11:20 Gazagystanda näme bolýar? | |
GAZAGYSTANDA NÄME BOLÝAR?
Publisistika
Orta Aziýada syýasy taýdan iñ durnukly ýurtlaryñ biri hasaplanan Gazagystandaky ykdysady esasly demonstrasiýalar bir demde halk hereketine öwrüldi. Köçeler bulaşan badyna komplimasiýa teoriýaçylarynyñam güni geldi: nämemiş - iñ uly günäkär "daşarky güýçlermiş". Ýagdaý şeýle bir derejä geldi welin, Türkiýedäki hökümete ýapjalyk edýän käbir habar beriş serişdeleri "Gazagystany FETÖ-çylar bulaşdyrdy" diýerlik derejede samramaga başlady. Bu tasa gelmejek teoriýalaryñ barsy ýeke-täk adamyñ režimine öwrülen hökümetler üçin gazak halkynyñ başdan geçirýän ykdysady kynçylyklary we syýasy gysyşlary sebäpli köçä çykma ähtimallygyndan örän "amatly" elbetde. Emma Gazagystanyñ içerki dinamikalaryna seredilende, bolup geçýänleriñ astynda düýpli korrupsiýa torlarynyñ bardygyny ýurduñ baýlyklarynyñ diñe bir gatlagyñ peýdasyna ulanylandygyny görmek bolýar. Tebigy baýlyklara baýdygyna, tutýan meýdanynyñ uludygyna garanda ilaty az Gazagystanda halkyñ gozgalañy garyplykdan gözbaş alýar. Nazarbaýewiñ onlarça ýyllap gönüden-göni, soñky birküç ýyldan bärem perde añyrsyndan dolandyran ýurdunda halk garaşsyzlygynyñ başky ýyllarynda ýurduñ baýlyklaryndan azam bolsa paýyny aldy. Bu ýagdaýam Gazagystanyñ ösüşiniñ özi ýaly tebigy baýlyklara eýe däl beýleki Orta Aziýa respublikalaryndan öñe saýlanmagyna sebäp boldy. Ykdysadyýetiñ görnetin gowy ösýän döwründe hiç kim Nazarbaýew hökümetiniñ "demir ýumrugyna" kän ses çykarmady we ýurtda syýasy durnuklylyk agalyk etdi. Emma COVID-19 pandemiýasynyñ ykdysady ösüşi haýallatmagy, guraklygyñ gök önümleriñ goruny azaltmagy, inflýasiýanyñ Gazagystanyñ şertlerinde ýetjek soñky derejesine ýetmegi, üstünde oturylan nebit känlerine garamazdan ýurtda elektrik togunyñ ýygy-ýygydan kesilip durmagynyñ adaty zada öwrülmegi häzirki bolup geçýän demonstrasiýalaryñ ilkinji kerpiçlerini goýdy. • Ýagdaýdan peýdalanjak bolýanlar... Köçeler bulaşansoñ, içerde-de, daşarda-da bu bulaşyklykdan peýdalanjak bolýanlar bolar, elbetde. Meselem, içerki syýasatda hut Nazarbaýewiñ öz bellän Prezidenti Tokaýewiñ ilkinji eden işi hökümetdäki "Nazarbaýew täsirini" azaltmak boldy: demonstrasiýalara berlen birinji jogap Nazarbaýewiñ Döwlet Howpsuzlyk geñeşiniñ başlygy, ýakyn garyndaşynyñam başlygyñ orunbasary wezipesinden boşadylmagydy. Tokaýew özüniñ belländigine garamazdan, öz üstünde "Nazarbaýewiñ kölegesini" berip duran hökümetiñem apparaty boşatmagyny gazandy. Görnüşi ýaly gazak prezidenti bu bulaşyklykdan Nazarbaýewiñ toparyny "agzy ganly möjek" yglan edip, güýçlenip çykmagyñ kül-külünde. Onuñ bu niýeti amala aşarmyka? Muny köçe hereketleriniñ netijesi görkezer. Tokaýewiñ ýene bir hereketi bolsa, Gazagystanyñ agzasy bolup durýan "Kollektiwleýin Howpsuzlyk Guramasyny" (KHG) kömege çagyrmagydy. KHG Russiýanyñ başyny çekýän, Orta Aziýa geografiýasynda NATO bloguna alternatiwa hökmünde gurlan harby gurama. Edil NATO-nyñ düzgünnamasyndaky 5-nji maddadaky görkezilişi ýaly, KHG-nyñ düzgünnamasynyñ 4-nji maddasynda-da agzalaryb biri howp astynda bolsa, beýlekileriñ kömege gelmegi göz öñünde tutulýar. Emma bu madda howpuñ daşardan gelen ýagdaýynda güýje girýär. Demonstrasiýaçylaryñ hötdesinden gelip bilmedik Tokaýewiñ "daşarky güýçler" we "terrorizm" sözlerine ýapyşmagynyñ sebäbi-de şu: Eger hadysalara "içerki bulaşyklyk" diýip at berilse, hukuk taýdan KHG-dan kömek sorap bolanok. KHG-nyñ Gazagystana girmegi Orta Aziýada kimiñ hojaýyndygyny-da ýer ýüzüne görkezmegi taýdanam üns bererliklidir. Türkiýäniñ öñbaşçylygynda geçen ýylyñ ahyrynda täzeden janlandyrylan, Gazagystanyñam işjeñ agzasy bolan TDG-y Moskwada gaşlaryñ gerilmegine sebäp bolupdy. Gazagystandaky bulaşyklykda TDG-nyñ täsiriniñ kagyzyñ ýüzünde galyp, Russiýa merkezli KHG-nyñ wakalara gönüden-göni goşulmagy Mokswanyñ sebitde elini hasam güýçlendiren üýtgeşme boldy. • Günbataryñ täsiri barmy? Aýdylýan sözlerde "daşarky güýçler" ritorikasy agdyklyk edende, başga bir şübheliniñem Günbatar blogy bolmagy gutulgysyzdyr. Russiýa bilen Ukraianyñ üstünden harçañlaşýan ABŞ-nyñ öñbaşçylygyndaky Günbatar blogunyñ syýasy taýdan Gazagystana burnuny sokan ýagdaýynda iñ köp peýda görjek tarap boljagyny-da aýtmak mümkin. Russiýanyñ ünsüniñ Günbatardaky Ukrainadan Gündogardaky Gazagystana gönükmegi Putin-Baýden döwresinde ABŞ-nyñ elimi güýçlendirjek başga bir unsur. Diñe Russiýa däl, Belorussiýa üçinem şeýle ýagdaý gaýtalanýar, Belorussiýanyñam goşun ýollap, ünsüni Gazagystana ýöneltmegi Lukaşenkonyñ Moskwa bilen koordinasiýa ýagdaýynda Ýewropany bosgunlar arkaly ynjalykdan düşürme prosesini paltalamaga ilgezik. Gazagystandaky wakalaryñ nirä gönükjegi belli däl, emma şu wagta çenli bolup geçen üýtgeşmeler ýurtda Nazarbaýewiñ kölegesiniñ aýryljakdygyny, ýurduñ Russiýanyñ gep-gürrüñsiz "mellek ýeri" boljakdygyny görkezýär. Galanyny wagt görkezer... Zeýnep GÜRJANLY. 08.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |