08:37 Döwhe goja ogly Däli Domrul boýny beýan eder | |
KITABY DÄDEM GORKUT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
DÖWHE GOJA OGLY DÄLI DOMRUL BOÝNY BEÝAN EDER Hanym heý! Meger, hanym, oguzda Döwhe goja ogly Däli Domrul diýrlerdi bir är bar idi. Bir gury çaýyň üstüne bir köpri gurdurmyşdy. Geçenden otuz üç akja alardy, geçmeýenden ura-ura kyrk akja alardy. Muny neçün beýle ederdi? Onuň üçin ke, "menden däli, menden güýçli är barmydyr, ke çyka, menim-le söweşe diýrdi. Meniň ärligim, bahadyrlygym, çalasynlygym, ýigitligim Ruma-Şama gide, çawlana" diýrdi. Meger, bir gün köprüsiniň ýamajynda bir bölek oba gonmuş idi. Ol obada bir ýagşy ýigit hassa düşmüş idi. Alla emri-le ol ýigit öldi. Kimi ogul diýip, kimi gardaş diýip aglady. Ol ýigit üsti mäkäm gara hasrat boldy. Nägehandan Däli Domrul çapar ýetdi. Aýdar: — Mere, akmaklar, ne aglarsiz? Menim köprüm ýanynda bu gowga nedir, näme pygan edersiz - diýdi. Aýtdylar: — Hanym, bir ýagşy ýigidimiz öldi, oňa aglarys - diýdiler weli, Däli Domrul aýdar: — Mere, ýigidiňizi kim öldürdi? Aýtdylar: — Walla beg ýigit, Allatagaladan buýruk boldy. Al ganatly Ezraýyl ol ýigidiň janyn aldy. Däli Domrul aýdar: — Mere, Ezraýyl diýdigiňiz ne kişidir, kim, adamyň janyn alar? Ýa Kadyr Alla, birligiň, barlygyň haky üçin Ezraýyly meniň gözüme görkezgil, söweşeýin, çekişeýin, direşeýin. Ýagşy ýigidiň janyn gutaraýyn. Bir dahy ýagşy ýigidiň janyn almasyn - diýdi. Gaýtdy, döndi, Däli Domrul öýüne geldi. Haktagalaýa Domrulyň sözi hoş gelmedi. — Bak-bak, mere, däli akmak, meniň birligim bilmez, birligime şükür kylmaz. Meniň uly dergähimde gezer, menlik eýleýe - diýdi. Ezraýyla buýruk eýledi, kim: — Ýa Ezraýyl, bar ol dahy däli tentegiň gözüne görüngil, meňzini saraltgyl - diýdi. - Janyny hyrlatgyl, algyl - diýdi. Däli Domrul kyrk ýigidi-len iýip-içip oturarkan, nägehandan Ezraýyl çyka geldi. Ezraýyly ne diňçi gördi, ne gapyçy. Däli Domrulyň görer gözi görmez boldy, tutar elleri tutmaz boldy. Dünýä-älem Däli Domrulyň gözüne garaňky boldy. Gygyryp Däli Domrul soýlar. Görelim hanym, ne soýlar. Aýdar: — Mere, ne haýbatly goja sen, Gapyçylar seni görmedi, Diňçi seni duýmady. Meniň görer gözlerim görmez boldy, Tutar meniň ellerim tutmaz boldy, Titredi meniň janym joşa geldi. Altyn bulgurym elimden ýere düşdi. Agzym içi buz kibi, Süňklerim duz kibi boldy, Mere, sakgaljygy akja goja, Gözjagazy çöňňe goja, Mere, ne haýbatly goja sen, diýgil maňa, Kazam, belam tokunar bu gün saňa! — diýdi. Beýle diýgeç, Ezraýylyň gahary geldi. Aýdar: — Mere, däli akmak, gözüm çöňňe idigin ne begenmez sen, gözi gökjük gyzlaryň, gelinleriň janyn çok almyşam. Sakgalym agardygyna ne begenmez sen, ak sakgally gojalaryň gara sakgally ýigitleriň žanyn çok almyşam. Sakgalym agardygynyň manysy budur — diýdi. - Mere, däli akmak, öwünerdiň, diýrdiň: «Al ganatly Ezraýyl meniň elime girse, öldüreýdim. Ýagşy ýigidiň žanyn onuň elinden gutarardym» diýrdiň. Imdi, mere, däli, geldim ke, seniň janyň alam, berermi sen? Ýogsa menim-le jeň edermi sen? — diýdi. Däli Domrul aýdar; — Mere, al ganatly Ezraýyl senmi sen? — diýdi. — Hawa, menem — diýdi. — Bu ýagşy ýigitleriň janyn senmi alar sen? — diýdi. — Hawa, men alaram — diýdi. Däli Domrul aýdar: — Mere, gapyçylar gapyny gabaň — diýdi. - Mere, Ezraýyl, men seni giň ýerde istärdim, dar ýerde oňat elime girdiň bolamy? — diýdi. - Men seni öldüreýin, ýagşy ýigidiň janyn gutaraýyn - diýdi. Gara gylyjyn syrdy, eline aldy. Ezraýyly çalmaga hemle kyldy. Ezraýyl bir gögerçin boldy, penžireden uçdy gitdi. Adamylar ewreni Däli Domrul elin eline çaldy, kah-kah güldi. Aýdar: — Ýigitlerim, Ezraýylyň gözüni eýle gorkutdym ke, giň gapyny goýdy, dar bajadan gaçdy. Çünke meniň elimden gögerçin kibi guş boldy, uçdy. Mere, men ony goýmyýam, laçyna aldyrmaýynça - diýdi. Turdy, atyna mündi. Tugunyn eline aldy, ardyna düşdi. Bir-iki gögerçin öldürdi. Döndi, öýüne geli ýörerkän, Ezraýyl atynyň gözüne göründi. At ürkdi, Däli Domruly göterdi, ýere urdy. Gara başy sarsdy, ejiz galdy. Ak göwsüniň üstüne Ezraýyl basyp gondy. Baýa myrlardy, indi hyrlamaga başlady. Aýdar: - Mere, Ezraýyl, aman, Taňrynyň birligine ýokdur güman, Men seni beýle bilmez idim, Ogurlaýyn jan aldygyň duýmaz idim, Dökmesi beýik biziň daglarymyz bolar, Ol daglarymyzda baglarymyz bolar, Ol baglaryň gara salkymly üzümi bolar, Ol üzümi sykarlar, al şeraby bolar, Ol şerapdan içen esrik bolar. Şeraply idim duýmadym, Ne söýledim, bilmedim, Beglige irmedim, ýigitlige doýmadym, Janym alma, Ezraýyl, medet! — diýdi. Ezraýyl aýdar: — Mere, däli akmak, maňa ne ýalbarar sen. Allatagala ýalbar. Meniň-de elimde ne bar? Men dahy bir ýumuş oglanyýam — diýdi. Däli Domrul aýdar: — Ýa, pes, jan beren, jan alan Allatagalamydyr? — Beli, oldur! — diýdi. Döndi. Ezraýyla: — Ýa, pes, sen ne eýlemeklikde sen, sen aradan çykgyl. Men Allatagala ile habarlaşaýyn — diýdi. Däli Domrul bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Ýujalardan ýuja sen, Kimse bilmez, nije sen, Görkli Taňry! Nije jahyllar seni gökde arar, ýerde istär. Sen hut mömünler köňlünde sen, Daýym duran jepbar Taňry! Baky galan setdar Taňry! Meniň janymy alar bolsaň, sen algyl. Ezraýyla almaga goýmagyl — diýdi. Allatagalaýa Däli Domrulyň bu ýerde sözi hoş geldi. Ezraýyla neda eýledi: — Kim, çün däli akmak meniň birligim bildi, birligime şükür kyldy. Ýa Ezraýyl, Däli Domrulyň jan ýerine jan tap, onuň jany azat bolsun — diýdi. Ezraýyl aýdar; — Mere, Däli Domrul, Allatagalanyň emri beýle boldy, kim, Däli Domrul jany ýerine jan tapsyn. onuň jany azat bolsun — diýdi. Däli Domrul aýdar: — Men, nije jan tapaýyn? Meger bir goja babam, bir garry enem bar. Gel gideliň, ikisinden biri bolaý ki, janyn bere, algyl, meniň janymy goýgul — diýdi. Däli Domrul sürdi, babasy ýanyna geldi. Babasynyň elin öpüp soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: — Ak sakgally, yzzatly janym baba, Bilirmisen näler boldy?! Küpür söz söýledim, Haktagalaýa hoş gelmedi. Gök üstünden al ganatly Ezraýyla emr eýledi, uçup geldi. Akja meniň göwsüme basyp gondy, Hyryldadyp datly janym alar boldy. Baba senden jan dilärem, berermi sen? Ýogsa ogul Däli Domrul diýip aglarmy sen? Babasy aýdar: — Ogul, ogul, aý ogul! Janym parasy ogul, Dogdugynda dokuz bugra öldürdigim, arslan ogul, Tüýnügi altyn ban öýümiň gabzasy ogul, Gaza meňzär gyzymyň-gelnimiň güli ogul, Garşy ýatan gara dagym gerekse, Söýle, gelsin, Ezraýylyň ýaýlasy bolsun, Sowuk-sowuk çeşmelerim gerekse, Oňa içit bolsun. Teble-teble şabaz atlarym gerekse, Oňa münüt bolsun. Hatar - hatar düýelerim gerekse, Oňa ýüklet bolsun. Agaýylda akja goýnum gerekse, Gara tagan astynda onuň söwüşi bolsun. Altyn-kümüş pul gerekse, Oňa harçlyk bolsun. Dünýä şirin, jan eziz, Janyma gyýa bilmen, belli bilgil, Menden eziz, menden söwgüli eneňdir, Ogul, eneňe bargyl - diýdi. Däli Domrul babasyndan ýüz bolmaýyp sürdi, enesine geldi. Aýdar: — Ene, bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünde al ganatly Ezraýyl uçup geldi, Akja meniň göwsümi, basyp gondy. Hyrladyp janym alar boldy. Babamdan jan diledim, ene, bermedi. Senden jan dilärem, ene. Janyň maňa berermi sen? Ýogsa ogul Däli Domrul diýip aglarmy sen? Ajy dyrnak ak ýüzüňe çalarmy sen? Gargy kibi gara saçyň ýolarmy sen, ene! — diýdi. Enesi bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Enesi aýdar: — Ogul, ogul, aý ogul, Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul, Dolama sallançaklarda beledigim ogul, On aý diýende dünýä ýüzüne getirdigim ogul, Dolap-dolap ak süýdimi emdirdigim ogul, Akja burçly galalarda tutulaýdyň ogul, Özge dinli kapyr elinde tussag bolaýdyň ogul, Altyn-akja güýjüne salybany seni gutaraýdym ogul, Ýaman ýere barmyşsen, bara bilmen, Dünýä şirin, jan eziz, Janymy gyýa bilmen, belli bilgil — diýdi. Enesi dahy janyn bermedi. Beýle diýgeç, Ezraýyl geldi, Däli Domrulyň janyn almaga. Däli Domrul aýdar: — Mere, Ezraýyl, aman, Taňrynyň birligine ýokdur güman. Ezraýyl aýdar: — Mere, däli tentek, dahy ne aman dilärsen? Ak sakgally babaň ýanyna bardyň, jan bermedi, ak pürçekli eneň ýanyna bardyň, jan bermedi, dagy kim berse gerek — diýdi. Däli Domrul aýdar: - Hesretim bardyr, duşuşaýyn — diýdi. Ezraýyl aýdar: — Mere, däli, hesretiň kimdir? Aýdar: — Ýat gyzy halalym bar. Ondan meniň iki oglanjygym bar, amanatym bar. Duýduraýyn olara. Ondan soňra meniň janym ala sen - diýdi. Sürdi halaly ýanyna geldi. Aýdar: — Bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünde al ganatly Ezraýyl uçup geldi. Akja meniň göwsümi basyp gondy, Datly meniň janymy alar boldy. Babama ber diýdim, jan bermedi, Eneme bardym jan bermedi. Dünýä şirin, jan datly diýrler, Imdi ýüksek-ýüksek gara daglarym, Saňa ýaýlag bolsun. Sowuk-sowuk suwlarym, Saňa içit bolsun. Teble-teble şabaz atlarym, Saňa münüt bolsun. Tüýnügi altyn ban öýüm, Saňa kölge bolsun. Hatar-hatar düýelerim, Saňa ýüklet bolsun. Agaýylda akja goýnum, Saňa söwüş bolsun. Gözüň kimi tutar ise, Köňlüň kimi söwer ise Sen oňa bargyl, Iki oglanjygy ýetim goýmagyl — diýdi. Aýal bu ýerde soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Ne diýr sen, ne soýlar sen? Göz açyban gördügim, Köňül berip söwdügim, Goç ýigidim, şabaz ýigidim, Datly damak berip soruşdygym, Bir ýassykda baş goýup emişdigim, Garşy ýatan gara daglary, Senden soňra men neýlerem, Ýaýlar bolsam, meniň görüm bolsun, Sowuk-sowuk suwlaryň içer bolsam, Meniň ganym bolsun, Altyn-akjaň harçlar bolsam, Meniň kepenim bolsun, Teble-teble şabaz atyň müner bolsam, Meniň tabydym bolsun, Senden soňra bir ýigidi, Söwüp barsam, bile ýatsam, Ala ýylan bolup meni soksun. Seniň ol muhannet eneň, babaň Bir janda ne bar ke, saňa gyýamamyşlar, Arş tanyg bolsun, kürsi tanyg bolsun, Ýer tanyg bolsun, gök tanyg bolsun, Kadyr Taňry tanyg bolsun, Meniň janym seniň janyňa gurban bolsun - diýdi. Razy boldy. Ezraýyl hatynyň janyn almaga geldi. Adamylar ewreni ýoldaşyna gyýmady. Allatagalaýa bu ýerde ýalbarmyş. Görelim, nije ýalbarmyş. Aýdar: —Ýujalardan ýuja sen, Kimse bilmez, nije sen, Görkli Taňry! Çok jahyllar seni gökde arar, ýerde istär, Sen hut mömünleriň köňlünde sen, Daýym duran jepbar Taňry, Uly ýollar üstünde, Ymaratlar guraýyn, seniň üçin, Aç görsem doýuraýyn, seniň üçin, Ýalaňaç görsem don ataýyn, seniň üçin, Alarsaň ikimiziň janyn bile algyl. Goýar iseň ikimiziň janyn bile goýgul. Keremi çok, Kadyr Taňry - diýdi. Haktagalaýa Däli Domrulyň sözi hoş geldi. Ezraýyla emr eýledi: - Däli Domrulyň atasynyň, enesiniň janyn al. Ol iki halala ýüz kyrk ýyl ömür berdim - diýdi. Ezraýyl dahy babasynyň, enesiniň dessine janyn aldy. Däli Domrul ýüz kyrk ýyl ýoldaşy-le ýaş ýaşady. Dädem Gorkut gelibän boý boýlady, soý soýlady: — Bu boý Däli Domrulyň bolsun. Menden soňra alp ozanlar söýlesin. Alny açyk jomart erenler diňlesin - diýdi. - Ýom bereýin hanym! Ýerli gara daglaryň ýykylmasyn, Kölgelije gaba agajyň kesilmesin, Dolup akan görkli suwuň guramasyn, Kadyr Taňry seni namarda mätäç etmesin, Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk, Kabul bolsun! Ýygyşdyrsyn, düýrüşdirsin, günäňizi Ady görkli Muhammede bagyşlasyn, hanym heý! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |