11:44 Gelin | |
GELIN
Goşgular
Hiç kemligiň ýok boýuňda Gözüm eglendi roýuňda Bir aýdym aýtsam toýuňda Çöküp öňde dyza gelin. Waspyň etsem sözler bile Synlap dursam gözler bile Seýran etseň gyzlar bile Meňzäp pasly ýaza gelin. Al indi bu tenden jany Kirpikleriň dökdi gany Ömürlik däldir bu pany Kerwen dönmez yza gelin. Goýnuň jennetiň jaýydyr Misli Züleýhaň taýydyr Aşyk oglanyň paýydyr Lebiň meňzäp köze gelin. Özüň Lebabyň lälesi Bir enäň körpe balasy Men bolup yşk diwanasy Adyň goşdum saza gelin. Astanberdi JEPBAROW. | |
|
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Ol gözler... / Goşgular - 08.11.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||