09:22 Güller dünýäsi | |
GÜLLER DÜNÝÄSI
Goşgular
Ýene-de açyldy bahar gülleri, Ýaşyl ýazly dünýä geldi ýañadan. Penjireden garap durun daşaryk, Baky dünýäñ neneñ ajap, Ýaradan! Ak gyñaçly enem sergin şemala, Galpagny sypaýar ogul agtygnyñ. Birmahal meñ başym sypalan eller, Hözirini görüp otyr bagtynyñ. Yşkyñ ataşyndan möeç urýar kalplar, Juwanlygyñ sazyn çalýar bilbiller. Söýgiñ ummanyna gark bolýan ýaşlar, Uzadyp dur dünýä desse ter güller. Hünji kimin düzülipdir ýyldyzlar, Aý ýylgyryp, Ýere bakyp dur, ine. Heýjana gelipdir asuda Asman, Mährini siñdirip bu gün Zemine. Bahar şeýdip şeýle gelýär ülkäme, Gaýtalanmaýar ol, müñ dürli owaz. Ömrüñ iñ ajaýyp pursaty bolup, Täzelenmeýär ol, ebedi juwan. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |