18:04 Gülki äleminde | |
GÜLKI ÄLEMINDE
Degişmeler
Sudda bir at ogrusyny aklap goýberipdirler. Şol günüñ ertesi aklanan suda gelip, şeýle diýipdir: - Jenap sudýa, men sizden adwokatyma çäre görmegiñizi talap edýärin. - O näme üçin? - Sudýa ör-gökden gelipdir. - Ol sizi aklap goýberdi ahyry! - Dogry. Ýöne adwokatyma tölemäge pulum bolmansoñ, ol meniñ ogurlan atymy elimden aldy! * * * - Gyzym, señ göwreli bolanyñ çynmy? - Çyn, eje jan, düýn hut dogtoryñ özi şeý diýdi. - Onsoñ, oñ kakasy kim? - Ine, şuny welin, eje jan dogtor aýtmady-da! * * * Agyr syrkaw ýatan biri jan edip, telewizor ussasyny çagyrypdyr. Ussa telewizory bejerip bolandan soñ, nähoş ondan şeýle diýip sorapdyr: - Näçe wagtlap işlärkä? - Hatyrjem boluñ, ýaşuly, tä ömrüñiziñ ahyryna deñiç işlär. Bir aýdan soñ, ol ýene ussa çagyrmaga mejbur bolupdyr. Ýene şol öñki ussa gelipdir. - Ömrüñiziñ ahyryna çenli saz işlär diýmediñizmi? - diýip, näsag bada-bat nägileligini bildiripdir. - Bagyşlañ, men sizi bir ýetmezmikäñiz öýdüpdirin-dä. * * * - Sen Atlantik okeany göz öñüne getirip bilýäñmi? - Dagy näme? - Men, ynha ýüzüp, şoñ añyrsyna geçdim-dä! - A sen Öli deñzini bilýäñmi? - Elbetde... - Ana, şony öldüren men-dä! "WATAN" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||