15:02 Gazawat urşy / Harby töleg | |
HARBY TÖLEG
Taryhy makalalar
Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryñ köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp basyp goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Ýaşaýan obalarynyñ ýerinde bolsa diñe kül üýşmekleri galdy. Ýörişiñ dowamynda obalaryna dolanmagy we boýun egmegi hyýallaryna-da getiemezlikleri olaryñ tekepbir ruhunyñ mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman Buharanyñ üsti bilen Daşkende tarap ýola düşýänça birnäçe hepde çölüñ içinde entäp, itiñ gününi gördüler. Men Ýewropa ugramazymyñ öñ ýany ýomutlaryñ öz goñşulary bolan özbekleriñ üstüne çozup, ruslaryñ ýetiren zyýanynyñ belli bir böleginiñ öwezini dolýançalar talandyklaryny eşitdim. Ýöne şondada olaryñ Kaspiniñ kenarynda, Etrekde ýaşaýan teke türkmenlerine özlerini tekeleriñ ýurduna kabul edilmegini sorap, öz ilçilerini ýollandyklaryny gürrüñ berdi. Tekeler eger ýomutlar olara raýat bolmaga boýun bolsalar, olar üçin Kaspiniñ kenarynyñ we Etregiñ gapysynyñ açykdygyny aýdypdyrlar... Kaufmanyñ maña aýdan zatlary çyn bolanlygynda, ýomutlaryñ iñ bolmanda az sanlysynyñ ol ýerik göçüp gidendigine ynanýaryn. Kaufman goş ýazdyrandan soñ, Hywa türkmenleriniñ beýleki tireleriniñ bir hepdäniñ içinde harby töleg tölemeklerini talap etdi. Eger olar aýdylany etmeseler, ýomutlaryñ gününe duçar boljakdyklaryny duýdurdy. Olar Kaufmanyñ üstüne öz serdarlaryny iberip, harby töleg tölejekdiklerini, ýöne berlen möhleti uzaltmagy soradylar. Kaufman tölegiñ möhletini 14 güne çenli uzaltdy. Türkmenler her öýden 15 tylla ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling ýygnamalydylar. Garajalar bolsa, her öýden 20 tylla ýa-da 5 funt sterling bilen 7 şilling tölemäge borçly edildi. Türkmen tireleriniñ tölemeli salgytlary jemi 42.500 funt sterlinge barabardy. Bu san nemesleriñ fransuzlardan ýygnan salgydyndanam köpdi. Onuñam üstesine türkmenler fransuzlardan has garyp ýaşaýardylar. Birki gündeb türkmenler bahasy birnäçe müñ manada barabar bolan kümüş pullary, bilezikleri we başga şaý-sepleri iberipdirler. Birnäçe günden soñ berkitmämizde geb galdyran waka boldy. Türkmenler pullaey bolmansoñ, atlaryny, düýelerini, halylaryny ýetmezlerini dolmak üçin äkeldiler. Getiren zatlaryny olar biziñ ofiserlerimize gymmat bahadan satyp başladylar. Ruslaryñ köpüsi ajaýyp türkmen atlarynyñ ölemen aşygydy. Ol atlar geçen söweşlerde özlerini görkezip bilipdiler. Onuñam üstesine-de olaryñ ýekejesinem ele salmak başartmandy. Türkmenler bu gezegem satmak üçin ýa-ha ýaramaz atlaryny getiripdirler, ýa-da olaryñ aty ýomutlaryñkyça ýokdy. Olaryñ getiren atlarynyñ insiz döşi, edil towşanlaryñky ýaly ýerleşen aýagy, ullakan kelleleridir gulaklary, inçeden uzyn guýruklary bardy. Ýallary bolsa ýok diýen ýalydy. Leýtenant Stam Hywa ýörişinde ele salnan ata seredip, türkmenleriñ atynyñ tohumynyñ zaýalanandygyny, hatda olaryb gyrgyzlaryñkyça-da ýokdugyny aýtdy. Men onuñ hakyky türkmen atyny görmändigine kepilem geçip biljek. Türkmenler öz atlaryny añsat-añsat satmaýarlar... Türkmenler getiren atlarynhmy ruslara örän gowy bahadan, ýagny 20 funt sterlingden 50 funt sterlinge çenli bahadan satdylar. Olaryñ getiren halylarynam höwes bilen satyn alýardylar. Ýogsam olja alnan haly öñem az däldi. Iñ ýaman ýerem türkmenler halylaryny örän gymmat bahalaýardylar. 4 ýard uzynlygy, 2 ýard ini bolan halylaryń bahasy 4 funt sterlingden 5 funt sterlinge çenlidi. Iñ gyzykly ýerem türkmenler aýdýan bahalaryndan bir köpügem aşak düşmeýärdiler. Isleseñ-ä aýdylan baha satyn al, islemeseñem öz ýoluñ bilen gidiber. Bu halylary türkmen aýallary dokaýar. Munuñ ýaly nepis halylara başga ýerde añsat duşmarsyñyz. Her maşgalanyñ hiç hili üýtgeşiklere sezewar bolman nesilden nesile geçip gelýän öz nusgasy bar. Halylar gyzyldyr ak reñkli ýüñden dokalyp, olaryñ käbir ýerinden inçejik ýaşyl we goñur zolaklar geçýär. Olaryñ ömürem ýyrtyljak gümany ýok. Näçe geñ görseñem, harby tölegiñ agramlysyny aýallar töledi. Her bir türkmen aýalynyñ kümüşden ýasalan bilezigi, monjugy, bilezigi, ildirgiçleri, gupbasy bolýar. Türkmenleriñ atlaryndan başga esasy baýlygy şol şaý-seplerinden ybaratdyr. Kaufman şaý-sepleriñ her funtuny 25 manatdan satyn aldy. Olar durşuna kümüşden bolup, ussat zergäriñ elinden çykan zatlardy. Olaryñ agramy-da ep-esli bardy. Iki bilezik bir funtdanam agyrdy. Olar ýukadan inli bolup, "C" harpyny ýa-da salýardy. Özlerem köplenç gyzyl çaýylan we maşat gaşlydy. Ruslarub doýmaz-dolmaz nebsini kanagatlandyrmak üçin türkmen aýallarynyñ ýüregi gyýlandyr... Ofiserler tarapyndan düzülen komissiýa 10 günläp kümüşleriñ agramyny çekip, olara baha kesmek bilen meşgul boldy. Olar her gün ertirden agşama galman işlediler. Kaufmanyñ bellän möhletine çenli ýygnalmaly salgydyñ diñe ýarsyna golaýy, ýagny 20 müñ funt sterling kabul edilip alyndy. Türkmenleriñ beýle uly mukdardaky salgydy näçe jan çekselerem gysga wagtyñ içinde ýygnap bilmejekdiklerine gözi ýeten Kaufman galan 22 müñ 500 funt sterlingi indiki ýyl ýygnamagy makul bildi. Türkmenler beýle uly mukdardaky salgydy göwünjeñlik bilen beräýenlerinde hem birnäçe hepdäniñ içinde ýygnap bilmejekdikleri göze görnüp durdy. Goşuna bolsa 1-nji sentýabra çenli, heniz sowuk düşmänkä çöllügiñ içi bilen Buharanyñ üstünden geçip, Daşkende tarap ýola düşmek hökmandy. Dogrudanam, türkmenler uly möçberdäki salgydy ýygnamak kyndy. Pul ýetmezçiginden başga-da, her öýden näçeräk salgyt ýygnamalydygyny hem anyklamalydy. Öñ aýdyp geçişim ýaly, türkmenleriñ öz döwleti ýokdy. Olarda her öý üçin salgydy kesgitläp, tölemäge mejbur eder ýaly hiç kim ýa häkimiýet ýokdy. Olar ömür salgyt diýlen zady töläp görmänsoñlar, her hojalygyñ näçeräk salgyt tölemelidigini, ony kesgitlemek üçin näme etmelidigini bilmeýärdiler. Salgydyñ möçberi uly bolansoñ ýerli salgyt ýygnaýjylar guramasyny döretmek hökmandy. Kaufman olaryñ ýaşulylaryna kömek bermek maksady bilen şular ýaly ýagdaýlarda näme etmelidigi barada görkezme berişdirýärdi. Kaufman olara salgydy her öýde näçe sygryñ, goýnuñ, atyñ, düýäniñ bardygyny hasaplap, şoña görä ýygnamagy maslahat berdi. Emma ony türkmenlere düşündirmek kyndy. Olar kimiñ maly köp bolsa, şonuñ pulunyñ azdygyny, şoña görä-de olaryñ köp mukdarda pul töläp bilmejekdiklerini, pully adamlaryñ bolsa pullaryny ýygnap goýup, umumy bähbit pul tölemekden boýun towlaýandyklaryny aýdýardylar. Kaufman olara pulsuz adamlaryñ pullulardan karz alyp, indiki ýyl onuñ ýerine sygyr ýa-da goýun berseler has amatly boljagyny düşündirjek bolýardy. Ol ýaşululara puly hemmeleriñ gatnaşmagynda karz almagy maslahat berdi. Gepiñ gysgasy ol türkmenlere milli bergini tölemek üçin öz guramalaryny döretmelidiklerini düşündirjek bolup, elinden gelenini etdi. Emma bu zatlar türkmenlere geñdi. Şonuñ üçinem Kaufman olaryñ öz aladalaryny özleriniñ çözmelidigini aýdyp, ara goşulmagyny bes etdi... (dowamy bar)... Iñlis dilinden terjime eden: Ýazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |