18:43 Gülzarlygyñ ýeñişi | |
GÜLZARLYGYÑ ÝEÑIŞI
Goşgular
Her kim bilýär, Her kim bilýär. Garyşyk pikirlerine ykmanda buludyñ Gargañ gyryk, nayza kimin sesiniñ Biz hakynda ýetirjegini illere. Sen hem men: Gülzarlygy gõrdük sowuk gädikden Oyun edyan almany ýolduk Uzakdaky baglykdan. Her kim gorkyar, Her kim gorkýar. Ikimiz ýagtylyga, suwa, ayna garyldyk. Emma gorkmadyk. Meniñ aytmaga meyl edenim: Depder gatlarynda duşuşmaga Hyýallanan iki adyñ ýüpek deýin işilşi. Meniñ bagtly saçlarymdy sõzbaşy. Seniñ gyzgyn posalaryñ yzy galan saçlarym... Balyk teññeleri deý parlayan Ak niýetli süññümiziñ kümüş reñki Ýaşaýşyñ sõzbaşy aýdymlarymyz. Soragladyk, yzladyk biz: Gijäniñ ýabany towşanlaryndan, Dañdan çeşme şildireýän tokaýdan Gaýgyly hem sowukganly deñizden, Hünjilerden dolup akýan akardan Haýbatly dagda gujurly bürgütlerden Soragladyk: Näme etmeli biz, näme etmeli? Her kim bilýär, her kim bilýär Symruglaryn sessiz sowuk ukysyna garyldyk. Ahyry hakykaty tapdyk bakjadan- Nämälim Gülşeniñ ýygra bakyşynda. Bakykygy tapdyk gaharsyz wagty- Iki Güneşiñ bir-birine bakyşyndan Menin aýtmak isleýänim: tümlükdäki gorkak pyşyrdylar däl. Gündizlere sõzbaş bolan açyk penjire hem ter-tämiz howa. Hem dereksiz zatlaryñ ýanyp gutaryşy... Üýtgeşik miwe berýän başga bir meýdan... Bigünä kepderiler zemine bakýarlar ak üçeklerden, Gizlin hasrat bilen doly perdeden... Dogulmak, dõremek, gelmeklik bagt. Biziñ sõýen ellerimiz sõzbaşy bolan, Ýürege kõpri çeken yslar, yşyklar, Şemallar bilen, Gijäniñ bir çeni Gülzarlyga gel, hem çagyr meni. Dem alanda sährañ mahmal gülleri. Çagyr meni! Çagyrşy deý bir jereniñ hõwrüni. Füruğ Ferruhzad. Rusçadan terjime eden Kalba Nur | |
|
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Bentler-rubagylar / Goşgular - 13.07.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |