06:44 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Hurşidbanu Natewan | |
GARABAGYÑ DÜRI - HURŞIDBANU NATEWAN
Şygryýet melekleri
Hurşidbanu Natewan, doganlyk azerbaýjan halkynyñ sosial durmuşynda we medeniýetinde çuññur yzlar galdyran zenan şahsyýetdir. XIX asyryñ Azerbaýjanynda fuzulyçylyk mekdebiniñ iñ görnükli wekili hasaplanylar. Goşgularynyñ köpüsi ýitenem bolsa, öz döwründe aýdym edilip aýdylan goşgulary häzirki günlere gelip ýetipdir. Bu aýdymlar azerbaýjan aýdym-saz sungatynyñ altyn hazynasyna giren eserler hasaplanylýar. Hurşidbanu Natewan 1832-nji ýylda Şuşada dünýä inýär. Kakasy Garabagyñ iñ soñky hany Mehdiguly Handyr, ejesi bolsa Genje hanlarynyñ neslinden Ugurly begiñ gyzy Bedirjahandyr. Maşgalanyñ ýeke dikrary we Garabag hanlygynyñ mirasdüşeri bolansoñ köşkde “Dürr-i ýekta” (Ýeke-täk dür”), halk arasynda bolsa “Hangyzy” diýip atlandyrylypdyr. “Natewan” onuñ özi üçin saýlap alan tahallusudyr, “hiç kimsiz, mätäç” manylaryny berýär. “Natewan” sözi, türkmen dilinde-de “natuwan” görnüşinde ulanyşda bar sözüñ biridir. Kakasynyñ aýal dogany Göwher hanymyñ elinde terbiýelenýär. Ýörite tutulan mugallymlardan arap, pars dillerini öwrenýär. 1845-nji ýylda kakasy aradan çykandan soñra Garabag Hanlygyny dolandyryp başlaýar. Emma hanlygyñ agalyk edýän ýerlerini kakasyndan soñra Patyşa Russiýasynyñ eýeländigi sebäpli, Tbilisidäki rus dikmeleriniñ gözegçiliginde ýaşamaga mejbur bolýar. 1850-nji ýylda rus goşunynda gulluk edýän Dagystanly general Hasaý Han Usmyýew bilen maşgala gurýar. Ondan Mehdiguly Han, Hanbike atly iki çagasy bolýar. 1860-njy ýylda Hasaý Handan aýrylyşýar. 1869-njy ýylda Garabagly seýitlerden biri bilen nikalaşýar. Ikinji durmuşy Garabagly aristokratlaryñ nägileligine sebäp bolýar. Soñky adamsyndan dört çagasy bolýar. Ömrüniñ soñky ýyllaryny Şuşada geçiren Hurşidbanu Natewan Şuşanyñ abadançylygy, bilimi we medeniýeti üçin ummasyz işleri amala aşyrypdyr. Öz hasabyna Mugan sebitine daglardan ýörite suw geçiriji hem çekdiripdir. 1850-nji ýyldan başlap döredijilik bilen meşgullanan Hurşidbanu 1872-nji ýylda “Mejlis-i Üns” atly şahyrlar bileleşigini döredýär we bu bileleşigiñ ýigrimi ýyllap hemaýatçysy bolýar. Döredijiligiñ gapdalyndan hatdatçylyk, kitap bezemek, surat çekmeklik bilenem meşgullanypdyr. Azerbaýjanyñ Golýazmalar institutynda onuñ hut öz elinden çykan “Gül depderi” (1886 ý) atly albom bardyr. Onuñ elinden çykan tikin-çatyn işleri hem Azerbaýjanyñ Ajaýyp sungat eserleri döwlet muzeýinde saklanylýar. 1858-nji ýylda Kawkaz ýurtlaryny syýahat eden fransuz ýazyjysy Aleksandr Dýuma eden el işlerinden sowgat beripdir. Aleksandr Dýuma hem oña öz gezeginde küşt oýnalýan tagta sowgat edipdir. 1885-nji ýylda ogly Mir Apbasyñ we adamsynyñ bimahal ölümleri zerarly şahyryñ ruhy dünýäsinde sarsgyn bolup geçýär. Fuzulyçylyk akymynda gazal ýazmagy taşlap mersiýeler (elegiýa) ýazmaga başlaýar. Hurşidbanu Natewan 02.10.1897-nji ýylda aradan çykýar. Hurşidbanu barada ençeme eserler ýazylypdyr. Olaryñ arasynda Ylýas Efendiýewiñ “Hurşidbanu Natewan” (1978 ý) atly drama eseri häzire çenli teatr sahnalaryndan düşmän gelýär. 2006-njy ýylda surata düşürilen “Xarı bülbüllэr” atly kinofilmi Hurşidbanunyñ ykbaly barada söz açýar. • Eserleri: 1. “Türkçe gazallar mejmuasy” (1917 ý); 2. “Süküfe mejmuasy” (1913 ý); 3. “Eserler” (1928, 1938, 1956, 1984 ý); 4. “Otuz üç gazal” (1989 ý). • “GITDI” GAZALY: Ne ýagşy höwürdi, haýp, nägehan gitdi, Meni bu mähnet ara goýdy, el-aman gitdi. Ol serwi-näzde aýry baharmy serwa gözüm? Täze Aý gadym eýledi keman gitdi. Unutdy güllerini, kyldy hanyman terki Ne bagtyýarlara, çekdi ol aman gitdi. Ne boldy bu baga, bagban, bu gülşende, Açylmady ýaz gülleri, hazan gitdi. Ne tapdy lezzeti-eşret, ne-de gördi gülzary, Bahar paslynda, ýaran, bu nowjuwan gitdi. Meni bu mähnet ara goýdy, didesi girýan, Belaýy-hijre salyp, bagry gan goýdy, gitdi. Mazarymyñ üstüne gelip durañda, ogul, Diýersiñmi, ne now bilen Natuwan gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |