17:43 Göwrelilikde döreýän süýjüli diabet döremeginiñ sebäpleri | |
GÖWRELILIKDE DÖREÝÄN SÜÝJÜLI DIABET DÖREMEGINIŇ SEBÄPLERI
Medisina
Kadaly göwrelilikde bedeniň öýjükleriniň we dokumalarynyň insuline duýgurlygynyň peselmegi ýagdaýynda geçýär. Bu ýagdaý göwrelilik döwründe çaga ýoldaşy tarapyndan işlenip çykarylýan gormonlaryň täsiri bilen baglanyşyklydyr. Howply faktorlary bolan göwreli zenanlarda bu ýagdaý, ýagny insuline bolan duýgurlylygyň peselmegi hasda güýçlenýär. Gestasion süýjüli diabeti bilen kimler keselläp biler? 1. Artyk agramly ýada semizligi bolan göwreli zenanlar. 2. Ýakyn garyndaşlarynda süýjüli diabeti bolan göwreliler. 3. Uly ýaşly göwreliler. 4. Agyrlaşan akuşerçilik-ginekologiki taryhy (anamnezi) bolanlar: • öňki dogrumlarda çaganyň agramynyň 4 kilogramdan ýokary ýada 2,5 kilogramdan az bolmagy; • öňki göwreliliginde gestasion süýjüli diabeti bilen kesellän bolsa; • göwreliligi göterip bilmezlik (çaganyň düşmegi, ösmeýän göwrelilik, wagtyndan öň dogrumlar); • öňki göwreliliginde köpsuwlulygyň bolmagy, çaganyň ösüşin de dogabitdi kemislikleriň bolmagy; • önelgesizlik. Gestasion süýjüli diabet — bu zenanlarda göwrelilik wagty ilkinji gezek ýüze çykan, ganyň glýukozasynyň ýokary bolmagy bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Bu kesel köplenç ýagdaýda alamatsyz geçýär we diňe laborator barlaglarda göwreliligiň 24-26 hepdesinde ýüze çykarylýar. Keseliň çaga enäniň göwresindekä we doglandan soňky döwürde edýän täsiri Enäniň ganyndaky süýjiniň ýokary derejesi düwünçegiň ösüşine ýaramaz täsir edip, birnäçe (dem alyş ýollarynyň, newrologiki, ýürek-damar ulgamlarynyň) bozulmalara getirýär. Çagalarda diabetiki fetopatiýa diýlip atlandyrylýan gaýra üzülme ýüze çykýar. Çagalarda esasy ýüze çykýan gaýra üzülmeler: - çaganyň agramynyň uly bolmagy we onuň beden agzalarynyň doly ösüp ýetişmezligi; - ganda süýjiniň derejesiniň pes bolmagy —gipoglikemiýa; - çaganyň doglandan soň agramyny haýal almagy; - bedeniniň çiş bolmagy, deriniň we nemli bardalarynyň gögermegi; - çaganyň beden agramynyň kadadan pes bolmagy — gipotrofýa; - dem alyş ulgamynyň işjeňliginiň bozulmagy; çaganyň agramynyň uly bolmagy sebäpli dogrum şikesleriniň bolmagy. KESELI NÄDIP ANYKLAMALY? Bu keseliň aýdyň ýüze çykýan kliniki alamatlary ýok. Diňe laborator ýol bilen glýukoza tolerantlyk testi (GTT) barlagynda kesel anyklanýar. Barlag 24-28 hepde möhletine ýeten göwrelileriň ählisine edilýär (howp faktora degişli göwrelilik döwrüniň birinji üç aýlygynda geçirilýär). Ilkinji gezek barlananda ajöze ganyň glýukozasy 5,1 mmol/l-e deň we ondan ýokary bolsa butest geçirilmeýär, gestasion süýjüli diabet kesel kesgidi goýulýar. Barlaga çenli 3 gije-gündiziň dowamynda göwreli zenan özi üçin adaty iýmitlenmeli we adaty fiziki işjeňligi saklamaly. Arassa suw içmek çäklendirilmeýär. Soňky gezek iýmitlenmek — barlagdan öň 8-10 sagatdan az bolmaly däl (ýöne 12 sagatdan ýokary hem bolmaly däl). Barlag irden aç ýagdaýda geçirilýär (sagat 08.00-dan 10.00-a çenli). Ilkinji gan alnandan soň 5 minutyň dowamynda zenan 250 ml suwa 75 gram eredilen gury glýukoza garylan ergini içýär. Gaýtadan gan almaklyk 1 sagatdan we 2 sagatdan soň amala aşyrylýar. Şu iki sagadyň dowamynda zenana iýmitlenmek bolmaýar. Häzirki wagtda göwreli zenanlarda gestasion süýüli diabet keselini irki döwürde ýüze çykarmak, bu keseliň gaýra üzülmeleriniň öňüni almak, bäbekleriň keselçiligini peseltmek, perinatal ölümçiliginiň öňüni almak we bu keseli esasy anyklaýyş barlag usuly bolan glýukoza tolerantlyk testini takyk we talabalaýyk geçirmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň görkezmesine laýyklykda Aşgabat şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkezinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde ýörite gözegçilik nokatlary işleýär. KESELI NÄDIP BEJERMELI? Gestasion süýjüli diabet keselinde bejerişiň ilkinji ädimi berhiz bilen bejermekdir, munuň özi adatça insuline bolan duýgurlygyň peselmegine mümkinçilik berýär. Göwreliniň iýmitlenmegi üç esasy (ertirlik, günortanlyk, agşamlyk) we üç goşmaça (ikinji ertirlik, öýlänlik we ikinji agşamlyk) naharlanmagy öz içine almaly. Süýji keseli bilen kesellän göwreli aýalyň ganyň glýukoza barlagyny özbaşdak gözegçilik etmegi başarmagy hökmandyr. Hadysalaryň 70%-inde gestasion süýji keseli bellenen berhizi berjaý etmek bilen bejermek mümkin. Berhiz bilen bejermegiň esasy ýörelgeleri: Gündelik iýmiti uglewodyň 40%, beloklaryň 40%, ýaglaryň 20% arasynda bölmek zerur. Ganda glýukozanyň derejesiniň ep-esli ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin, düzüminde ýeňil siňýän uglewodyň mukdary köp bolan önümleri iýmitlerden aýyrmaly: gant, bal, şokolad, konserwirlenen miwe şireleri, koka-kola, fanta, gandyň ýerini tutujylar aýrylýar. Fiziki agrama insulin duýujylygy we glýukoza tolerantlygy peselen islendik näsag üçin alternatiw bejeriş usuly hökmünde seredilýär. Fiziki agram, hatda ol aram bolanda hem insuline bolan duý gurlygy ýokarlandyrýar, lipidleriň düzümini we umumy alyş-çalyş hady salary gowulandyrýar, bu bolsa glýukozanyň gandaky mukdarynyň we gan basyşynyň peselmegine getirýär. Eger öňde goýlan maksada berhiziň kömegi bilen ýetmek ba şartmasa, bu näsaglara insulin bejergisi bellenilýär. Gerdejik görnüşindäki süýjini peseldýän serişdeleriň göwrelilik döwründe düýbünden gadagan edilýändigini nygtamak gerek. DOGRUMDAN SOŇKY DÖWÜR Insuline bejergisinde bolan gestasion süýjüli diabetli näsaglaryň ählisinde dogrumdan soň insulin bejergisi aýrylýar. Uglewod çalşygynyň mümkin bolan bozulmasyny ýüze çykarmak maksady bilen, dogrumdan soňky ilkinji üç günüň dowamynda we naplazmasynyň glýukozasynyň derejesini ölçemek hökmandyr. Gestasion süýjüli diabetli zenanlaryň hemmesine dogrumdan 6 hepde geçenden soň, uglewod çalşygynyň ýagdaýyny bilmek üçin 75 gr glýukoza bilen glýukoza tolerantlyk testini geçirmeli, sebäbi dogrumdan soň ganyň glýukozasynyň derejesi kada gelýär. Insulinine duýgurlygy nyň peselmegine getirýän gormonal üýtgeşmeler aradan aýrylýar, ýöne uglewodlara bolan tolerant ýagdaý dogrumdan soň hem saklanyp biler. Şeýle ýagdaýlarda zenana başga täze kesel kesgidi goýulýar (ajöze glikemiýa bozulmasy, glýukoza bolan tolerant ýagdaýyň bozulmasy ýada süýjüli diabet). Gestasion süýjüli diabetli enelerden doglan çagalarda geljekde II tipli süýjüli diabetiň döremek ähtimallygynyň ýokary bolýandygyny göz öňünde tutup, bu çagalar lukmanlaryň gözegçiliginde bolmalydyrlar. ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI Eger-de geçen göwrelilik döwründe zenan gestasion süýjüli diabet bilen kesellän bolsa, onda indiki göwrelilikde ýene kesellemek mümkinçiligi ýokary bolýar. Ýöne göwreli zenan 9 aýyň dowamynda öz agramyny kadaly saklamak bilen onuň öňüni alyp biler. Gandaky süýjiniň derejesini howpsuz görnüşde saklamaga fiziki ýüklenmeler ýardam edip biler. Eger-de fiziki ýüklenmeler yzygiderli bolup, oňaýsyzlyk döretmedik ýagdaýynda peýdalydyr. Bahar MELEBAÝEWA, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkeziniň lukmany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |