18:03 Gazawat urşy / Gyrlyşyk | |
GYRLYŞYK
Taryhy makalalar
Duşmanyñ yzyndan kowmak üçin kazaklaryñ 600 atlysy saýlanyp alyndy. Men olaryñ arasynda aýlanyp ýörşüme şazada Ýewgeniý bilen ýüzbe-ýüz boldum. Ol meniñ bilen mylaýym salamlaşdy-da, öñdäki çaknyşygy synlamagym amatly bolar ýaly öz atlylarynyñ arasyndan ýer berdi. Ýöriş etmäge buýruk berlen badyna biz atymyzyñ başyny çöllüge tarap öwürdik. Biz 10 minut çemesi salymdan gaçgaklary ilki gezek gören depämiziñ üstünde häzir bolduk. Olar biziñ bir mil öñümizden başga bir depeden aşyp barýardylar. Gaçyp barýanlaryñ topbagy eýýäm dagap, olaryñ arasyna aljyraññylyk aralaşypdyr. Bar zat buýr-bulaşykdy. Düýelerden, arabalardan agýan ýükler atlaryñ aýagyna çolaşýardy. Gaçgaklaryñ dowla düşen topary duşmanyñ elinde galýardy. Goh-galmagal, agydyr tüpeñ sesleri asmana galýardy. Men nämeleriñ bolýanyna anyk göz ýetirmek üçin atymyñ başyny çekdim. Meniñ bolsa ýanymda agan ýüküñ astynda galan türkmen, añyrrakda bolsa, ýüzi çapylan kazak serrelip ýatyrdy. Olaryñ beýleräginde iki sany aýal çagalaryny bagyrlap, özlerine rehim edilmegini sorap bozlaşýardy. Men olaryñ gapdalyndan geçip barşyma: "Aman, aman" diýip, aýallary köşeşdirdim. Olaryñ töwereginde döwlen arabalar, halydyr ýorgan-düşek salnan haltalar, ullakan horjundyr ýüp bilen saralan goşlar, okara-çemçelerdir hojalykda ulanylýan her hili zatlar çaşyp ýatyrdy. Goltugy çagaly bir topar aýal bolsa, kynlyk bilen öñe süýşüp barýardy. Meniñ enem bilen ýaşytdaş, ýöremäge zordan gurby çatýan dolmuş aýalyñam elinde çaga bardy... Men ilkinji gezek hereketsiz ýatan türkmenleriñ sanyndan elheder aldym. Şol ýatanlaryñ hemmesi öli bolaýanlygynda, kazaklaryñ mergenligine telpek goýaýmalydy. Az salymdan bar zat ap-aýdyñ boldy. Men gymyldysyz ýatan türkmenleriñ biriniñ elini ýerden göterip, şol bada hem aşak goýberenini añşyrdym. Olaryñ köpüsi kazaklaryñ gözüne çöp atmak üçin ölen kişi bolup ýatyrdylar. Men birnäçe wagtlap bu sahnany synlanymdan soñ beýlekilerden yza galanymy bilip, olaryñ yzyndan ýetmäge howlukdym. Pessejik alañdan aşanymdan soñ kazaklaryñ batgalygy ikä bölýän gury gerşiñ üsti bilen süýşüp barýan türkmenleriñ yzyndan ok atyp, kowup barýanlaryny gördüm. Men ýañky synlan ýerime golaý gelenimde 3-4 adamynyñ dem-düýtsüz ýatanyny saýgardym. 20-30 sany aýaldyr çaga-çuga bokurdaklaryna çenli suwa çümüp, kölüñ içinde ösüp oturan gamyşdyr otlaryñ arasynda gizlenmäge biderek synanyşyk edýärdiler. Olaryñ käbiri şol ýerden özlerine rehim edilmegink sorap gygyryşýardylar. Kazaklar olara ünsem bermän öñe geçip gidipdiler. Ýöne bir ýigrentgi ýoldaşlaryndan yza galyp, atyñ üstünde oturan ýerinden gygyryşýanlary nyşana alyp oturan ekeni. Men onuñ ýanyna baryp ýetişmänkän ol mäşäni gysdy. Hernä onuñ atan oky sowa geçdi. Ol ikinji gezek atyp ýetişmänkä atymy çapdyryp bardym-da, gamçym bilen ony ýüzkessir urup, ýoldaşlarynyñ yzyndan ýetmegi buýurdym. Men suwuñ içinde zähresi ýarylan görgülilere: "Aman" diýip gygyrdym-da, onuñ yzyna düşdüm. Birdenem öñ ýanymda dört sany kazagyñ bir türkmeniñ daşyna egrilişip duranlaryny gördüm. Ony eýýäm atdan agdaryp, ýaragsyzlandyrypdyrlar. Ol dört atlynyñ gylyjyndan diñe elleri bilen goranýardy. Ýöne şonda-da rehim etmeklerini sorap, olara ýüz tutjaga meñzänokdy. Daşyndan seretseñ, bu örän aýylgançdy. Kazaklaryñ yzly-yzyna inderýän gylyçlary türkmene galtaşanokdy. "Kazaklar ony hijem öldürip bilmezlermikä? Näme olaryñ elleriniñ ysgyny ýokmuka?" diýen sowallar kellämde at çapýardy. Az salymdan (meniñ üçin ýyl aşan ýalydy) ýañky türkmen boýnuna salnan çuñ ýara zerarly gapdala - suwuñ içine agyp gitdi. Ýene biraz ýöräp, wepat bolan äriniñ üstünde abanyp, sessiz aglap oturan aýalyñ üstünden bardym. Birdenem gulagyñy gapyp barýan gümmürdiden ýaña tasdan atdan agypdym. Top oklary gaçyp barýanlaryñ yzky hatarlarynda ýarylýardy. Onuñ sesi, çagalardyr aýallaryñ çirkin sesleri, atlaryñ kişñemesi, takyrlaryñ içinden eýläk-beýläk ýüwürýän goýun-geçileriñ, sygyrlaryñ sesi bilen garyşyp, töweregi hakyky dowzaha öwrüpdi. Birnäçe minut geçenden soñ top sesi ýatdy. Türkmenleriñ hersi bir ýana dagap, depäniñ añyrsynda gözden ýitip gitdiler. Şol pursadam goşuny toplanmaga çagyrýan deprek sesi ýañlandy. Yzyma dolanyp gelýärkäm mende kölüñ içinde galan çagalardyr aýallary görmek islegi döredi. Ýöne ol ýerde olaryñ birem gözüme ilmedi. Olaryñ top sesinden gorkup, suwa gark bolan bolmaklaram mümkindi. Men olary kazaklar öldürendir diýip biljek däl. Sebäbi men ýaş kazak ofiseri baron Krudneriñ aýallary öldürmäge synanyşan esgerleri jezalandyranyny öz gözüm bilen gördüm. Deprekler henizem toplanmaga çagyrýardy, ýaralylar gözlenip, wraç olara tizden-tiz kömek berýärdi. 13-14 ýaşly oglanyñ kellesi gylyç bilen agyr ýaralanypdyr. Onuñ ýanynda gaýgyly, wagşy, teşne gözleri bilen wraçyñ oglunyñ ýarasyny dañyşyna seredip duran ejesi bardy. Sada pikirli aýal öz ogluny öldürjek bolan adamlaryñ indem ony bejerjekdiklerine gaty bir ynanyp baranokdy. Wraç oglanyñ ýarasynh usullyk bilen dañyp, ejesine oglunyñ ölmejekdigini aýdan mahaly ol aýal gözlerinden minnetdarlyk ýaşyny döküp, wraçyñ elinden ogşady. Atlara az salym dynç berleninden soñ, kazaklaryñ birnäçesini olja alnan 2 müñe golaý goýundyr geçileri, sygyrlary sürmäge ýollap, berkitmä tarap ýola düşdük... Men gyrak-bujaksyz çölüñ ortasynda galan adamlara garaba-garaba barýardym. Meniñ gözüm gyzydyr ýaralanan ogluna jansyz nazaryny dikip oturan aýala gözüm düşdi. Onuñ töwereginde ýoga çykarylan ähli baýlygy çaşyp ýatyrdy. Onuñ ölen äriniñ meýdiniñ hem şu töwerekde serlip ýatan bolmagy ahmal. Uzakda bolsa, onuñ ýeñlen halkynyń adamlary gözden ýitip barýardy. Ol aýal ýeñlişiñ we gaýgy-gussanyñ çöle salan nagşy ýaly bolup, garalyp otyrdy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||