07:35 Goşan günlerim | |
GOŞAN GÜNLERIM
Goşgular
Oglankam birnäçe dessan okadym, Aşyklaryñ hasratynda bekedim, Ol döwürler men bitaýdym, ýekedim, Mežnun bilen çöller aşan günlerim. Olar maña täze dünýä açypdy, Kör düýäm köpürden irräk geçipdi, O wagtyñ köprüsiñ öziñiz bilýäñ, Tasdanam o düýän suwa gaçypdy. Gaçsa tizden halas ederim ýaly Gyrmyz donuñ bilin guşan günlerim... Bir gün hyýal etdim 45-den aşyp, Keýwanyñ yşgynda gaýnaýyp-joşup, Aýalym aýtmyşlaý "Akylyñ çaşyp, Indiden soñ aşyklyga baş goşup, Gala alasyñ ýok, hetdiñden aşyp!" Men diýdim: "Sen ýaly nerwinnä duşup Gala däl, bir däla duşan günlerim!" Sepinseñ-ä ynha fransuz atyr, Goh etmez ýaly olaram ýatyr, Başarsañ söhbetim diñlede otyr, Gaýtama-a dodagym kepemez ýaly, Dawlenýañ galdyrýan gumly çaý getir! 1. Gel-aý hyýalymda Kaýys bolaýyn, Şoñ dözen jebrine kaýyl bolaýyn, Leýliñ didaryna maýyl bolaýyn, Şu gün iñirdiden boşan günlerim. Indä Leýli ýaly gülem galmady, "Hüw!" diýip çykara çölem galmady, Nirä barsañ wyşka ýa-da gowaça, Çol galdymy öñki ýaly gowuja! "Aý inim päliñden gaýt!" diýer ýaly, Diýeni edilýan ulam galmady. Syrdaş bormy şu çölleriñ möjegi, Tutsa hamyñ telpek edip geýjegi?! Çöl börüsin iýjek şäher börüsi, Alyp-satar, spekulyant ýarysy. Indiki leýlirer berýär talagyñ, Daşyndan düşmese aýlyk-tölegiñ, Geçip-geçmän dokuz aýyñ ýarysy! Jaýynam aldyrýar ol öýli Mežnun, Jüllük göten galýar o tüýli Mežnun. 2. Gel, bolmasa bolaýsan-a sen Tahyr, Mežnun bolmak başartmasa eý şahyr! Tahyryñ güni nä ondan gowumy, Ýedi ýyl sandykda akypdyr pakyr. Hany ol wagytyñ arassa suwy, Ol döwrüñ sandyklarnyñ hillerem gowy. Bytowoýa şeýle ýumuş buýraýsañ, Ikilik tagtadan ýasarlar sandyk. 3 sapar öleñde bitum çalarlar, Bir sapar çyrshamak bolupdyr endik! Onsañ içi hapa suwdan dolansoñ, 7 ýyl çydaryn diýip biljek däl, 7 minut otyrmak añsatmaý onda?! "Görýän welin şahyr akyl ýok sende, 7 ýyl däl, 74 ýyl ýüzdig-ä, Momenti gelende meñzedip aýtsam, Bütin ýurt uly sandyk ekeni!!!" Nijeme kenara urdylar bizi, Nije gaý-tupana berdiler bizi! "Awrora" bir okda urdy çaýkady, Nebir ýurdy, şol sandykda ýaýkady. Ýol urdurdyk, ýolumyzdan azaşdyk, Ýöne türkmenimi huda halansoñ, Bir ýyl boldy, çyn kenara ýanaşdyk! 3 Gel, bolmajak bolsa golymy serip, Şasenem yşgynda bolaýyn Garyp. Ýurdum bazar nyrha geçeli bäri, Nyrhlaram asmana uçaly bäri, "Birža, kooperatiw", bytowoý diýdi, Halkdan alyp gymmat satawoý diýdi, Eñki agan ütewoý diýdi, Kiçi kärhanalar açaly bäri, Köpi baý bor, näme ederkä garyp?! Senem Mañlaýyñda gör-dä Şasenem, 17-nji ýyldan bär-ä ba senem! Garyp ýidi ýyllap aýra gezipdi, Gelende-de gedaý bolup gelipdi. 7 aşygam 7 ýyldan gelsinler, Türkmen ülkesine nazar salsynlar. Ozal saýra bakna bolan türkmeniñ, Azat millet bolanlygyny bilsinler. Aman Sary, ine şeýle "dumytda" Gije-gündiz size ýagşy umytda, Pagta, nebit, gaz, buýan kän limitde, Joşup şu goşgyny goşan günlerim, Döwrüñ sesne sesim goşan günlerim. 02.06.1992. | |
|
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 13 | ||||||||||||
| ||||||||||||