15:12 Gazawat urşy: Russiýa we Angliýa Orta Aziýada / dowamy | |
RUSSIÝA WE ANGLIÝA AZIÝADA
Taryhy makalalar
Men şu wagta çenli Russiýanyñ Hywa hanlygyna garşy näme sebäpli urşandygyny size gürrüñ bermedim. Onuñ sebäplerini iki agyz sözde hem düşündirip bolar. Birinjiden-ä, hywalylar ruslaryñ 21 sanysyny ýesir alyp, gul hökmünde saklaýardylar. Olar diñe ýöriş başlanmazynyñ öñüsyrasy boşadyldy. Ikinjiden bolsa, hywalylar rus täjirleriniñ kerwenlerini häli-şindi talaýardylar. Hywa hany ýa-ha öz raýatynyñ adamlaryna päsgel bermek islänokdy, ýa-da olara onuñ hökmi ýöränokdy. Sebäbi talañçylyk köp ýyllardan bäri dowam edip gelýärdi. Eger başga, örän möhüm zat bolmadyk bolsady, onda bu ýörişiñ sebäplerini ýokarkylar bilen düşündirse-de bolardy. Şeýle bolsa, bu ýöriş diñe ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak üçin edilen ýaly bolup görnerdi. Ýöne ýörişiñ esasy sebäbi başgady. Ruslar Orta Aziýada galan ýeke-täk hanlygy özlerine boýun egdirip, öz serhetlerini Buharanyñ añry ýanyndaky derýanyñ ýakalaryna çenli uzaltmak isleýärdi. Hywa hany bilen gol çekilen şertnama görä, ruslaryñ serhedi 300 mil günorta süýşüp, olar 80 müñ millik territoriýany özlerine birleşdirmek bilen, Oguz diýlip atlandyrylýan ýurdy tutuşlygyna öz golastyna saldy. Kaufman Hywadan çykmanka derýany gowy öwrenipdir. Soñ görlüp oturylsa, hywalylaryñ derýadan gelýän kanala basan dykynlary aýrylan eken. Kanalyñ açylmagy ruslaryñ gämisiniñ Hywa çenli, hatda ondanam añryk ýüzüp barmagyna mümkinçilik döredipdi. Ondan başga-da bu Gazala bilen Hywanyñ arasynda añsat hem çalt gatnaşyk edilmegine mümkinçilik berjekdi. Men polkownik Şuwalow bilen graf Granwiliñ baglaşan şertnamalarynyñ näme hakdadygyny anyk bilemok. Meniñ pikirimçe, ruslar günorta Oguzyñ territoriýasyny özlerini birikdirmezlik hakynda ylalaşyga geldilermikä diýýärin. Onuñ şeýledigini hanlygyñ Rus döwletiniñ wassalyna öwrülip, Hywa hanynyñ öz çäksiz hökümdarlygyndan dynandygyna garamazdan, ruslaryñ şertnamasynda-da görmek bolýar. Hanyñ tutuş hanlyga jogap berýändigine garamazdan, ruslardan soraman ýekeje ädim hem ädip bilmeýärdi. Elbetde, şertnamanyñ her bir tarapyny alanyñda hem ruslaryñ hukugy agdyklyk edýär. Hanlygyñ adamlary hem ruslaryñ doly raýatyna öwrülipdi. Ruslar bu ýerik edil öz öýlerine girip-çykyşlary ýaly gelip-gitmäge haklydylar. Ruslar graf Granwiliñ eden ähtine garamazdan, Hywany özüne birikdirip biljekdi. Ýöne olara ýokardaky ýaly şertnamany baglaşmak has amatlydy. Hereket edýän şertnamanyñ täsiri astynda hywalylaryñ Russiýa bolan garaýyşlary oñatlyga tarap özgerip ugrady. Ruslaryñ agalygyny öz adamlarynyñ göwünjeñlik bilen kabul etmeklerinde hanyñ özüniñem oýnaýan roly uludy. Hywalylaryñ harby töleg töläp gutarmazlaryndan has öñ hanyñ ölümi ýa-da başga bir şuña meñzeş waka bilen baglylykda ruslaryñ Hywany añsatlyk bilen özlerinw birikdirjekdiklerine men ýekeje-de ikirjiñlenemok. Siz, belki, men Russiýanyñ Orta Aziýada bolmagy bilen baglanyşykly syýasy wakany gürrüñ berer öýdüp garaşýansyñyz. Elbetde, men käbir zatlary gürrüñ berdim. Ýöne olaryñ size az bolup görünmegi mümkin. Meniñ bu gysgajyk ýörişe gatnaşan döwrümde gürrüñ berer ýaly täze soraglar kän bir ýüze çykmandy. Bu ýerde hiç wagt bolmandygyna garamazdan, maña garanda Russiýanyñ Orta Aziýada ýöredýän syýasatyny has aýdyñlaşdyryp biljek adamlar bar. Ser Genri Rawilson, mister Mişel we başgalar Russiýanyñ Orta Aziýadaky syýasatyny köp ýyllaryñ dowamynda öwrendiler. Orta Aziýa wakalaryny has doly we takyk bilmek isleýän adamlar olaryñ işlerini okap bilerler. Mister Şuler hem-de mister Agiton Dilke Orta Aziýa barada ýazan işlerini çap etjek bolup ýörler. Olaryñ işlerinde hem Russiýanyñ Türküstandaky syýasaty hakynda doly we gymmatly maglumatlar bar. Men ýene-de bir zady aýdyp biljek. Meniñ pikirimçe, Hywany basyp alandan Hindistana ýöriş eden bolsa, Russiýa üçin has peýdaly bolardy. Hywanyñ syndyrylmagy Muhammet hanyñ Orta Aziýadaky ähli halklary üçinem uly urgudy. Buhara syndyrylandan soñ Hywa Orta Aziýada salgyt tölemeýän, aýak sekip bolmaýan, yslamyñ iñ soñky daýanjy bolan ýeke-täk galady. Ondan başga-da Hywanyñ syndyrylmagy uly meýdany tutýan Orta Aziýanyñ halkyna Russiýanyñ ýeñilmez döwletdigini ýene-de bir gezek subut edipdi. Ýöne bu zatlara garamazdan Hywanyñ boýun egdirilmegi Russiýa üçin ullakan ähmiýete eýe däldir. Russiýanyñ Orta Aziýadaky häzirki mümkinçiliklerini nazara alsañ, onuñ Hindistana ýöriş etmegi üçin iki sany amatly ýoly bar. Birinjisi, Kaspiniñ günorta kenar ýakasy bilen Persiýanyñ Hyrada çenli demirgazyk serhetleriniñ üstünden tä Hindistanyñ günbatar araçäklerine çenli uzalyp gidýän, uzynlygy 1.000 mile golaý bolan ýol. Eger şu ýol bilen ýöriş edilse, Hywanyñ rus harby ýörişine çigit ýaljagam peýdasynyñ ýokdugyny kartadanam görünýär. Ikinji ýol bilen Samarkantdyr Buharanyñ üstünden geçip Kerkä, ondanam añryk Amyderýanyñ kenar ýakasy bilen Gunduza baryp bolýar. Hywa Kerkiden 375 mil demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Şoña görä ol ýene-de ýörişiñ ýolundan sowa düşýär. Ondan başga-da bu aralygyñ uly bölegini çöllük tutup, Amyderýanyñam kenar ýakasynyñ köp bölegi ilatsyzdyr. Şonuñ üçinem bu ýol bilen ediljek ýörişde Hywanyñ ähmiýeti ýok diýerlikdir. Ruslar öz gämileriniñ kömegi bilen goşunlaryny Syrderýanyñ üsti bilen Aral deñzine eltip, ondanam Amyderýa bilen öñe süýşüribem biler ahyryn diýmekleri mümkin. Birinjiden-ä, beýle uly goşuny ýüklär ýaly Aral deñzinde ruslaryñ uly gämisi ýok, ikinjidenem, Amyderýanyñ Kerkiden ýokarsy ýüzüş etmek üçin amatly däldir. Şonuñ üçinem bu planam kämillikden daşdyr. Men Russiýa Orta Aziýada ömürboýy agressiw syýasat ýöredýär diýip pikir edýän adamlar bilen ylalaşmaýaryn. Olaryñ ýörişine Orta Aziýada harby agalygy berkarar edip, hanlyklaryñ boýnyýogyn syýasatyny öz ellerine alyp, tapawutlanmak ýa-da öwünmek islegi sebäp bolanok. Olar Hindistanyñ üstüne ýöriş etmek üçinem gaty bir alñasap baranoklar. Ýöne olar Iñlis we Rus imperiýasynyñ aralygynda ýerleşýän çäksiz giñişligiñ öñde-soñda şu iki ýurduñ haýsy hem bolsa biriniñ koloniýasyna öwrüljekdigine ymykly göz ýetiripdirler. Şonuñ üçinem olar başardyklaryça köp ýeri basyp almagy ýüreklerine düwüpdirler. Russiýanyñ häzirki syýasaty şundan ybaratdyr. Ruslar agressiw syýasat edýärlermi ýa-da ýok, barybir olaryñ syýasatynyñ netijesi agressiwlige baryp direýär. Olar ýuwaşlyk bilen Hindistanyñam üstüne sürünýärler. Orta Aziýada öz agalyklaryny berkarar edensoñlar olar üçin Hindistana ýöriş etmäge uly ýol açyljakdygy ikuçsyzdyr. Iñlisleriñem Ýewropada uruş etmek meýilleriniñ barlygyny ýa ýoklugyny Bosfor wakalary görkezdi. Şonuñ üçinem iñlisleriñ gündogardaky imperialistik meýillerine garşy ruslaryń garşy durmagy bolup biljek zatdyr. Samaradan Samarkanda çenli demir ýoly çekilensoñ, wakalaryñ başga hörpden gopjakdygy mälimdir. 100 müñ adamly goşuna gerek zatlary demir ýoluñ kömegi bilen Samarkanda ýygnap, olary 30 günüñ içinde Kerkä aşyryp boljak. Kerkiden Gunduza çenli bary-ýogy 250 mil. Goşun bu aralygy 12 günüñ dowamynda geçip biljek. Kerkini basyp almaklary ruslaryñ Hindistana garşy eden ýene-dw bir ädimi bolar. Buhara häzirki wagtda bütinleý Russiýanyñ howandarlygy astynda. Meniñ pikirimçe, ruslardyr iñlisleriñ arasyndaky Russiýanyñ Buharany basyp almaly däldigi hakdaky şertnama ýok. Ruslar Buharany basyp alansoñlar olaryñ Kabul bilen serheti 150 mile ýeter. Men bu zatlaryñ üstüne ýene-de bir örän gyzykly hatyñ göçürmesini goşýaryn. Bu haty taşlanyp gidilen türkmen arabalarynyñ arasyndan polkownik Şuwalow tapypdyr. Bu hat leýtenant Şekspiriñ köp sanly kagyzlarynyñ biri bolmaly. Hat Peterburg köşgündäki iñlis ilçisi markiz Klanikarda niýetlenip ýazylypdyr. ◆ ◆ ◆ Daşary işler ofisi, 03.02.1840 ý. "Gadyrdan lord! Men rus imperatorynyñ dilinden ýazyp alan N#3-nji hatyñyzy aldym. Men Siziñ Alyhezretleriñiziñ ünsüni Onuñ Alyhezretleriniñ: "Ekspedisiýanyñ maksatlarynyñ biri geljekde Hywada asudalygy üpjün etmekdir" diýen sözlerine çekesim gelýär. Bu sözlerden görnüşine görä, Russiýanyñ esasy maksady özüne ýetirilen zyýanyñ öwezini dolmak däl-de, Hywa hanlygyny Russiýanyñ golastyna salmak bolup görünýär. Wakanyñ şeýle ýagdaýa eýe bolmagy ruslaryñ iñlisleriñ Hindistandaky agalygyna garşy uruş köprüsini salýandygyny bellemäge mejbur edýär. Bu ýagdaý general-gubernatory Onuñ Alyhezretlerini (iñlis korolewasyny) dünýäniñ gündogar bölegindäki raýatlaryndaky asudalygy geljekde gorap saklamak üçin hökmany goranyş çärelerini geçirmäge mejbur etjekdigi ikuçsyzdyr. Palmerston. * * * (üçünji bölümiñ soñy)... Mak GAHAN, amerikan žurnalisti. Iñlis dilinden terjime eden: Ýazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |