05:57 Gaýtadan dogulmak | |
GAÝTADAN DOGULMAK
Sözler
(Ibrahim Golestana bagyşlanyar) Meniñ bütin barlygym - seni garañkylykdan õzüñ õzüñde gaýtalanyp, gülläp gül açmaklygyñ, ýaşarmaklygyñ soñsuz aýdyñ säherine atarmakdyr. Men bu barlykda diñe seniñ ahyñy çekdim, ah men bu barlykda seni agaja, suwa we oda bagladym. Belki ýaşaýyş- eli goşly bir zenanyñ her gün gatnaýan uzyn ýoludyr. Belki bir adamyñ õzüni dardan asan urganydyr bu durmuş. belki okuwdan õýüne dolanan çagadyr, durmuş iki sõýgüli arasunda ýakylan çilimdir belki, Ýa-da bir adamyñ kõçeden geçip baryan beyleki bir adama baş gabyny çala galdyryp "ertiriñ haýyrly" diýip parhsyz beren salamydyr bu durmuş.. Emma meniñ üçin üýtgeşik bir wagtdyr ýaşaýyş- maña seniñ umman gõzleriñde gark bolup, asman ýüzünde aýdyñlygy hem garañkylygy täsirinde birleşdirjek, ýalñyzlyk otagynda yşkyñ huzuryndaky ýekelik õlçegidir meniñ ýüregim. Ah, budur meniñ paýyma düşen, budur meniñ paýyma düşen- meniñ paýyma düşen hasrat çemek, terk edilen merdiwanlardan münüp düşüp surnugmak, hem gaýtadan kuwwatlanmak, meniñ paýyma düşen- aýralyk gülzarlygynda üznüksiz gezmelemek hem "elleriñi sõýýärin" diýen sesiñ hasratynda õlmekdir. Ellerimi çemenzarlyga uzadýaryn,sen menuñ ellerimde güller ekýärsiñ, gaytadan güllejegimi bilýärin, bilýärin, teneçirler sülük barmaklarymy mesgen eýlejek. Gulaklaryma gülden halka dakynýaryn, ellerimi, barmaklarymy gyrmyzy hyna bilen boýaýaryn.. Bir kõçe bar, meniñ ýüregimden çagalygymy ogurlan bir kõçe, bir gijede şemalyñ alyp giden bulaşan saçly, näzik boýunly bigünä gyzyñ ýylgyrşyna düşünilýärdi ol ýerde... Wagt çyzgysy- çarhyny aýlaýan ýolçulykda gurak menzilleri garşylamak, myhman bolup dõnmegiñ hakydadaky syrly õlçegidir wagt çyzgysy, Hem-de Ynha şeýledir durmuş: Biri õler, beýleki yzynda galar. Õlen gaýtadan direlmez, direlip bolmaz. hiç bir awçy ýalpakdaky kûnjini awlap bilmez. Emma men, ummanda ýaşaýan, jeññelde oýnaýan hasratdan ýüregi dilinen bir kiçijik perini bilýärin- Bir ýolçulykda hasratdan õlen we Bir menzilde Gün doganda aýdyñ säherde gaýtadan dogulan... Fürug FERRUHZAD. Rusçadan terjime: Kalba NUR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |