13:33 Gulagyñ ýiti gaýnaglama keselleri | |
GULAGYŇ ÝITI GAÝNAGLAMA KESELLERI
Medisina
Gulagyň dowamly gaýnaglama kesellerinden tapawutlylykda ortaky gulagyň ýiti keselinde gaýnaglama hadysasy deprek boşlugynda, emzik görnüşli ösüntgide we eşidiş turbasyndaky bölümleriň (ýokarky, ortaky, aşaky) nemli bardasynda bolup geçýär. Ýiti ortaky otitiki görnüşli (kataral, iriňli) bolup, olar hemme gulak, burun, bokurdak keselleriniň takmynan 20%-ni düzýär. Ýiti iriňli orta otit kataral görnüşinden näsagyň umumy ýagdaýynyň has beterleşmegi bilen tapawutlanýar. Bedeniň umumy ýagdaýy otiti ýüze çykarýan sebäplerede bagly bolýar. Ýiti orta otit: • bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy; • gulakda agyry; • eşidişiň peselmegi; • ysgynsyzlyk bilen başlaýar. Eşidiş turbasy çagalarda ulularyňka garanyňda gysga, giň bolýar we kese ýagdaýda ýerleşýär. Şol sebäpli ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalarda ýiti orta otit çaga çalaja gaýtaran wagty deprek boşlugyna iýmitiň düşmegi sebäpli hem ýüze çykyp biler. Ýiti ortaky otitiň döremegine: • umumy immunitetiň peselmegi; • burun we burunýan boşluklarynyň gaýnaglama keselleri; • burun-damakda eşidiş ýoluny ýapýan adenoidler; • dermanlara we iýmitlere allergiýa meýillilik itergi berip biler. Keseli köplenç, gemolitiki streptokokk, staflokokkyň hemme görnüşleri, çagalarda bolsa pnewmokokk ýokançlary döredip bilýär. Adaty ýagdaýda mikroblar we wiruslar deprek boşlugyna eşidiş turbasynyň üsti bilen (rinotubar ýoly) burun boşlugyndan düşýär. Käbir halatlarda (täjihoraz we gyzamyk ýaly ýokanç kesellerde) olar ganyň üsti bilen hem ortaky gulaga düşüp bilýär. Ýiti ortaky otit deprek perdesiniň şikesinden soň hem ýüze çykyp biler. Ortaky otit öz wagtynda bejerilmese, ortaky gulagyň süňkjagazlarynyň diwarynyňtiz çüýremegi we dokumalaryň dargamagy bolup geçýär. Bu bolsa keseliň dowamly (hroniki) görnüşine geçmegine ýa-da gaýra üzülmelere getirýär. Ýiti ortaky otitde eşidişiň barlygy ses geçirijiliginiň bozulmagyna şaýatlyk edýär. Gepleýiş sesini we pyşyrdyny kabul etmeklik bozulýar. Audiogrammada süňk geçirijiligi adatça kadaly bolup, howa geçirijiligi bolsa 30'40 dB çenli peselýär. Kähalatlarda sesiň süňkden geçirijiliginiň bozulmagy hem mümkin. Bu bolsa ortaky gulagyň keseliniň içki gulaga täsirini görkezýär. Nemli we nemasty bardanyň çişmegi sebäpli eşidiş süňkjagazlarynyň zynjyryň hereketi hem çäklenýär. Soňra örtüji epiteliniň gopmagy, biri-biriniň emele gelmegi süňkjagazlaryň zynjyryň has-da berkemegine, eşidişiň bolsa doly bozulmagyna getirýär. Keseliň geçişi 3 döwre bölünýär: * deprek perdesiniň deşilmegine çenli; * deprek perdesiniň deşilmegi we gulakdan iriňiň akmagy; * iriň akmasy gutarandan soňky döwürlerdir. Her döwrüň özüne mahsus ýüze çykmalary bolýar. Deprek perdesi deşilmänkä, näsaglarda gulakda agyry, eşidişiň peselmegi, gulakda ýaňlanýan goh biynjalyk edýär. Otoskopiýa barlagy geçirilende deprek perdesiniň kadaly ýagdaýyny häsiýetlendirýän bellikler bolýar. Keseliň birinji döwründe agyryny aýryjy, gyzgyny peseldiji, çişe garşy giposensibilizirleýji, giň täsirli antibiotikler, burun boşlugynyň damarlaryny gysyjy we mikroblara garşy täsir edýän damjalar ulanylýar. Mundan başga-da emzik görnüşli ösüntginiň töweregine gyzdyryjy ýapgylar ulanylýar. Näsaglar düşekde ýatmaly bolýarlar. Gulaga bolsa ýylyjak kamfora ýagy we spirtli erginleri damdyrylýar. Syrkawyň ýagdaýy gowulaşmasa deprek perdesinde operatiw bejergi geçirmeli bolýar. Ikinji döwürde deprek perdesi gyzarýar, çişýär, eşidiş geçelgesinde ilki ganjymak we uly suwuklyk soňra bolsa iriň bölünip çykýar. Bu döwürde näsagyň umumy ýagdaýy gowulaşýar, gulakda agyry azalýar, ýöne eşidişiň pesligi we gulakda ýaňlanýan goh saklanyp galýar. Ikinji döwürde daşky eşidiş geçelgesindäki iriňleri arassalanýar, hasalyemzik görnüşli ösüntginiň üstüne bolsa gyzdyryjy (ýarym spirt li)ýapgylarulanylýar. Antibiotik derman serişdeleri keseldörediji mikroblara görä dowam etdirilýär. Mundan başga-da antigistamin, burun boşlugynyň damarlaryny daraldyjy derman serişdeleri ulanylýar. Gulaga damdyrmak üçin damja görnüşli antibiotik serişdeler hemde fiziobejergiler bellenilýär. Üçünji döwürde nemli, ganly, iriňli bölünip çykmalar bolmaýar ýöne, deprek perdesinde yş görnüşli deşik emele gelýär. Egerde näsag özüni dümewden aýawly saklasa hemde ýuwunan wagty gulagyna ýagly pagta dyksa, wagtyň geçmegi bilen bu deşik bejergiden soň doly ýapylýar. Keseliň üçünji döwründe gaýra üzülmeleriň öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Deprek perdesiniň we eşidiş süňkjagazlarynyň hereketini dikeltmek hem-de deprek boşlugyndaky şepbeşigiň emele gelmeginiň öňüni almakdyr. Bu döwürde esasanam gulaga burundan Politserin usuly bilen howa üfenýär we Zigläniň guýgujy bilen ýada deprek perdesiniň pnewmomassažy geçirilýär. Damja damdyrmak we fiziobejergiler dowam etdirilýär. Eşidişiň dikelendigini bilmek üçin audiogramma barlagy geçirilýär. Birinji döwrüň ikinji döwre, soňra bolsa üçünji döwre geçmeginiň öňüni alyp bolýandyr. Wagtynda geçirilen bejergi birinjidöwründe hem keseli yzyna gaýtaryp bilýär. Keselden doly gutulmagyň netijesi diňe bir gaýnaglama hadysasynyň aýrylmagy ýa-da gulakdan iriň akmasynyň galmagy dälde, eýsem, eşidişiň hem doly dikelmegidir. Şeýle ýagdaýyň döremezligi üçin öňüni alyş çäreleriniň doly we dogry geçirilmegi zerurdyr. ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI • Sagdyn, witaminlere baý iýmitler bilen iýmitlenmeli; • sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaly; • sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaly (zyýanly endiklerden daşda durmaly); • sowuklap burnuň dykylsa, arassalap durmaly (burny açýan damjalardan peýdalanmaly); • sowuklamanyň öňüni almaly, dümewiň öňüni alyş çä relerini geçirmeli, sowuk howada ýyly geýinmeli; • bedeniň kesele garşy göreşijiligini (immuniteti) pugtalandyrmaly; • allergiýany güýçlendirýän, şol sanda bedeniň allergiýa meýilliligini güýçlendirýän iýmitlerden (kofe, kakao, ýumurtga, aw eti, sitruslary, gyzyl reňkli önümleri) gaça durmaly; • gulagy mümkin boldugyça gury saklamaly; • burun boşlugyna nem gelýän wagty ony gezekli-gezegine arassalap durmaly. Jumamyrat BERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |