18:34 Garadäli Gökleň | |
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN
Aýdym-saz sungaty
■GARADÄLI GÖKLEŇ 20‐nji asryň başynda Hywa hany Amyderýadan ägirt köp meýdany suwlandyrmaga ýeter ýaly suw almagy başarýar. Hywanyň töwereginde bolsa suw berseň gyzyl öndürjek mes toprakly ýerler näçe diýseň bardy. Hywanyň mes topragynyň tarypyny ýetirýän bir gepem bar:"Mazarystanlygy suwarsaň,hakyt adam gögerýärmiş" Ynha, şol gonamçylyga suw berseň adam gögerýän mes toprak, bol suw, ýöne daýhan bolmasa, diňe ýer bilen suw hasyl öndürenok. Hywa hany Amyderýadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güýjüni toplamagyň ugruna çykýar, çünki bol suwy ýerlikli peýdalanmak üçin uly‐uly ýaplar gazmaly,ekin eker ýaly ýerler açmaly. Garaz, adam güýji näçe diýseň gerek. Işçi güýjüni toplamak üçin MUHAMMET RAHYM han çar tarapa çapawullap başlady. Ol töwerekdäki merkezleşen döwleti bolmadyk ownuk halklary talaýardy, daýhanlyga ýarajak adamlary Hywa sürgün edýärdi, ýesir alýardy. Şeýle basybalyjylykly çozuşlaryň iň ulusam 1820-nji ýyllarda boldy. Muhammet Rahym han GARRYGALA hem ARKAÇ Türkmenlerini ýesir alyp Hywa sürgün edip äkidýär. Som‐saýak bolup Hywa ugran halk gyzylbaş nowruzy günlerinde yzyny üzmän ýagýan gar gatyşykly ýagyşyň içinden barýardy. Bosgunlaryň köp sanysy açlykdan, batyp‐çummekden, sowukdan ýaňa heläk bolýardy. Şol ýesirleriň arasynda beýik sazanda GARADÄLI GÖKLEŇ hem bar eken. Biziň şu günlerki "Ýandym" ady bilen diňleýän sazymyz Garadäliniň ömür mukamydyr, çünki ýandym sazynyň 1-nji bölümi şol Hywa sürüşligiň, bosgynlygyň ahy‐nalasyny suratlandyrýar. Şonuň üçinem "Ỳandym" diňläniňde, han atlylarynyň halys tapdan düşen ýesirleri Gamçylap çalt ýöretjek bolşy, batyp‐çümüp, ýykylyp‐sürşüp barýan garrylaryň, gelin‐gyzlaryň ahy-nalasy göz öňüne gelip, diňleýjiniň ýüregini gyýym‐gyýym edýär. Bu pajygaly ýagdaýy Garadäli öz sazy bilen beýan eden bolsa, Zelili şahyr ol uçursyz agyr ýagdaýy: Sürüldiler il barysy eňşeşip, Pyganyna daglar‐daşlar gymşaşyp, Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp, Bulutlar durdular nala, Seýidi. Ýa-da Ýesiriň ilersi barypdyr Tähran Gaýrasy dolupdyr Hywa Seýidi. Diýip suratlandyrylýar. Sazyň ikinji bölümi Garadäli Gökleň Hywada ýesirlikde çeken agyr günleri hakynda, sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor düşüp, gapy gezişi hakynda Ynha, şu ýagdaýlara salgylansaň "Ýandym" sazynyň birden döremän, köp ýyllaryň dowamynda kämilleşendiginigöz ýetirmek kyn däl. Döreýiş möwritini köp ýyllarda, köp wakalara bagly bolşy ýaly, sazyň ady hem dürli‐dürlidir. Ilki başda sazyň ady "Garadäli Gökleňiň ýas mukamy" bolupdyr. Garadäli gökleň ölenden soň bolsa,ol saz özüni döredeniň adyny göteripdir "Garadäli Gökleň" bolupdyr. Iň soňunda bolsa bu iňňän kämil elegiýanyň taryhyndan bihabar kimdir biri, onuň plastinkada "Garadäli Gökleň" adyna garaman "ýandym" diýip goýberipdir. Bu elegiýa häsiýetli, Iňňän kämil aslyýetinde, uly göwrümli eser Garadäli gökleňiň ömür mukamydyr. Gaýtadan düzen: Arne GOLI. Taryh ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||