15:20 Atajan Annaberdiýewiň şahsy gündeliginden... | |
ATAJAN ANNABERDIÝEWIŇ ŞAHSY GÜNDELIGINDEN...
Sözler
Çagalara diňe mähir-mylakatly bolmagy öwretmek gerek. Birehimligi hem yzgytsyzlygy olara durmuşyň özi öwreder. *** Tüýdük – bişeýtan gural. Tüýdügiň mukamyna bişeýtan mukam diýilyär. Sebäbi tüýdük çalnanda göz-gaşyňy oýnadyp, oýun edip bolanok. *** Dost bolmajak adamy dost tutunyp bolanok. Iň gowsy iş salyşmazlyk. *** Ruhuň galkynmagy üçin bir zadyň çap edilmegi ýa-da bir hoş habaryň gelmegi zerur. *** Adamyň eden işlerini hem ruhy ahwalatlaryny beýan etmek üçin gündelik gerek. Ýöne çeper eser däldigi üçin gündeligi çap etmezler. Ol her kimiň özi üçin gerek. Öz eden işleriň dogrulygyna, ýalňyşlygyna göz ýetirmek gerek. *** Güýji aýamaly. Bor-bolgusyz zatlara sarp etmeli däl. *** Her bir kynçylykly günlerde-de şatlanara zat bar eken. *** ... Ol “Dagdanagaç”, “Ulumsy gyz” diýen goşgularymy ýat tutaýypdyr. Bu begendirýär hem öz şahyrlygyma bolan ynamy artdyrýar. Şeýle ykbally şahyr az. Men lirizme ýugrulan, berk rifmaly hem öwrümlije ýönekeýligiň arzuwynda. Munuň üçin örän kän hem çynyň bilen işlemeli. Öz lirikam bilen ýaşasym gelýär. *** Düýn Lew Tolstoýyň çagalar üçin ýazan hekaýajyklaryny okadym. “Bürgüt”, “Akula”, “Garlawaç” hem “Towşanjyklar”. Muny Lew Tolstoý öz açan mekdebinde okaýan çagajyklara okatmak üçin ýazypdyr. Şeýle hekaýajyklary ýazyp bolsa, nähili gowy bolardy. *** Eliň boş bolany bilen hem okap, ýazyp ýatmaly däl oguşýa. Ynha, doredijilik diýen zadyň hupbatly ýeri şu. *** Düşünişmezligiň esasy sebäbi, bir adamy gyzyklandyrýan zat beýlekisini gyzyklandyranok. *** Goşgy ýazmak ýaşyň gaýdyşansoň, has kynlaşýar. Iň ýaman ýeri hem oturyp ýazaýyn diýen wagtyň ýazyp bolanok. *** Şahyr her näçe jan çekse-de, özünden daşlaşyp bilenok eken. *** Goşgyny hemme kişi ýazýar. Ýaman ýeri hem şol ýazýan zadyny goşgudyr öýdýärler. *** Edebiýatda oňat terjimeçä duşaýmagam oňat goşga duşandan aňsat däl. *** Şahyryň modadan galmagy biçak ýakymsyz. Bu näme üçin beýle bolýarka? Öň modada däl bolaýmasyn? Şahyr zor bilen ýa-da şerraýlyk bilen özüni ykrar etdirýär. Şahyr däldigi bilnen güni bolsa, modadan gaçandyr öýdýärler. *** Samsyk pikirler hemme kişide bar, ýöne akylly adamlar olary aýtmaýarlar. *** Halal ýaşaýan, kalby arassa adam maksadyna ýetýän bolsa, menem ýetmeli. *** Näme iş etdirjek bolsaň, nyrhyny öňünden gürleş. Ýogsam, utulýarsyň. *** Kalbyňy nadyllykdan arassalamaly. Nadyllygyň sebäbi düşnükli. Ýöne onuň sebäbini ýok edip boljak däl. Diýmek, özüňi kaýyl etmek gerek. Bu bolsa, aňsat iş däldir. *** Bir zady ýazaňsoň, okap hezil etmeli. *** Ýigrenilseň hem çykylsa kasdyňa, Taparlar girseňem ýeriň astyna. *** Göwne degilmeler, kemsidilmeler, azabyň reýgan bolmagy sebäpli, gör, näçe adamlar ýogalyp gitdi. Ýöne entek muny duýanoklar. Ajaly ýetendir öýdýärler. Ýok, beýle däl. *** Ýaşlygyň bilen baglanşykly ýerlere baryp, ýaşlygyňy taparyn öýdýärsiň. Emma, barybir, gamgyn ýatlamalardan başga tapjak zadyň ýok. *** Akylly adama göwünlik bermek kyn. Berýärler. Ýöne olaryň aýdýanlaryna ol parhsyz garaýar. *** Ýogalan galamdaşlaryň suratlaryny synlamak, eserlerini okamak agyr gussa batyrýar. *** Çem gelen bilen sanaşyp otursaň, goşgy ýazyp bolanok eken. *** Käte şeýle bolýar: Diýmeli zat belli-de, diýip bolanok. *** Haýran galýaryn: Işlämde nerwim rahatlanýar eken. Ownuk-uşak öýke- kineler aýrylýar. Dünýäni, hatda wagtyň geçýänini hem unudýan. Azajyk ýaşan ýaly bolup durmagymyň sebäbi hem şol bolsa gerek. *** Goşgyny Hudaý berýär. Ýazdyrýar. Eger şeýle bolmasa, oturagetdin, ähli ýazjagymy bir günde ýazardym. *** Goşgyň akýan wagty ara kän wagt salmaly däl. Aýlaň-çaýlaň edip gelmeli-de, dowam etdirmeli. *** Uzynyrak goşgulary ýazyp bilemok. Kynlygy üçin däl. Guraksy bolýar. *** Şahyryň keýpini bozmak günädir. *** Döredijilik hakda. Edil bag ýaly onuň hem gülleýän wagty bolýar. Gowy zat döretmek üçin uzak ýaşamak hökman däl. Muňa näçe diýseň mysal getirmek bolar. Gün-güzeran döredijiligiň ýoguna ýanýar. Şonuň üçin ýetde-kütde durmuşa kaýyl bolmaly. Ýaş şahyrlaryň köpüsi muňa kaýyl bolanok-da, oňat ýaşajak bolup, hars urýar. Hut şol sebäpli hem ýa-ha ýaş şahyrlygyna galýar, ýa-da ýitip gidýär. *** Adam garradygyça öýkelek bolýar. Sebäbi ol ýaş mahaly imrigen, gyzyklanan zatlarynyň köpüsinden mahrum bolýar. Göwün açyşýan dost-ýarlaryndan aýrylýar. Mähir gytçylygy döreýär. Şol gytçylygyň öwezini onuň ýakyn adamlary: ogul-gyzlary, gelinleri hem agtyk-çowluklary doldurmaly bolýar. Bu bolsa olara başardyp duranok. Şol sebäpli hem göwnüçökgünlilik, gam-gussa emele gelýär. *** Şöhrat barada. Şöhratly adam zarýadlanan jisim ýaly bolýar. Şöhrat ulandygyňça azalýar. Zarýadsyzlanýar. Bu bolsa durmuşyň gyzygyny has hem gaçyrýar. Saglygyň, puluň, üstesine şöhratyň hem bolmasa, nämä guwanjak, nämä şatlanjak? *** Agzalalyk hakda: “Başlaryny bir ýakadan çykaryp bilmedi” diýilýär eken. *** Özüňi kemsitjek bolýanlardan ägä bolmaly. Mertebäňi goramaly hem özüňe gaty golaýlaşdyrmaly däl. *** Şöhrat öz-özünden gelende akar suw ýaly bolup gelýär... Emeli, galp şöhrat sorujy (nasos) bilen ýokaryk galdyrylan suw ýaly. Sorujy ýatdygy, şöhrat guraýar. *** Pulmesileriň çeper döredijilige baş urmaklygy nämedenkä? Gözleri gidýänligi sebäpli şoňa girip, şonda galmak isleýändirler. *** Zadyň bolanda-da, ýaşap bilmeseň, peýdasy ýok. Zat, ulanyp bilmeseň, harama gidýär. *** Köne goşgyny işlemek köne penjegi bejeren ýaly bir zat. Pikirlenmäňi bes etseň, ýazmaňy hem bes edýärsiň. *** Gaty kän goşgy ýazdym. Ýazdym-ýazdym, ýadamadym. Hudaý berende şeýle bolýar eken. *** Dünýäni undup, diňe döredijilik bilen meşgul bolup bolsa bolmaýarmy?! *** Ulumsylyk, gedemlik etmeli däl. Mylakatly bolmaly. Gowy netije berýär. *** “Adama mätäç etme” diýmeli däl. “Namarda mätäç etme” diýmeli. Namart – minnet edýän, eden ýagşylygyny diline çolaýan adamdyr. *** Saýhally, zol bizar edilip durulmaýan dostluk uzaga gidýär. *** Çem gelene wagtyňy taladyp oturmak özüňi sylamazlyk bolýar. *** Özüňi gyzyklandyrmaýan gürrüňleri diňlemeli däl. Ol ruhuňy ýadadýar. *** Ejir iki hili bolýar. Fiziki ejir hem ruhy ejir. Adamlaryň çekýän ruhy ejiri görnenok. Şonuň üçin biz olaryň ir ölmeginiň sebäbini çeken fiziki ejirinden gözleýäris. *** Talantyň bilen özüňe duşman gazanmaly däl, dost gazanmaly. *** Halamaýan adamlaryň hakda pikir etmeli däl. Olara üns bermeli däl. Şonda göwnüň giň, nerwiň rahat bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |