07:18 Neneñ şahyr bolmajak | |
NENEÑ ŞAHYR BOLMAJAK
Goşgular
Dostum Nobatguly Rejebowa Bize kakamyzdan miras galmandyr, Aýnap, ýaýnap, sowup-sowurtlar ýaly. Oñduk tapsak çeýnär ýaly gara nan Hem tapsak gara suw owurtlar ýaly. Bu dünýä iñ zerur wagty insegem, Däl eken ornumyz üstünde gözüñ. Doguldyk biz dolmak üçin bu dünýäñ Ýürekýargynç ýigitlerniñ öwezin. Şonuñ üçin çensiz ir ýetişdik biz, Ir düşündik halal bilen haramam Düşündirdi ony ýalmawuz açlyk Hem titrän Watanda galan haraba. Şu zatlary görüp-bilip durkañam, Berilmedik şatlyk bar deý hasratda. Ahmyr edýäñ, gözýaş bilen suwarlan Ýaşlygyñ geçmänne aýşy-eşretde. Il-günüñ, Watanyñ hasrat çekýärkä, Neneñ edip saralmajak, solmajak. Neneñ ýüregiñi goýmajak orra, Neneñ ýanyp-köýüp şahyr bolmajak... Ýaşap ýörüs, kem zadymyz ýok indi, Barýas üzmän aýagmyzy ýerden biz. Awan, sanjan bolýar ýüregmiz käte, Hem çagakak ýagyr bolan gerdenmiz... * * * Diýarym, diýarym, eziz diýarym, Badaşyp gidipdir bagrym señ bilen. Paýlaşasym gelýär döwüm çörek deý Şatlygmyñ, bagtymyñ baryn señ bilen. Sebäbi señ gök maýsalañ tokluny Çaga wagtym bendi edip goýupdyr... Gelýär oba tarap ala sygyrlar, Olar eýýäm otdan-suwdan doýupdyr. Meñ intizar, ala gözlerim bolsa, Ýumulýança señ mähriñden ganmaýar. Anha, gökde ganat kakyp bir torgaý Meniñ galan sekuntlarmy sanaýar. Otyr simde garlawaçlañ setiri, Ýada salyp setirlerin "üçlemäñ". Onsoñ men neneñsi geçip gideýin Bu sährada ot ýakynman, düşlemän. Anha, hatyñ äpet bukjasy ýaly, Batböregin ylgap göge göteren Oglanjyk gülüp dur çetinde bagyñ, Meñzäp bormy maña şondan beterem? Birje sapak ony al-asmandaky Arzuwy deý batböregne baglaýan. Gülýär meñ üstümden bigam oglanjyk, Menem häzir şonuñ üçin aglaýan... Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||