08:36 Gülşat /goşgy | |
Gülşat
Gelen "bagt" ýaly göýä ömrüme, Ümür basan pikirlerim uçurduň. Lal duýgyma, güýç bereňde göwnüme, Şatlyk bilen pikirlerim açardyň. Ahmal bolman giç barmazdyň öýnüze, Taýym bolup men bagtdan uçardym.! &&& Gülýän ýüzi aglatmasyn zenanlar, Üzüm ýaly galsyn süýjülikleri. Lapykeç ykbaly hüsnüň jemaly, Şatlandyrsyn berýän öpüjikleri. Akly alsyn, bagta eltsin ruhuňy, Titresin bedeniň ap-ak öýjügi. &&& Gök ýüzünde uçup ýören göwnüm bar, Ümre basyp münüp bilsem bulutlaň. Laýyk bolmak tebigaty söýmäge, Şat durmuşyň wadasy däl unutmak. Adyňa mynasyp adam ogly sen! Taňrynyň öňünde gerek utanmak. ✍Ahally | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||