15:19 Garyndaşlyk adaty | |
GARYNDAŞLYK ADATY
Pedagogika we edep-terbiýe
Eziz türkmenim! Türkmen garyndaşçyl halkdyr. Garyndaşlyk duýgusy türkmende iň ösen duýgularyň biridir. Bu türkmeniň soňky üç ýüz ýylda başdan geçiren yza gaýtgynly taryhy durmuşy bilen baglanyşyldydyr. Şol asyrlaryň dowamynda ösüş hörpi haýallaşan, san taýdan azalan türkmende gan-nebere, garyndaşlyk duýgusy taryhy yzagaýtmanyň öwezine gelen bir duýgy boldy. «Iki dogup, bir galan ýaly», «Ýitirip tapan ýaly», «Ölme-de, ýit diýleni» diýen ýaly jümleler şol döwrüň önümidir. Döwletiň, milletiň – Watanyň bähbitlerine ters gelmedik ýerinde, garyndaşlyk hem, garyndaşçyllyk hem oňat zatdyr. Türkmeniň taýpalara, tirelere, uruglara bölünendigi sebäpli, garyndaşlygyň çäkleri-de özge milletleriňkiden has giňdir. Şu tarapdan, biziň «garyndaş» düşünjämiziň many çäkleriniň durnukly hem gutarnykly däldigini görüp bolýar. Aslynda many çäkleriniň üýtgäp durýanlygy, aýdyňsyzlygy dilimiziň esasy many aňladyş aýratynlyklarynyň biridir. XXI Altyn asyrda bu babatda uly özgermeler bolup geçýär. Ruhumyzyň we aňymyzyň amaly ýüze çykmasy bolan düşünjelerimiz aýyl-saýyllaşýar, anyklaşýar we many taýdan durnuklaşýar. Munuň özi birbada göze ilmeýän içki dil üýtgeşmesi bolup, onuň aňyrsynda ruh we aň üýtgeşmeleri ýatýar. Şu uly akymyň içinde «garyndaş» düşünjesiniň serhetleride döwre görä aýyl-saýyl bolup barýar. Häzirki wagtda ata hem-de ene tarapyndan üç arka ýakymlykdaky adamlara garyndaşlar diýip bolar. Ata tarapyndan bular – dogan, doganoglan we dolanan, ene tarapyndan bolsa çykan we çykanyň iki arkasydyr. Ene we aýal dogan tarapyndan muňa ýegen we ýegenujy diýilýäni girýär. Çyn garyndaş – süňk hossardyr. Süňk hossar diýilýäniň rowaýatyny men Ruhnamanyň birinji kitabynda beýan edipdim. Şu ýerde diňe bir zady nygtamak isleýärin: adamyň ömründäki gymmatlyklar diňe bir dirilik däl, eýsem, ölüm bilenem baglanyşyklylykda kesgitlenilýär. Türkmençilikde merhumyň jesedini içki öýüne – lahata salmaga, jesedi kepene salynmazdan ozal ýuwmaga diňe süňk hossarlaryň haky bardyr. Şeýle dessurlar türkmende garyndaşlygyň güzeran däl, gaýyby – pelsepe manysynyň we ähmiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Türkmen pelsepesinde garyndaşsyza kuwwat ýokdur diýip tekrarlanýar. Munuň özi garyndaşlygyň ýeke-ýalňyzlykdan özboluşly halasgärlikdigini görkezýär. Kuwwat diňe bir durmuşdaky güzeran mümkinçilikleri, maddy eluzynlyk däldir. Agyr illi, köp garyndaşly kişiniň buýsanjy-da belentdir. Ol özüniň kökleriniň çuňlugyna we berdaşlydygyna buýsanýar. Bu buýsanç duýgusy adamyň özüni-de tijemegine, nebere at-abraýyna mynasyp bolmaga çalyşmagyna itergi berýär. Türkmende «Adam çykýan ýer» diýdirmek neberä, garyndaşlara berilýän iň ýokary bahadyr. * * * Türkmende adam şahsyýetine onuň diňe özüne seredip däl, eýsem, çykan neberesine, maşgalasyna bakybam baha berilýändir. Ilki bilen, neberä seredilýändir, ondan soň adamyň özüne seredilýändir. Şeýle ähmiýetliligi üçinem, bizde garyndaşlyk edebiniň şertleri elekden geçirilendir we anykdyr. Adam boljak bolsaň, türkmen boljak bolsaň, garyndaşlyk edebini berjaý et! Garyndaşlaryň bilen süýji dilli bol, hemdem, hem söhbet, hem dert bol, çünki sen olar bilen kökdeşsiň! Sen sebäpli olaryň ýüzi gyzmaly bolmasyn. Bu duýgy diňe bir saňa däl, ähli türkmene muwapykdyr. Her bir türkmen her bir işde, ilkinji nobatda, hossarlarynyň, garyndaşlarynyň dillerini gysga etmezlik barada oýlanar. Garyndaşlara biperwaý, sowuk bolma! Ýakynkaň, ýat boljak bolmak nä görgiň?! Ýakynlygyň lezzeti ýatlygyň sowuklygyndan oňat ahyryn! Ganyň ýakynka, ruhuňy ýat etme! Bu dünýäde süňňüňi we kalbyňy ýyladýan mähribanlygyň birem garyndaşlykdyr. Garyndaşyňa goldan gelse, kömek-ýardam ber! Türkmen arkalaşykly halkdyr, biriniň başyna iş düşse, keseden biperwaý seredip durup bilýän däldir, hökman tekge berýändir. Durmuş kerwenpisint zatdyr, hatarda ner bolanda, ýük ýerde galýan däldir. Başarsaň-a il ogly bol, ony başarmasaň, oba ogly bol, onam başarmasaň, ata-enäniň ogly bol! Başarsaň, at gazan, ony başarmasaň, at ýitiren bir bolma! Maddy harjy pesräk garyndaşlaryňdan harajadyňy gysganma, il beýikdir, biriň on bolup geler. Garyndaşlaryň toýuna-ýasyna barmazlyk edepsizligiň iň ýaramazydyr. Ýadyň toýuna çagyrylanyňda barylýandyr, garyndaşyňka çagyrylmasa-da, barlar. Garyndaşdan çakylyga garaşyp, öýke-kine etmek ownukçyllykdyr, beýle zat türkmençilikde ýokdur. Çakylyk, köplenç, daşkyrak adamlara edilýändir. Öz garyndaşyňdan aýratyn çakylyga garaşmak özüňi ýokary tutmakdyr. Garyndaşyň toýunda hyzmata garaşylýan däldir, garyndaşyň toýunda hyzmat görkezilýändir. Garyndaşyň ýasynda aýak salyp oturmak gelşiksizdir, ýaşuly bolsaň, aýat-doga okap, öz borjuňy ýerine ýetirmeli, ýaş kiçi bolsaň, ähli ownuk-düşek hyzmatlara häzir bolmaly. Garyndaşyň zyýapatynda elek bilen suw daşalýandyr. Garyndaş – garyndaşdyr, ol islege berilmeýär, olar bilen oňşukly gatnaşyk etmek islegiň däl, borjuň işidir. Näletkerde dörese, tutuş garyndaşlary ryswa edýändir, şonuň üçin her iş edeniňde, diňe özüň däl, garyndaşlaryň at-abraýy hakynda-da pikir etgin. Garyndaşlykda at-abraý – mukym, biabraýlyk – mysapyr bolsun! Adam boljak bolsaň, bigänelikde däl, märekede ulal! Hünäriň, gylygyň, aşyň bolsun! * * * Ile çörek berýän diýen at alsaň, il ownuk-uşak kemçilikleriňi geçirmäni başarýandyr, çünki, il beýikdir! Durmuş degirmeniniň daşyny aýlamaga ner kuwwaty gerekdir, beýle kuwwat garyndaşlaryňa mähribanlygyňdan gözbaş alýandyr. Garyndaşlaryňa ulumsy, tumakly bolsaň, ýatlaram seni ýat görer, garyndaşlaryňa mähriban bolsaň, garyndaşlygyňy ýatlaryň hasabyna artdyrarsyň. Ömrüňi jemagat bilen ötürgil! Ýagşy är garyndaş aýbyny açýan däldir. Ol garyndaş aýbyny gaýraty, namyslylygy bilen ýuwup aýyrýandyr. Herki bolşuň aslyňdandyr, asyllykaň bedasyla ogşama, bedasyllyga dalaşma! Garyndaşlaryň bilen mylaýym gürleş! Uly bolsa: «aga», «daýy», «daýza», «gelneje» diýip, kiçi bolsa: «ini», «jigi», «uýa», «ýegen» diýip gürleş! Söz – gudratdyr, ol garyndaşlar arasyndaky mähribanlygy artdyrar. Garyndaşlaryň bilen mal-mülk, miras, zat üstünde tersleşme! Iň oňat miras ötenleriňden galan at-abraý we olardan alan edep-terbiýäňdir. Eždatlaryňdanam kämil boljak bol, perzentleriňi özüňdenem kämil çykarjak bol! Ykbal, iş, okuw sebäpli ýat ile düşüp, dogduk mekanyňa gelen wagtlaryň garyndaşlaryňa salama barmagy endik et! Her syrgyna, her öýe girip, saglyk-amanlyk, hal-ahwal soraş! Garrylaryň göwni galkar, şeýle garyndaşlarynyň bardygyndan göwni biter, ýaşlaryň buýsanjy artar, özlerine görelde, nusga tapynarlar. Garyndaş ýigidiň öýlense, kiçilik et! Garyndaş iniň öýlense, agalyk et! Uly bolsaň, garyndaşyň toý serenjamy, kiçi bolsaň, garyndaşyň toý hyzmaty boýnuňdadyr. * * * Gyz durmuşa çykyp, baş salnanda, şaýly tahýasy baldyzyna berilýändir. Ýedi gün geçýänçä, kürteli gelniň ýanynda baldyzlary oturýandyr. Çaganyň ilkinji galpagy daýysyna syrdyrylýandyr. Çaganyň diş toýunda daýy-daýzalary köke-süýji seçýändir. Gelin gaýdyp gelende gaýynata-gaýynenä, gaýynaga-gaýynekejä sowgatly gelýändir. Garyndaşlykda algy-bergi etmek adatdyr. Garyndaşyňdan zady gysganma, ol senden abraýly garyndaş adyny gysgananok ahyryn! Durmuşda abraýly garyndaşyň ady bilen öwünýän, abraýly garyndaşyň adyna buýsanýan, emma kömek-ýardama, bitiräýmeli işe gezek gelende, başgaça bolýan adamlar duş gelýär. Bu gelşiksiz ýagdaýdyr. Abraý – ähli garyndaşlara deň berlen paý, kömek etmek hemmä deň berlen borçdur. Özüne almaly bolanda ilgeziklik edýän, özünden bermeli bolanda döwtalaplygyny ýitirýänden garyndaş gaçýandyr. Garyndaşyňy kyn gününde golda! Özüň mätäç däl, özüňe mätäç bolnanda, seniň garyndaşlygyň hakyky bahasy bildirýändir. Goldasaň, senem goldanarsyň, dalda bolsaň, seniň özüňe-de dalda bolan tapylar. Garyndaşlyk duýgusy ajap duýgudyr. Çünki ol duýgy hem süňňüňden, hem kalbyňdan gaýnap çykýan tämiz we arassa duýgudyr. Garyndaşlyk duýgusy milli duýgynyň deslapky görnüşidir. Enesini söýmedik, Watanyny, garyndaşyny söýmedik milletini söýýän däldir. Garyndaşlyk duýgusy ýürek-ruhy duýgy bolan milli duýgynyň başlangyjy we tebigy esasydyr. Diňe şol duýgynyň basgançaklary arkaly ýokary galyp, millete guwanç, millete buýsanç duýgusynyň belentligine ýetip bolýandyr. Oňat adam öz perzentlerinden beýleki çagalary-da görüp bilýän, söýüp bilýän adamdyr. Şeýle adam olara kömek edip bilse, başy gök dirär, olara kömek edip bilmese, onuň ýüregi daglanar. Elinden kömek gelmese, kömek etmek hyýaly hem arzuwy bilen ýaşar. Garyndaşlara göriplik – kalbyň betnyşanlygydyr. Ata-babalaryň öňünde dönük hem bigaýrat bolmakdyr. Ata-babalar üçin garyndaşlaryň bary-da deň perzentlerdir. Perzentler soň-soňlar başga-başga adamlar bolýandyrlar, aslynda bolsa olaryň bary birdir. Garyndaşlyk – sarsmaz, mäkäm baglanyşykdyr. Çünki garyndaşlyk adamy iki tarapdanam – gan-beden tarapdanam, ruhyýet tarapdanam baglanyşdyrmakdyr. Bu gözel baglanyşyklaryň hiç birini-de üzmejek bolgun! Garyndaşlyk – Allanyň biçimidir. Garyndaşdan aýrylyp gitjek ýeriň ýokdur. Bikemal garyndaşyň gep-gybatyny etme, oňa oňat garyndaş bolmagyň nusgasyny görkez! Garyndaşdan öýkeleme, öýkesini ýaz, garyndaşdan göwün etme, göwnüni gör! * * * Eziz ýaşlar! Siz pikir öwrüň, oýlanyp görüň! Öz obaňyzy, öz obadaşlaryňyzy söýşüňiz ýaly, tutuş halkyňyzy, ýurduňyzyň ähli künjegini des-deň söýüp bilýärmisiňiz? Söýüp bilýänsiňiz, sebäbi türkmen halky halk bolup, millet bolup, dünýäniň ýüzünde bäş müň ýyl bäri ýaşap ýör. Her bir türkmeniň beýnisinde, ruhunda, kalbynda türkmen atly beýik millete söýgi bar. Emma halkyň içinde agsak-towsagy hem bolýar. Türkmen garyndaşly halk. Her kimiň ejesiniň doglan obasy onuň daýy obasy, ähli obadaşlary bolsa daýylary bolýar. Her kimiň kakasynyň doglan obasy – agalarynyň obasy bolýar. Ynha, duran ýeriňde iki oba garyndaşyň taýyn. Halkymyz şol köne ýörelgäni dowam edip, garyndaşlyga belent sarpa goýup gelýär. Hatda gowy görmeýän, has dogrusy, halamaýan garyndaşy hem bolsa, şol garyndaşy toý tutsa, başardygyndan garyndaşlyk hormatyny saklap, sowgatly barýar, şol garyndaşynyň bir zady aýrylaýsa, mal alyp barar. Her bir türkmeniň toýunda, dabarasynda, ýasynda, üýşmeleňinde ähli garyndaşlary barar. Emma garyndaşlyk – garyndaşlyk bolýar. Käbir düşünjesi pes, emma nähilidir bir ýol bilen wezipe alan adamlar bildirip ýa bildirmän düşewüntlije orunlary garyndaşlaryna bermegi özüne belentlik, mertebe bilýär. Men Aşgabat şäherkomynyň birinjisi mahalym bir raýonyň raýkomynyň birinji sekretary bir hünärmeni aýratyn ilerläp, haýsy uly wezipä teklibini sorasam, şol kişini berip başlady. Men sorap-idäp görsem, ol onuň ýakyn garyndaşy eken. Emma otuzynjy ýyllar bir sebäp bilen Mara göçüpdir. Bir degerli wezipä ýene şol kişi hödürlendi. Men raýkomyň birinjisini çagyryp: – Her gezek şu adamy teklip edip dursuň welin, garyndaşyň dagy däldir? – diýip soradym. Hälki ant içip, awy ýalady: – Ýok-la, Sapar Ataýewiç, ikimiziň doglan oblastymyzam bir däl. Ýöne men munuň iş başarjaňlygyna belet – diýdi. – Sen bussyr-ýussur etme, hakykaty aýt. Ol partbiletinden ant içip, gözüni gyrpman, ýüzüme seredip, ýalan sözläp dur. Iň erbedi, şol teklip edilýän adamyň eli egri, baran ýerinden aparjak, tutan ýerinden goparjak adam. Men: – Sen onuň iş başarjaňdygyna göwnüň ýetýän bolsa, ony raýispolkoma başlyk goýaly, sebäbi seniň ornuňa uzagyndan hünärmen gerek. Seni Magaryf ministrine orunbasarlyga hödürlemegi göz öňünde tutýaryn – diýdim. – Sapar Ataýewiç, maňa biraz puryja beriň, men şol hünärmeni ýene azajyk işde synaýyn, öwreneýin. Men sözümiň ýerine düşenine ynandym. Oňa puryja berdim. Raýkomyň birinjisi nädendir öýdýäňiz? Zawodlaryň birinde partorg bolup işläp ýören şol garyndaşyny alty aýa ýetirmän öz eli bilen «garalap», işden aýyrdy. Sebäbi ol öz omuny, öz wezipesini halas etmelidi ahyryn. – Sapar Ataýewiç, siz wagtynda duýduran ekeniňiz. Men ony doly tanamaýan ekenim. Ol iş başarjak, ýolbaşçy bolup biljek adam däl eken. Sag boluň, siz meniň gözümi açdyňyz – diýip, ol başga perdede bilbil bolup saýraýar. Görýäňizmi, ol kişiniň «garyndaşlygyny»?! Garyndaşparazlygyny?! Beýle mysallar köp... Türkmen halky sekiz asyr dagynyk halda ýaşady. Döwleti gurmak, goramak, döwlet bähbitli endiklerini ýitirenler az däl. Käbir adamlara galsa, ol öz dogan-garyndaşlary bilen ähli wezipeleri paýlaşyp, ullakan, baý döwleti şahsy emlägine öwüräýjek! Beýle pis düşünjeler nireden geldi?! Daş-töweregiňize syn ediň, siz şonda türkmeniň uly halk bolandygyna, kämil halkdygyna gözüňizi ýetirersiňiz. Her bir adam özüne muwapyk, özüne meslekdeş, pikirdeş kişi bilen dost bolýar. Her bir türkmen gyz çykaranda ýa ogul öýerende garyndaşyndan gaçyp, gowy maşgalany gelin edinjek bolýar, gyzyny gowy maşgala berjek bolýar. Owarram, öz garyndaşym diýip ogluna garyndaşynyň mynasyp däl gyzyny alyp bermeýär. Ýa türkmende: «Şu meniň garyndaşym, şonuň üçin şol gyzy söýýän» diýýän ýok. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan baý hem kuwwatly, dünýä ýaň salýan ajaýyp döwlet! Türkmenistan biziň ýeke-täk döwletimiz, mukaddes Watanymyz! Sekiz asyrlap ata-babalarymyzyň arzuw eden döwletini garyndaşlyk, para-pul ýaly maýda bähbitleriň pidasy etmek bolmaz! Mukaddes Watana mukaddeslik bilen gulluk etmeli! Beýik Türkmenistany garyndaşlykdan, maýda bähbitlerden sap, päkize hem beýik söýgi bilen söýmeli! * * * Eziz türkmenim! Külli türkmen Oguz han Türkmenden gaýdýandyr. Külli türkmeniň garyndaşlygy Oguz handan başlanýar. Biziň barymyz dogandyrys, çünki, biz Oguz hanyň tohumyndandyrys. Biziň barymyz garyndaşdyrys, çünki biz Oguz hanyň enesiniň reheminden – gamyndan çykandyrys. Şonuň üçinem milletsöýüjilik – uly garyndaşlykdyr. Öz durmuşyňda diňe bir synalarymyzyň däl, eýsem, ýüreklerimiziň – kalplarymyzyň hem garyndaşlygyny gazanjak we berjaý etjek bol! Ýürekleriň garyndaşlygy – birek-biregiň ruhy doganlygyny gazanmagy başarmakdyr. Süňňi garyndaşlaryň sanly bolsa-da, ýürek garyndaşlygyň uly bolsun! Külli türkmene garyndaşym diýen duýgyňy besläp bilseň, seniň kämil şahsyýet boldugyňdyr! Ruhnama. II kitapdan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |