17:42 Atçapar mukamy | |
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN
Aýdym-saz sungaty
◼ATÇAPAR MUKAMY Aýdogdy aga süýrgünortanlar öýüne dolandy. Gelse öýünde myhman bar ekeni. Ol myhmanlar bilen saglyk‐amanlyk soraşdy. Demlenip getirlen gök çaýy olaryň öňüne süýşürdi. Özem bir çäýnegi öňüne çekdi. Ara düşen dymyşlygy myhmanlar bozdy. ‐‐ Aýdogdy aga armaweriň ! ‐‐ Bar bol oglum. Bi ýyl daýhan bolup, armasa bolar‐da. Ỳogsada, ýigitler, menlik işiňiz bolsa aýdyp oturyň. Meniň‐ä gürrüňim gutarmaz. ‐‐Aýdogdy aga, habarmyzy aýtsak, özümiz‐ä Kazy oýundan. Körpe inimiziň aýagyny duşmakçy. Şol toy sowar ýalym diýip gelşimiz. Sähet çopan diýseň, gumlular tanar! ‐‐ Hoş habaryňyz bar eken. Allaberdi janyň aşygy diýseňizläň. Gaty gowy, onuň başy dik bolsa mähetdel etmän toýa barar…. Gumlular gaýdansoň, üç gün diýilende Allaberdi öýe dolandy. Oglunyň salam berşinden juda argynlygyny aňsa‐da, Aýdogdy aga gelip‐gidenleriň sargydyny bada‐bataýtdy. Allabardi çokaýynam çykarman düşegiň üstüne göwresini göýberdi. Ulydan demini aldy. ‐‐ Kaka, toýam toýdyr weli, hany oraga haçan başlaly? Men‐ä günde‐günaşa ýolda. Öýe kömegim degenok. ‐‐ On‐a gaýgy etme. Bagşy diýeniň il ogludyr. Iliň ýumuşyna ýarasaň, ataňa‐da kömek berdigiň bor. ‐‐ Be… ‐‐ Aý ogul, ene‐ataň bir nydar eder‐le. Ýöne iki gözüň dört bolansoň, ýagdaý kynlaşaýmasa ýaban ýatyp ýörmegiň bir hilli. Ana, şol gelne agyrrak düşäýbiridir. ‐‐ Be, Kaka, şu diýeniňä dogry. Nirä gitseň bile gitjek bolsa ber habary. ‐‐ Ogul, diňle, bir tymsal aýdyp bereýin. Obada bir owadan gyz bolupdyr. Aýdym‐sazyňam ölemen aşygy eken. Ene‐atasam gyzlarynyň häsiýetine belet bolansoňlar, göwnüni ýykman, bagşa beripdirler. Näme, aý‐günem geçip dur. Günleriň birinde ol gyz atasy öýüne görme‐görişe barypdyr. Goňşy‐golamlary üýşüpdirler. Hal‐ahwal soraşypdyrlar. Gürrüňden gürrüň çykyp sorapdyrlar. Adamysyndan içi tütäp duran gelin "wah, jan doganlar, täzeden barmaly bolsam, bagşa‐ha däl, bagşyly obada äre barmazdym." diýipdir. Menem, oglum, şol gürrüňden çekinmän duramok. Biziňem edinjek gelnimiz şeýle tetellilerden bolaýsa‐hä, näbleýin‐dä… ‐‐Kaka, beýle bir gyz almarys başgalaram bar‐la… Kel bagşy toýa gitmek üçin irgözinden ýola düşdi. Ol dördünji gün agşamara Kazy oýuna ýetdi. Sähet çopan, Kel bagşyny hormatlap, bugurçyny özi çökerdi. Gadyrly salamlaşdylar. ‐‐ Kel bagşy, adyň bilen aşnadyrys. Tamamy ödediň, berekella. Sag‐aman geldiňizmi? Ahal illeri saglykmydyr? ‐‐ Dogaýy salam ýolladylar. ‐‐ Iberen getiren sag bolsun. Adamlar, hany öýe gireliň. Sazanda öňüni başla— diýip, Sähet çopan sözüni soňlamanka, Kel bagşynyň gözi topbak‐topbak oda düşdi. Ol gapdalyndakylara ýüzlendi: ‐‐Adamlar, hol otlar öňem barmydy ýa‐da… Şol pursadam: ‐‐Haý, atly atyňa atlanaweriň‐how, ýagy çozandyr‐la how—diýen howsalaly seslar ýaňlandy. Her kim duran‐duran ýerinden atlandylar. Kel bagşam eli ýaragsyz bugurçysyna münüp olara goşuldy. Näme etjegini bilmän bugurçysyny iki tarapa säpjedip ýören Kel bagşy kelebiniň ujuny ýitirdi. Ol howatyrlanyp başlady “Wiý, meniň bolup ýörşimi. Meni bi jalagaýda kim tanaýar. Hiç kim, galtamanlaryň başyny tapyp bilmezmikäm? Belki, tapsam, gürleşerin. Bolmanda‐da elimde ýarag ýok“ diýip, ol bugurçysyndan syrylyp düşdi‐de, onuň owsaryny başyna orap, eline dutaryny alyp, garaňkylygyň içinde gum depeleriň arasynda siňdi. Ol çetidir‐sazaklara bukulyp, ýagynyň arasyna ýeteňkirledi. Kel bagşy emedekläp galtamanbaşynyň çadyryna girjek bolanda sakçylar oňa ýapyşdylar. Ony süýräp galtamanbaşynyň ýanyna alyp bardylar. Eli dutarly adamy görüp, onuň gaşlary tapyşdy. ‐‐ Bi, nämäniň alamaty! Muny nireden tapdyňyz? ‐‐Özi geldi. ‐‐Özi? Kim borsuň, aýdyp otur. ‐‐ Men‐ä iliň bagşysy. ‐‐ Il diýýäniň kim? ‐‐ Türkmen iliniň. ‐‐ Men Türkmen däl. Maňa‐ha sen tetelli bagşy gerek däl. Hany maksadyňy aýt. ‐‐ Men size töwella etmek üçin ýanyňyza gelşim. Nähak gan dökmäli diýjek bolýan. ‐‐ Nähak gan? Menem keýpine gan dökemok. Biz hanyň adamlary. Hanyň buýrugyny berjaý edýäris. Janyňdan irmedik bolsaň, dutaryňy alda yzyňy ýel çalmanka şu ýerden göteril. Ỳogsa… Kel bagşyny getirilşi ýaly südenekledip, çadyrdan alyp çykardylar‐da, garaňkylyga iterip göýberdiler. Ol dutaryny gujaklap gum garbady. Näme etjegini bilmän, ýerinden galyp gözdürtme garaňkylygyň içinde gum depeleriniň arasy bilen ýene bugurçysyny göýberen ýerine geldi. Görse, ol janawar uly çetiniň pürüni iýip duran eken. Ol bugurçysyny çökerip mündi‐de, tutuşlygyň iň gazaply ýerine haýdady. Gijäniň içinde kimiň‐kimi urup‐çapýany bilderenokdy. Gep‐üýn alaşar ýaly däldi. Kel bagşynyň uly ili bilen: ‐‐Adamlar, uruşy bes edeliň. Oýlanyp görüň. Kim bilen uruşýanyňyzy bilýärmisiňiz?— Diýip, gygyrasy geldi. Ỳöne näçe gygyrsada, ol gohy ýatyryp bilmejegine gözi ýetip, bolýan wakany doňan ýaly bialaç synlap durdy. Şol wagtam eli gylyçly bir adam onuň bugurçysynyň owsaryndan tutup ugrady. Kel bagşy zähresi ýarylan ýaly özüni çägä oklady. Görse, bugurçysyny idip barýan Sähet çopan bolup çykdy. Ol Sähedi garsa gujaklady. ‐‐Sen meni bu garma‐gürmelikde nädip tanadyň? ‐‐Tanap‐tanamaz ýaly senden başgalaryň ulydan‐kiçisi janlaryny halas etjek bolup iki ýana at salýar. Diňe sen janyňdan iren ýaly, bir ýerde butnaman duran. Heý, jeň wagtam beýdip durmak bolarmy? Hany yzymdan galma. Hä, diýmän ýowy gaýtararys. Olar indi ýeňse berip başlady. bar aladam sen bolduň. Eýläk urundym, beýläk urundym, teý tapylmadyň. Bir bolmasy iş bolaýandyr öýdüp, gara janym galmady. Sen meniň myhmanym ahyry… Duýdansyz dökülen ýagy daňa golaý ökje göterdi. Säher bilen Kazy oýunyň 7 ýaşdan 70 ýaşa çenlisi ýow meýdanynda wepat bolanlary jaýladylar. Ertesi Sähet çopan öz toýunyň ýasa öwürlenine ahmyr çekip, soňuna çykyp bilmedi . Ol ýas tutdy. Kel bagşynam zordan ýola salyp hoşlaşdy. ‐‐ Bagşy, sag‐aman bar. Nesip etse, ýene bir toý toýlarys… Ýassy wagty itleriň üýrüp başlanyny eşiden Juma çopan çäkmenini egnine atyp ardynjyrap, gapa çykdy. Bugurçysyny çökerip duranyň Kel bagşydygyny tanap, allaniçiksi boldy. ‐‐Bagşy, eýgilikmidir? ‐‐Juma aga, başyň dik, malyň tükel oturanmysyň? ‐‐Sen sorama, menem aýtmaýyn. ‐‐Hany öýe baraly. Demiňi dürse. Göwnüme bolmasa sesiň endiräp çykýan ýaly‐da. ‐‐Juma aga, ähtimal, sesimem, ýüzümem üýtgese üýtgändir. Iň gowusy, maňa nepesimi dürsär ýaly bir çäýnek çaý ber. Soň gören ahwalatymy gürrüň bereýin. ‐‐Weý, bagşy çaýyňam gürrüňi bolarmy. ‐‐Juma aga, saňa ýalan, maňa çyn—diýip, çaý öňüne alan Kel bagşy gören wakasyny gürrüň berdi‐de: ‐‐Gören ahwalatymy dutaryň diline geçirmesem, ölsemem ýadymdan çykmaz. Häzirem ýüregim endiräp dur— diýdi. Kel bagşynyň dutary zarynlap başlady. Juma çopan mahal‐mahal başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp: ‐‐Bä, bä, şeýlemi, bolmandyr. Gyrgynçylyk gursyn — diýýärdi. Kel bagşynyň dutarynyň zaryn owazy bolsa gijäniň içinde gum depelerini elendirýärdi, çöle ýaň salýardy. Ahyry Kel bagşy ýüreginde dykyn alyp duran gam‐gussany az‐kem egisdim edip, ulydan demini aldy‐da, zordan dillendi: ‐‐Juma aga, siz şu sazy ilkinji gezek diňleýärsiňiz. Özem wepat bolan şol gerçeklere ýadygär bolsun. Adyna‐da “Atçapar“ diýjek. Ol ýene şol sazy gaýtalap‐gaýtalap çaldy. "Atçapar" sazy juda gaýgyly, hasratly bolany üçin bolsa gerek, soň‐soňlar bagşylar ol saza “Hüýrlukga–hemra" dessanyndan, “Aglaryn" hem‐de Zeliliniň sözüne "ýar senden" diýen aýdymlary döredip biziň günlerimize ýetiripdirler. Ýusup BERDIÝEW. Gaýtadan düzen: Arne GOLI. Taryh ylymlarynyň kandidaty | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |