PEÝDAÑ ÝOK BOLSA
Pulyň ýok,
Işiň ýok öýüňde häzir,
Dert çekeňok ýöne aladalar bar.
Gapyň açyk dur gelýän adam ýok,
Dostly suratyňam saňa ýadygär.
Sen ýok,
men bar otagda häzir,
Göwünlik berýän ýok ýürek urgyma.
Bir bada dünýäni ýigrendim welin
Geçmişlerim täsir etdi ukyma.
Gün ýok,
Gije bar penjirämde meň,
Tertipsiz ýagdaýda öýüň goşlary.
Aýna bakmagada ýüzüm baranok,
Gereginden uly gözüm, gaşlary.
Azyk ýok,
Iýmit ýok - abraý bilen,
Garyn doýmaz gury söze ynansaň.
Garşy pikir edýän geljegim üçin
Niçiksi peýda ýok, näçe gynansam.
Adam ogly pikirlenme köp zada,
Aladaň az bolýar garnyň dok bolsa.
...Kömegiň degmese saňa diýerler:
"Neçüýn geldiň - bärde işiň ýok bolsa!"
AHALLY
Goşgular