17:59 Gazawat urşy: Ýalyn we gylyç / dowamy | |
ÝALYN WE GYLYÇ
Taryhy makalalar
Kaufmanyñ ýok etmek isleýän ýomutlary Hywa hanlygyndaky türkmenleriñ iñ güýçli we iñ köp adamly tiresi. Olar 11.000 öýli bolup, hanlykdaky beýleki türkmen tireleriniñ adam sanyna deñdir. Hywa syndyrylandan bäş hepde soñ, ýagny 19-njy iýulda general-maýor Golowaçýowyñ ýolbaşçylygy astynda pyýada goşunyñ sekiz rotasy, kazaklaryñ 800 atlysy, 10 top, iki mitralýeza bilen ýaraglanan raketaçylar batareýasy Hywadan çykyp, ýomutlaryñ ýurdy bolan Gazawada tarap ýola düşdi.... Goşun egrem-bugram darajyk ýollar bilen Hywadan 16 mil uzaklykdaky Gazawat kanalynyñ kebaryna ýetip goş ýazdyrdy. Soñ görüp otursak, biz kanalyñ kenarynda däl-de, kanalyñ artykmaç suwlaryny bir mil daşlykdaky çöllüge akdyrmak üçin ulanylýan ýabyñ kenarynda düşläpdiris. Onuñ ini 30 ädim, çuñlugy 10 ädime golaý ekeni. Kanalyñ arassa suwy sagatda 5-6 mil tizlik bilen akýardy... Bu ýerde goşun türkmenler gelip, tölemeli paçlaryny tölärler öýdüp, uzakly gün garaşdy. Meniñ göwnüme bolmasa, general Golowaçýow mundan artyk ýörişi dowam etdirmek islänokdy ýa-da türkmenlere harby tölegi tölemegiñ urşanyndan amatlydygyna göz ýetirmäge puryja bermek isleýärdi.Ýigrimi birine dañ bilen goşun ýene-de ýola düşdi. Iki sagat töweregi ýörelenden soñ, ýomutlaryñ mes toprakly, hemme ýerde çuñ kanallar gazylyp, iki gyrasyna derek ekilen ýurdy başlandy. Kiçeñräk düzlükler gök otlara bürenip otyrdy. Özbeklere garanda ýomutlar ekerançylyga az üns berýärdiler. Bu ýerde miweli agaçlar örän az, däneli ekinlerem ekilmeýär diýen ýaly. Onuñ tersine olaryñ öri meýdanlarynyñ añyrsyna-bärsine göz ýetenok. Hiç ýerde özbekleriñki ýaly depesi diş-diş bolup duran galalar, özbek obalarynyń simwoly bolan owadan güjüm agaçlary duşanok. Olar at ýataklaryny laýdan salnan pessejik jaýlaryna degrip salýarlar. Tomus aýlary bolsa, jaýyñ öñündäki bassyrmanyñ aşagynda oturýarlar. Şu zatlardan çen tutsañ, olar oturymly ýaşaýşyñ artykmaçlyklaryna göz ýetirip ugrapdyrlar. Biz ahyry bir obanyñ çetinden girdik. Oba gum-guklukdy. Oba adamlary ýap-ýañy göçüp giden bolarly. Sebäbi käbir ojaklaryñ odam öçmändir. Bu ýerde general goşunyny tükelledi-de ýoluny dowam etdi. Diñe kazaklar goşundan bölündiler-de, obanyñ içine ýaýradylar. Soñky bolup geçen zatlar meni doñup galmaga mejbur etdi. Ýap-ýañyja hem seleñläp oturan jaýlaryñ sypaldan basyrylan üçekleri, döwlüp ýetişilmedik bugdaý harmanlary ala şatyrdy bolup ýanmaga başlady. Ýalyn gatyşykly towlam-towlam tüsseler asmana göterilýärdi. Men bolup geçýän zatlara has gowy sy etmek üçin atymyñ başyny golaýdaky depä tarap öwürdim. Meniñ öñümde eýmenç sahna peýda boldy. Göz açyp ýumasy salymyñ içinde ýalyndyr tüsse bar zatlary öz goýnuna dolap alyp, goşunyñ barýan tarapyna haýallyk bilen ýaýrap ugrady. Bu başagaýlygyñ içinde kazaklar elleri otly kesindili, edil arwahlar ýaly bolup, diwarlaryñ, ýaplaryñ üstünden atlaryny bökdürip, alakjap ýördüler... Bir ýarym sagat töweregi geçenden soñ asman garalyp ugrady. Az salymdanam ýagyş ýagmaga başlady. Tomsuñ ortaky aýynda ýagyş ýagmagy öñ görlüp eşidilen zat däldi. Şeýdibem öñki pajygaly wakanyñ üstüne ýene-de bir ýürekgysdyryjy sahna goşuldy. Ýuwaşja çisñäp ýagýan ýagyş sönüp barýan otlaryñ külüni dörjeläp, olary öñküdenem güýçli tutaşdyrdy. Asmana ýaýran tüsse aşak - agaçlaryñ üstüne çöküp, töweregi içgysgynç tukatlyga gaplady. Ýuwaş-ýuwaşdan bady gowşaýan ýalnyñ gan ýaly gyzyl zolaklary indi çugdamlaşypdy.Men muña meñzeş urşuñ ilkinji gezek şaýady boldum. Bu zamanda bular ýaly uruş örän seýrek duşýar. Goşun tüssä duwlanan egrem-bugram ýol bilen haýaljak öñe süýşüp barýardy. Günortana ýakyn esasy goşunyñ öñünden barýan esger gözýetimde bir garanyñ görünýändigini habar berdi. Añyrdan ýetip gelen atlylar ýañky esgeriñ deñinde saklanyp, onuñ bilen gürrüñleşmäge başladylar. Olar ruslaryñ öz üstlerine sürnüp gelmekleriniñ sebänine düşünmeýändiklerini aýtdylar. Esger olary Golowaçýowyñ ýanyna alyp bardy. Türkmenler öz sözleriniñ ýer almajagyny bilenlerinden soñ bolsa:"Biziñ sanymyz müñlerçedir. Ruslara edenlerini eginleri bilen çekdireris. Biz indi siziñ garşyñyza uruşmagy ýüregimize düwdük. Siziñ islegiñiz uruş bolsa, onda bizlik gürrüñ gutardy" diýip, haýbat atyp, öz ýoldaşlaryna birikmek üçin atlaryny howlukmaçlyk bilen çapdyryp gitdiler. Rus atlylary söweşe girmäge ýaman höwesekdiler. Goşunyñ öñüni çekip barýan urşujylaryñ ofiseri söweşe girmäge rugsat sorap, generalyñ ýanyna birnäçe gezek çapar ýollady. Ýöne Golowaçýow ikirjiñlenmesini dowam edýärdi. Göwnüme bolmasa ol henizem harby töleg üçin beren möhleti tamamlanýança türkmenleriñ paç töläp, söweşden gutulmagyna mümkinçilik bermek isleginden dänmedik ýalydy... Birnäçe wagt geçenden soñ türkmenleriñ başlaryny gutarmak üçin ýüzlerini çöllüge tutdurandyklaryny habar berdiler. Öñde-soñda söweşe girmeli bolsa, häzir tüýs wagtydy. Ahyrsoñy kazaklara gaçyp barýanlaryñ yzyndan kowmaga rugsat berildi. Goşun iki topara bölünip çölüñ eteginde aýak çekdi. Her 100 atlynyñ depesinde baýdak pasyrdaýardy. Adamlar, hatda atlaram söweşe girmäge höwesek ýalydy. Iki mil töweregi günortarakda bolsa, ulgam-ulgam çäge depelerini depeläp barýan türkmenleriñ topary ownukly-irili mallar bilen garyşyp öñe süýşüp barýardy. Adamlaryñ sany 2-3 müñe golaýdy. Olaryñ arasynda çagalaram, aýallaram göze ilýärdi. Meniñ pikirimçe, olar birnäçe mil öñden barýan esasy topardan yza galan bolmaly. Az salymdan olar ýapynyñ añyrsynda gözden ýitdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||