11:44 Gazagystanda name bolýar? | |
GAZAGYSTANDA NÄME BOLÝAR?
Publisistika
2022-nji ýylyñ 2-nji ýanwarynda Gazagystanda benziniñ gymmatlamagyna garşy nägilelik bildirmek maksady bilen başlan we has soñra başga ugra gönügen jemgyýetçilik wakalarynyñ düýp mazmuny näme? Hakykatdanam Gazagystanda näme bolýar? By tolgunşygy we köçe hereketlerini reñkli ynkylaplara ýa-da "Arap baharyna" meñzedýänler bar, bu meñzetmeler näderejede hakykata golaý? 2022-nji ýylyñ 2-nji ýanwarynda başlan tolgunşyklar nädip köçe urşuna, topalaña, hökümeti agdarmaga, edara binalaryny we howa menzilini basyp almaga öwrüldi? Nursultan Nazarbaýewe kakdyrylyp "Gümüñi çek, garry!" sloganynyñ manysy näme? Wakalaryñ gidip direjek ýeri nire? Gazagystandaky üýtgeşmeleri eşdenimde, bular we bu ýerde ýazmadyk ýüzlerçe sowal serimden geçdi. Maksatlary näme, nämä hyzmat edýärler, täze meýilnama bilen garşyma-garşy galdykmy? Soñra nämüçin Gazagystan we nämüçin edil häzir şeýle bolýar diýip pikirlendim. Bu hereketiñ añyrsynda haýsy güýç we güýçler bar? Gazagystan tutýan meýdany boýunça Orta Aziýanyñ iñ uly ýurdy bolşy ýaly, şol bir wagtda-da nebite, gaza, urana we beýleki gymmatly tebigy magdanlara baý ýurt. SSSR dargandan soñ Nursultan Nazarbaýewiñ ýolbaşçylygynda modern döwlete öwrülen Gazagystan geosyýasy taýdan kalpgähiñ merkezinde ýer Akan ýurtdur. Ol daşy Hytaý, Päkistan, Hindistan, Russiýa we beýleki Orta Aziýa türki respublikalary bilen gurşalan möhüm geografiýada ýerleşýär. Russiýa bilen Hytaýyñ arasynda ýerleşýär we Hazar deñzini erñekleýän ýurduñ ýerleşişi beýleki Orta Aziýa respublikalaryny gujaklaýan ýaly görnüş berýär. Mahlasy ol şol döwletleriñ çatrygyny saklaýan geofragiýa eýe. Garaşsyzlygyny gazanan 1990-njy ýylyndan 2019-njy ýyla çenli N.Nazarbaýewiñ prezidentligi astynda dolandyryldy, 2019-njt ýylda Nazarbaýew ýerini Kasym-Jomart Tokaýewe berip, özi Howpsuzlyk geñeşiniñ başlygy boldy. Gazagystanyñ ilaty 19 million bolup, munuñ 70%-i gazak, 26%-i rus, 4%-I dürli etniki toparlardan ybarat. Döwlet dili gazak dili. Ruslar esasan ýurduñ demirgazygynda ýaşaýar. Ýurtda adalatly düzgün ýola goýulmandyr. Nazarbaýewiñ ýakynlary we belli-belli toparlar ýurduñ baýlyklarydyr girdejisine penjesini urupdyrlar we birjigem halkyñ aladasyny etmändirler. Para-peşgeş, korrupsiýa, eden-etdilik, garyplyk, adalatsyzlyk ýurduñ etinden ötüp, süññüne ýetipdir. Halk ýurduñ baýlyklaryndan ýeterlik derejede peýdalanyp bilenok. Bütin bularyñ üstüne edenini edip gezýän hökümet urna bolansoñ, halk bilen hökümetiñ arasy mazaly üzñeleşipdir. Ýurtda halkyñ talaplarydyr isleglerini kanagatlandyrmagyñ gamyny iýýän ýeke adam ýok. Russiýa Gazagystany öz atasyndan galan mellek ýerinden enjoy görenok. Hökümet ätjek her bir ädiminde Russiýanyñ razylygyny alýar diýen ýaly. ABŞ Gazagystany Russiýany gurşap aljak, Orta Aziýany gözegçilik astyna aljak, Päkistan, Owganystan, Hytaý, Gazagystan (muña beýleki Orta Aziýa ýurtlaryny we Eýrany-da goşup bileris) ugruny eliniñ astynda saklajak hem-de Hytaýyñ "Guşak-Ýol" maksatnamasynyñ öñüni kesjek geosyýasy sebit hökmünde görýär. Şonuñ üçinem Gazagystan bilen hyzmatdaşlyk açmak hemmetaraplaýyn alanda ABŞ-nyñ bähbidine. Hakykatdanam hytaý we gazak firmalary Gazagystanda bilelikde iş alyp barýarlar. Nebit we gaz geçirijileri boýunça köp sanly taslamalaryñ üstünde işleýärler. Aýratynam başy Pekinden başlap Londona çenli uzaýan "Täze Ýüpek ýoly" diýilýän demir ýoluñ 2500 km-lik bölegi Gazagystanyñ üstünden geçýär. ABŞ Owganystandan elem-tas bolup gaçandan soñ, ýañadandan sebite dolanyp gelmegiñ ýollaryny gözleýär. Şol pygyl bilen birnäçe ýurda agyz ursa-da, özüne baza tapyp bilmedi. - Eýsem, Gazagystanyñ ABŞ-nyñ gözünde öñe saýlanmagynyñ sebäbi nämede we munuñ bilen nämäni göz öñüne tutýar? 2019-njy ýylda Prezident wezipesine gelen Tokaýew Nazarbaýewden tapawutly syýasat ýöredip, ABŞ-dyr Günbatar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga girdi we olaryñ raýat-jemgyýetçilik guramalarynyñ alyp barýan käbir işlerine göz ýumdy. Elbetde, bu ýagdaý öñem ýetde-gütdelikde ýaşaýan we korrupsiýadan ýaña ýagyrnysy öýkenine ýapyşan garamaýak halkyñ şol raýat-jemgyýetçilik guramalary tarapyndan oýarylmagyna we hökümetiñ astynyñ opurylmagyna şert döretdi. Hususanam köp wagtdan bäri dowam eden taýýarlyklar netijesinde peýlenen pursat benziniñ gymmatlamagy bilen aýtyma geldi we häzirki tolgunşyklar döwleti, Nazarbaýewi, Russiýany nyşanalady. ABŞ-nyñ bu sebitde režimi üýtgetmegi diýmek, Orta Aziýanyñ gözegçiligini ele almak we Russiýany gurşap almak diýmegi añladýar. Russiýa muña ýol bermejegi üçin sebite girer, netijede Orta Aziýa uzak wagtlaýyn we meýilnamalaýyn haosyñ içine gapgarylar, Russiýany Ukraina, Pribaltika, Gündogar Ýewropa, Gündogar Ortaýer deñzi, Liwiýa, Siriýa bilen bir hatarda birnäçe frontda göreşmek mejburyýetinde goýarlar. Uzak wagta çekjek bu göreş Russiýany ykdysady taýdan kyn ýagdaýa düşürer. Netijede Garadeñizde Russiýany gysmak isleýän ABŞ diýseñ gowy artykmaçlyk gazanar. NATO-dyr araçy güýçler arkaly hem-ä Garadeñiz deltasyny, hem-de Orta Aziýany gözegçilik astyna alan ABŞ özüne esasy howp hökmünde görýän Russiýany bu sebitde gysyşy ýaly, şol bir wagtyñ özünde Eýrany-da demirgazykdan Orta Aziýa ýurtlary we günbatardan Türkiýe arkaly gysmagy meýilleşdirýär. Garadeñizde-de Türkiýäni Russiýa garşy ulanmaga jan edýän ABŞ biziñem gowşak ýerimiz bolan ykdysady çökgünligimizden, garyplykdan, korrupsiýadan we adalatsyzlykdan peýdalanjakdyr. Hytaýy-da Ýuwaş oleander öz esasy güýçleri we bu sebitdäki ýaranlary bilen gysmagy meýilleşdirýän ABŞ Hytaý bilen esasy harby ugurda öz güýçleri bilen gönüden-göni urşa girmezler. Bu ýerdäki uruş ýadro ýaraglarynyñ ulanylmagyny talap etjekdigi we dolulygyna ýok etmäge sebäp boljakdygy üçin by sebitdäki uruş ikitaraplaýyn deñagramlylygy üpjün etmekden añry geçmez we ýaragly çaknyşyga öwrülmez. ABŞ Orta Aziýada, Garadeñiz deltasynda we Gündogar Ýewropada wekil ýurtlary we güýçleri (terrorçylykly guramalar we hakynatutma esgerler bilen bir hatarda) ulanyp, gibrid urşuny alyp barmaga synanyşjakdyr. Elbetde, bütin bu meýilleşdirýän işleri amala aşsa we güýç döredip bilse. - Orta Aziýadaky we Gazagystandaky ýagdaýa haýsy ugra gönüger? Agzalan çaknyşyklaryñ öñi alynsa-da, eýýäm bölünişikleriñ we çaknyşyklaryñ tohumy sepildi. Mundan soñ sebitde çaknyşyklar we topalañlar köpelmese azalmaz. Terrorçylykly guramalary-da bu işiñ içine sokarlar. Fergana jülgesi we Orta Aziýa ýurtlarynyñ arasyndaky oñşuksyzlyklar sebitde birnäçe ýyla çekjek çaknyşyklaryñ sebäbi bolar. Russiýa bu sebitde hemişelik goşun saklamaga mejbur bolar we munuñ üstüni dolduryp durar. Türkiýäniñ Russiýadyr Eýran bilen düşünişmezlikleri dörär we belki-de uruşmaga mejbur ediler. - Bularyñ barsynyñ öñüni almak üçin näme edip bileris? Etmeli işimiz aslynda hemişe aýdyp ýören, ýöne hiç amala aşyryp barybermeýän meselerimiz! Ykdysady kemçiliklerimizi düzetmek gerek! Halkyñ talaplaryna üns bermek we kanagatlandyrmak gerek! Ýurduñ baýlyklaryny adalatly paýlamak gerek! Garyplygyñ we korrupsiýanyñ öñüni almak gerek! Adyl çemeleşmek gerek! Sebitleýin hyzmatdaşlyklary ýola goýmak gerek! Aslynda ABŞ-nyñ Owganystandan çykmagy bilen başlan we munuñ ilkinji sarsgynlarynyñ Gazagystanda görlen hem-de belli bir wagtdan soñam şol sebitde asyl sarsgyny başymyzdan geçirmeli döwre gadam basýarys. Türkiýe, türk dünýäsi we sebit ýurtlary bolup bu gerimleýin ýykgynçylyga edil düz-sök parçalary ýaly biri-biri bilen baglanyşykly meýilnamalardan düzülen haosa taýynlykly bolmaly. Ýagny kartinany bütewiligine görmäge, dogry çaklamaga mejburdyrys. Ýogsam bolmasa düz-sök parçalarynyñ biri-biri bilen baglanyşygyna düşünip bilmeris. Meniñ analizim-ä, bu üýtgeşmeleriñ añyrsynda ABŞ-nyñ we Günbataryñ raýat-jemgyýetçilik guramalarynyñ bardygyny görkezýär. Uzak wagtlap iş alyp barmalydygyna garamazdan, rus we gazak kontrrazwedkalarynyñ bu işlerden bihabarlygy diýseñ täsin. Derñemek gerek. Käbir analizler häzirki tolgunşyklaryñ añyrsynda Russiýanyñ ýa-da Hytaýyñ eliniñ bardygyny öñe sürýär. Russiýanyñ Gazagystanyñ we Orta Aziýa ýurtlarynyñ üstünde ykdysady taýdanam, syýasy taýdanam öñem täsiri güýçli. Şonuñ üçinem bu sebitdäki durnuksyzlyk Russiýa üçin uly howp bolup durýar. Käbirleri Nazarbaýewiñ türk nasionalizmi, Türk dünýäsi guramasy ideýasynyñ inisiatory bolmagynyñ, latyn elipbiýine geçmeginiñ Russiýanyñ gaharyny getirendigini aýdýar, emma bu mesele Russiýadan has beter ABŞ-dyr Günbatar üçin has uly howp döredýär. Hytaýa sebitde durnuklylyk gerek. Sebäbi onuñ bu ýurtda düýpli maýa goýumlary we söwda geleşikleri bar. Jemläp aýdanymda, Gazagystanda ýüze çykan we bütin türk dünýäsini gynandyran wakalardan Türkiýe bolup sapak almak hem-de gelejekde bolup geçmegije garaşylýan üýtgeşmeler babatda taýýarlykly bolmagymyzy üpjün etjek kontrrazwedkany ýola goýmagymyz gerek. Agzalýan üýtgeşmeler Türkiýe, Azerbaýjan bilen bir hatarda tutuş Orta Aziýany, Ýakyn Gündogary, Garadeñiziñ we Hazar deñiziñ ýakasyny, Afrikany, Ortaýer deñzini, Gündogar Ýewropany ýakyndan gyzyklandyrýar. Strategik derejeden başlap EMS (Esasy maglumat serişdeleri) we kontrrazwedkanyñ talaplarynyñ dogry kesgitlenmegi hem-de şol bir dogrulykda jogap berilmegi gerek. Ýogsam taýýarlyksyz üstümizi gapyl basdyrjagymyz gutulgysyzdyr. Ysmaýyl HAKKY PEKIN, Türk Ýaragly Güýçleriniñ Kontrrazwedkasynyñ öñki başlygy, ätiýaçdaky general. 07.01.2022 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |