13:22 Goşgudan galan gyýkyndylar | |
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR
Sözler
▶ Çap etdirip ýetişilmedik “Goşgudan galan gyýkyndylar” ■ Adamkärçiligiň derejesi hem ylmy derejäňden pes bolmaly däl. ■ Ýürek hem sagadyň togtaýşy ýaly togtaýar. ■ Sözüň gutaran ýerinden saz başlanýar. ■ Duşmanyň öz ajalyna ölenine gynanmaly. ■ Talapyňy gowşatdygyň, tanapyny gowşatdygyňdyr. ■ Ýer togalagynyň çat atandygyny bilýärmiň? ■ Dostlugam edil agaç ýaly şahalanmaly. ■ "Çepiňe ýatyp turan ýaly...” diýibersinler, oňat dynç aljak bolsaň, sagyňa-çepiňe öwrülip ýatmaly. ■ Edilmeýän ynamy ödäp bolanok. ■ Jenaýatçyny yzarlamak ýolbarsy yzarlamakdan hem howply. ■ Sögüşmek uruşmaga görülýän taýýarlykdyr. ■ Akyl satmak samsyklygyň alamaty. ■ Birçak gulluga alynjak oglanlaryň görüş derejesini olaryň ýyldyzlary saýgarşy bilen kesgitländiklerini bilýärmiň? ■ Aty nallaňda toýnagyny galdyrýan eşegiň toýnagyny almaly. ■ Iki ýüzli adamy ýüzleşdirmek üçin iki ýüz gram ýeterlik. ■ Adygaňsoň, a:t ýitiren diýdirmeli däl. ■ Hiç kimiň oda ilki urasy gelenok. ■ Talanyp alnan tanalyp alnanok. ■ Hudaý gerek zadyny berseňem alýar, bermeseňem. ■ Almany göge oklaňsoň, gapmaly. ■ Ömür bäbekhana bilen öwlüýäniň arasynda ýerleşýär. ■ Bendesinden haýyş etmeli, Haka ýalbarmaly. ■ Hudaýdan ilki dilemeli zat – zürýat. ■ Öleniň öňüne düşmeli däl. ■ Aslyna bakma, aklyna bak! ■ Derman ýetmeýän zadyň öwezini dolmak üçin içilýär. ■ Alty aý puryja aýalyň bilen aýrylyşmaga taýynlyk üçin berlenok. ■ "Bir aýaly bejerdeniňden, üç aýal alanyň amatly” diýýäniň degişmesiniň aňyrsynda hakykat ýatan bolaýmasyn?! ■ Tejribe hem edil baýlyk ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan toplanýar. ■ Garawul saklamaga gurbuň çatmasa, it saklabermeli. ■ Aw eti gurbanlyga ýaranok. ■ Ýanýoldaşy ýogalan aýal dokuz aý on gün geçýänçä äre barmaly däl. ■ Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn. ■ Halypa dörediji bolmaly, şägirt halypasyndan ol ýogalansoň ozdurmaly. ■ Jan girensoň gyrksaň, üzümem aglaýar. ■ Burun kesmeseňem ganaýar. ■ Ekin ekseň, ilki bugdaý ekmeli. ■ Baýamak üçin akylly bolmaly, ýöne akylly bolmak üçin baýamak hökman däl. ■ Diňe iliň hakyny däl, öz hakyny hem az iýen arassa bolýar. ■ Semrejek mal gysyr galar. ■ Gijesini gündiz edip işleýän gündiz jaýyny garaňkyladyp ýatmaly. ■ Gelin agzyndan ýel berlen ýaly boluberse gowy. ■ Göz-gulak, el-aýak... ýaly agzalaram deňdeş agzalara degişli dälmi? ■ Ataňdan gorkmaýan bolsaň, ikisi hem çagyranda, ilki eneň ýanyna barmaly. ■ Bir ýakynyňy ynjatmak on ýady ynjadan ýalymyş. ■ Bakylygy bakyýetden gözlemeli. ■ Iki aşdan galany bir gazana salyp gyzdyraýmaly. ■ Gülkä gülmeseň, güldürjek bolýanyň göwni galýar. ■ “Iki göç – bir talaň” diýilýäni kireýine ýaşaýana degişli däl. ■ Halal aşyňa ýeter, haram başyňa. ■ Çykdaýjyň girdejiňden kän bolmaly däl. ■ Äriňe ýalynmagyň aýby ýok. ■ It ýylgyrşy ite ýagşy. ■ “Bagşy bolsun” diýme, “Bagtly bolsun!” diý. ■ Torgaý çöpe-de çykanok, köpe-de. ■ Merdiňem, derdiňem gaňryşyna gaýtmaly däl. ■ "Öňüm gelenden soňum gelsin!” diýleni goşga-da degişli. ■ Gedaýdan maslahat däl, ýol soramaly. ■ Ar almak hyjuwy hem, edil söýgi ýaly, gaýduwsyz edýär. ■ Edebiýat meýdany kärendesine berlenok. ■ Talantyňy mazamlap duşman gazanmaly däl, dost gazanmaly. ■ Toýa – jüp, ýasa – täk. ■ Tosty basyp almaly däl. ■ Dile çolanjak ýagşylyk edilmese gowy. ■ Il bähbitli işleriň hemmesi ömrüňi bagyşlanyňa degýär. ■ Ýaşkam “Ýaş şahyr” diýdirmejek bolup ýazdym, indi bolsa “Sen şahyr däl ekeniň!” diýdirmejek bolup ýazýaryn. ■ Baýlygyny ýitiren saglygynam ýitirýär. ■ Hezreti Dawudyň kyrk oglunam “Men-menlik” öldürýär. ■ Ýazykly öýüň gapysy gara. ■ Bäri bakana “Bärisinden aňyrsy ýakyn” diýlenok. ■ Oňat şahyr köplük edenok. ■ Şahyr obada halanmaly, şäherde dalanmaly. ■ Ekinçi eşek temegine kakdyrar. ■ Söwdaňam, gudaçylygyňam arasyna düşmeli däl. ■ Alňasan siňek aşa gaçar. ■ "Düwdüm!” diýme, “Bişdim!” diý! ■ Erk erkegiň elinde bolmaly. ■ Towşanyň dogduk depesini tekizlemeli däl. ■ "Dynç başyňy depirjik äre berensoňlar”, ■ “Depegenden daşyrak” bolup bolanok. ■ Şahyr bolmak üçin adyň aşagyndan “Şahyr” diýip ýazmak ýeterlik däl. ■ Döwür öz ýalňyşyny öleňsoň düzedýär. ■ Nebsiň öňüňe düşensoň, yzyňa gaýtmaly. ■ Transformatordaky “Öldürer!” diýen ýazgy hiç hili düşündirişe mätäç däl. ■ Özüňi gurban etmek üçin söýlenok. ■ Söýgi hakdaky goşgulary aýalyňa okap bermeli. ■ Özleri azaşmadyklaryňam sözleri azaşýar. ■ Alkyşam arassa adamlardan almaly. ■ Gonjuňa gor guýup, ädiňem ýakýarlar, ädigiňem. ■ Gyz durmuşa çykanda patany enesinden almaly. ■ Edepsiz myhmandan gaçmaly. ■ Eliň aýasy işleseň gijeýär. ■ "Gözüňe görkezerin!” diýýän: “Gözüňi görkezerin!” diýenok. ■ Çaganyň gaçybatalgasy – ejesiniň gujagy. ■ Kakaň ýalňyşyny gaýtalamaly däl, düzetmeli. ■ Şahyryň boş wagty ýok. ■ Dynç almak hem edil işlemek ýaly möhüm. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |