13:35 Tehnikada başlangyçlar | |
TEHNIKADA BAŞLANGYÇLAR
Angliýalylar XVIII asyrda çoýny agaç kömüri bilen dälde, daş kömürden alynýan koks bilen eretmegiň tärini tapdylar. * * * Üç fazaly elektrik akymynyň generatorlaryny we hereketlendirijisini, şeýle-de üç fazaly elektrik geçirjisini ilkinji bolup görnükli rus inženeri M.O. Doliwo-Dobrowolskiý döretdi. Ol üç fazaly elektrikakymyny tehnikada peýdalanmagy 1888-nji ýylda teklip edýär. * * * 1830-nji ýylda bütin dünýädäki demir ýol setiniň jemi uzynlygy diňe 332 km-di. Bäş ýyl geçenden soň onuň uzynlygy 8 müň km-e çenli artdy. 1870-nji ýylda bolsa, onuň uzynlygy 200 müň km den-de geçdi. * * * XIX asyryň 60-njy ýyllarynda içinde ýandyrylan ilkinji dwigateller oýlanyp tapyldy. * * * Fransuz howada uçujylary iki dogan Mongolfeler 1783-nji ýylda içi gyzdyrylan howadan doly şarda uçuş edipdirler. Olaryň biri ýönekeý paraşýut hem oýlap tapypdyr. Tiz wagtda fransiýada içi wadorod bilen doldurylan aerostatlarda üstünlikli uçuşlar geçirilip başlapdyrlar. * * * 1842-nji ýylda iňlis fizigi Jeýmis Joul bilen nemes fizigi Robert Maýer bir wagtyň özünde energiýanyň nähili mukdarlarda bir görnüşden başga görnüşe geçýändigini hasaplap gördüler (mysal üçin, bug maşynynyň mehaniki işlemegi üçin ýangyjyň ýanmagyndan alynýan ýylylyk). * * * Angliýada ilkinji maşynlar nah mata senagatynda peýda boldy. 1765-nji ýylda dokmaçy Hargriwsk ik oýlap tapdy. Ol şol ige maşynyna gyzynyň hormatyna “Jenni” diýip at berdi. * * * 8 wagony tartyp, sagatda 10 km ýol ýöreýän ilkinji parowozy 1814-nji ýylda öz-özünden öwrenen inžiner Jorj Stefenson gurdy. ol diňe 18 ýaşynda sowat öwrenipdir. * * * Angliýada ilkinji dokma fabrigi 1771-nji ýylda guruldy. * * * 1892-nji ýylda W.W. Petrow elektrik dugasyny açdy we ony yşyklandyryşda, metallary eretmekde we kebşirlemekde ulanyp boljakdygyny aýtdy. * * * 1807-nji ýylda Amerikada ýaşan özi öwrenen mehanik Robert Fulton parahot gurmak baradaky işini tamamlady. Ol gazany, bug maşynyny we kürekli tigirleri derýa gämisine oturtdy. Fultonyň parahody Nýu-Ýorkdan çykyp ugramak bilen 1-nji gatnawynda sagatda ortaça 8 km tizlikde ýöräp, Gudzon derýasynyň ýokarlygyna 240 km ýol geçdi. * * * Elektrik dugasyny 1802-nji ýylda rus akademigi W.W.Petrow ilkinji bolup gözegçilik edýär. Elektrik dugasy kuwwatly ýagtylyk çeşmesi hökmünde prožektorlarda, proýeksion we kinoapparatlarda giňden ulanylýar. Ýagtylyk çeşmesi hökmünde elektrik dugasy metallurgiýada we metallary kebşirlemekde peýdalanýar. Ulanylan edebiýatlar: “Dünýä taryhy “ (8-nji synp üçin) A.W.Ýefimow. SSSR Magaryf ministriligi tarapyndan tassyklanan, “Magaryf” neşirýaty, 1979 ý. “Fizika” (9-njy synp üçin) Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, TDNG, Aşgabat-2004ý Toplan : Ahally | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |