18:15 Goşgudan galan gyýkyndylar | |
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR
Sözler
■ Aýy-Güni, ýüzüñe dogan wagty sylmaly. ■ Jeññeliñ jañy ~ jandarlary. ■ Oñat eseriñ başyndan girip, aýagyndan çyksañam, täsirinden çykyp bolanok. ■ Gojalygam bagty çüwene miýesser edýär. ■ Azyndan ýüz ýaşap bilmeseñ, günäni özüñden gözlemeli. ■ "Hudaýa-da gowusy gerek" diýen bolup, ölümem ýuwmarlaýarlar. ■ Mañlaýyña ýazylmadygy kagyza ýazmaly. ■ Çagalygyñ göçülip gaýdylan ýerde galýar. ■ Çemen goşgudanam bogulýar. ■ Çygly ýurduñ güli kän, gurak ýurduñ ~ ýyldyzy. ■ Azyksyz bol ~ ýazyksyz bol! ■ Öýüñden çykmaýan ~ öli. ■ Aždarhany göreñde, ýolbarsy dagam gujaklaberesiñ gelermiş... ■ Ýoluña görä ýöreýşim bar. ■ Oñlanmaýan dostluk derrew soñlanýar. ■ Ogully, gudasyna bir gün ýalbarar, gyzly ~ ölýänçä... ■ Gyzly ~ ýitirer, ogully getirer. ■ Diñe kelläñ däl, ýüregiñem gulajyklary bar. ■ Hoş habaram, edil gymmatbaha sowgat ýaly begendirýär. ■ Şert edeñsoñ, şertnama baglaşmak hökman däl. ■ Sagadyñ sekundomerini, iñlis lukmany Džon Floueriñ, adamyñ ýüreginiñ urşuny barlamak üçin döredendigini bilýärmiñ? ■ "Biziñ dagy bilýän zadymyz ýok eken-ow" diýýänçäñ öwrenibermeli. ■ Oñat eseri okap bolañsoñ, tukatlanýarmyñ? ■ Alkyş alanyñ üçin basanoklar. ■ Genileriñ beýnisiniñ iki sany çykyntgyjygy artykmaç. ■ Sözüñ bölünmegi, äsgerilmezligiñ alamatydyr. ■ Şahsyýet derejesine ýeteñsoñ, has oñat ýazmaly. ■ Görmezlige salynmak, "Baryñ-ýoguñ des-deñ" diýildigidir. ■ "Aýagyñ aşagynda agsaýan aty" çalyşmaly. ■ Ýedi arkañy bilýän bolsañ, ýedi atañam bilip goý: Adam atañ, Nuh atañ, sünnet atañ, azan atañ, öz atañ, gaýnatañ, ylym atañ. ■ Alyp utananyñdan berip utananyñ ýagşy. ■ Hakyda: sesem, ysam, reñkem, tagamam... ýazylýar... ■ Düýşüñe giren merhumy, düýşüñden, aýat okadyp çykarmaly. ■ Yşka düşeniñ gözem yşyga düşeniñki ýaly gapylýar. ■ Bäbejigiñ gulagyny, azan aýtdyryp deşýärler (açýarlar). ■ Giç açylan bagt hem edil güýz ýaly gamgyndyr. ■ Küşt ~ paýhaslaryñ söweşidir. ■ Mertebe ~ adamkärçiligiñ merdiwanydyr. ■ "Şuñ-a hiç zat bolanok" diýilýäniñ täleýini arzuw etmeli däl. ■ Agram düşende, beýniñ yzky bölegi agyrýar. ■ Sadaka bermek üçin sähet soralanok. ■ Kelläñi etegiñe salañda, telpegiñi çykaryp salmaly. ■ Özüñi artyk saýmaly däl, artyk saýdyrmaly. ■ Nalyşyñy Hudaýa ýetirmek üçin ses güýçlendirijiniñ derkary ýok. ■ Janam ýakyberseñ, gutarýar. ■ Ýüzüñ perdesi ~ utanç-haýa. ■ Nahardan, "Doýdum" diýmeli däl, "Boldum" diýmeli. ■ Dilegçä, "Geliñ-geçiñ!" diýmek hökman däl. ■ Garşylañda, öýe, myhmandan öñ girmeli, çykañda soñ çykmaly. ■ Ýasy sowulýança, "Ýogaldy" diýmeli, ýasy sowlansoñ, "Aradan çykdy" diýmeli. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||