03:28 Sähram | |
SÄHRAM
Goşgular
Ýygnadylar ýaýlaň gawun-garpyzyn. Ümür gabsan gollar doldy goýundan. Ysy gelýär güýz çetirän narpyzyň Akar suwly ene ýabyň boýundan. Gitdi süri serçe gözümden ýitip, Synlap galdym burugsaýan howany. Gutarýar alysda çal pişgä batyp, Ýüplük ýaly ýodalaryň dowamy. Çygly gujagyňda ümür goýalan, Sähram, ýok bu tutuklygyň zyýany. Sen çekilip, gutarylman goýulan Ajaýyp suratyň nusgasy ýaly�. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |