14:55 Gazawat urşy / Yz çalyş | |
YZ ÇALYŞ
Taryhy makalalar
Ýylanlyda özbekler ýaşaýar. Olar bilen bolsa biziñ hiç hili duşmançylygymyz ýok. Ýöne şeýle-de bolsa özbekler gaharly ýüzümize, Golowaçýowyñ gana boýalan eşigine, boýnundan asylan ýaraly eline gorky bilen seredýärdiler. Biz şähere girmän, onuñ diwarlaryny syryp, demirgazyk günbatara tarap ýörişimizi dowam etdirdik. Ýarym sagat geçip gitmänkä-de çöllügiñ gyrasyndan girdik. Biz çöllügiñ etegindäki kä çägelige, kä düz ýere düşýän egrem-bugram ýol bilen gidip barşymyza, çak edişimize görä Ýylanlydan 5-6 mil uzaklykda goş ýazdyran türkmenleriñ üstüni gapyllykda basmagyñ maslahatynu edýärdik. Söweş tamam bolan badyna gözden uçan türkmenleri 3-4 sagatlap gözlesegem tapyp bilmedik. Sagat 9 töwerekleri çep gapdalymyzda, göz ýeter-ýetmezde alñasap, arany açyp barýan ýomutlara gözümiz düşdi. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de öñümizdäki düzlügiñ ýüzi türkmenlerden ýaña mygyldy boldy. Eger soñky bolýan wakalary söweş diýip atlandyrmak mümkin bolsa, kiçeñräk söweşem boldy. Türkmenleriñ köp sanlysy daş-töweregimizi gurşap alansoñlar biz çar tarapymyzdanam esewan bolup hüjüme taýynlanmaly bolduk. Biziñ pyýada goşunymyzyñ esgerleridir mergenlerimiz penalanmaga amatly bolan kanallaryñ kenaryna özlerini oklady. Ýomutlar irdenki ýeñlişlerine garamazdan biziñ goşun hatarlarymyzyñ arasyna batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdiler. Biz olaryñ düşlän ýerine ýakynlap ugramyzdan, her-edip, hesip edip uruşmaga ýaramsyz adamlaryna gaçyp ýetişmäge mümkinçilik bermek üçin ýomutlar ýolumyzy kesjek bolýardylar. Bu olara başardýardam. Çep gapdalyny mergenler, sag gapdalyny atlylar penalanýan pyýada goşun öñe hereket etse-de böwsülen hatarlaryny doldurmak ýa-da ýörişiñ ugruny üýtgetmek üçin her ädimde diýen ýaly saklanmaga mejbur bolýardy. Ýomutlar irki söweşden soñ pyýada goşundan çekinselerem kazaklaryñ olardan döwleriniñ pesdigini añypdyrlar. Olaryñ kazaklaryñ üstüne eden batyrgaý hüjümlerini diñe pyýada goşun ara düşensoñ saklamak başartdy. Ýomutlar 2-3 sagatlap biziñ daş-töweregimize ýaýrap, gykylyklaşyp, öz pelteli tüpeñlerinden (muşketlerinden) ok atyp, hüjün edip durdular. Olaryñ biziñ üstümize aýgytly çozuş etmek niýetleri ýokdy. Olaryñ esasy maksady biziñ hereketimizi togtatmakdy. Bir gezek ýoldan 300 ýard daşlykda, ýykylan jaýyñ gapdalynda ýomutlaryñ 5-6 sany atlysyna gözümiz düşdi. Biz olara tarap tüpeñlerimizden her näçe ok atsagam ýomutlar bitleriniñ burnunam ganatman atlaryny çapdyryp gitdiler. General Golowaçýow biziñ bir ýarym mil çepimizde olaryñ birnäçe toparyny görüp, Orenburg otrýadyna duýdurmak üçin 10-12 sapar top atmagy buýrdy. Çak edilişine görä, bu otrýad duşmanyñ 8, 10 mil añry tarapyndan olary gabawa salmak üçin ýakynlaşyp gelýän bolmaly. Soñ görüp otursak, biziñ duýduryş üçin atan top oklarymyz ýomutlara gaty uly zyýan ýetiripdir. Ol oklar kiçeñräk oýtumda goş ýazdyran ýomutlaryñ göni üstünden düşüpdir: ähli zatlaryny taşlap, gaçyp gitmäge olary mejbur edipdir. Biz bolsa olaryñ goş ýazdyran ýerlerini gözläp ýördük! Biz bu zatlary ertesi gün Orenburg otrýadynyñ adamlaryndan eşitdik. Olar şol oýa ýeten mahallary taşlanylyp taşlanylyp gidilen birnäçe ýüz arabanyñ, ýomutlaryñ jesetleriniñ, köp sanly goş-golamlarynyñ üstünden barypdyr. Görgüliler atylýan oklardan ýaña ölülerini-de ýygnamaga ýetişmän, bar zatlaryny owarram edip, gaçyp gidipdirler. Tapylan goşlaryñ arasynda 1840-nji ýyldaky Perowskiniñ betbagtlyga uçran ekspedisiýasy bilen Angliýanyñ adyndan Hywa giden leýtenant Şekspiriñ alyşan köp sanly hatlary tapyldy. Leýtenant Şekspir ruslar bilen hywalylaryñ arasyndaky dawaly jedelleri parahatçylykly çözmäge ýardam bermek üçin Hywa gidipdi. Tapylan hatlaryñ arasynda iñlis ilçisi lord Palmerstonyñ rus häkimiýetini habardar etmek üçin alan görkezmesiniñ göçürmesi bar eken. Ol hatda eger Russiýa Hywany özüne birikdirse, Angliýanyñ Russiýa garşy urşa başlajakdygy hakynda aýdylýardy. Ol hatlaryñ tapylan ýeriniñ üstünden baran biziñ toparymyz däldi. Irdenki bolan wakalardan elheder alan ýola beletler gaçyp gidipdirler. Biz bolsa türkmenleriñ düşelgeleriniñ nirede ýerleşendigini takyk bilemzokdyk. Şonuñ üçinem biz olaryñ 2 mil çepinden geçip gidipdiris. Günortan aralar biz suwy çöllüge siñip gidýän Annamyrat kanalynyñ boýuna ýetdik. Ol ýerde Hywa hanynyñ ýomutlaryñ üstüne ýöriş eden mahallary gurduran galasynyñ üstünden bardyk. Ol galanyñ meýdany 10 akra golaýdy. Käbir ýerinde beýikligi 10 ädime ýetýän gala hiç zat kär etmändir diýen ýalydy... Biz galanyñ içinde goş ýazdyrdyk. Galanyñ abatlygy üçin general Golowaçýow ol ýerini amatly hasaplap, günüñ galan bölegini şol ýerde geçirmegi ýüregine düwdi. Bu pursatdan peýdalanyp, ýomutlar gaçmaklaryny dowam etdiripdirler. Biz olaryñ gapdalyndan geçip giden mahalymyz ýomutlar yzlaryny towşanlarynky ýaly bulaşdyryp, biziñ geçip giden ýolumyz bilen yza - günorta gündogara tarap tutdurypdyrlar. Gije-gündiz ýol ýöränsoñlar ýomutlara bizden ep-esli ara açmak başardypdyr. Ertesi dañ atandan biz olaryñ söbügine düşdük. Biz az salymdan damagy çalnyp, çuw-ýalañaç halda ýatan rus esgerleriniñ üstünden bardyk. Ol esgerler garawul goýlupdy. Ähtimal, gije ýomutlar olaryñ üstüni gapyl basandyrlar. Biz ýolda diñe ertirlik edinmek üçin azajyk wagt düşläp, uzakly gün gaçyp barýanlaryñ yzyndan kowduk. Goş-golamymyz az bolany üçin biz çalt hereket edýärdik. Biz ýene-de Ýylanlynyñ çep gapdalyndan geçip, kiçijik oazisden soñ açyk düzlüge düşdük. Düzlük gazylan kanallardan doludy. Olaryñ şu asyryñ başynda ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylan bolmagy ahmaldyr. Gözýetimde tozan turzup, gaçyp barýanlaryñ garasyny gören mahalymyz gün ýanyny ýere beripdi. Şonuñ üçinem kowgyny goýbolsun etdik. Bol suwly kanalyñ kenarynda goş ýazdyranymyzdan soñ kazaklar atlaryna iým gözläp, düzlügiñ içine pytrap gitdiler. Olar berkitmeden bir mile golaý uzaklykda ýomutlaryñ ýabyna orup goýan ot harmanynyñ üstünden barypdyrlar. Kazaklaryñ düzlükdw dagynyk ýagdaýda gezip ýörmekleri aýylganç waka bilen gutardy. Ýerli milletden bolan ýolbelet hemmelerden arany açan kazaklaryñ birini ýomutmyka diýip atypdyr. Ol agyr ýaralanansoñ hirurgy elinden gelenini edendigine garamazdan 2 sagat geçip-geçmänkä jan berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |