09:04 Gazanyňyz gaýnap dursun | |
GAZANYŇYZ GAÝNAP DURSUN
Söhbetdeşlik
• Kömek Kulyýew bilen söhbetdeşlik Ýazyjy bar, ýazyjy bar meselem bir ýazyjyny okaýaň halaýaň hormat goýýaň, ýöne onuň bilen duşuşmakdan çekinýäň, bilmedim howyň basylýarmy, ýa halypalaryň öňündäki aljyramak häsiýetimiz edil şony görende oýanýarmy näme. Beýleki bir ýazyjynam edil şolar ýaly okaýaň, halaýaň hormat goýýaň ýöne oňa ýygy-ýygydan ýüz tutmakdan çekineňok. Söhbetimiz Kömek Kulyýew hakynda. Edebiýata ilki geläýende „Dost gözleginde“ atly hekaýa biren giren halypa ýazyjymyz entägem dost artdyrmasyny dost gözlegini dowam etdirip gidip otyr. Köp wagtlap halypa bilen edebiýat hakynda giňişleýin söhbet etmegiň arzuwynda gezip ahyry maýyny tapdym. -Kömek aga, ilki bilen-ä bize wagt aýryp, söhbetdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Okyjylarymyzam sizi giňden tanaýar, ýaş ýazyjylar halypa hökmünde bilýär, Birnäçe talyplaryň gönüden-göni mugallymy bolup durýaňyz, menem bir okuw jaýynyň talyby, şonuň üçin halypa biziň söhbetimiz haýsydyr bir sahypada edebiýat söýüji talybyňyzyň size berýän soraglary ýaly ýüzleýräk görünmegäm ahmal, onuň üçin ötinç soraýan. Indi soraglara gelsek Kömek aga şeýleräk bir ýagdaý barda, adaty okyjylaň arasynda eser hakynda aýdylmaly bolsa „Gyzykly ekeni“ ýa-da bolmasa „Gyzykly däl ekeni“ diýen ýaly sözlere kän gabat gelinýär. Şeýle alaýaňda eseriň gyzykly bolmagy üçin wakasy (sýužeti) dartgynly bolmaly. Emma biz bilýäs prozada tip açmak, obraz döretmek diýenem düşünje bar. Halypa indi Siziň üçin haýsy has möhüm, eseriň sýužetimi ýa-da gahrymanlary? -Ikisem möhümmikä diýýän. Sebäbi, sýužet gowy bolmasa eserdäki wakalar, gahrymanlar… hersi bir ýere dagap gidýär. Galyberse-de, eserde, ylaýta-da, kyssa eserinde, drama eserinde gahrymanlaryň häsiýetleriniň açylyp görkezilmegem gerek. Olam näme, wakalaryň, ýagny sýužetiň barşynda açylmaly-da. Ana şonda has süýndürilen wakalaryň bolmazlygy üçin sýužet gaty gowy gurulan bolmaly. Ine şoň üçin, bularyň ikisem biri-birinden möhüm. -Edebiýatçylar «Ýazyjy bilip ýa-da bilmezden eserlerinde özi hakda gürrüň berýär» diýýärler… -Şu ýerde juda jaýdar bellediňiz. Ýazyjynyň ykbalyndan, durmuşyndan, hüý-häsiýetlerinden onuň eserine köp zat geçýär. Ýene bir tarapdan, «Bir ýazyjynyň ýüreginde bir däl-de, birnäçe adam oturýar» diýilýär. Sebäbi eserde häsiýetleriň dürli-dürliligi esasy gerek zat. Ony döretmek üçinem, öz içki dünýäňde birgiden beletligiň bolmagy zerur. O zatlaram näme, öz geçen durmuş ýoluňdan kemala gelýär. Şeýle bolmalam-da! Sebäbi ýazyjy, şahyr ýa dramaturg hem hüý-häsiýet tarapdan, şahsyýet tarapdan beýlekilerden üýtgeşikligi bolmasa, onda ol üýtgeşik eser ýazybam bilmez. Meň özüm-ä şuňa şeýleräk düşünýän. -Eserleriňizde «Bilemok — bir söz, bilýän — müň söz», «Aýaly akyl bilen ýeňjek bolýanda akyl ýok», «Bir siňegi öldürseň onusy onuň jynazasyna gelermiş» ýaly nakyldyr aforizme öwrülen jümlelere häli-şindi duş gelýäris. Şu hakda gürrüň beräýseňiz. -Galamdaşlarymyzyň biri degip, «Kömek Kuly gerek bolsa, nakylam ýazaýýar» diýerdi. Elbetde, ol ony degişip aýdýar, nakylyň ýazylmaýandygy düşnükli. Ýöne il içinde geziberseň, öň eşitmedik zatlaryňy kän eşidýäň. Aslynda, nakyl diýlen zadam ussahanada ýa ýene bir ýerde ýöriteläp ýasalan zat däl. Ol durmuşyň gidişinde, barşynda, öz-özünden diýen ýaly kemala gelýär. Galyberse-de, il içinde aýdan sözüni nakyl edibermeli dilewar adamlar her döwürde-de bar. Käbir nakyllar-a, wagtyň geçmegi bilen asyl nusgasyndan üýtgäberýärem. Onsoň ýazyjy käbir jüpüne düşäýjek nakyllary öz döredijilik stiline görä, ýoýmanrak, eserinde ulanaýýan wagtam az bolanok. -Kömek aga, sizi okyjylaryňyz diňe bir ýazyjy hökmünde däl-de, eýsem ussat terjimeçi hökmünde-de tanaýarlar. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda «Balzak bilen başagaý» atly makalaňyz çykypdy. Häzir kim bilen «başagaý»? -Edil häzir-ä, talyplarym, öz ýazsam-pozsam diýip ýören zatlarym bilen «başagaý». Ýöne näme, gowy bir zat okasam, şony terjime edip okyjylar bilen paýlaşasym gelýär. Şolar ýaly bolanda gowam bolýar. Redaksiýalaryň biriniň tabşyrygy bilen däl-de, terjimeçiniň öz meýli bilen, höwesi bilen edilen terjime köplenç şowly çykýar. Ine, şolar ýaly terjime edäýsem diýip ýören eserlerim bar. Onam näme, görübermeli borda, saglyk bolsa. -Höwes bilen terjime etmek diýip bellediňiz welin halypa, diýmek çet ýurt dilinde okaýan eseriňiz, adaty gowulykdan başga-da belli bir talaba jogap berýänligi üçin terjime etmek islegini oýarýan bolmaly-da? Haýsy ýagdaýlara görä saýlap terjimä laýyk hasaplaýarsyňyz? -Ilki bilen-ä türkmen okyjylarynyň düşünäýjek, kabul edip biläýjek eserlerini terjime etmäge çalyşýan. Sebäbi terjime özüň üçin däl-de, okyjy üçin edilýär. O-da okyjynyň milli aýratynlyklaryna laýyk gelmejek bolsa ýa düşünmejek bolsa onda zähmetiň yrýa boldugy bolýar. Ikinji tarapdan terjimeçiniňem öz stili bolýar. Onda-da ol ýazyjy bolsa, terjimänem gapdalyndan edýän bolsa, diýmek onda döredijilik aýratynlygam hökman bolaýmaly. Ine, onsoň terjime etjek bolýan eseriň seniň şol stiliňe gabat gelýärmi, gelenokmy, şoňa seretmeli. Eger sen şüweleňliräk, ýeňil okalýan eserleri ýazýan bolsaň, terjime etjek eseriňem şoňa göräräk bolmaly. Men häzir alagada, Dostoýewskiniň eserlerini terjime edip biljek däl. Balzagam göräýmäge, şüweleňli, ýeňil okalýan ýazyjy. Eserlerinde psihologiýa güýçli. Adamyň hüý-häsiýetlerini açyp görkezmekde-de barypýatan ussat. «Ine, şüýä maňa laýyk geler-ow» diýip başyna barýaň welin, soň bilýäň köp ýerde eýgertmeýändigini. -Eserde ýazyjynyň öz pozisiýasy bolmalymy? -Bu soraga Balzagyň şu sözleri bilen jogap beresim gelýär: «Ýazyjy aklawjam däl, garalawjam. Ol sudda protokol ýöredýän kätip». Şonuň üçinem, ýazyjy eserindäki gahrymanlarynyň birini aklap, beýlekisini garalap otursa, oň okyjy üçinem, hiç kim üçinem gyzygy bolmaz. Durmuşda tutuşlygyna gowy adamam ýok, erbet adamam ýok. Hernäçe gowy adam diýip ýöreniňem häsiýetinde hökman erbetlik tapylýar, ýa-da tersine. Onsoňam, gowulyk-erbetlik diýen zada-da her kimiň öz garaýşy bar. Ýazyjy şular ýaly zatlara çemeleşende seresabyrak boldugyça kem däl. -Eserleriňize edilýän bellikleriň arasynda haýsysy has köp gaýtalanýar? -«Kömek eserlerinde global, adamzady sarsdyraýjak meselelere ýüzlenmän, owunjak, adaty durmuşy wakalara ýüzlenýär» diýen ýalyrak bellig-ä edilýär. Ýöne meniň pikirimçe, adamzady sarsdyryp biläýjek ownuk meselelerem kän. Şonuň üçin men-ä ýazyjynyň orta atýan meselelerinde ulusy, kiçisi, ownugy diýen ýaly zat ýokmuka diýýän. -Kömek aga, biz-ä sizi okaýas, siz kimi okaýaňyz? -Okamak diýeniňde bir zady belläsim gelýär. Ýaş wagtyň okan zatlaryň seniň geljekde nähili ýazyjy bolmalydygyňy kesgitleýär. Öz döredijilik ýoluňy tapmagyňa belli-belli ýazyjylar täsir edýär. Eger çem gelen ýazyjyny okaýan bolsaň, senden hiç zat çykmazam. Şonuň üçin öz ýüregiňi gozgaýan eserleri tapyp okamaly. Meniň özüm-ä başda Şukşin, Çehow, Gogol ýaly ussatlary köp okaýadym.Ýöne döredijiligime boýdan-başa diýen ýaly täsir eden zat öz nusgawy edebiýatymyz: halk döredijiligi. Şahyrlarymyz, dessanlarymyz… ylaýta-da, meniň kyssa geçmegime sebäp bolan «Görogly» şadessany diýsemem öte geçdigim bolmaz. -Ýaş ýazyjy-şahyrlara berjek maslahatlaryňyz barmy? -Ilki bilen öz ýoluňy tapmaly. Döredijilikde iň wajyp zat — şol. Onuň üçinem, köp ýazmaly. Ýazan zadyň hemmesiniň çap bolmagy hökman däl. Ondan biri çapa ýarasa-da bolýar. Irginsiz işlemek beýniňde edebiýat hakdaky, döredijilik hakdaky pikirleriň aýlanyp durmagyna ýardam edýär. Bir söz bilen aýdanyňda, gazanyň gaýnap dursyn. -Kömek aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size işiňizde, döredijiligiňizde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris! -Sizem sag boluň! Söhbetdeş bolan: Aşyr SAPAR, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |