GIÝEW
Täjiriñ gyzy Nataşa
Bir gün öýden gaýyp boldy.
Üçünji günüñ agşamy
Ak ýuwha deý gaýdyp geldi.
Ata-ene ara alyp,
Gömdi üstüni soragdan.
Nataşa huk ýaly bolup,
Saññyldap dem alýar zordan.
Gaharlanyp ene-ata
Gyssap, daşyna geçdiler.
Oñ syryny bilip bilmän,
Ahyr ondan el çekdiler.
Gyz geldi öñki tabyna,
Hem gözel ol, hem şadyýan.
Uýalary bilen ýene
Otyr agzynda derwezäñ.
Boýdaşlary bilen bir gün
Derwezäñ agzynda üýşüp
Otyrkalar, bir goç ýigit
Sanýasyna üç at goşup,
Durup dik aýak üstünde,
Deñlerinden ötüp barýar.
Haly jully atlarynyñ
Jylawyn deñ tutup barýar.
Gyzlara bakyp geçdi ol,
Nataşa-da bakdy esli.
Ýigit gitdi tüweleýläp,
A gyzyñ aýyldy ezzi.
Okdurylyp öýlerne tiz,
''Edil özi, şol! ㅡ diýdi gyz ㅡ
Men tanadym ýetiñ, tutuñ,
Iller, meni halas ediñ!''
Oñ sözlerin başyn ýaýkap,
Maşgala gamly diñlenýär.
Ata diýýär: ㅡ Aýdaý, gyzym,
Salma bizi ýowuz hala.
Kim ynjytdy, görkez yzyn,
Aç syryñy söwer bala. ㅡ
Nataşa aglap diñmeýär,
Başga bir sözem diýmeýär.
Ertesi öýlerne olañ
Oslagsyz bir sawçy girdi.
Nataşany öwüp, soñam
Atasyna şeýle diýdi:
''Sizde ㅡ mal, bizde hyrydar,
Ýanymda bar gözel ýigit.
Hem syratly, hem çeýe, hem
Kän gowgany gören ýigit.
Bikär däldir, aýby ýokdur,
Hem baý, hemem akyllydyr.
Özgä dyzyn epmez asla,
Asyllydyr, ýakymlydyr.
Gelne kän sowgat berjek ol,
Sütük possun, dür merjen ol,
Altyn ýüzük, ýüpek parça...
Haýran galar oña barça.
Düýn ol gyzyñy görüpdir
Sanýaly geçende bärden.
Ylalaşyp, şu ýerdenem
Buthana gidilse näder?''
Sawçy aýal iýýär gutap
Göwne degýän sözler oklap.
Bu gürrüñ gyza ýakmaýar,
Öz janyna jaý tapmaýar.
Bolýar, razy ㅡ diýýär ata ㅡ
Baryberiñ buthana siz.
Basym nika gyýdyrmaga
Barar ine, gelinligñiz.
Ýetişen gyz öýde tukat
Gezip ýörse, däldir añsat.
Wagty höwürtge gurmagyñ,
Çaga-çuga öndürmegiñ''.
Tama ýaplanyp Nataşa
Bir zat, bir zat diýjek bolýar...
Birdenem boglup gözýaşa,
Hem aglaýar, hemem gülýär.
Sawçy aýal ylgap baryp,
Oña sowujak suw berip,
Galan suwun doly jamyñ
Sepýär ýüzne Nataşanyñ.
Maşgala düşdi howsala,
Nataşa gyz bir silkinip,
Özüne geldi-de diýdi:
''Nämetseñiz, öz erkiñiz.
Giýewi öýe çagyryñ,
Bol bolsun nahar, nanymyz,
Bal gaýnadyñ, çalyñ sazy,
Ýöne toýa gelsin kazy''.
Atasy:
''Eý, perişdäm Nataşajan,
Seniñ göwnüñ üçin eger
Gerek bolsa bererin jan.
Bu gün başym göge ýeter''.
Myhman üýşdi, bişdi, düşdi.
Gelinlik stola geçdi.
Gyzlar hem aglap hem gülýär,
Çar tarapdan sanýa gelýär.
Giýewem geçdi stola,
Bulgur bary boşadyldy.
Bada guýlup ençe ýola,
Hemmäñ göwni hoş edildi.
Giýew:
''Düşünemok, dostlar, meniñ
Gamgyn otyr gözel gelnim.
Ne iýip-içýär, ne guýýar,
Gelni näme derde goýýar?''
Gelinlik giýewe diýýär:
''Indi men syrym aýdaýyn.
Bir düýş meni derde goýýar,
Şoñ üçin men däl arkaýyn,
Gije-gündiz aglaýan men''.
Atasy:
Düýşde nämeler gördüñ sen,
Kim düşürdi ýowuz hala,
Aýdaweri söwer bala?!
Gyz aýtdy: ㅡ Düýşümde men
Gür tokaýa baranmyşym.
Tüm gijede Aý çalaja
Şöhle saçyp duranmyşyn.
Azaşýan çykyp ýodadan,
Ne ses-üýn bar, ne-de adam
Şemal yrap agaçlary,
Owaz edýär çür başlary.
Peýda bolýar bir uly jaý
Meñ öñümde, ine, birden,
Gapyny kakýan, açýan ýok.
Gir diýýänem ýok içerden.
Doga okap, öýe girsem,
Ýanyp durdy otagda şem.
Ähli zady altyn-kümüş,
Hem ýagty, hem baý bir öýmüş.
Giýew:
''Bu düýşüñ nämesi erbet?
Baý boljaksyñ, diýmek, senem''.
Gelinlik:
Duruñ, jenap, duruñ entek,
Gutaranoj, onsoñ menem
Altyn-kümüş, mahmal, parça,
Mawuda, gözel halyça
Bakyp, aşyk bolup durun,
Haýran galyp, doñup durun.
Toýnak sesi hem güpürdi
Geldi gapynyñ agzyna.
Işigi bekläp, geçdim men
Derrew pejiñ añyrsyna
Dürli-dürli sesler gelip,
Öýe girdi onki ýigit.
Ot oýnaýar ganlarynda,
Bir gözel bar ýanlarynda.
Girdiler egmän başlaryn,
Çokunman, ikony görmän.
Stol başyna geçdiler
Telpeklerin hem çykarman.
Ortarada uly dogan,
Sagynda iñ kiçi dogan,
Çep taýynd bolsa ýalñyz
Otyrdy şol owadan gyz.
Gülki aýdym, galmagal, goh,
Şerap guýlup, bada ýörýär.
Giýew:
''Bu düýşüñ nämesi erbet?
Saña şatlyk wada berýär''.
Gelinlik:
Gutaranok, duruñ entek,
Ol ýigitlik içýär şerap.
Diñe ýañky owadan gyz
Gamgyn otyr ýere garap.
Iýmän-içmän otyr solup,
Gözýaşy köýnegne damýar.
Uly dogan hanjar alyp,
Jygyldadyp, daşa çalýar.
Birden gyza gözün aýlap.
Oñ saçyndan tutdy aýlap.
Soñ deýýus gyzy öldürdi,
Sag elnem çapyp goýberdi''.
Diýdi giýew:
ㅡ Bu gürrüñiñ
bir erteki, bolmajak zat.
Ýöne düýşden gorkup ýörme,
Señ geljegiñ bolar abat''.
Gelin bakyp oñ ýüzüne:
''Aýtgyn onda bu ýüzügi
aldyñ sen kimiñ elinden?''
Diýende, millet ýerinden
Galyp haýranlar galdylar.
Giýew ýigit saññyldady,
Deýýusy derrew dañdylar.
Sud oña çykardy höküm,
Gandaryñ jezasy ㅡ ölüm!
Nataşa gyz şöhratlandy,
Kyssamyz hem tamamlandy.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Poemalar