ösüp ugrapdyr. Oba oglanlary bilen gatym-garym bolup oýnap ugrapdyr. Özem buýem gaty pälwan bolup ösüp barýanmyş. Onsoň günleriň birinde tekýe Muhammet oba oglanlary bilen oýnaşyp ýörkä, bir oglan bilen sözi azaşyp, ony urupdyr. Ýaňky oglanam tekýe Muhammede garap: — Haý, atasy näbelli — diýip sögünipdir. Tekýe Muhammet bu söze hapa bolup ejesiniň ýanyna gelýär. Gelip: — Eje, maňa gowurga edip bersene!—diýýär. Onsoň ejesi gowurga edip berýär welin, näme bilen berse-de hiç alman: — Eliň bilen bermeseň, aljak däl—diýip duran. Onsoň ejesem: — Al onda! — diýip, gowurlyp duran gyzgyn gowurgadan gysymyny dolduryp uzadýar welin, olam ejesiniň gysymynyň daşyndan şapba tutýar. Ejesi: — Waý, goýber elim ýandy! — diýse-de, goýbermän: — Sen gönüňden gelip, atamyň kimdigini we oň şu wagt nirededigini aýtsaň goýbererin — diýýär. Ejesem: «Bolýa, aýdaýyn, goýber» diýip söz berýär. Onsoň tekýe Muhammet elini goýberýär. Iň soňunda bolsa tekýe Muhammediň kakasynyň Samarkanda Itemeniň üstüne gidip, şol ýerden dolanyp gelmändigini aýdýar. Onsoň tekýe Muhammedem, bu habary eşidýär-de, ar almak üçin Samarkant hanlygyna Itemeniňkä garşy ugraberýär. Şol gidip oturşyna munuň ýolam şol çöl içindäki sähraýy türkmenleriň mekanyna baryp ýetýär. Baransoň, soraşyp-ideşip görseler, bu asyl şol Salyr Gazanyň ogly bolup çykýar. Bu wagta çenli Salyr Gazanyň bu ýerdäki çagalary eýýäm ýetişip adam bolup gidipdirler. Onsoň olar biri-birleri bilen tanyşýarlar. Baryp Itemeni öldürip, atalarynyň maslygyny-da tapyp, onuň kellesini, göwresini birikdirip, alyp gaýdýarlar. • MAGLUMATLARY BERENLER: Gurbandurdy Çaryýew (Saragt etraby), 1908-nji ýylda doglan. Mämmetýaz Begmyradow (Saragt etraby) — 74 ýaşly. 1966-njy ýylda. Gyşamma Sopy. (80 ýaşly). Akja Hudaýnazar — Akja işan, (Mary oblastynyň Stalin raýon Şordepe Oba Sowetine garaşly «Leningrad» kolhozy). 1947 ýyl. Pürli Öwez ogly, (Mary oblastynyň Stalin raýonynyň Mülkýazy Oba Sowetiniň «Sosializm» kolhozy) 68 ýaşly. 1947-nji ýyl. Hoşaly Baýmuhammet ogly (Mary oblastynyň Wekilbazar raýonynyň Mülkýusup Oba Sowetiniň «Krasnyý Oktýabr» kolhozy) 82 ýaşly. 1947 ýyl. • SALYRLARYŇ SALYR GAZAN BOLAN ÝERI «Türkmen biziň türkümizdir, Türkmen biziň görkümizdir». Muhammet pygamber aýdýar. Muhammet pygamber bir halk bilen uruşyp ýörkäler, Salyr baba goşunlary bilen onuň üstüne barýar. Araplar, ýagny Muhammet pygamberiň goşunlary Salyr baba arap dilinde «ur» diýýärler. Onda Salyr baba olaryň sözüne düşünmeýär. Onda Muhammet pygamber aýdýar: «Bu türkdir, muňa türkçe aýdyň» diýýär. Şundan soň araplar Salyr baba türk dilinde «duşmany ur» diýip aýdýarlar. Salyr baba hem öz goşuny bile araplaryň tarapdary bolup, urşup başlaýar. Salyr baba gaty zor güýçli adam bolupdyr. Uruş gutarýar. Salyr baba araplar bilen birlikde üstünlikli ýeňiş gazanýarlar. Uruş gutaran soň araplaryň, Muhammet pygamberiň goşunlary we Salar babanyň goşunlary nahar edinmekçi bolýarlar. Nahar edinmäge gazan tapdyrmaýar. Onda Salyr baba aýdýar: — Mende gazan bar — diýýär. Ýagdyr, bürünç soraýar. Akderiniň (Ärsarynyň bir tiresiniň ady), babasy ojak gazýar. (Ýarym ojak). Ak (lakamy Berzer hoja) oduna gidýär. Şunluk bilen Muhammet dagy bilen bilelikde nahar edinýärler. Şondan soň Salyr baba Salyr Gazan adyny goýýarlar. • MAGLUMAT BEREN: Mämmetýaz Begmyradow, (Saragt etraby) — 74 ýaşly. 1966 ý. Bu maglumaty belli derejede Salar Babanyň eseri hem tassyklaýar. Onda şeýle diýilýär: «Bu patyşa döwründe (Gaýy Ýynal A.A.) Hezreti Muhammet Mustapa sallallahy alaýhy wesellem peýda boldy we Bardude Kerenjigi onuň hyzmatyna iberip, musulman boldy. We Gorkut baýat neslindendir....» # Golýazmalar instituty, 528 bukja. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |