07:26 Türkmen halk aýdym-saz sungatynyň rowaýatlaryndan | |
TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN
Aýdym-saz sungaty
Gadyrly okyjy! Türkmen halkynyň durmuşy elmydama diýen ýaly agyly, hasratly bolup gelipdir. Şeýle harasatly, gussaly ýagdaýlar biziň aýdym‐sazymyza hem täsirini ýetiripdir. Siz bu eseri okanyňzda geçen ýakyn asyrlarda halkymyzyň çeken muşakgatly, şatlykly, gussaly, ajy hem süýji ýagdaýlary, han-begleriň zulum‐sütemleri we bagşylarymyzyň olra garşy göreşleriniň ýany bilen, mukamlaryň döreýiş sebäplerine, gözbaş alan ylhamlaryna göz ýetirip bilersiňiz. Şonuň bilen bir hatarda bu eseri okanyňyzda birgiden dürdäne sözleri bilen hem tanyş bolarsyňyz. Bu iş “Şabram şelpeler, Şirin nagmalar” atly Radio gepleşiginiň önümidir. Arne Goli ◼DILBER Dagyň göwsini ýaryp çykan çeşmäniň durnaň gözi ýaly dury suwy, üsti gür böwürslene basyrylan şildirewük owazly gadym ýapdan aşaklygyna gün şuglasyna aşyk bolup barha ýagtylyp, öwşün alyp akýardy. Ol bulak şol ýap bilen joşup gelşine, Köşi obasynyň çetindäki ýalpak güzere ýazylyp ýaýraýardy. Göwüni giňän adama meňzäp, asudalyk tapýardy. Şol güzeriň başynda şahalaryny çar tarapa oturan ýalňyz bir söwüt agajy bar eken. Bu goja daragtyň ýaşyny bilýän‐goýýan ýok eken. Obanyň segsen‐togsan ýaşan garrylaryndan sorasaňam, olar "meniň oglanjyk wagtymam şu söwüdiň şu durşydy" diýip jogap berer eken. Hawa, garry söwüt başyny dik asmana çekip, alys ýerlerdenem hellewläp görünýärdi. Onuň çar tarapa egilen uzyndan-uzun şahalarynyň tylla ýaprakly pudaklary, has-da gözleri dokundyrýardy. Salkyndy. Bu güzeriň başy uzun günläp, suw almaga gelen gyz‐gelinlerden doly bolýardy. Şonuň üçin bolsa gerek, bu mekana, bu jelegaýa gyzgüzer diýerdiler. Äpet söwüdiň aşagyndaky şagalaňly gyzgüzere erkek adamlar gelmezek bolardy. Atly atyny, düýeli düýesini, suwa ýakardy. Gelin-gyzlara gabak galdyrmazdylar. Uly gyzlar, gaýtarmalar, ýaş gelinler… olar munda gülüşerdi, degişerdi, derdineşerdi, iç döküşerdi. Gün gyzyberse, kä biri köýnegi‐zady bilen özüni suwa göýbärdi. Öw-hä atardy. Öz‐özleri hezil ederdi. Megerem olaryň iň erkinje pursatlary, şu gyzgüzeriň başyna gelen çaglary bolsa gerek. Gyz‐gelinleriň bir bölegi, sallana‐sallana, egni suw kädili öýüne gaýtsa, ýene bir bölegi egnine küýze gelşirip suw almaga gelerdi. Garry söwüdüň saýasyndaky gyzgüzer uzunly gün gyzyl-çog bolar durardy…Şu tomsuň şu gijesiniň howasy diýseň sergindi. Daş işiklerindäki sekiniň üstünde ýeke özi ýatan ýigidiň gözüne uky gelenokdy. Gijäniňem indi ep‐eslisi geçiberipdi. Ỳigit bir eýlesine agdarylýardy, birem beýlesine käte çyň arkan düşüp, asmandaky petreşip duran ýyldyzlara dikanlardy. Oňa ynjalyk bermeýän, ukusyny tutdyrmaýan dert-ahwalat Annagül atly gyzyň yşkydy. Ýigit eňegini ýassyga berip küýe batdy: "il-gün meni diňleýär, toý‐tomaşa bolsa, Hally ikimizi, tüweleme, ýatlaşyp dur… menem goşgy okan bolýan, Hallymam aýdym aýdyp berýär. Garyp‐gasarlar häli‐şindi maslahata‐da geläýýär. “Magtymgulyny okap ber” diýip günde–günaşa ýaşulylaram çagyrýar. Garaz, abraý alan ýagşy‐da, oňardagymyzdan saklajak bolýas. Ỳöne… At aljak bilen gelin aljaga Hudaý ýetiýrmiş diýlendir. Özüňem eşejigiňi berk guşamaly diýlendir" Ỳigit şeýdip, ham‐hyýala gark bolup ýatyşyna arzylysy ANNAGÜLI öwran‐öwran göz öňüne getirdi. Köňli joşup galama ýapyşdy. Ol ýüz ugra‐da “DILBER” diýip bir goşgy ýazdy. "Şu goşgyny hökman ANNAGÜLÜŇ özüne okap bererin…" Tomus gijesi sabyrsyz bolýar. Daň saz berenden, horazlar "Gökgöz aga" diýşip obany ýaňlandyrdy. Ỳigit howlukmaç ýerinden turdy-da, gyzgözere tarap haýdady. Gyzgüzeriň başy boşdy. "Ynha, haý diýmän gün asmana galar weli, gelin‐gyzlaryň başyn çekip, ANNAGÜLÜM geler. Ynha, Annagülüň küýzesini susýan ýeri, aýajygyny basýan ýeri.“ Dag tarapdan öwüsýän pessaýja sergin şemal äpet söwüdiň çür başyndaky ýapraklaryň şybyrdasy. Annagülüň pyşyrdasyna ogşap, başyňy sämedýär. Iniňi sandyradýar. Ỳigit öten agşamky “DILBERINI“ dilinde doga edip gaýtalaýar. Anha parlap jahan ýagtyldy. Ỳigit körpeje bagyň berenine duwlandy. Suwa ilki gelen Annagül boldy. Allanyň emridir, ýeke özi!! Ol küýzeleriniň birini dolduryp, ikinjisini suwa batyrdy. Ỳigit hem ýerinden ziňkildäp galdy : — ANNAGÜL! — Hiý, wiý, Annagylyç… Ỳigit bilen gyzyň arasynda bolan bar gürrüň şu!! Olar bir‐biriniň meňzinden doýman Dilden galyp duruberdiler. Annagylyja gurbat indi, şeýle diýip seslendi: Serim saňa sadaka, Sallangyn bäri dilber Göwsüň külli‐bulgurynyň, Gümänim nary dilber. Didaryňa muştak men, Derdime däri dilber Täze ýylyň nowruzy, Pasly‐bahary, dilber. Täze açylan nowgül sen, Men hyrydary dilber Danyşsak hylwat ýerde, Dilleriň ne ajaýyp. Zenehdanga dökülgen, Telleriň ne ajaýyp Guçsam inçe biliňden, Billeriň ne ajaýyp. Ary kimin aýrylman, Ballaryň ne ajaýyp Seniň mazaňy bermez Bagyň eňňury dilber. Gyzyň gözünden al ýaňagyna bir katra damdy. Goşgynyň yzyny okamaga maý bolmady. Gyzgüzere ýetip gelýän iki geliniň jak‐jak gülküsi päsgel berdi. Annagylyç ýumlykdy elbetde. Annagül bolsa bir küýzesini suwdan dolduryp, beýlekisini hem ýarty edip öýlerine ugrady. Gyzyň gözünden ýol boýy ýaş paýrap durdy, paýrap durdy… Sebäp Annagülüň kakasy gyzy üçin Weýsek baýlardan eýýäm galyň alypdy ahyry. Soň Annagylyç Mätäjiniň “DILBER “ goşgysyny Hally bagşy aýdym edip aýdypdyr. Hally bagşyň şägirdi Sahy Jepbarow bolsa,ol aýdymy (DILBER) biziň günlermize ýetiripdir. DILBER aýdymyny şu günlerem bagşylar ürç edip aýdýarlar. Gaýtadan düzen: Arne GOLI. Taryh ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |